19:53 UNO ertekisi | |
UNO ERTEKISI
Geň-taňsy wakalar
1947-nji ýylyň 27-nji iýunynda amerikaly işewür Kennet Arnold özüniň şahsy uçary bilen gezelenç edip ýörkä täsin zatlary görendigini aýdýar. Gürrüň bermegine görä, ol şonda disk görnüşli jisimleriň suwuň ýüzüne goýberilen tabaklar ýaly bolup, öz-özünden uçuşyp ýörendigini görýär. Arnolddan bu gürrüňi eşiden habarçylar haýdan-haý bu barada ýazmak bilen bolýarlar. Olar “Uçýan öýler göründi”diýen sözbaşy astynda täsin obýektleriň asmanda uçuşlaryny beýan edýärler. Habar sähel salymyň içinde bütin dünýäniň ünsüni özünde jemleýär we ol birbada şu habaryň üsti bilen gazetleriniň okyjylaryny artdyryp, baýlyk baryny gazanan gazet eýelerinden beýleki adamlary aljyradýar we gorkuzýar. Şondan soň bu tema birnäçe wagtlap dünýä jemgyýetçiliginiň gürrüňini edýän esasy temasyna öwrülýär. Alymlar bu näbelli jisimleriň syryny bilmäge çalyşýarlar. Şol günlerde uçýan näbelli obýektleriň (UNO) beýleki ýurtlarda-da görnüp başlandygy baradaky gürreňler ýaýraýar. Indi gözüni asmana diken her bir adam uçýan jisimleri görýäne meňzedýärdi wee Ýer şary niredendir bir ýerden uçup gelen näbelli jisimleriň hüjümine sezewar bolana çalymdaşdy. Adamlaryň arasynda “UNO döwri başlandy” diýýänler hem bardy. Şondan soň ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Ohiodaky bazasynda UNO baradaky habarlaryň dogrudygyny ýa-da däldigini takyklamak üçin ýörite komissiýa döredilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa UNO-laryň milli howpsuzlyga ýaramaz täsir edäýmek gorkusy bilen baglanyşyklydy. Komissiýa şu meseläni birnäçe wagtlar derňäninden soň uçýan jisimleriň ýurt üçin hiç hili howpunyň ýokdugyny mälim edýär. Şol bir wagtda ABŞ-da üç sany gurama howa hadysalaryny öwrenmek baradaky milli komitet (MCAP), Howa hadysalaryny öwrenmek guramasy (FRPO) we Ikitaraplaýyn Uno ulgamy atly gurama özleriniň müňlerçe agzasy bilen UNO awuna çykýarlar. Olar wakalaryň gidişine syn edip, beýanaýtlar taýýarladylar we Uno-lary surata düşürmäge çalyşýardylar. Olaryň geçiren jemgyýetçilik pikir soraşmalary we anketalary netijesinde amerikanlaryň millionlarçasynyň UNO-lary başga planetalardan gelen zatlar hökmünde kabul edýändikleri ýüze çykdy. UNO-lary ylmy nukdaýnazardan öwrenmekligiň zerrulygyna hem-de bu ugurda iş alyp barjak gurmanayň gerekdigine göz ýetiren ABŞ-nyň Howa güýçleriniň ýolbaşçylary 1966-njy ýylda Kolorado uniwersitetiniň güýçli alymlaryndan bir topar döredýär we ýarym million dollar berip, olaryň üstüne meseläni anyk öwrenmek wezipesini ýükleýär. 37 alymdan ybarat ýörite topar iki ýyllap barlag geçirenden soň, barlagyň netijelerini 1968-nji ýylda “Uçýan jisimleriň ylmy-barlagy” diýen habarnamalarda beýan edýärler. Habarnamada UNO diýilýän jisimler bilen baglanyşykly hadysalaryň hakykatdan-da tebigy sebäpleriniň bardygy aýdylýar. Şol sebäpleriň ilkinjisi bolsa uçýan obýektlere diýseň meňzeýän “noctilucent” we “lenticular” bulutlary bilen baglanyşyklydy. Ýagny beýik dag gerişleriniň we depelriniň üstünde görnüp gidýän tegelek we paraşýut görnüşli jisimler bu bulutlaryň içindäki buz kristallaryndan bölünip çykýan şöhlelerden emele gelýär ekeni. Atmosferanyň käbir nokatlaryndan elektrik şöhleleriniň bölünip çykmagy netijesinde emele gelýän şar görnüşli şöhle topary birbada iň ussat uçarmanlary hem ýalňyşdyrypdyr we haýran galdyrypdyr. ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri bu beýanatdan soň 1969-njy ýylda UNO baradaky işi ýapdy. Emma Kanada, angliýa, Şwesiýa, daniýa, Awstriýa, Gresiýa, Fransiýa ýaly ýurtlar bu ugurdaky barlaglaryny dowam etdirdiler we birnäçe ýyldan soň olar hem bu meseläni ýatdan çykardylar. Geçmişde adamlaryň kosmos gämilerini däl-de, ýelkenli gämileri ýasap bilen döwürlerinde adamlaryň köpüsi ýary adam, ýary balyk bolan deňiz gyzlaryny görendiklerini aýdypdyrlar. Ýöne okeanlaryň iň çuňňur nolatlaryna çenli baryp gören adamzat ne suw gyzyny gördi, ne-de gyza meňzeýän balygy. Edil şunuň ýaly gar adamy baradaky gürrüňler hem hakykata öwrülmedi. Deňiz gyzlary, gar adamy baradaky hekaýatlar bolsa adam oglunyň kosmosa çykan döwründe UNO ady bilen täzeden sahna çykdy. Naim ÖZTÜRK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |