13:08 Kamat | |
KAMAT
Publisistika
Adamdan gymmatly zat ýok. Biri beýlekisinden gymmatly bolup bilmez. Her bir adam gymmatly. Şu pikire gulluk edip, müňlerçe adamy ölümden halas etdiler. Ýer titremesindäki harabalygyň aşagyndan çykardylar. Ýykyp-ýumrup barýan suw-silleriñ içinden çekip aldylar. Dagyñ başynda sowukdan doňup galjagyñ dadyna ýetişdiler. Sümme tokaýda ýeke azaşanlary tapdylar. Müňlerçe adam. Müňlerçe jan. Müňlerçe ömür. Diňe adam diýýän bolsag-a, aslynda ýalňyş diýýäs... Müňlerçe pişigi, iti, suw pyşbagasyny, keýigi, hažžygy, düwleni, tilkini, bürgüdi halas etdi. Şol bir wagtyñ özünde ýüzlerçe merhumyñ depin işlerini ýola goýdular. Depin işiniñem üstünligi bolýarmy? Ölen bendeleri halas edende näme-etmände näme diyip pikir edenleriñ bolmagy mümkin. Gardaş, käwagt şeýle ýerde ölýärsiň welin... Gowagyň çuňlugynda, deňziň düýbünde, ümür-dumanly gerişleriň buzlugynda şeýle bir ýagdaýa düşýäñ - iñ bolmanda guburym bir bolsun, ýakyn hossarlarym üstüme gelip aýat okar ýaly diýip ýalbararsyñ... Çigrekde halas etdiler. Tüm garaňkylykda halas etdiler. "Eliňi daşyň aşagynda goýmak" aytgysy erteki boldy. Hut özleri göwrelerini beton plitalaryñ aşagyna goýdular. Olar diňe bir müňlerçe halas ediş operasiýasyny amala aşyrman, eýsem, konferensiýalary, seminarlary gurady, mekdeplere baryp gördi we millionlarça raýaty tebigy betbagtçylyklara garşy çagalarymyzy habardar etmek üçin bilim berdiler. Türkiýäniň hemme ýerinde guramalar döretdiler, 36 sebit döredildi, bu sebitlerde müňlerçe meýletinçiden ybarat 36 topar döredildi. Merkezi Stambula 365 gün-24 sagat, gije-gündiz, Täze ýyl baýramçylygynda, telefonda, radio ýaly ulgamlarda jañüsti habarlara garaşdylar, bir ýerde betbagtçylyk ýüze çykan halatynda derrew koordinasion merkez döretdiler, ugrukdyryjy topar we gözükdiriji enjamlary taýyarladylar. Müňlerçe meýletinçi gatnaşdy. Olara aýlyk alýandyr öýdýärdiler, şol bir wagtyň özünde hiç zada tama etmän ýeke teňňe pul alman, gaýtam öz jübüsinden pul çykaryp işleýärdiler. Operasiýa wagtynda onlarça müň liranyň sarp edilendigini, raýatlaryň haýyr-sahawatlaryna degip bilmeýändiklerine özümem şaýat boldum, öz aralarynda pul ýygnadylar, çykdajylary tölediler. Olar biziň ajaýyp ýaşlarymyzdy. Olar Türkiýäniň görüm-göreldelik şahsyýetleridi. Olaryň arasynda lukmanlar, şepagat uýalary, inženerler, talyplar, mugallymlar, işçiler, döwlet işgärleri bardy we ähli syýasy garaýyşly adamlar bardy, bu ýaşlar bilen bilelikde hemişe ýaş we akyllary güýçli pensionerlerimiz bardy. Olaryň hemmesi ylymly-bilimli adamlardy. Olaryň hemmesi bilermendiler. Kömege çagyrylanda özüniñ näme işi bolsa-da, şobada taşlaýardylar we ýeke sekunt eglenmän, ikirjiñlenmän ylgaýardylar. Olaryň 20-30 kilogramlyk sumkalarynda çadyrlar, düşekler, ýatylýan haltalar, kaskalar we batareýalar, çyralar, mikrofonlary diňlemek ýaly halas ediş enjamlary bardy. Operasiýa ýagdaýyna görä käwagt birnäçe sagatlap şol ýerde galýardylar. Käwagt şol ýerde birnäçe günläp garaşýardylar. Şol sebäpli käbirleri işini ýitirdi, käbiri okuwlarynda şowsuzlyga uçrady, şeýle ýagdaýa duçar bolan köp meýletinçini gördüm, ýöne hijem şikaýat etmändiler. Sebäbi adamlary halas edýärdiler. Adamdan gymmat zat ýokdy. Olar üçin her bir adam gadyr-gymmatlydy. Munuň ýaly ägirt uly sosial işleri az sanly batyr dosty bilen amala aşyran adam, meniň barlygyna buýsanýan dostum Nasuh Mahrukidi. Ýedi ýatlar "Supermen", "Betmen", "Möý adam" we ş.m. hyýaly gahrymanlary döretmek üçin komiks-romanlary ýazýar... Nasuh halkymyzyň hakyky gahrymany bolmagy başardy. Ol biziñ durmuşymyza Marmara ýer titremesi bilen birlikde durmuşymyza girdi. Watan umytsyzlykdan aglaýarka, adaty bolmadyk güýçliler ýaly weýrançylyk zonasyna geldi. Hatda “bir adamyň” “hemme zady” üýtgedip biljekdigini subut etdi. Iş başarjañ topary bilen bile häkimlikleriň, ýangyn söndürijileriň we hatda Ýaragly Güýçleriň betbagtçylyklara garşy göreş meselesini, pikirlerini üýtgetdi. Milli aň-düşünjäni ösdürdi. Ile-güne nusga boldy. Ol özi ýaly görüm-göreldelik maşgalada kemala gelipdi. Ejjesiniñ 1999-njy ýylda aradan çykandygy hiç ýadymdan çykanok. Nasuh şol wagt tebigy heläkçiligiñ bolan ýeri Göljükdedi, şonuñ üçinem ol ejesini-de soñky ýoluna ugradyp bilmedi. Sebäbi kakasy: "Oglum häzir adamlaryñ ömrüni halas edýär, biz ony maşgalamyzyň başyna düşen ýasy habar berip, ünsüni sowmalyñ" diýipdi. Nasuh şolar ýaly atanyñ oglydy. Ol admiral Ali paşanyň agtygy bolup, atasyndan "ot bilen öldi" diýmegi aňladýan Mahruki familiýasyny miras aldy. Gar barsymyzdy. Türkleriñ arasynda-da ilkinji bolup Everest depesine şol çykdy. "Başa betbagtlyk inse, AKUT bizi halas eder" pikiriniñ döremegine sebäp boldy. Şeýle ynamy halkymyza şul adam beripdi. Nasuh Mahruki Soňra? Soňra Nasuhyň syýasy garaýyşlaryny halamaýandyklary üçin, AKP-ni nädogry işlerini tankytlaýandygy sebäpli, Mustapa Kemalyň esgeri bolandygy üçin Nasuha garşy dildüwşük guradylar, türmede iş açdylar we AKUT-dan sud pyrryldaklary bilen çekdiler. AKUT-dan akut ýasadylar. Öz pikirleriçe, hamana; nasuhlary halkyň aňyndan öçürdiler. Hakykatdanam AKUT-yñ ruhuny ýyrtdylar. Türkiýäniň hökümete degişli bolmadyk iñ işjeñ guramasyny işlemäge goýmadylar. Gury bezege öwürdiler. AFAD, UMKE ýaly guramalar barka, AKUT-yñ zerurlygy ýok diýdiler. Garaz AKUT-yñ köküni köwlediler. Tejribesini, ussatlygyny, gumanitar enjamlaryny we meýletin hünär ussatlygyny ýok etdiler. Bu weýrançylyk prosesi gözümiziň öňünde bolup geçýän wagtynda, abraýly habar beriş serişdelerimiziñ näme diýendigini bilýäñizmi? "Nasuh Mahruki üçin bize kynçylyk çekmäň" diýdiler, hatda AKUT bilen baglanyşykly habaryny şarpa kesdiler, "gadyrdan hökümetimiz" şeýdilmegini isledi, "gadyrdan hökümetimiziň" AFAD-y öwgüli lakgyldylara gömmäge başladylar, döwletiň iñ güýçli gözleg-halas ediş guramasynyň döredilendigini ýazdylar. Netije? "Gadyrdan metbugatymyzyň" kiçijik kamerasy bilen alynýan birküç sany ýerinden başga gözlenýänem, halas edilýänem ýok. Diňe näme bar? Öli ýa-da diri - hemmelere ýeterlik kamat bar! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |