08:48 NATO, weto, pylan-pysmydan... | |
NATO, WETO, PYLAN-PYSMYDAN...
Publisistika
Ýene şunuñ ýaly maý aýydy. Mylaýym ýaz agşamlarynyñ biriri. Ankaradaky ABŞ-nyñ ilçihanasynyñ howlusyndaky kreslolarda saýlama myhmanlar otyrdy. Kino sahnasy gurnalyp, çyralar öçürilipdi. Jelal Baýar, Adnan Menderes, häkimiýetdäki Demokratik partiýanyñ ministrleri elleri pyýalaly, gülümsiräp, dokumental filme tomaşa edýärdiler. Baş rolda Jelal Baýar "oýnaýardy". ABŞ-nyñ Prezidenti Duaýt Eýzenhauer çagyrypdy, Jelal Baýar haýdan-haý uçara atlanyp Angliýa gidipdi, şol ýerdenem "Mauretania" gämisine münüp, ABŞ-na gidipdi. "Ike" lakamy bilen tanalýan general-prezident biziñ prezidentimizi Ak tamda garşylap, bu ýerde eden taryhy çykyşynda "Türk halkynyñ gelejegi ýakyndan gyzyklanmagymyz gerek" diýipdi! Soñam "Indem biraz gezim et, aýlan" diýýän ýaly öz uçaryny berip, prezidentimizi Nýu-Ýork, San Fransisko, Los Anželes, Çikago, Las Wegas ýaly şäherlerde bolup, tegelek bir aýlap 24 ştaty gezdiripdi. Biziñ prezidentimiziñ her baran şäherinde şol gün "Türk güni" yglan edilýärdi, gadyrdan habar beriş serişdelerimiz şol döwürlerem ýallakçydy, "Prezidentimizi elleriniñ üstünde sakladylar, başlaryna täç etdiler" rubrikalaryny atýardy, "dünýä lideridigimiz" aýdylýardy! Prezidentimiz tegelek 41 gün dowam eden gezelenjini tamamlap ýyrda dolananda Stambulda we Ankarada surnaý-kernaýly garşylandy. ABŞ-nyñ şol wagtky Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Awra Warren bu syýahaty lentalara geçirdipdi we ilçihananyñ howlusynda kino perdesini gurup, daşyna barsyny üýşüp tomaşa görkezýärdi. “The film” şeýdip başlapdy. Duýgulandyryjy epizodlar bilen doly bu gyzykly filmiñ premýer-ministrimiz we ministrlerimiz tarapyndan iñ köp el çarpylan epizody medal gowşuryş dabarasydy. ABŞ-nyñ Prezidenti Eýzenhauer prezidentimiziñ döşüne hut öz eli bilen medal dakýardy, tomaşa edip duranlaryñ muña döşi gaýşyp gidýärdi. Medal ABŞ-nyñ "The legion of merit" legioner medalydy. "ABŞ-na ýokary hyzmatlary bolan" we "bu ýokary hyzmatlary üçin alkyşa mynasyp bolan" adamlara berilýärdi. Jelal Baýaryñ liderligindäki Demokratik partiýa bize ýakyndan-daşdan hiç hili dahyly bolmadyk uruşa, alysdaky Koreýa esger ugradyp, NATO-nyñ düzümine girip, Izmire "Landsoutheast"-y gonduryp, Injirligi amerikan harby bazasy hökmünde ulanmaga berip, Türkiýäni ABŞ-nyñ gujagyna oturdypdy. Şeýlekin "ýokary hyzmatlary" üçin Jelal Baýara medal bermän kime bersinler dagy? * * * Soñra… Kenan Ewrene aslyşdylar. Olara MRU (CIA) "biziñ oglanlarymyz" diýýärdi. Döwlet agdarlyşygyny gurnady, çepçileri asdy, nasionalistleri asdy, 1982-nji ýylyñ konstitusiýasy bilen esasy hak-hukuklary we azatlyklary pürdeledi, çepçi syýasaty ýok etdi, jemgyýetçilik toparlanmalary dinçileriñ eline berdi, bazar ykdysadyýetine geçýäris diýip, Türkiýäni "bazar meýdanyna" öwürdi. Gresiýanyñ NATO-nyñ harby ganadyna dolanyp barmagynyñ öñüni almak üçin weto bildirmäge hakymyz bardy. NATO-nyñ serkerdesi Bernard Rojersiñ talaby bilen bu wetony aradan aýyrdy. Gresiýanyñ täzeden NATO girmegine mümkinçilik berdi. Aýratynam şu ýokary hyzmatlaryndan ötri ABŞ-nyñ artist prezidenti Ronald Reýgan çagyrdy, "aperin" diýdi, "The legion of merit" medalyny dakdy. * * * Soñra… Ismail Hakky Karadaýynyñ boýnundan ildiler. Yzagalaklyga we syýasy dinçilere garşy çykýansyrandan bolup, aslynda AKP-niñ öñüni açmak üçin zonalaýyn arassalaýyş geçiren, "asyryñ liderini" häkimiýete getiren "28-nji fewralyñ" Baş ştabynyñ başlygydy. "28-nji fewral" agdarlyşygy boldam welin, tarp-turp Waşingtona çagyrdylar, Pentagondaky üýşmeleñde onuñ hormatyna 19 gezek top atyşyny etdiler, döşüne "The legion of merit" dakdylar. * * * Soñra… Hilmi Özköke asyldylar. Respublikanyñ aýgytly sepgidinde - 2002-nji ýylda, AKP häkimiýete gelmezden alty aý öñ, heniz Guryýer goşunlarynyñ serkerdesi bolup işläp ýörkä berdiler. Näme sebäpli berdilerkä diýip oýurganyşyp ýördük... Haçanda "gassabyñ etine sogan dograp biljek däl" diýende düşünip galdyk! Öz serkerdelik eden döwrüne degişli galp resminamalar bilen, pyrryldaklar bilen, goşunymyza garşy ýeke ok atmazdan öz watanynda ýesir aldylar. Hiç olaryñkylyk bolmady. "Agdarlyşyga synanyşyk baram diýemok, ýogam diýemok" diýdi. Döşüne "dalýan köfte" (фальшивый заяц) dakmazlardy, bolmanam. * * * Soñra… Ýaşar Büýükanyta ildiler. Oña-da edil Hilmi beýiñki ýaly heniz Guryýer goşunlarynyñ serkerdesi bolup işläp ýörkä bu medaly berdiler. "A muña näme üçin berdilerkä?" diýip düşünip bilmän ýördük... Täsin ýeri 27-nji aprel e-memorandumy bilen AKP-niñ saýlaw seslerini ummadan uçurdy. Ahyrynda, hamana memorandum beren AKP hökümeti tarapyndan oña "Şeref medaly" berildi! * * * Iñ soñunda... Hulusi Akara ýapyşdylar. Goşuna serkerdebaşylyk etmezden öñ Guryýer goşunlarynyñ serkerdebaşysy boldy. Wezipe ýokarlanşykda öñ hatarda duran serkerdeler "Balýoz", "Ergenekon" töhmetleri bilen goşunyñ hataryndan çykaryldy, birdenkä öñi açylan Hulusi Akar Guryýer goşunlarynyñ serkerdebaşysy boldy. Guryýer goşunlarynyñ serkerdebaşysy bolup işläp ýörkä ABŞ-na çagyrdylar, "NATO-nyñ öñünde bitiren hyzmatlaryny" göz öñüne tutup, döşüne "The legion of merit" dakdylar. Isleseñiz, "The legion of merit"-iñ ýörite saýtyna girip görüñ, Hulusi Akara bu medalyñ nämüçin dakylandygy şu jümle bilen beýan edilýär: "NATO-nyñ öñünde bitiren abyrsyz uly işleri sebäpli" diýilýär. Sorag alamatlary bilen doly "15-nji iýul" döwlet agdarlyşygyna synanyşyk wagtynda Baş Ştabyñ başlygydy, 15-nji iýulran soñ Ýaragly Güýçlerde doly diýen ýaly kompleksleýin likwidasiýa geçirilende, Hulusi Akaryñ wezipesi ýokarlandy, Goranmak ministri wezipesine bellendi. Spiçraýter (Özel kalem müdürü) başlygyñ hemme zadydyr... Hulusi Akar "28-nji fewralda" "The legion of merit" medally Ismail Hakky Karadaýynyñ spiçraýteridi. Amerikanlar kellämize halta geýdirende "The legion of merit" medally Hilmi Özkök Baş ştabyñ başlygydy, "The legion of merit" medally Ýaşar Büýükanyt Baş ştabyñ başlygynyñ orunbasarydy, Hulusi Akaryñ döşüne "The legion of merit" medalyny kellämize halta geýdiren ABŞ-ly general dakdy. * * * Ýagdaý şular ýaly görnüp durka, bir seredýäs... Amerikan hökümeti Finlandiýanyñ we Şwesiýanyñ NATO goşulmagyny isledi. Türkiýäniñ weto bildirmäge haky bar. "Asyryñ lideri" ýumrugyny bulaýlady. "Skandinaw ýurtlary terrorçy guramalaryñ myhmanhanasy ýaly, şonuñ üçinem Finlandiýanyñ we Şwesiýanyñ NATO-nyñ hataryna goşulmagyna oñyn garamaýarys, oñyn garamagymyz mümkin däl" diýdi. * * * Sizi biljek däl... Dik durup egilmejek meselämizde men-ä egildirdiler öýdýän! Ýylmaz ÖZDIL. yozdil@sozcu.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 15.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |