06:40 Ussat we Margarita -20/ romanyñ dowamy | |
XX bap
Romanlar
AZAZELLONYŇ MELHEMI Dolan Aý agşamyň açyk asmanynda asylyp durup, zereň agajynyň şahalarynyň arasyndan görünýärdi. Lipa we akasiýa agaçlarynyň şahalaryndan düşýän kölege Lipa we akasiýa daragtlary bagyň aşagyna çylşyrymly nagyş çekip, bezeg berýärdi. Binadan ýarym töwerek şekilinde çykyp duran ýatakjaýynyň açyk, emma perde bilen ýapylan üç gabsaly penjiresi elektrik çyrasyndan ýaňa gaty ýagtydy. Margarita Nikolaýewnanyň ýatakjaýynda barça çyralar ýakylyp goýlany sebäpli otagdaky tertipsizlikler anyk göze ilip durdy. Krowada ýazylan odeýalda köýnek, jorap, içki lybas dagap ýatyr, çykarylyp taşlanan içki geýimler bolsa aýak astynda, howlukmaçlyk bilen söndürilip, basyp ýenjilen bir gap çilimiň ýanynda gyjymlanyp ýatyrdy. Köwüşler agşamlyk stoljugyň, kofesi içip gutarylmadyk käse we çilim galyndysy tüsseläp duran küldanyň gapdalynda durdy, oturgyjyň arkasyna gije geýilýän gara köýnek asylgydy. Otag atyr ysyndan kükeýärdi, mundan daşgary, niredendir bir ýerden gyzdyrylan ütügiň ysy hem gelýärdi. Ýalaňaç Margarita Nikolaýewna ýuwunanda geýýän haladyny egnine atyp, aýagyna ýumşak deriden tikilen gara köwüş geýip, ýüz görülýän aýnanyň garşysynda otyrdy. Onuň öňünde Azazellodan alnan gutujygy sagatly altyn bilezik durdy. Margarita sagadyň dilinden gözüni aýyrmaýardy. Käte oňa sagat bozlyp, dilleri ornundan gozganmaýan ýaly duýulýardy. Emma diller, göýä bir zada ilişýän ýaly, hernäçe haýal bolsa-da, ýöräp durdy, ine, ahyry, sagadyň uzyn dili dokuzdan ýigrimi dokuz minut geçenini görkezdi. Margaritanyň ýüregi şeýlebir çalt urup başlady welin, deslapky wagtda gutujygy ele almaga hem majaly galmady. Ahyry ol özüni ele alyp, gutujygy açdy ― onda sarymtyl krem-melhem bar eken. Ondan batgaň ysy gelýän ýaly duýuldy. Margarita barmagynyň ujy bilen kremden azajyk alyp, aýasyna sürtdi, batganyň ysy tokaý ysy bilen goşulyp bogazyna haplap uruldy, şondan soň Margarita kremi aýasy bilen maňlaýyna, ýaňaklaryna sürtüp başlady. Krem aňsat çalynýardy we Margaritanyň duýuşyça, bada-bat endamyna siňip gidýärdi. Margarita ýüzüne kremden üç-dört gezek çalandan soň, aýna seretdi-de, birden elindäki altyn gutujygy ýere gaçyrdy. Gutujyk sagadyň çüýşe gapagynyň üstüne gaçyp, ony edil möýüň kerebi ýaly şekilde çat açdyrdy. Margarita gözlerini derrew ýumdy, soňra ýene aýna seredip, birden joşgunly gülüp başlady. Onuň müçenekde timarlanan gaşlary goýalyp, iki sany garamtyl ýaý bolup, gök gözleriniň üstünde gerlip durdy. Geçen ýyl oktýabrda, ýagny ussat gaýyp bolandan soň, ýüzünde peýda bolan inçejik dik ýygyrt tekizlenip ýok boldy. Şeýle hem, iki çekgesinde peýda bolan sarymtyk ýakal hem, iki gözüniň daşky gabaklarynyň üstünde hasyl bolup başlan göze görünmez garalar, çyzyklar hem ýitdi. Ýaňaklary tekiz gyzylymtyl reňke boýaldy, maňlaýy ap-ak we gubarsyz boldy, buýraladylan saçlary ýaýyldy. Otuz ýaşly Margaritanyň garşysynda indi, aýnada doga gara saçly ýigrimi ýaşlaryndaky jenan sadap dek ak dişlerini görkezip, gaty-gaty gülýärdi. Margarita güle-güle ýadansoň, bir silkinip, egninden haladyny zyňdy we ýakymly melheme penjesini batyryp, ony endamynyň ähli ýerine çalmaga başlady. Bedeni şobada gyzaryp, lowlap gyzdy. Şonda Aleksandr bagyndaky duşuşykdan soň iki çekgesiniň, edil beýnisine iňňe sünjülip goýlan ýaly dynuwsyz örteýän agyry birden aýrylyp, el-aýaklarynyň dokumalary güýje doldy we Margarita öz jisminiň agramsyz bolanyny duýdy. Ol segräp halyň ýokarysynda, howada asyl-asyl boldy, soňra ýuwaşlyk bilen aşak, düşüp ugrady. ― Aýlanaýyn melhemden! Baý, bu kremi! ― diýip gygyrdy Margarita, özüni kürsä taşlap. Krem onuň diňe daşky kyýapasyny üýtgetdi. Indi onuň bütin göwresinde, bedeniniň her bir öýjüginde şatlyk möwç urýardy ki, muny ol ähli beden agzalarynda hasyl bolýan jümşüldi kibi duýdy. Margarita özüni bar zatdan azat bolan ýaly, erkin duýdy. Mundan daşgary, ol ir bilen köňlüne gelen närsäniň ýüze çykandygyna, indi bu öýi we öňki ýaşaýyş keşbini bütinleý terk etjegine örän aýdyň düşündi. Emma ine, öňki ýaşaýyş keşbini terk etmezden öňürti, ony ýokaryk, göge alyp gitmekçi bolan nähilidir täze, üýtgeşik kuwwata boýun synmakdan ozal, iň soňky borjy berjaý etmelidigi köňlüne geldi-de, çyp-ýalaňaç halynda howada uçup, äriniň kabinetine atylyp girdi we çyrany ýakyp, ýazuw stoly bakan ylgady. Ol bloknotdan bir tagta kagyzy ýyrtyp alyp, oňa galam bilen uly-uly edip şeýle ýazdy: «Meni bagyşla we tizräk unut. Men seni ömürlik terk edýärin. Meni gözleme, netije çykmaz. Men başyma düşen hasratdan we betbagtlykdan ýaňa arwaha öwrüldim. Men gidip barýan. Hoş gal. Margarita». Soň onuň ruhy ýeňläp, ýene ýatýan jaýyna uçup girdi, onuň yz ýanyndan goş-golaň baryny göterip Nataşa ylgap girdi. Şol bada bu zatlaryň bary: ― köýnek asylan agaç geýim asgyç, nagyşly ýaglyklar, guta salnan gök ýüpek köwüşdir kemer ýere döküldi we Nataşa çaň basan ellerini kakyşdyrdy. ― Nähili, owadanmy men? ― diýip gyrlan ses bilen gygyrdy Margarita Nikolaýewna. ― Waý, toba-a! ― diýip pyşyrda-dy Nataşa yzyna tesip, nädip etdiň muny, Margarita Nikolaýewna? ― Bu ― krem! Ýag, melhem ― diýdi Margarita özüni aýnada synlap, her tarapa öwrülip, lowurdap ýatan altyn gutujyga yşarat kyldy. Nataşa polda ýatan gyjymlanan köýnege nazar salman, aýnanyň öňüne ylgap baryp, gutujygyň düýbünde galan ýaga nebsewürlik bilen seretdi. Onuň dodaklary tibirdäp durdy. Soň ol Margarita öwrülip, tükeniksiz yzzat-hormat bilen diýdi: ― Bedeniňize serediň! Bu näme boldugy? Bedeniňizden nur ýagyp durd-a, Margarita Nikolaýewna. ― Şundan soň ol birden huşuna gelip, derrew ýerde ýatan köýnegi aldy-da, onuň çaňyny kakyp başlady. ― Taşlaň ony! Taşlaň! ― diýip gygyrdy Margarita. ― Jyn ursun hemmesini, zyňyp goýber! Ýok, gowusy, özüňe a ony, menden ýadygärlik. Ýadygärlik üçin alyň diýýärin. Şu otagda näme bolsa, hemmesini alyber. Aňk-taňk bolup galan Nataşa edil däli adam dek kän wagta çenli Margaritadan gözüni aýyrman, aňkarylyp galdy, soň onuň boýnuna böküp, yzly-yzyna ogşap: ― Siz Atalasyň özi! Lowurdaýar! Atlas ýaly! Waý, gaşlaryňyza bir serediň, gaşlaryňyza! ― Alyp git hemme esgi-pesgilerimi, atyrlarymy hem alyp, sandygyňa salyp, gizläp goý, ― diýýärdi Margarita, ― emma gymmat zatlara degme, sizi ogrulykda aýyplamaklary mümkin. Nataşa eline düşen köýnekdir köwşi, joraby, içki geýimleri ― hemmesini ýygnap, bir bukja edip, ýatylýan jaýdan ok ýaly atylyp çykyp gitdi. Şu mahal dar köçäniň aňyr tarapyndaky haýsydyr bir açyk penjireden ökdelik bilen çalynýan walsyň owazy gümbürdedi we aýny wagtda bir maşynyň derwezäniň öňüne gelip durany eşdildi. ― Häzir Azazello jaň eder! ― diýdi Martgarita, dar köçeden ýaňlanýan walsa gulak asyp, ― ol jaň eder! Daşary ýurtlydan gorkmaly däl. Hawa, indi düşündim, ol howpsuz adam! Maşyn güwläp, derwezeden daşlaşyp ugrady. Köçe tarapdaky gapy uruldy we howludaky daş ýodadan aýak sesi geldi. «Bu Nikolaý Iwanowiç, aýak alyşyndan bilýärin ― diýip oýlady Margarita, ― hoşlaşykdan juda täsin, gülküli bir iş etmegiň gerek». Margarita penjiräniň perdesini «şyr» edip bir tarapa syrdy-da, onuň aşak eteginde dyzyny gujaklap, gapdallaýyn oturdy. Aý nury onuň sag böwrüne ýagty salýardy. Margarita başyny göterip Aýa seretdi-de, çehresinde şahyrana pikirlenme keşp etdi. Aýak sesi ýene bir-iki ýola eşidilip, soňra birden kesildi. Margarita ýene biraz Aýy söýünip, sypaýçylyk üçin uludan dem aldy-da, bag tarapa gaňrylyp çyndanam öýüň aşak gatynda ýaşaýan Nikolaý Iwanowiçy gördi. Aý Nikolaý Iwanowiçi öz nuruna gark edipdi. Ol uzyn oturgyçda otyrdy, emma özünden biygtyýar oturandygy mälimdi. Pensnesi bir tarapa agyp gidipdir, sanajyny-da mäkäm gujaklapdyr. ― A, salam, Nikolaý Iwanowiç, ― mylaýym owaz bilen diýdi Margarita, ― agşamyňyz haýyr! Ýygnakdan gelýäňizmi? Nikolaý Iwanowiç bu sowala jogap bermedi. ― Men bolsam ― diýip dowam etdi Margarita, göwresini köpräk daşaryk çykarmaga çalşyp, ― özüňiz görüp dursuňyz, ýekelikden içim gysyp, näme etjegimi bilmän, Aýa bakyp, wals diňläp otyryn. Margarita çep eli bilen çekgesine düşen saçyny dogrulady, soň gaharlanyp diýdi: ― Bu hormatsyzlyk, Nikolaý Iwanowiç! Her halda men aýal adam-a! Özüňiz bilen gepleşýän, adama jogap bermezlik ― bu gaty biedeplik! Külreňk gursakçanyň hatda iliklerine çenli ak-sary, çokga çal sakgalynyň her bir tary Aý ýagtysynda görnüp duran Nikolaý Iwanowiç birden ýakymsyz ýyrşardy, oturgyçdan turdy we utançdan ýaňa özüni ýitirip, başyndan şlýapasyny alyp salamlaşmaga derek, sanaçly elini gerdi we oturjak bolýan ýaly, dyzlaryny epdi. ― Waý, beýle tünt bolmasaňyz-la, Nikolaý Iwanowiç, ― dowam etdi Margarita, ― umuman, men siziň hemmäňizden bizar boldum, ýöne muny beýän etmäge söz tapamok, şonuň üçin siz bilen hoşlaşýanyma gaty şat men! Wah, jyn ursun hemmäňizi! Şu mahal Margaritanyň arkasynda ýatylýan otagda telefon jyrlady. Ol penjireden segräp düşüp, Nikolaý Iwanowiçi hem unudyp, trubka ýapyşdy. ― Azazello gepleýär ― diýen ses eşidildi trubkadan. ― Ezizim, Azazello! ― diýdi Margarita gygyryp. ― Wagt boldy! Uçup çykyber ― diýdi Azazello, Margaritanyň äheňinden şatlykly keýpiýetinden göwni göterilendigi bildirip durdy. ― Derwezäniň üstünden uçup geçeniňizde: «Görünemok!» ― diýip gygyryň. Soňra öwrenişmek üçin bir salym şäheriň üstünde uçup, soň günorta tarapa uçup, şäherden çykyp git, göni derýanyň boýuna baryň. Sizi ol ýerde garaşýandyrlar! Margarita trubkany ýerinde goýdy, şol wagt goňşy otagda nähilidir bir agaç enjam gapa tark-tark urlup başlady. Margarita baryp gapyny açanda, pol süpürilýän çotga tans edip bäri girdi. Onuň çotka tarapy ýokarda bolup, dessesi bilen kä depinip, kä oýun edip, penjire tarap okdurylýardy. Margarita begenjinden hiňlenip, çotga mündi. Ana, diňe şonda Margarita bu tos-topalaňda geýinmegi-de undup barýanlygyny duýdy. Ol «bedewi» krowatyň öňüne uçuryp baryp, eline ilki ilen gök reňkli köýnegi aldy. Soňra ony edil baýdak ýaly pasyrdadyp, penjireden uçup çykyp gitdi. Wals sedasy indi bagyň depesinde batlyrak ýaňlanyp başlady. Margarita penjireden pese uçup düşüp, uzyn oturgyçda oturan Nikolaý Iwanowiçi gördi. Ol daş ýaly doňup, ýokary gatdaky ýap-ýagty otagdan gelýän goha we tark-turklara gulak asyp, aňkarylyp galypdy. ― Hoş galyň, Nikolaý Iwanowiç! ― diýip gygyrdy Margarita, onuň garşysynda tans oýnap. Ol «waý» diýip gygyryp, oturgyjyň üstünde emedekläp, portfelini-de ýere gaçyrdy. ― Ömürlik hoş galyň! Men uçup gidip barýaryn ― diýdi Margarita, wals sazyny basyp gider derejede gygyryp. Şu wagt ol elindäki köýnegiň asla gereginiň ýokdugyny aňlap, ýakymsyz ha-ha-haýlady-da, ony Nikolaý Iwanowiçiň kellesine örtdi. Gözi zat görmän galan Nikolaý Iwanowiç oturgyçdan kerpiç ýoda ýykyldy. Margarita öz uzak mütdet azar çekip ýaşan öýüne soňky gezek nazar aýlamak üçin yzyna öwrüldi, öwrüldi-de çyralaryň şöhlesinden low-low parlap duran penjirede Nataşanyň geň galyp, üýtgän ýüzüni gördi. ― Hoş gal, Nataşa! ― diýip gygyrdy-da, ol çotgaň başyny ýokary göterdi, ― görünemok, görünemok, ― diýip ýene batlyrak gygyrdy, soň zereň daragtynyň şaha-ýapraklaryna ýüzüni urduryp, onuň şahalarynyň arasyndan, soňra derwezäniň üstünden parlap geçip, köçä çykdy. Şonda joşgunly çalynýan walsyň owazy hem onuň yzyna eýerdi. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -7: romanyň dowamy - 13.07.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |