19:50 Uly ýazyjylaryñ ýaş ýazyjylara sargytlary | |
ULY ÝAZYJYLARYÑ ÝAŞ ÝAZYJYLARA SARGYTLARY
Sözler
"Ýazyp oturan eseriñizi iñ gowy ýerinde taşlañ we ertesi gün gaýtadan stol başyna geçýänçäñiz bu barada pikir etmäñ". Siz üstümizdäki ýylam ençeme wagt bäri ýazsam diýip ýören kitabyñyzy ýazyp dynmagy meýilleşdirýärsiñizmi? Eger nädip başlasamka diýip oýurganýan bolsañyz, onda dünýä belli ýazyjylara ýüzlenseñiz gowy peýda eder. ■ Uilýam FOLKNER, amerikan ýazyjysy: Okañ, diñe okañ, eliñize düşen her zady okañ. Çala-çapdyr eserleri, klassyk eserleri, gowy ýa-da gowşak ýazgylary, hemme zady... Okap başga ýazyjylaryñ nähili we nämeleri ýazýandygyny görüñ. Soñra olary seljeriñ we ýazmaga başlañ. Eger ýazmaga başlanyñyzda şowly dowam etse, ýazyberiñ. Ýok, ýazgyñyz erbet bolup göwnüñize ýaramasa, ýyrtyp äpişgeden zyñyp goýberiñ. ■ Hilari MENTEL, iñlis ýazyjysy: Ýazyja iñ gowy kömek etjek zat onuñ belli bir derejede özüne bolan göwnüýetijiligidir ýa-da çakdan aşmajak mukdarda azajyk buýsançdyr. Özüñizi görüp ýören dünýäñize dahylly etmek üçin ýazýansyñyz. Size pikirdeşlik etjek ýekeje adam tapylman ýagdaýynda-da hemişe öz zehiniñe ynanyp geziñ. ■ Lew TOLSTOÝ, rus ýazyjysy: Säher bilen ýerimden turup-turmanka edýän işim - ýazmak. Russo hem oýanan badyna az-kem gezmeläp, yzyndanam ýazyp başlaýan eken. Adamyñ kellesindäki pikirleriñ iñ dury wagty säher çagydyr. Iñ gowy pikirler şol wagt kellämize gelýär. ■ Ketrin MENSFILD, Täze Zelandiýaly ýazyjy: Geçen ýoluma ser salyp görýän welin, men hemişe ýazypdyryn. Köplenç biderek zatlary-da ýazypdyryn, ýöne bu hiç zat ýazman oturmakdan-a gowy bolsa gerek, şeýlemi? Gowy ýa erbet, tapawudy ýok, netije nähili gutarsa-da, ýazmakdan el çekmäñ. ■ Ernest HEMINGUEÝ, amerikan ýazyjysy: Ýazyp oturan eseriñizi iñ gowy ýerinde taşlañ we ertesi gün gaýtadan stol başyna geçýänçäñiz bu barada pikir etmäñ. Sebäbi siz muny pikir etmäniñizde-de, ýazjak zadyñyz añasty añyñyzda aýlanar durar. Arakesme berendigiñize garamazdan ýazýan zadyñyzy pikriñizden çykarmasañyz, hem-ä ýazjak eseriñizi zaýalarsyñyz, hemem heniz işe başlamanka beýniñizi ýadadarsyñyz. ■ Jon STEÝNBEK, iñlis ýazyjysy: Eliñizdäki eseri ýazyp dynaryn diýen pikiriñizi kelleden çykaryñ. Hiç haçan muny pikir etmäñ. Her güne bir sahypa diýip düşüniñ. Munuñ peýdasyny hökman görersiñiz. ■ Miranda JULAÝ, amerikan ýazyjysy: Ilkinji romanymu ýazyp ýörkäm, dünýä boýunça iñ ýaramaz ýazyjy özümdir öýderdim. Ýazýan zatlaryma seredip "Mundan has gowy ýazmalydym" diýip öz-özüme gaharlanardym. Soñabaka ýazanlarmyñ heniz ýönebir garalamadygyna we ilkinji garalamalaryñ hemişe iñ kyny bolýandygyna göz ýetirdim. Dowam ediberseniz has gowusyny ýazarsyñyz. ■ Frensis Skott FISDJERALD, iñlis ýazyjysy: Ýazyp ýören döwürlerimde alkogolly içgiler bilen döredijiligiñ ýolunyñ bir däldigine göz ýetirdim. Belkäm, bir hekaýany bir çüýşe arak içip ýazsa-da bolar, ýöne roman ýazmak üçin dury pikirli kelle gerek. ■ Zedi SMIT, iñlis ýazyjysy: Eger kompýuterde işleýän bolsañyz, kompýuteriñiziñ internet baglanşygyny kesiñ. ■ Mýuriel SPARK, iñlis ýazyjysy: Ýazýan zadyñyza bar ünsüñizi jemlemekçi bolsañyz, işleýän otagyñyzda pişik saklañ. Pişik bilen ikiçäk galanyñyzda, ýazyp otyrkañyz onuñ stoluñ üstüne çykyp, stol çyrasynyñ aşagyna süýnýändigini görersiñiz. Çyranyñ ýagtysyna rahatlanyp myrryldaýan pişigiñ bolşy siziñem göwnüñize rahatlyk berer we ýiti täsir eder. Soñra ruhubelentlik bilen ýazmaga başlarsyñyz. Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |