06:38 Ussat we Margarita -19/ romanyñ dowamy | |
Ikinji bölüm
Romanlar
XIX bap MARGARITA Meniň yzym bilen, okyjy! Dünýäde hakyky, wepaly, baky söýgi ýok diýip, kim aýtdy size? Şeýle diýen ýalançynyň ýaramaz dili kesilsin! Siz men bilen ýörüň, okyjym, diňe meniň yzym bilen, men size görkezeýin şeýle päk söýgini! Ýok! Ussat keselhanada gije ýarymdan aganda, Iwanuşka ajy hasrat bilen, ol meni unudypdyr diýip aýdan wagty, ýalňyşan eken. Beýle bolmagy asla mümkin däldi. Ol aýal ussady unutmandy, elbetde. Geliň, birinji nobatda, ussadyň Iwanuşkadan gizlän syryny äşgär edeliň. Şol magşugyň ady Margarita Nikolaýewna bolup, ussadyň bu aýal dogrusynda şormaňlaý şahyra aýdan hemme gepleri dogrudy. Hawa, ol öz magşugyny dogry teswirläpdi. Ol juda gözel we akylly aýaldy. Muňa goşmaça edip ýene şuny kesgin ynam bilen aýtmak mümkin, ýagny köp aýallar durmuşda Margarita Nikolaýewna bilen ýaşaýyşyny çalyşmak üçin hiç zady aýamazdylar. Otuz ýaşly, perzentsiz Margarita juda uly hünärmeniň, öz işinde döwlet ähmiýetli möhüm açyş eden adamyň aýalydy. Äri ýaş, owadan, ak göwün, halal ýigit bolup, Margarita uly hormat goýýardy. Margarita Nikolaýewna äri bilen Arbata golaý dar köçeleriň birinde bagyň içine ýerleşen owadan binanyň ýokary gatyny bütünleý eýeläpdiler. Gaty peşeneli ýer! Şol baga baran her bir adam bu sözi tassyklardy. Goý, ol maňa ýüz tutsun, men oňa salgysyny bereýin, ýoluny hem görkezeýin ― ol ymarat häzirem bar. Margarita Nikolaýewna hiç haçan puldan gysylmaýardy. Margarita Nikolaýewna göwni islän zadyny satyn alyp bilýärdi. Äriniň tanyşlarynyň arasynda üýtgeşik kişiler hem duşýardy. Margarita Nikolaýewna hiç haçan pejiň ýanyna barmazdy. Margarita Nikolaýewna umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak kynçylyklaryndan asla bihabar. Gysgasy... ol bargtyýarmydy? Asla beýle däl! Ol on dokuz ýaşynda äre çykyp, şu öýde ýaşap başlandan bäri bagtyň nämedigini bilmeýärdi. ― Eý, meniň hudaýlarym! Aslynda näme gerek bu aýala?! Gözlerinde hemişe gizlin bir ot ýanyp durýan bu aýala näme gerekdi? Şonda baharda mimoza gülüni dakyp, bir gözi sähelçe gyýşyk bu albassa näme gerekdi özi? Bilemok. Maňa mälim däl. Çemesi, ol rast gepläpdi, Ýagny oňa gotika usulynda salnan ymarat hem, ýörite özbaşdak bag hem, pul hem däl, diňe ussat gerekdi. Margarita rast gepläpdi, ol ussady söýýärdi. Hatda men dogruçyl kyssaçy, oňa nätanyş adam bolsam-da, Margaritanyň ertesi güni ussadyňka gelip, onuň öýde ýoklugyndan nähili gussa çekenini oýlasam, ýüreklerim ezilip gidýär, bir gowy zat, bagtyna şo gije äri gaýdyp gelmändi we Margarita onuň bilen gepleşmäge ýetişmändi. Ol ussatdan derek bilmek üçin elinden gelenini etdi, emma, elbetde, hiç zat bilip bilmedi. Şundan soň ol öz öýüne dolanyp, ýene ozalkysy ýaly ýaşap başlady. ― Hawa, hawa, hawa, bu uly ýalňyşlyk! ― diýýärdi Margarita gyşda pejiň öňünde oda seredip oturşyna, ― nämüçin şol gije men onuň ýanyndan gaýtdym? Näme üçin? Bu akylsyzlyk ahyr! Men wadama wepa edip, ertesi güni bardym, emma gijä galan ekenim. Hawa, menem edil bagtygara Lewiý Matweý ýaly, kän gijä galyp bardym! Bu bimany gepdi, ýeri, şol gije ol ussadyň ýanynda bolan hem bolsa, ýagdaý üýtgemezdi! Margarita ony halas edip bilermidi? Siz muňa «gülkünç» diýersiňiz, emma biz müşgil ýagdaýa düşen aýalyň öňünde beýle diýmeris. Margarita Nikolaýewna bütin gyşy şeýle kynçylykda ýaşap, ahyry ýaza çykdy, Moskwada betha jadygöý peýda bolup, her dürli manysyz gowgalar bolan gün, ýagny Berliozyň daýysynyň Kiýewe yzyna ugradylan, buhgalteriň tussag edilen we ýene kän ýakymsyz wakalaryň ýüze çykan juma güni çäş wagtynda Margarita ymaratyň minarasynyň astyndaky ýatýan otagynda ukudan oýandy. Margarita gözüni açdy, ýöne bu sapar öňki endigi boýunça aglamady, çünki ol şu gün bir zatlaryň boljagyny duýup ukudan turdy. Indi ol, ana, şu duýgynyň özüni terk etmezligini isläp, kalbynda bu duýga jan berip, ösdürip, apalap başlady. ― Men ynanýan! ― diýip pyşyrdady Margarita dabaraly, ― ynanýaryn! Bir zad-a bolar! Bolmazlygy mümkin däl ahyr, näme men ömürboýy ejir çekip ýörmelimi? Dogry, men ýalan sözlänimi, aldawçylyk edenimi, adamlardan pynhan özge bilen ýaşanymy boýnuma alýaryn, emma şu kylmyşym üçin beýle jeza duçar edilmeli däl-ä. Elbetde, hökman bir zat ýüze çykar, çünki şol bir ýagdaý baky dowam etmeýär ahyr. Mundan başga-da, men bu gün oraşan düýş gördüm, şuňa emin men. Margarita Nikolaýewna gün şuglasyndan lälereňk bolan penjire perdesine seredip, üç açylýan aýnanyň öňünde howlukmaç geýnip, gysgarak seçelenip duran buýraly saçyny darap, ýokarky sözleri şeýle pyşyrdap gaýtalaýardy. Margarita bu gün hakykatdan-da juda täsin düýş görüpdi. Gep şunda ki, ejirli geçen gyşyň dowamynda bir gezegem ussady düýşünde görmändi. Gijesine ol ony goýup gidýärdi, diňe gündiz Margarita hasrat çekýärdi. Bu gün bolsa ol birden düýşüne girdi. Göýä Margarita öz bilmeýän bir ýerindemiş ― ir bahar, asmany bulut büräpdir, bu ýer tukat we nähoş görünenmiş. Öwzaýy bozuk çal asmanda äpet bulutlar ýüzýärmiş, bulutlaryň aşagynda topar-topar gargalar sessiz uçup ýörmiş. Ol ýerde bir gyşyk köpri bolup, onuň aşagyndan baharyň laýly suwy akýarmyş. Şu ýerde ýarym ýalaňaç pakyrana daragtlar, ýeke özi duran osina, ondan aňyrda ― nähilidir ekinçiligiň eteginde bir agaçdan jaý ― ol aşhanamy, hammamy, ýa başga bir zatmy belli däl ― daragtlaryň arasyndan görnüp duranmyş. Çar tarap öli we şeýlebir tukatmyş, köprüjagaz golaýyndaky osina agajyna syrtmak taşlap, Margaritanyň asylyp ölesi gelýärmiş. Ne şemal öwüsýärmiş, ne bulutlar ýerinden gozganýamyş, ne bir diri jan barmyş bu ýerde. Diri adam üçin tüýs jähennemiň özümiş. Bir göz öňüne getirip görüň, şu mahal şol nawdan salnan jaýyň işigi açylyp, bosagada... ussat peýda bolýar. Örän uzakda, ýöne ol anyk saýgardyp dur. Üst-başy tozup gidenliginden ýaňa onuň nähili lybas geýendigi-de belli däl. Saçlary ýelmeşen, sakgal-murty ösen. Gözleri näsag we howsalaly. Ol eli bilen ümläp, Margaritany çagyrýar. Şonda Margarita öli howada demi demine ýetmän, pesli-beýikli ýerlerden oňa bakan ylgap başlapdyr-da, birden oýanýar. «Bu düýşümiň diňe iki ýorgudy bolup biler: ― diýip netije çykaryp başlady özüçe Margarita Nikolaýewna, ― eger ol ölen bolsa, menem ümläp çagyrýan bolsa, diýmek, ol meni alyp gitmäge gelendir, onda basym ölerin. Şeýle bolsa, juda gowy, sebäbi, ejirden dynaryn. Ýa-da ol diri, beýle bolsa, onda ol maňa özüni ýatladýar! Diýmek, ol biz ýene didarlaşarys diýjek bolýandyr. Hawa, biz ýakyn wagtda duşuşarys». Margarita öz netijesinden henizem serhoş ýaly ýagdaýda, hemmesi köňüldäki ýaly bolup dur, beýle amatly pursatdan elbetde, peýdalanmaly diýip öz-özüni ynandyrýardy. Adamsy üç günlik iş saparyna gidipdi. Şu üç gije-gündiziň dowamynda onuň han özi, soltan özi, hiç kim oňa islän zady hakda oýlanmaga, özüne ýaraýan zat hakda arzuw etmäge päsgel bermeýärdi. Ýokary gatdaky bäş otagyň hemmesi, Moskwadaky on müňlerçe adamyň ýetibilmeýäni — bu jaý tutuşlugyna onuň öz ygtyýaryndady. Emma özüni üç günläp erkin guş hasaplan Margarita gelip-gelip, bu gözel jaýyň beýle bir gowy bolmadyk ýerini saýlady. Ol çaý içip, penjiresiz garaňky otaga girdi, bu ýerde çemodanlar we her hili esgiler dykylan iki sany uly yşgap durdy. Ol çommalyp, birinji yşgafyň aşakgy çekerini açdy we ol ýerde ýatan ýüpek gyýkyndylaryň aşagyndan özi üçin durmuşynda bibaha hasaplaýan zadyny eline aldy. Bu ― daşyna mele gaýyş tutulan surat albomy bolup, onuň içinde ussadyň suraty, on müň manat goýlan amanat kassa depderçesi, çilim kagyzynyň arasyna salnyp goýlan bägül ýapraklary we maşinkada ýazylan, aşak etegi ýanan bir petde golýazma bardy. Margarita Nikolaýewna şu baýlygy bilen ýatýan jaýyna gaýdyp, suraty üç açylýan aýnanyň öňünde goýdy we ýanan golýazmany dyzyna ýaýyp, başy hem, soňy hem ýok bu sahypalary gaýta-gaýta okap, bir sagat ýaly oturdy: «...Ortaýer deňzi tarapdan gelen tümlik prokuratoryň halamaýan bu şäherini gaplap aldy. Ybadathanany aýylganç Antoniý minarasy bilen birikdirýän howada erkin duran asma köprüler gaýyp boldy, asmandan düşen goýy garaňky Aýlawyň üstündäki ganatly hudaýlaryň heýkellerini, Hasmoneý köşgüni we onuň gözel jemalyny, bazarlary, kerwensaraýlary, köçeleri, howuzlary gurşap aldy... Azym şäher ― Ýerşalaim göýä hiç haçan dünýäde bolmadyk ýaly bolup, gözden ýitdi...» Margarita eseriň dowamyny okamagy isleýärdi, emma dowamynda gyýşyk-myýşyk goýy bezeglerden özge hiç zat ýokdy. Margarita Nikolaýewna gözýaşlaryny syryp, depderi goýdy, tirseklerini aýnanyň aşagyndaky stoljagaza diräp, uzak wagtlap gözüni suratdan aýyrman oturdy. Ahyry gözýaşlary gurady. Margarita öz baýlygyny ýene emaý bilen jemledi, birnäçe minutlardan soň albom ýene öňki ýerine, gyýkyndylaryň aşagyna düşdi-de, garaňky otagyň gulpy şarkyldap ýapyldy. Margarita Nikolaýewna gezelenje şaýlanyp, girelgede palto geýip durka, öý hyzmatkäri gözel Nataşa, günortanky naharyň ikinjisine näme bişireýin diýip sorady we hojaýynyndan maňa tapawudy ýok diýen jogaby eşidip, ýene birazajyk wagtyhoşluk edesi geldi öýdýän, bikesi bilen gülüşmek maksadynda älem-jahan myş-myşlaryny aýdyp ugrady, hamana, düýn teatrda bir gözbagçy şeýlebir oýunlar görkezenmiş, hemmäniň agzy açylypdyr, barçalara iki çüýşeden çetýurt atyryny ýene joraby mugt berenmiş, soňra gutarandan soň, adamlar köçä çyksa, görseler, bary ýalaňaçmyş! Margarita Nikolaýewna güle-güle, şu girelgede duran aýnanyň oturgyjyna çökdi. ― Nataşa! Size utanç dälmi? ― diýdi ol, ― sowatly, akylly gyz bolsaňyzam, ýolda-yzda, nobatda, şeýtan bilsin, eşiden ýalan gepleriňizi tekrarlap ýörmek? Nataşa gyzardy we jany-teni bilen nägilelik bildirdi: ― Asla-da ýalan däl, şu gün Arbatdaky dükanda öz gözüm bilen gördüm: aýagyna tufli geýip baran bir aýal kassa pul töläp durka, birden tuflisi gaýyp bolup, joraply galdy. Gözleri elek-çelek! Jorabynyň ökjesi bolsa deşik. Görüp otursak, şol tufli teatrda berlen jadylanan köwüş eken. ― Joraply gidiberdimi? ― Gidiberdi! ― diýdi Nataşa, geplerine bikesiniň ynanmaýany zerarly has-da gyzaryp. ― Ýogsa-da, Margarita Nikolaýewna, öten agşam milisiýa ýüze golaý adamy tutup alyp gidipdir. Şol jadyly seansda bolan aýallar Twer köçesinden diňe içki balakda ylgap gidenmiş. ― Elbetde, muny size Darýa gürrüň berendir ― diýdi, Margarita Nikolaýewna, ― köpden bäri synlap ýörün, ol barypýatan çypdyrun. Bu gülküli gürrüň Nataşa üçin garaşylmadyk sowgat bilen soňlandy. Margarita Nikolaýewna ýatýan otagyna girip, ol ýerden bir jübüt jorap bilen bir çüýşe atyr alyp geldi. Ol Nataşa menem size fokus görkezjek diýip, oňa jorap bilen atyr sowgat berdi we: ― Ýöne bir haýyşym, Twer köçesinde joraply ylgap ýörmäň, soňam, Darýanyň geplerine kän gulak asmaň ― diýdi. Bike bilen öý hyzmatkäri ogşaşyp hoşlaşdylar. Margarita Nikolaýewna trolleýbusyň oturgyjynyň amatly ýumşak kürsüsine ýaplanyp, Arbaty boýlap gidip barşyna, kä öz hyýallaryna berlip, käte öňündäki oturgyçda pyşyrdaşyp oturan iki kişiniň geplerine gulak salýardy. Olar bolsa gepimizi biri eşidäýmesin diýýän ýaly, töwerege gorka-gorka nazar aýlap, bir bolgusyz zat hakda gepleşýärdiler. Aýnanyň ýanynda oturan doňuz gözli daýaw adam ýanyndaky kiçijik kişä tabydy gara örtgi bilen ýapmaly boldy diýýärdi... ― Ynanar ýaly däl ― diýip, pyşyrdady kiçijik adam haýran galyp ― eşidilen-görlen zat däl... Ýeri, Jeldybin näme alaç tapdy? Trolleýbusyň kadaly güwwüldisine goşulyp, aýna tarapdan ses geldi. ― Jenaýat agtaryş... galmagal, barypýatan mistika! Margarita Nikolaýewna eşiden bu üzük-ýoluk jümleleri bir-birine goşup, takmynan şeýle netije çykardy: bu iki adam şu gün ir bilen haýsy-da bolsa bir jesediň, onuň kimligini agzanokdylar, kellesini ogurlap gidendikleri hakynda pyşyrdaşýardylar! Ine, şu zerarly, Jeldybin diýýänleri alada galan bolmaly. Trolleýbusda pyşyrdaşyp barýanlar kellesi ogurlanan jesede nähili, birhili dahyllydylar. ― Baryp gül almaga ýetişermikäk? ― diýip, biynjalyk boldy kiçijik adam, ― sagat ikide kremasiýa (oda ýakmak) diýdiňmi? Ahyry tabytdan ogurlanan baş hakyndaky bolgusyz pyşyrdylary diňlemek Margarita Nikolaýewnanyň janyna degdi, ol düşjek duralgasyna gelenini görüp begendi. Ýene birnäçe minutdan soň ol Kreml diwarynyň etegine goýlan uzyn oturgyçlaryň birine baryp ornaşdy, bu ýerden Manež meýdany gowy görnüp durdy. Margarita lowurdap duran Kuýaşa gözlerini süzüp oturyşyna, agşamky gören düýşüni ýatlaýardy, soň ol günme-gün we sagatma-sagat mundan rast bir ýyl ozal edil ine, şu oturgyçda ussat bilen ýanma-ýan oturanyny ýadyna saldy. Şonda hem, edil häzirki ýaly, gara el bukjasy öz ýanynda, oturgyçda ýatyrdy. Bu gün onuň ýanynda ussat ýokdy, emma Margarita Nikolaýewna onuň bilen hyýalynda söhbetleşýärdi: «Eger sürgün edilen bolsaň, nämüçin özüň hakyňda derek bermeýärsiň? Başgalar-a habar berýär. Ýa-da meni söýmäňi bes etdiňmi? Ýok, beýle boljagyna ynanyp bilmen. Diýmek, sen sürgün edilip, ölensiň... Eger şu rast bolsa, ýalbarýan, meni azat et, erkin dem alyp ýaşamaga erk bar». Soň, Margarita Nikolaýewna öz-özüne ussadyň dilinden jogap gaýtardy. «Sen azat... Näme men seni saklaýanmy?» Soň Margarita oňa garşylyk bildirýärdi: «Ýok, bu jogap däl! Ýok, sen meniň hatyramdan git, ana, şonda men erkin bolaryn». Margarita Nikolaýewnanyň deňinden adamlar geçip durdy: Bir erkek kişi gowy geýnen aýala göz gyýtagyny aýlady-da, onuň gözelligine, ýalňyzlygyna göwni gitdi. Ol üsgürinen bolup, Margarita Nikolaýewnanyň ornaşan uzyn oturgyjynyň bir gyrasynda dyz epdi. Soň özüni ele alyp, söze başlady: ― Dogrudan-da şu gün howa-ha gowy... Emma Margarita oňa ýowuz seretdi-de welin, ol ýerinden turup gidiberdi. «Ine, saňa mysal ― diýdi Margarita, öz kalbynyň sahybyna hyýalda ýüzlenip. ― Çyndanam, nämüçin men bu erkek kişini kowdum! Özümiň-ä içim gysyp otyr, ol heleýbazyňam görnüşi ýaman däl, diňe howa hakdaky boş sözi diýäýmeseň... Nämüçin men baýguş ýaly bolup, diwaryň ýanynda ýalňyz otyryn? Nämüçin men ýaşaýyşdan çete zyňyldym?» Ol örän gamgyn bolup, başyny aşak egdi. Emma şu wagt ir ertirki ýüze çykan intizarlyk we ser sämediji tolkun onuň göwsüne gelip uruldy. «Hawa, bir zat bolar!» Tolkun ikinji sapar uruldy, ana, şonda Margarita onuň owazly tolkundygyna düşündi. Golaýlaşyp gelýän deprek we heňini sähel bozup çalýan mis surnaýlaryň owazy köçäniň şowhunynyň arasyndan bardyksaýyn anygrak gelip başlady. Birinji bolup bag germewiniň ýanyndan atly ýuwaş barýan, ondan soň üç pyýada milisioner göründi. Olardan soň çeleginde sazandarlar oturan ýük maşyny ýuwaşja barýardy. Onuň yzyndan täzeje üsti açyk ýas ulagy haýalja gelýärdi, onuň üstünde kän gül-wenok goýlan tabyt, tabydyň duran meýdançasynyň dört burçunda dört adam ― üç erkek we bir aýal durdy. Margarita uzakda bolsa-da, ýas ulagynyň üstünde durup, merhumy gabrystana alyp barýan bu adamlaryň ýüzünde nähilidir bir aljyraňňylygyň bardygyny gördi. Esasan-da, bu ýagdaý ýas ulagynyň ýeňse tarapynda, çep burçda duran aýalyň çehresinde has beter bildirýärdi. Haýsydyr bir gizlin syr bu aýalyň öňem lopbuş ýaňaklaryny içden dürtüp, ýene-de çişirip duran dek görünýärdi, onuň perdelenen gözlerinde köpmanyly hasrat ody ýanýardy. Göýä bu aýal artyk takat edip bilmän, häzir merhuma göz gyrpyp: «Heý, beýle zady görlenmidir? Aňrybaş mistika!» diýäýjek ýalydy. Ýas ulagynyň yzyndan ýuwaş ýöräp gelýän takmynan üç ýüz çemesi adamyň ýüzleri-de aljyraňňydy. Teşwişlidi. Margarita bu märekäni oturan ýerinden gözi bilen ugradyp «bums, bums, bums» edip birsydyrgyn çalynýan türk depreginiň sesiniň uzaklaşdygyça peselýändigini duýup, oýlanýardy: «Nähili üýtgeşik gölegçiler... Bu «bums-bums» niçik tukatlyk getirýär! Men häzir janymy şeýtana tabşyrmakdan-da gaýtmazdym, onuň diridigini ýa-da ölendigini bilmek üçin! Be, beýle täsin ýüzler bilen kimi depin edýärkäler?» ― Mihail Aleksandrowiç Berliozy ― diýip, Margaritanyň gapdaljagazyndan biraz maňkaly erkek sesi eşidildi, ― MACCOLITiň başlygyny. Geň galan Margarita Nikolaýewna öwrülip, öz gapdalynda uzyn oturgyçda oturan bir adamy gördi, Margarita ýas üýşmeleňine seredip otyrka, bu kişi ýuwaşja gelip, Margaritanyň aljyraňňylykda, tötänleýin daşa çykaran sowalyny eşiden bolmaga çemeli. Şol wagt ýas märekesi saklandy ― swetofor ýoly kesen bolsa gerek. ― Hawa ― diýip, dowam etdi nätanyş adam, ― olaryň keýpiýetleri juda täsin. Merhumy gabyrstana alyp barýarlar, özleriniň-de beýnileri diňe bir närse bilen, öliniň kellesi nirä gaýyp boldyka diýen sowal bilen bent! ― Nähili kelle? ― diýip sorady Margarita, duýdansyz peýda bolan bu goňşusyna dikanlap seredip. Ol ― saçy ýalyn reňk çypar, azy dişi çykyp duran, keltejik adam bolup, üstüne krahmallanan köýneginiň üstünden gowy hilli ala penjek, aýagyna laklanan köwüş, başyna kotelok ― şlýapa geýip, boýnuna açyk reň galstuk dakypdy. Bu raýatyň iň alamat tarapy şunda bolup, penjeginiň sagat jübüsinden, hemme erkeklerde bolşy ýaly, elýaglyk ýa-da awtoruçka däl-de, gemrilen towuk süňki çykyp durdy. ― Hawa, men saňa aýtsam, ― diýip beýan kyldy çypar, ― şu gün ir bilen Griboýedow zalynda duran tabytdan merhumyň kellesini ogurlap gidipdirler. ― O nädip beýle bolup bilýär? ― diýip biygtyýar sorady Margarita, şol birwagtyň özünde trolleýbusda eşiden pyşyrdylaryny ýatlady. ― Arwah bilsin, nädip! ― diýdi labyz bilen çypar, ― emma meniň pikirimçe, bu hakda Begemotdan soralsa ýaman bolmazdy. Juda ussatlyk bilen ogurlap gidipdirler özünem. Şeýlebir gowga! Iň esasam, kime hem nämüçin gerek boldy şol kelle! Margarita Nikolaýewna öz derdi bilen gümra bolsa-da, nätanyş adamyň geň gürrüňleri ony haýran etdi. ― Bagyşlarsyňyz! ― diýdi ol birden, ― haýsy Berlioz ol? Şu günki gazetlerde... ― Eýse näme, eýse näme... ― Onda tabydyň yzyndan barýanlar edebiýat adamlary-da? ― diýip sorady Margarita, birden dişlerini akjardyp. ― Edil özleri, şolar! ― Siz olary tanaýaňyzmy? ― Hemmesini ― diýip, jogap berdi çypar. ― Aýdyň hany ― diýip, Margarita gep başlanda, sesi boguk çykdy, ― olaryň arasynda tankytçy Latunskiý ýokmy? ― O nämüçin ýok? ― diýip jogap berdi çypar, ― honha dördünji hatarda, iň çetden barýar. ― Hol sary saçmy? ― diýip sorady Margarita gözlerini süzüp, dikanlap. ― Külreňk saçly... Seret, ana, gözüni asmana dikdi. ― Patera meňzeşimi? ― Hawa, tapdyň! Margarita Latunskä seredip, başga hiç zat soramady. Görýän welin, siz, ― diýdi çypar ýylgyryp ― Latunskini ýigrenýärsiňiz öýdýän? ― Men ýene käbirlerini ýigrenýärin ― diýdi Margarita dişlerini gyjyrdadyp, ― ýöne ol hakda aýdyp oturmagyň gyzygy ýok. Şol wagt ýas märekesi ýerinden gozgandy, pyýadalaryň yzyndan birnäçe boş maşyn kerweni düzlüp barýardy. ― Eýsem-de bolsa, elbetde, nämesi gyzyk munuň, Margarita Nikolaýewna! Geň galan Margarita ýalt edip seretdi: ― Siz meni tanaýaňyzmy? Çypar jogap bermegiň ýerine başyndan katalok ― şlýapasyny aldy we şlýapaly elini gapdala uzadyp, tagzym kyldy. «Ýüzünden tüýs garakçynyň özi!» ― diýip göwnünden geçirdi Margarita, söhbetdeşiniň mysalasyna garap. ― Men-ä sizi tanamaýan, ― diýdi Margarita sowuk sözläp. ― Eýsem, siz nirden tanajak meni! Emma ki, meni siziň ýanyňyza iş bilen iberdiler. Margaritanyň reňki çuw-ak bolup, tisgindi. ― Gepi göni şundan başlaýmaly ekeniňiz ― diýdi ol, ― haýsydyr bir, jyn bilsin, kesilen baş hakynda warsaky urup oturman! Siz meni tussag etjek bolýaňyzmy? ― Beýle zat ýok ― diýdi çypar, ― eýsem, diňe tussag etmek üçin söhbetleşýärmi adam diýen? Sizlik işim bar, bolany. ― Düşünemok, meniň bilen nähili işiňiz bolup biler? Çypar daş-töweregine bir seredip, syrly äheňde diýdi: ― Sizi şu gün agşam myhmançylyga çagyrdylar, şuny aýtmaga geldim. ― Näme samrap otyrsyň, o nähili myhmançylyk? ― Örän meşhur bir daşary ýurtly ― diýdi çypar, manyly gözlerini köpmanyly süzüp. Margaritanyň gaty gahary geldi. ― Erkek aýaly duşurýanlaryň täze taýpasy ― köçe duşuşdyryjysy peýda bolupdyr-da indi ― diýdi ol gitmekçi bolup, ýerinden galyp. ― Beren tabşyryklary üçin sag bolsunlar! ― diýip, çypar hapa bolup, uzaklaşyp barýan Margaritaň ýeňsesinden käýindi: ― Haý, aňy pes hatyn! ― Deýýus! ― diýip jogap gaýtardy Margarita, yzyna öwrülip we edil şu mahal çyparyň sesini eşitdi. ― Ortaýer deňzi tarapdan gelen tümlük prokurotoryň halamaýan şäherini gaplap aldy. Ýowuz Antoniý minarasy bilen ybadathanany birleşdirip, howada asylyp duran asma köprüler gaýyp boldy. Azym şäher Ýerşalaim göýä hiç-haçan dünýäde bolmadyk deý gözden ýitdi... Siz hem dep boluň şol ýanan depderiňiz-u guran bägüliňiz bilen bile! Şu oturgyçda ýalňyz oturyp, ondan meni azat et, erkin dem alyp, ýaşamaga mümkinçilik ber, hatyramdan aýryl diýip, dileg ediberiň! Reňki ak esgi ýaly agaran Margarita uzyn oturgyja dolanyp geldi. Çypar gözlerini süzüp, oňa bakyp otyrdy. ― Hiç zada düşünip bilemok ― diýip, mylaýym gep başlady Margarita Nikolaýewna, ― ýanan golýazmalar hakynda-ha bir ugur tapyp, bilmegiň mümkin... bir ýoluny tapyp, öýüme girensiň... belki, Nataşany özüňe öwrenişdirip satyn alansyň! Emma göwnümdäki pikirimi nädip bilýäň? ― Ol gaty azar çekýän ýaly, ýüzüni çytdy-da, dowam etdi: ― Aýt ahyry, kim sen? Haýsy edaradan? ― Ine, saňa gerek bolsa, tukatlyk ― diýip hüňürdedi çypar we belendiräk ses bilen gepläp başlady: ― bagyşlarsyňyz, men edaradan däl diýip, size aýtdym-a! Hany, oturyň. Margarita biygtyýar boýun syndy, islemese-de oturdy-da, ýene sowal berdi: ― Kim siz? ― Hä, ýagşy, adym Azazello, emma bu at saňa hiç zady aňlatmaýar. ― Golýazma dogrusynda, kalbymdaky pikirler barasynda näme aýdyp bilersiňiz? ― Aýdyp bilmerin ― diýip, sowuk jogap berdi Azazello. ― Emma ol hakda bir zatlar bilýäňizmi? ― diýdi Margarita ýalbaryjy pyşyrdap. ― Ýeri, bilýärmişim. ― Ýalbarýan, bir zady aýdyň: ol dirimi? Meni örtemäň. ― Hawa, diri, diri ― diýdi Azazello, göwünli-göwünsiz. ― Eý, Taňrym! ― Haýyş edýän, tolgunmaň, gaty gygyrmaň ― diýdi, çypar gaşlaryny çytyp. ― Bagyşlaň, bagyşlaň ― diýip, samyrdady Margarita indi boýun synyp, ― dogrusy, men size gahar etdim. Eýsem, pikir edip görüň. Haçanda bir aýal köçede myhmançylyga çagyrylsa... Gepime ynan, mende ýaman niýet ýok, ― Margarita keýpsiz ýylgyrdy, ― emma hiç-haçan hiç-hili daşary ýurtly bilen sözleşip göremok, duşuşmaga islegim-de ýok, üstesine-de meniň ärim... Hemme bela şunda ki, men öz söýmedik adamym bilen ýaşaýaryn, emma onuň durmuşyny bozmak, meniňçe, naýynsaplyk, men ondan ýagşylykdan başga zat görmedim... Azazello onuň üzlem-saplam sözlerini äşgäre tukatlyk bilen diňleýärdi we birden gödek gepledi: ― Bir minut diliňizi saklaň. Margarita etagat bilen sesini kesdi. ― Men sizi asla howpsuz çet ýurtlynyň huzuryna çagyrýaryn. Siziň ol ýere baryp-gaýdanyňyzy hiç kes duýmaz. Muňa men kepil geçip bilerin. ― Men oňa nämä gerekmişim? ― diýip sorady Margarita pynhanlyk bilen. ― Muny baranyňyzdan soň bilersiňiz. ― Düşnükli... Men onuň islegini gandyrmalydyryn ― diýdi Margarita oýa batyp. Azazello kibri-howa bilen «hm» diýip hümledi-de, jogap gaýtardy: ― Sizi ynandyryp diýýärin, jahandaky her bir aýal ony arzuw edýändir, ― Azazellonyň ýyrşarýan ýüzi gyşardy, ― emma gaty görmäň, o diýýäniňiz bolmaz. ― Ol nähili daşary ýurtly? ― diýip Margarita şeýlebir batly gepledi welin, uzyn oturgyjyň golaýyndan geçip barýanlar gaňrylyp seretdiler, ― onuň ýanyna barmakdan maňa näme peýda? Azazello eglip, onuň gulagyna köp manyly pyşyrda-dy: ― Peýda-ha gaty uly... Siz pursatdan peýdalanyp... ― Näme? ― diýdi birden Margarita gözlerini giňden açyp , ― eger gepiňize dogry düşünen bolsam, ol ýerde men ussatdan derek biljekmişim, şuňa yşarat edýäňizmi? Azazello sesini çykarman, baş atdy. ― Gidýärin! ― uly güýç bilen diýdi Margarita Azazellonyň elinden mäkäm tutup, ― nirä diýseňizem bararyn! Azazello «off» edip, ýeňillik bilen dem aldy-da, oturgyjyň arkasyna söýenip, «Nýura» diýip oýulyp ýazylan ýazgyny arkasy bilen ýapyp, kinaýaly sözläp ugrady: ― Aýal diýilýän millet bilen düşünşmek kyn! ― ol ellerini jübüsine sokup, aýaklaryny öňe uzatdy, ― nämüçin ala-böle bu işi maňa tabşyrdylar. Begemot gaýdan bolsa, ýagşyrak bolardy, çünki hulky ýakymly... Margarita ýaňsyly we tagaşyksyz ýylgyryp diýdi: ― Beýle oýunlaryňyz bilen meni aldamaňyzy, gynamaňyzy bes ediň... Men öňem bir bagtygara, sizem ondan peýdalanýarsyňyz. Allanähili düşnüksiz waka başymy sokýaryn, ýöne ant içip aýdýaryn, diňe ony dile getirip, imrindireniňiz üçin gidýärin! ― Çekeleşiksiz, dramasyz ― diýdi ýüzüni turşadyp Azazello. ― Siz meniň ýagdaýyma-da düşünjek boluň. Iş dolandyryjyň tumşugyny owratmak, birewiň daýysyny öýden kowmak, kimdir birini atyp, ýaralamak, ýene-de şular ýaly bor-bolgusyz işleri etmek meniň esasy kesbim, emma aşygana aýallar bilen söhbetleşmek ― siziň sadyk guluňyza kyn düşýär. Gör-ä, ýarym sagatdan bäri size gep düşündirip bilemok. Ýeri, gidýäňizmi? ― Gidýän ― diýip, kesgitli aýtdy Margarita Nikolaýewna. ― Beýle bolsa, şuny al ― diýip, Azazello jübüsinden togalok altyn gutujyk çykardy we ony Margarita uzadyp, diýdi: ― Gizläň tizräk, ýogsa ötegçiler seredýär. Bu size gerek bolar, Margarita Nikolaýewna. Siz soňky ýarym ýylyň içinde gam-gussadan ýaňa az-kem garrapsyňyz. (Margaritanyň jany ýandy, ýöne jogap gaýtarmady. Azazello gepini dowam etdi). Şu gün agşam takyk sagat onuň ýarynda çyp-ýalaňaç bolup, şu melhemi ýüzüňize we bütin bedeniňize sürtüp çykyň. Soň göwnüňiz islän işi ediň, diňe telefondan daş gitmäň. Sagat onda saňa özüm jaň edip, näme etmelidigini aýdaryn. Siz hiç hili alada etmeli bolmarsyňyz sizi bellenen ýere elterler, asla biynjalyk etmezler. Düşündiňizmi? Margarita dymdy, soň jogap berdi: ― Düşündim. Bu sap altyndan, agramyndan bildirýär. Hawa, men gaty gowy düşünýän, maňa para berip, netijede şübheli bir işe ulaşdyryp, bela giriftar etjeksiňiz. ― Eýsem bu näme boldugy, ― gygyrdy jany çykaýjak bolup Azazello, — siz ýene-de?.. ― Ýok, sabyr ediň! ― Gaýdyp beriň yzyna melhemi. Margarita gutujygy eline mäkäm gysyp, dowam etdi: ― Ýok howlukmaň... Nähili işe baş goşanymy bilýärin. Emma men islendik şerte şol diýip razy bolýaryn çünki meniň dünýäde ondan özge hiç kimim ýok. Emma size şuny aýdyp goýaýyn, eger meni heläk etseňiz, siz üçin aýyp bolar! Hawa, aýyp! Men söýgim üçin heläk bolýaryn ― diýip, Margarita kükregine urup, Güne seretdi. ― Gaýdyp beriň, ― diýip hyşşyldady Azazello hapa bolup, gaýdyp beriň, şeýtan ursun beýle tabşyrygy! Goý, Begemoty ibersinler. ― Aý, ýok! ― diýdi Margarita ötegçileriň ünsüni çekip. ― Hemmesine razy men, bedenime melhem çalyp, gülki-masgara bolmaga hem, hatda şeýtanyň alyna gidip, jähennem oduna barmaga hem razy men. Melhemi berjek däl! ― Bä-ä! ― diýip birden gygyryp goýberdi Azazello we bagyň daşyndaky gözenege seredip, barmagy bilen bir ýere yşarat etdi. Margarita Azazellonyň görkezen tarapyna seredip, ünsi çekýän hiç zat görmedi. Şonda ol tutaryksyz «Bä-ä!» sözüne düşündiriş sorajak bolup, Azazello öwrüldi, emma Margarita Nikolaýewnanyň syrly söhbetdeşi gaýyp bolupdy. Şonda Margarita elini bukjasyna tiz sokup, gygyrmazyndan öň oňa salyp goýan altyn gutujygyny tapdy-da, köňli rahatlandy. Soňra Margarita oýlanman, Aleksandr bagyndan howlukmaç çykyp gitdi. | |
|
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -12: romanyñ dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |