12:30 Polisiýa biziñ hemmämiziñ polisiýasy dälmi? | |
POLISIÝA BIZIÑ HEMMÄMIZIÑ POLISIÝASY DÄLMI?
Publisistika
Taryhda görlüp-eşdilmedik wakalaryñ biri bolup geçdi. Prezident köşgünde geçirilen Polisiýa akademiýasynyñ gutardyş dabarasynda akademiýanyñ orkestri harby lybasda AKP-niñ protokolynyñ öñünde AKP-niñ saýlawlardaky "Türkiýe asyry" ("Türkiye Yüzyılı") aýdymyny ýerine ýetirdi. Munuñ özi gorkunç waka. Aýylganç hadysa. "Dat, ýeteweriñ!" diýip, "02"-ä jañ edip bilersiñiz, meselem... Size kömege gelmezden öñ ilki haýsy partiýa ses berendigiñiz soralaýjakmyka? Polisiýanyñ syýasy garaýşyna gabat gelmeýän raýatlarymyz ogrulara, ganhorlara, talañçylara, azgynlara garşy öz najatyna özleri seretmelimi? Polisiýa biziñ hemmämiziñ polisiýasy dälmi? Ýa olaram indi köşgüñ ekdi gulusyna öwrüldimi? Ýok, elbetde, raýatlaryñ arasynda diskriminasiýa edilmejek bolsa. Onda döwleti haýsy partiýanyñ dolandyrýandygy polisiýa nämesi gyzykly? Respublika yglan edilen wagty polisiýa edaralary ýöntemjedi. Ýek-tüki bolaýmasa, işgärleriniñ hemmesi sowatsyzdy. Mustapa Kemal "kanun adamlaryny" döwrebap derejä çykarmak üçin bilimli, eýeleýån wezipesine mynasyp polisiýa işgärleriniñ bolmagyny isleýärdi. Ol "Çankaýa" köşgünde alymlar bilen polisiýa edaralarynyñ meselelerine bagyşlap ýygnaklar geçirýärdi, polisiýanyñ gelejegi babatdaky teklipleri orta atýardy. Ýöne Içeri işler ministri dagy ykdysady tutaryklar muny oñlamaýandygyny, ministrligiñ býužetiniñ "garypdygyny" aýdýardy. Ol polisiýanyñ modernizasiýalaşdyrylmagyny we polisiýa mekdepleriniñ açylmagyny birinji etmeli işleriñ hatarynda görenokdy. Şol günden başlap, polisiýa işe girmek üçin okap-ýazyp bilseñ, harby gulluk edip gelen bolsañ, fiziki şikesiñ bolmasa ýeterlikdi. Polisiýa işe girmek isleýänler Ankaranyñ "Itfaiýe" ("Ýangyn söndürijiler") meýdanyndaky çaýhanalarda oturyp garaşardylar, Içeri işler ministrligi täze iş orunlaryny açanda, isleg bildirýåmler şol çaýhanalardan göz çeni bilen saýlanyp alynardy. Bolany. "Çankaýa" köşgünde geçen ýygnaklaryñ ýene birinde Mustapa Kemal kömekçisini çagyrdy: "Itfaiýe" meýdanyndan polisiýa işgäri bolmaga mynasyp birini alyp getir" diýdi. Getirdiler. Gelen harputly ýaş ýigidiñ ady Fikridi. Mustapa Kemal ýene kömekçisine seslendi: - Fikrä tüpeñ beriñ! Berdiler. - Doldur tüpeñi! Doldurdy. - At, potologa! Fikri ikirjiñlenmän tüpeñi çenedi, yzly-yzyna potologa atdy. Mustapa Kemal "bolýar" diýen manyda kellesini aşak egdi, "çykaý" diýdi. Fikri gitdi. Fikri zaldan çykan badyna Mustapa Kemal ýakyn goragçylygyny eden polisiýa işgäri Ragypy çagyrdy. Ragyp milli azat-edijilik göreşinden bäri Mustapa Kemalyñ ýanyndady, onuñ özüni alyp barşyny, hüý-häsiýetini gowy görýärdi. - Ragypa tüpeñ beriñ - diýdi. Berdiler. - Doldur. Doldurdy. - At, potologa! Ragyp hemişeki edepli ses tony bilen: - Baş üstüne, paşam! Ýöne munuñ sebäbini bilip bolmazmy? - diýdi. Mustapa Kemal gülümsiredi: - Çykaý, Ragyp - diýdi. Ragyp gitdi. Mustapa Kemal Içeri işler ministri Şükrü Kaýa tarap öwrüldi… – Harputly Fikrä seni atmagy buýran bolsam, atarmydy? – Atardy. – Ragypa aýdan bolsam? – Atmazdy, paşam. Mustapa Kemal üçin ýygnak gutarypdy, ol taryhy görkezmesini berdi: - Ynha, hut şonuñ üçinem biliñi bek guşa, Polisiýa institutyny aç, instituta iñ taýýarlykly mugallymlary gözläp tap! Ol: - Polisiýa işgäri harby gullukçylar ýaly düzgün-tertipli, hukukçylar ýaly hukuk adamy, eneler ýaly mylakatly bolmalydyr! - diýdi. - Her kimsäniñ polisiýasy öz wyždanydyr, polisiýa bolsa wyždany bolmadyklaryñ garşysynda durmalydyr, wezipe borjuny azat şertlerde berjaý etmelidir - diýdi. Ýüz ýyl geçenden soñ seredýäs... "Kanuna gabat gelmeýän buýruk berilse, Mustapa Kemala-da boýun egmesin, döwleti dolandyrýanlar bilen hukugyñ arasynda galsa, hukugyñ tarapynda hereket etsin" diýip, ýetişdirilen polisiýamyz... harby lybasda AKP-niñ aýdymyna zowladýar. AKP aýdymyny aýtmaga mejbur edilýär. Hemmämiz şu ýurduñ raýaty. Onlarça her dürli hökümet, onlarça her tüýsli içeri işler ministrini gördük. Ýöne polýuslaşdyrmagyñ şular ýalysyny, saýrylaşdyrmagyñ şeýlekin derejesini, polisiýamyza şeýle ýamanlygy edeni birinji gezek görýäris. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 03.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |