20:39 Ulugyz | |
ULUGYZ
Goşgular
(Gazak şahyry Kadyr Myrzalyýewden) Ýaşlyk ölse, yzgarly Ýalňyzlykdan ölýändir. Ýaşy ýeten gyzlaryň Ýar bolasy gelýändir. Ýaşlyk çagyň – ýel güni Şuwlaýan bir gök tokaý. Ýara ýetseň ol güni Perzent ýoluna bakar! Eger ýörülse diri, Arzuw-arzuwa ýazar. Bu arzuwlaň hiç biri, Hasyl bolman dur häzir. Açma, garaş – idäne. Duş gelene ýüregňi Ýaş çaýmawer didäňe. Oň üçin nur deregne, Ynha, seniňem bagtyň, Ýigit bolup ýylgyrar. Onsoň hoş geçer wagtyň, Depäň ýeter ýyldyza! Ýöne, ähli jübütleň, Däldir ömri gül ýaly. Aglap ýör kän ýigitler, Kä gyz gülse gün ýaly! Söze uýmany başar, Bolar maňza damany. Adam hatarna goşar, Ýagşy gyzlar ýamany. Ýanýoldaş däl böwrüne Sanjy alar kä ýigitler. Ýerganata öwrüler, Şeýdip algyr bürgütler! Ýigitlerde bir ýetmez – Gyz synlarlar gyradan. Akylyna seretmez, Alkymyna sereder! Bilseň ähli jübütleň, Däldir ömri gül ýaly. Kim aglaýar bulut deý, Kimse gülse gün ýaly. Kim bilýär bu durmuşda, Näme düşerin bijä?! Owadan totyguşlar Dönüp gitdi kel jüýjä. Ýeter-ýetmez aýlyga Bagtly bagtyn baglap ýör. Äre barman Baýlyga Baran gyzlar aglap ýör. Gözellerde bir ýetmez – Ýigit saýlar gyradan. Akylyna seretmez Altynyna sereder! Başyň bogup, hasratdan Doldurýançaň gursagyn Aladaň ýok hiç zatdan, Oňad-a şu pursadyň! Goý, oň üçin ýaglygyň Öl bolmasyn, çowy gyz. Uýat bolar, aglama, Ýarsyz galmaz gowy gyz! Halyl KULYÝEW | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |