02:45 Ussat bolup öten... | |
USSAT BOLUP ÖTEN...
Teatr we kino sungaty
Goňşy-golamlary, ýakyn garyndaşlary bolaýmasa, uludan-kiçä hemmeler Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewa «Artygyň ejesi» diýýärdiler. Dirikäň bir ömre teatra, kino hyzmat edip, ýüzlerçe keşpleri döredip, ýogalaňdan soňra şolaryň diňe biriniň hormatyna adyňy tutsalar, eýsem, bu döredijilik adamsy üçin uly bagt dälmidir?! Biziň häli-häzirem sungat muşdaklarynyň hakydasynda ýaşaýan ussat artistimiz 1912-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Garahan obasynda eneden dogulýar. Ol heniz çagaka kakasy aradan çykýar. Maşgalabaşynyň ornunda galan gaýratly zenan şol kynçylykly günlerde ejizlemän, on barmagynyň hünärine daýanyp, üç çagasynyň ýetimligini bildirmän ekläp-saklaýar. 1926-njy ýylda Aşgabatda nah-mata we ýüpek fabrikleriniň uly toplumynyň gurulmagy netijesinde onuň golaý-goltumyndaky obalardan köp adamlary, ylaýta-da, el işlerine ökde gelin-gyzlary işe çagyrýarlar. Şeýlelikde, olaryň maşgalasy paýtagta göçüp gelýär. Azapkeşlikden gaçmaýan Ogulgurban gündizlerine türkmen gyzlary üçin ýörite mugallymçylyk mekdebinde okasa, ejesiniň ýanynda keşde çekip, gaýma gaýaýar. Bir gün okuwçy gyzlaryň arasyna rus drama teatrynyň ýanynda döredilen türkmen artistlerini taýýarlaýan studiýanyň talyplary Aman Gulmämmedow bilen Galpak Herräýew gelýär. Olar teatral studiýa türkmen gyzlarynyň ýetmeýändigini, bu ugurda zehinli ýaşlary gözleýändiklerini aýdyp, ýaş talyplaryň içinde dogumlylygy we sesiniň durulygy bilen me-saňa tapawutlanýan Ogulgurbany saýlap alýarlar. Emma bu gezek ejesi gyzynyň aktýorçylyk kärine baş goşmagyna kes-kelläm garşy çykýar. Munuňam üstesine, Ogulgurban heniz on bäş ýaşyny hem doldurmandy. Geň galaýmaly, şondan tas ýarym asyr wagt geçensoň, «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilen «Aýal ata çykanda» atly kartinada Ogulgurban eje edil öz başyndan geçiren şol dartgynly wakasyny ekranda gaýtadan janlandyrmaly bolýar. Ol filmiň baş gahrymany Artykgülüň Aşgabada okuwa gaýtmagyny ilki göwnemese- de, soňra onuň päk arzuwynyň amala aşmagyna batyrgaý goldaw beren ejesiniň howandar keşbini diýseň ynandyryjy görkezýär. 1929-njy ýylda Ogulgurban Durdyýewa Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew, Gulluk Hojaýew, Suraý Myradowa dagy bilen teatral studiýany tamamlap, rus drama teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek türkmen dilinde «Ganly jeňňel» atly tragediýany tomaşaçylara hödürleýärler. Şol seneden hem türkmen milli drama teatrynyň ajaýyp taryhy başlanýar. Ol ilkinji türkmen dramaturgy Aýtjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz», Şamsetdin Keriminiň «Aýjemal», Ata Gowşudowyň «Juma» dramalarynda, «Zöhre-Tahyr» dessanynyň esasynda döredilen tragediýada baş gahrymanlaryň keşplerini döredýär. Şu ýerde onuň «Zöhre-Tahyrda» bir Zöhräni oýnasa, ikinji gün Mahymy oýnandygyny ýatlamak artykmaçlyk etmez. Şeýle hem zehinli aktrisa dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleri Wilýam Şekspiriň «Otella» tragediýasynda Dezdemonanyň, Aleksandr Puşkiniň «Bakjasaraý fontany» dramasynda Mariýanyň, Alekseý Ostrowskiniň «Tupan» tragediýasynda Katerinanyň keşplerini ýatda galyjy, nusga alarlyk derejelerde ýerine ýetirýär. Soňra kämillige gol beren aktrisa Balkanabat şäherinde ýaňy işe başlan Nebitçileriň Medeniýet köşgünde ýaş höwesjeň ýaşlary daşyna ýygnap drama toparyny döredýär. 1962-nji ýylyň ahyrynda Balkanabatda ýerli telestudiýanyň açylmagy bilen bu ýere işe çagyrýarlar. Şol ýyllarda telestudiýada işlän, Daşkendiň teatral institutynyň uçurymlary Gurban Amangeldiýewiň, Aman Kömekowyň we Balkanabatly bagşy hem-de sazanda Nurmuhammet Garlyýew dagylaryň sahnalaşdyran «Meret», «Durmuşyň talaby» we «Gaýyn» ýaly telespektakllarynda döreden gahrymanlarynyň ýatda galyjy keşpleri «Gara altynyň» mekanynyň tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. 1970-nji ýylda Nebitçiler Köşgüniň çeper höwesjeňler toparyna «Halk teatry» diýlen at berilýär. Nebit we gaz ylmy barlag institutynyň ylmy işgärleri Dessegül Toýjanowa, Tuwak Nyýazmämmedow, inžener Aman Gybyrow, mekdep mugallymlary Sonagül Gurbanowa, Tekemämmet Atamämmedow, sürüjiler Hajyberdi Gowşakow, Esen Baýjanow, şäher telestudiýasynyň işgärleri Agöýli Annaorazow, Ýegenjan Baýramalyýew, Borjak Öwülýägulyýew, Tahyr Garaýew dagylar işden soňra her gün gijelerine taýýarlyk görüp Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Dökülmedik gan», Guseýin Muhtarowyň «Ajaýyp tebip» we «Çalaran başlar», «Daň ýyldyzy bolup doglanlar» ýaly teatr muşdaklarynyň göwnünden turýan sahna eserleri döredýärler. Ogulgurban Durdyýewanyň ýakyndan goldaw bermeginde, halk teatrynyň şol wagtky režissýory Mämmet Annadurdyýewiň dramaturg Oraz Akmämmedowyň «Üzülen ömür» atly pýesasynyň esasynda sahnalaşdyran uly göwrümli, köpçülikleýin sahnalardan ybarat tragediýasy 1975-nji ýylda Halk teatrlarynyň bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär. Elbetde Ogulgurban eje hakda gürrüň edilende onuň türkmen kinosyna goşan uly goşandyny, ylaýtada, meşhur režissýor hem-de aktýor Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» filminde Nurjahanyň keşbini kämil, nusgalyk derejede döredenligini bellemän geçmek bolmaz. Şol ruhubelentlik, hyjuw onuň deslapky kino synaglaryndan üstünlikli geçmegine, soňra filmiň surata düşürilen wagtyndada ýadawsyz işlemegine egsilmez güýç beripdir. Elujundan işlemegi, harsallygy, ýasamalygy ýek ýigrenýän Alty Garlyýew: «Ogulgurban gaýrat et, sen diňe bir janserek enäniň däl-de, ata ornunda durup, iň kyn pursatlarda-da başyny egmän, öz mertebesini goramagy başaran, tutuş halkyň aladasyny edýän ogly terbiýelän maşgalabaşyny janlandyrýaň ahyry!» diýip, onuň göwnüni has-da göteripdir. Artyk alaşasyny elinden aldyryp, gaýgyly gaýdyp gelende ejesiniň: «Oglum, gaýgy-hasratyňy içiňde sakla, daşyňdakylara duýdurma!» diýip öwüt berşi ýa-da soňuny saýman, elden gideren söýgülisiniň yzyndan ylganda duýdansyz öňünden çykyp, howandar gollaryny gerip ony heläkçilikli ýolundan saklaýşy bu filmi gören kyrk milliondan gowrak adamyň her biriniň hakydasynda hemişelik galan bolsa gerek. Şu ýerde ýene-de bir wajyp delili bellemek gerek. Ogulgurban eje Nurjahanyň galagoply hem-de paýhasly içki dünýäsine çuňňur aralaşan pursatlary üç çagany halal zähmeti bilen aýaga galdyran, ynsanperwerligiň öçmejek uçgunlaryny olaryň gursagyna guýan mähriban ejesini ýatlandyr. Belkem, ekranda görýän ynandyryjy kadrlarymyz şol pursatlarda onuň ýüreginde joş uran tolgunmalaryň ähli öwüşginlerinden, ýatlamalaryň gözlerinde ýalpyldaýan uçgunlaryndan dörändir. Mährijemal TOÝMÄMMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |