00:31 Ussat we Margarita -21/ romanyñ dowamy | |
XXI bap
Romanlar
PERWAZ Men görünemok, men erkin guş! Men görünemok, men erkin guş! Margarita öz köçesinden uçup, ony kesip geçýän başga bir dar köçä çykdy. Ol kerosin we zyýanly ownuk mör-möjeklere garşy suwuk derman satylýan, ýere çöküp, gyşaran nebit dükany ýerleşen bu ýamak-ýasak, gyňyr-gyşyk, uzyn dar köçeden hem bir demde uçup geçdi we şonda ol erkin, göze görünmeýän bolsa-da, seresap bolmalydygyny pähimledi. Ol çotgany wagtynda togtadyp, ätiýaç etmedik bolsa, panus sütünine urlup, heläk bolmagy mümkindi. Margarita çotgany mäkäm penjeläp, sütünden öwrüm berip geçdi we indi elektrik simleriň, ýan köçäniň üstünde kese asylan bildirişleriň arasyndan häzirräk bolup, ýuwaş uçdy. Üçünji dar köçä göni Arbata alyp çykýardy. Margarita çotga erk etmegi indi pugta öwrendi, çotga oňa boýun synyp, el-aýagynyň sähelçe hereketine etagat edýärdi. Özi hem şäheriň üstünde uçýän wagty seresap bolmagyň, köp bibaşlyk etmezligiň gerekdigini düşünipdi. Mundan daşgary, uçup barýany ötegçileriň hiç haýsynyň görmeýändigi aýan boldy. Hiç kes başyny galdyryp ýokaryk seretmeýärdi, «beý, oňa serediň!» ― diýip gygyrmaýardy, özüni çete çekmeýärdi dat-perýat etmeýärdi, huşundan gitmeýärdi, däli ýaly hahahaýlap gülmeýärdi. Margarita takmynan ikinji gatyň belentliginde sessiz, ýuwaş uçup barýardy. Emma şonda hem ýap-ýagty Arbat köçesine çykyberinde, ýalňyşyp, nähilidir bir tegelek köçe belgisine egni uruldy. Bu ýagdaý Margaritanyň gaharyny getirdi. Ol boýun synýan çotgany öwrüp, bir gapdala çekildi-de, birden şol belgä hemle urup, çotganyň ujy bilen onuň aýnasyny kül-uşak etdi. Aýna döwükleri aşak dökülip, adamlar özlerini çete çekdiler, bir ýerden jürlewik çalyndy, emma Margarita bu gerekmez işi edip, soň kah-kah urup güldi. «Arbatda has-da seresap bolmaly eken, ― diýip oýlandy ol, ― bu ýerde hemme zat şeýlebir garym-gatym bolup gidipdir, baş alyp çykar ýaly däl». Ol simleriň arasyndan uçup geçip, aşakda trolleýbuslaryň, awtobuslaryň, ýeňil maşynlaryň üçegini gördi. Ýan ýollarda bolsa papaklaryň derýasy akýan ýalydy. Bu derýalardan çeşmeler bölünip çykyp, agşamky dükanlaryň ýalynly agzyna akyp girýärdi. «Baý-bow, hümer-le! ― diýip oýlandy Margarita gaharlanyp, ― gybyrt etmäge ýer ýog-a!» Ol Arbaty kesip, geçip, dördünji gatyň belentligine çykdy, we burçdaky teatryň fakel dek parlap duran turbalarynyň ýanyndan geçip, iki tarapynda beýik-beýik ymaratlar gurlan gaty bir dar köçä uçup girdi. Bu ýerdäki öýleriň hemme penjireleri açyk bolup, olaryň hemmesinde radiodan saz sesi gelýärdi. Margarita bilesigelijilik bilen olaryň birine göz gezdirdi-de, aşhanany gördi. Plitanyň üstünde iki primus güwläp ýanýardy, eli çemçeli iki aýal özara jenjelleşýärdi. ― Hajathana (tualete) girip çykanyňyzdan soň, çyrany öçürmek gerek. Men size aýtsam, Pelagýa Petrowna, ― diýdi bugly merweriň ýanynda duran aýal, ýogsa arza berip, sizi göçürdip goýbereris! ― Özüňizem ilden üýtgeşik däl ― diýip jogap berdi ikinji aýal. ― Ikiňizem bir-biriňizden düzüw däl ― diýdi Margarita batly owaz bilen, penjireden aşhana uçup girip. Gohlaşyp duran iki aýal ses gelen tarapa öwrüldiler-de, elleri hapa çemçeli aňk-taňk bolup, doňup galdylar. Margarita ýuwaşlyk bilen iki primusyňam gulagyny burup, oduny söndürdi. Aýallar «waý» diýip gygyryp, agyzlary açylyp, aňkarylyp galdylar. Emma indi aşhana Margaritany irizdi, ol ýene dar köçä uçup çykdy. Köçäniň aýagyndaky, megerem, täze gurlan, sekiz gatly kaşaň bina Margairtanyň ünsüni çekdi. Ol pesläp ýere düşdi we ymaratyň öň tarapyna gara mermer örtülendigini, onuň aýnaly giň gapysynyň içerisinde altyn bezegli papak geýen, ilikleri ýaldyrawuk gapy garawulynyň durandygyny, gapyň ýokarsyna bolsa altyn harplar bilen: «Dramlit öýi» diýip ýazylan ýazgyny gördi. Margarita bu «Dramliti nämekä» diýip, gözlerini süzüp, ýazga içgin seretdi. Soň çotgany goltugyna gysdyryp, gapyny açyp, içerik girip, gapy garawulynyň agzyny açdyrdy. Içerde liftiň ýanyndaky diwardaky ullakan gara tagta gözi düşdi. Oňa kwartiralaryň nomerleri we olarda ýaşaýanlaryň familiýalary ak harplar bilen ýazylgydy. Bu hatyň iň ýokarsyna ýazylan «Drammatruglar we edebiýatçylar Öýi» diýen ýazgyny gören Margarita boguk owaz bilen wagşyýana gygyrdy. Ol howa göterilip, tagtadaky familiýalary üns bilen okap başlady: Hustow, Dwubratskiý, Kwant, Beskudnikow, Latunskiý... ― Latunskiý! ― diýip gygyrdy Margarita. ― Latunskiý! Ähä, bu şol! Ussady heläk eden ine, şu. Gapynyň öňünde duran işik garawuly geň galmakdan ýaňa bir uçup-düşüp, gözlerini mölerdip, gara tagta äňetdi ol bu garaşylmadyk mugjyzany: adamlaryň at-familiýalary ýazylan hatyň öz-özünden nädip seslenip bilýänine düşünmän, doňup galdy. Margarita bolsa bu wagt basgançakdan ýokaryk dazlap çykyp barşyna wagtyhoşluk bilen tekrarlaýardy: ― Latunskiý ― segsen dört! Latunskiý ― segsen dört... Ine, çepde ― 82, sagda ― 83, ýene bir gat belentde, çepde 84. Ol şu taýda. Ine, ýazgy ― «O. Latunskiý». Margarita çotgadan düşdi, onuň gyzan ökjeleri daş düşelen meýdança degip hezil etdi. Ol bir gezek, soňra ýene bir gezek jaňy basdy. Emma hiç kim gapyny açmady. Margarita jaňyň düwmesini has gaty basdy, kwartirany başyna göterip jaraňlan jaňyň sesini özi hem eşitdi. Hawa MACCOLIT-başlygynyň trambaýyň aşagyna düşüp öleni we matam çäresiniň edil şu gün agşama belleneni üçin sekizinji gatdaky 84-nji kwartiranyň eýesi ömrüniň ahyryna çenli merhum Berlioza minnetdar bolmalydyr. Tankytçy Latunskiniň bagty bar eken. Şu bagt ony bu juma güni arwaha öwrülen Margarita bilen duşuşmakdan azat etdi. Gapyny hiç kim açmady. Şonda Margarita ýol ugruna etažlary sanap, atylyp, aşak düşdi-de, köçä ýüwrüp çykdy we ýokary seredip, jaýyň gatlaryny sanap, Latunskiniň penjiresini takmynlap takyklady. Binanyň burçunda sekizinji gatdaky bäş sany garaňky penjire, şübhesiz, şonuň öýüdi. Margarita şu takmyny bilen howa göterildi we birnäçe sekuntdan soň, açyk penjireden garaňky otaga girdi, bu ýere aýyň inçejik kümüş şöhlesi düşüp durdy. Margarita şu şöhle-ýodadan ylgap baryp, tok düwmesini sermeläp tapdy. Ýene bir minutdan soň jaý doly ýagtyldy. Çotga bir burçda durdy. Margarita öýde hiç kimiň ýoklugyny bilip, basgançaga çykylýan gapyny açyp, ondaky ýazgyny barlady. Ýazuw şoldy, diýmek, Margarita öz gözlän kwartirasyna giripdir. Hawa, aýdyşlaryça, tankytçy Latunskiý häzire çenli bu eýmenç agşamy ýatlasa, reňki çuw-ak bolýarmyş, häzire deňiç Berliozyň adyny hormat bilen ýatlaýarmyş. Eger ol öýünde bolanlygynda, bu agşamyň nähili şum we ýakymsyz jenaýat bilen soňlanjagy asla syr bolup galardy. Margarita aşhanadan agyr çekiji alyp çykdy. Ýalaňaç we görünmez arwah özüne tesgin-teselli bermäge çalyşýardy, elleri bitakat titreýärdi. Ol rast nyşana alyp, roýalyň klawişlerine çekiç urdy, roýalyň eýmenç nalasy bütin kwartirany basdy. Onuň klawişleri opurylyp, syrçalary gopup, dumly-duşa syçrap başlady. Roýal iňleýärdi, yňranýardy, hyrlaýardy, ýaňlanýardy. Onuň syrçalanan gapagy edil sapança atylan dek «kars» edip ýaryldy. Margarita kynlyk bilen haslap, roýalyň tarlaryny çekiç bilen gaňryp, üzýärdi. Ahyry ýadap, birazajyk demini dürsemek üçin özüni kürsä oklady. Wannada hem, aşhanada hem suw eýmenç tüýsde şarlap akýardy. «Suw daşyp, pola akyp başlan bora çemeli» diýip köňlünden geçirdi Margarita, soň sesli dowam etdi: ― Görýän welin, köp oturmaly däl. Suw aşhanadan dälize akyp çykypdy. Margarita şalp-şalp edip, aýakýalaňaç suwda ýöräp aşhanadan tankytçynyň kabinetine bedreli suw alyp girdi we ony ýazuw stolynyň üstlerine we içlerine guýdy. Soňra kabinetde duran yşgabyň gapysyny çekiç bilen urup döwdi-de, ýatylýan jaýa okduryldy. Ol ýerdäki ullakan aýnaly yşgaby bozup, tankytçynyň asylgy duran kostýumyny aldy-da, baryp wannadaky suwa basdy. Kabinetden syýa çüýşäni ýatak jaýa getirip, syýany iki kişilik krowatdaky ýumşak ýorgan-düşegiň üstüne dökdi. Margarita özüniň bu weýrançylykly işinden lezzet alýan-da bolsa, bu oňa enteklerem az bolup görünýärdi. Şonuň üçin indi ol gözüne ilen ähli zady kül-uşak edip başlady. Ol roýally jaýda fikus ýerleşdirilen wazany döwdi. Bu işi dynyp, ýatak jaýa girdi we aşhanadan alan uly pyçagy bilen ýorganlary kesip, fotosurat ýerleşdirilen aýnabentli ramkalary urup döwdi. Ol ýadawlygy bilenokdy, onuň bütin bedeninden dynman der akýardy. Şu wagt Latunskiniň öýüniň aşagyndaky 82-nji kwartirada dramaturg Kwantyň öý hyzmatkäri aşhanada çaý içip otyrdy, ýokary gatdan gelýän tapyr-tupur ylgamalara, haýsydyr bir zatlaryň kül-peýkun bolup döwülýänligine geň galdy. Ol başyny galdyryp, petige seretdi, seretdi-de, petigiň birden nähilidir bir öçügsi reňkde gögerip başlanyny gördi. Bu tegmil hyzmatkäriň göz öňünde kem-kem ulaldy-da, damjalar peýda boldy. Hyzmatkär bu hadysa iki minut ýaly dikanlap oturdy, ahyry, petikden hakyky ýagyş ýagyp başlady. Diňe şonda ol säpjäp turup, suw damýan ýere, pola jam goýdy, emma ol hiç hili peýda bermedi, çünki petikdäki yzgar güýçlenip, gaz plitasyna hem, gap-çanak goýlan stolyň üstüne hem ýagyp başlapdy. Şonda Kwantyň öý hyzmatkäri gygyryp, ýokaryk atylyp çykdy, Latunskiniň kwartirasyndaky jaňy dynywsyz jyrladyp başlady. ― Ine, jaň edip, başladylar, indi gitsem hem bolýar, ― diýdi Margarita. Ol çotga münüp, gapy tarapdan gelýän aýalyň sesine gulak asdy. ― Açyň! Açyň! Dusýa, aç gapyny! Siziňkiden akyp durmy suw? Bizi suw basdy. Margarita bir metr ýokary göterilip, çekiç bilen asma çyra bir urdy, iki lampoçka partlap, çüýşe ownuklary dumly-duşa seçilip, pytrady. Gapy tarapdan eşidilýän gykylyk diňdi, basgançakdan ylgap düşülýän aýak sesleri eşidildi. Margarita penjireden uçup çykyp, onuň aýnasyny daşardan çekiç bilen ýuwaş urdy. Aýna pagş edip döwüldi, bölekleri öýüň mermer plitalaryna urlup pese gaçyp ugrady. Margarita ikinji aýnaň öňüne geçdi. Şu wagt juda aşakda, ýan ýodalarda adamlar eýläk-beýläk ylgaşlaýardylar. Jaýyň girelgesiniň öňünde duran maşynlaryň biri motoryny gürledip gitdi. Margarita Latunskiniň penjirelerini tamamlap, goňşy kwartiranyň penjireleriniň öňüne ýüzüp bardy. Aýnalaryň bölek-bölek bolup döwlüşi çaltlaşdy, tarkyldaýan, jaraňlaýan sesler bütin köçäni gurşady. Öýüň birinji girelgesinden gapy garawuly ylgap çykyp, ýokary seretdi, näme etjegini bilmedik bolara çemeli, birazajyk eglendi-de, agzyna jürlewük salyp, gahar-gazap bilen jürledip başlady. Margarita şu jürlewügiň sesiniň astynda sekizinji gatdaky soňky penjire aýnasyny-da keýp edip döwdi-de, ýedinji gata düşüp, bu gatyň hem aýnalaryny bir çetinden döwüp çykdy. Bütin öýi howsala, gorky basdy. Aýnasy heniz döwülmedik penjireler giň açylyp, olarda adamlaryň kellesi görünýärdi we şu demde ýene gaýyp bolýardy, açyk penjireler bolsa, tersine, ýapylýardy. Köçäniň aňry ýüzündäki öýleriň ýagty penjirelerinde, Dramlitiň täze binasynyň penjireleriniň nämüçin öz-özünden döwülýänligini bilmäge çalşyp, alada edýän adamlaryň gara kölgeleri görünýärdi. Dar köçeden Dramlit öýüne tarap halk ylgap gelýärdi, öýüň içinde bolsa, aňkasy aşan adamlar basgançakda, ýan ýodalarda sebäpsiz, maksatsyz ylgaşýardylar. Kwantyň öý hyzmatkäri basgançakdan ylgap düşüp barýan adamlara, öýümizi suw basdy diýip gygyrýardy, bir salymdan soň oňa, Kwantlaryň aşagynda, ― 80-nji kwartiradaky Hustowyň öý hyzmatkäri goşuldy. Çünki Hustowlaryň aşhanasynyň, hajathanasynyň petiginden hem şaglap suw geçýärdi. Ahyry Kwantlaryň aşhanasynda petigiň suwagy gopup, aşak gaçyp, stolda üýşüp duran ýuwulmadyk tabaklaryň barysyny kül-peýekun etdi, şondan soň suw hakyky çagba ýaly güwläp, gözenek tagtalaryň arasyndan çogdy. Birinji girelgäniň basgançagyndan adamlaryň dady-perýady eşidildi. Margarita dördünji gatdaky soňky iki penjiräniň öňünden uçup geçip barşyna, içerik seretdi we howlukmaçlyk bilen protiwogaz geýýän bir adamy gördi. Margarita penjire aýnasyna ýelmäp, ony gorkuzdy, ol otagdan gaçyp, gaýyp boldy. Birden bu wagşyýana derbi-dagynlyk togtady. Margarita üçünji gata ýüzüp düşüp, ýukajyk perde tutulan iň çetki penjireden içerik seretdi. Otagy galpak geýdirilen bir çyra çala-çula ýagtyldýardy. Iki tarapyna tor tutulan kiçijik bir krowatda dört ýaşlar çemesindäki çaga şowhuna gulak salyp, gorkup otyrdy. Otagda ulylardan hiç kim ýokdy. Hemmeler daşaryk giden bolmaga çemeli. ― Aýna döwýärler! ― diýdi çaga we: ― Eje! ― diýip gygyrdy. Hiç kim jogap bermedi, şonda ol: ― Eje, men gorkýan ― diýdi. Margarita perdäni gyra süýşürip, penjireden uçup girdi. ― Men gorkýan ― diýip tekrarlady çaga we titräp ugrady. ― Gorkma, gorkma, balajyk ― diýdi Margarita şemal çalyp, sowuklan sesini mylaýymyrak etmäge çalşyp. — Aýnany garagol oglanjyklar döwdi. ― Keman atdylarmy? ― diýip sorady oglanjyk, indi sandyraman. ― Hawa, keman atdylar, keman ― diýip tassyklady Margarita, ― sen ýat-da, ykla! ― Sitnik atandyr ― diýdi oglan, ― şonda keman bar. ― Hawa, dogry, şol atdy! Oglanjyk birden ses gelýän tarapa öwrülip, sorady: ― Siz nirede, daýza! ― Men ýok — diýip jogap berdi Margarita. — Düýşüňe girýän. ― Menem şeýledir öýtdüm ― diýdi oglan. ― Sen ýüzüňi aýaňa goýup ýat ― diýip buýrdy Margarita, ― men seniň düýşüňe gireýin. ― Bor, bolýar, düýşüme gir-äý ― diýip razy boldy oglanjyk we şobada ýüzüni aýasyna goýup ýatdy. ― Saňa erteki aýdyp bereýin ― diýdi Margarita we gyzgyn elini çaganyň saçy syrylan kellesine goýdy, ― bir bar eken, bir ýok eken, dünýäde bir daýza bar eken. Ol perzentsiz, özem örän betbagt eken. Ine, şol daýza aglap-aglap, ahyry gaharjaň arwaha öwrülipdir... ― Margarita sesini çykarman, elini çaganyň başyndan aýyrdy ― ol uklap galypdy. Margarita çekiji ýuwaşlyk bilen penjiräniň tekjesine goýup, özi daşaryk uçup çykdy. Öý öňi tos-topalaňdy. Aýna döwüklerine gömlüp giden asfalt ýan ýodada adamlar bir zatlar diýşip, ylgaşlaýardylar. Bu ýerde indi milisionerler hem peýda bolupdy. Birden jaň sesi güýçli ýaňlandy we üstünde merdiwany bar ýangyn söndürýän gyzyl maşyn Arbatdan dar köçä öwrülip geldi. Mundan soňky wakalar indi Margaritany gyzyklandyrmaýardy. Ol simlere çolaşmazlyk üçin çotgany mäkäm gysyp, derrew bu oňaýsyz jaýyň depesine tiz çykdy. Dar köçe aşakda bir tarapa gyşaryp, soň dik aşak gitdi. Indi şu bir köçäniň ornuna Margaritanyň aýagynyň aşagynda kän-kän üçekler peýda boldy ― olary her ýerinden, her ýerinden ýagty ýollar dörtburç bolup kesip geçýärdi. Bularyň barysy birden bir tarapa ýüzüp gitdi. Çyralaryň ýagtysy bir-birine gatyşyp, ýaýrady. Margarita ýene bir silkinip öňe okdurylypdy, ýaňky üçekler ýer teýine siňip, gözden gaýyp boldy, indi olaryň ýerinde pesde elektrik çyralaryndan emele gelen ýylpyldaýan köl peýda boldy we bu köl birden gapdala öwrülip, dik durdy, soň Margaritanyň depesine çykdy. Aý bolsa onuň aýagynyň aşagynda parlap başlady. Margarita özüniň başaşak uçýandygyny aňşyrdy we ýene asylky ýagdaýyna düşüp seredende, çyralar kölüniň hem indi gaýyp bolanyny, arkada gökde diňe elwan şapagyň galanyny gördi. Birazajyk wagtdan soň şapak hem ýitdi, şonda Margarita özünden belentde, çep tarapynda ýüzýän Aýdan başga hemrasynyň ýokdugyny gördi. Onuň saçlary bireýýäm bir ýere jemlenipdi, Aý bolsa onuň bedenini öz nuruna ýuwýardy. Margarita aşakda iki hatar bolup düzlen seýrek çyralaryň iki sany otly çyzyga öwrülenini we salym geçmän, yzda galyp, gözden ýitenini görüp, özüniň haýran galmaly tizlikde gidip barýanyny pähimledi-de, deminiň tutulmaýandygyna geň galdy. Aradan birnäçe sekunt geçende juda uzakda, aşakda, ýer üstünde elektrik şöhlelerinden emele gelen täze köl parlady, emma ol derrew pyrlanyp-aýlanyp, ýer bagryna çümdi. Ýene birnäçe sekuntdan ýene şol zatlar gaýtalandy. ― Şäherler! Şäherler! ― diýip gygyrdy Margarita. Şondan soň ol aýagynyň aşagynda solgun reňkli, gara gaply gylyçlaryň ýatanyny iki-üç gezek synlady we olaryň derýadygyny pähimledi. Perwazdaky aýal başyny ýokaryk, çep tarapa öwrüp, Aýyň örän çaltlyk bilen yza, Moskwa tarapa däli ýaly çalt ýüzýändigini we şol birwagtda, asla gymyldaman duranyny gördi ki, Aýyň ýüzünde ýiti tumşugy terk edilen şähere tarap garap duran aždarha ýa-da küýki taýçanagy ýatladýan syrly gara tegmil anyk görnüp durdy. Şu mahal Margarita çotgany ýöne ýere şeýle bat bilen uçuryp ýörün, beýle tizlikde daş-töweregi anygyrak synlabam bilmerin, perwazdan lezzet alybam bilmerin diýip göwnünden geçirdi... Margarita çotganyň baş tarapyny öňe iterdi, onuň dessesi ― guýrugy ýokary göterildi, şeýdip ol uçuşy ýuwaşadyp, ýere tarap pesläp başlady. Ine, şu edil asman sankisinde uçan dek pese tyýpyp düşmek oňa örän gowy lezzet bagyşlady. Ýer Margarita tarapa galyp gelýärdi onuň şu wagta çenli nämälim bolan gap-gara üstünde syrly sypatlary açylyp, jemi ki täsinlikleri aý-aýdyň gijede anyk göze görnüp başlady. Ýer Margarita golaýlaşyp gelýärdi we onuň bokurdagyna ýaşyl lybas geýip başlan tokaýlaryň ysy üfläp durdy. Margarita gyraw düşen otly meýdany bürän dumanyň üstünden, soň bir kölüň üstünden suwlup geçdi. Margaritanyň aýagynyň aşagynda gurbagalar güýjünde baryny edip, joş urup warryklaýardylar, alysda bir ýerde otly nämüçindir ýüregi tolgundyryp, paşşyldap barýardy. Margarita basym şol otlyny-da gördi. Ol howa uçgun saçradyp, edil pile gurçugy kibi gyrbyldap barýardy. Margarita ondan ozup, ýene bir aýna kölüň üstünden uçup geçdi, bu kölüň üstünde ýene bir Aý parlap durdy, ol ýene pesläp, uly sosna agaçlarynyň uçlaryna aýaklary deger-degmez perwaz urdy. Şol mahal arkadan howany jyrladyp ýyrtýan ýaly eýmenç şowhun eşdildi, ol Margarita kem-kem golaý geldi. Uçup gelýän top okuny ýatladýan bu şowhuna aýal adamyň ençe çakyrymdan eşidilýän hahahaýlamasy kem-kem goşuldy. Şonda Margarita yzyna öwrülip, nämälim bir gara zadyň öz yzyndan kowup gelýänini gördi. Ol gara zat golaýlaşyp geldigiçe, onuň haýsydyr bir nämälim närsä münen adamdygy aýan boldy. Ýene birazdan soň ol adamyň kimdigi belli boldy. Bu ― Nataşady. Ol Margaritany kowup ýetip, tizligini ýuwaşatdy, saçlary şemalda bulaşan çyp-ýalaňaç Nataşa bir semiz doňuza münüpdi, doňuz öňki toýnaklaryna portfel tutup, yzky toýnaklary bilen janhowluna dynman depeşekleýärdi. Onuň gözünden gaçyp, ýüpüne çolaşan pensnesi aý şöhlesinde ýalpyldap hallan atýardy, şlýapasy bolsa zol-zol gözüniň üstüne düşýärdi. Margarita doňza dikanlap seredip, ony tanady, bu ― Nikolaý Iwanowiçdi. Ana, şonda Margaritanyň gülküsi tokaý üzre ýaňlanyp, Nataşanyň gülküsine garyşdy. ― Nataşka! ― diýip gygyrdy Margarita, ― krem sürtdiňmi senem? ― Gözüňe döneýin seniň! ― diýip jogap berdi Nataşa, öz gohy bilen meýmiräp oturan gür tokaýy oýadyp, ― o, meniň fransuz melikäm, men, ine, şunuňam kel başyna sürtdüm kremden! ― Melikäm! ― diýip bögürdi doňuz, hamsygýan ses bilen, üstüne münen aýaly loňkuldadyp uçup barşyna. ― Janyňa gurban bolaýyn! Margarita Nikolaýewna! ― diýip gygyrdy Nataşa, öz bikesi bilen ýanma-ýan uçup barşyna, ― rast, kremi aldym. Ahyr bizem adam ahyryn ― ýaşamagy, uçmagy isleýäris! Meni bagyşlaň, melikäm, indi men yza gaýtmaryn, ölsem hem dolanmaryn! Waý, nähili gowy, Margarita Nikolaýewna! Maňa öýlenmekçi ― diýdi Nataşa, suw-sil bolup pyşyllap barýan doňzuň gerdenine barmagy bilen dürtüp ― öýlenmekçi! Meni näme diýip çagyrypdyň, ä? ― diýip gygyrdy ol doňzuň gulagyna eňilip. — Perişdäm ― diýip hyrlady doňuz, ― men beýle tiz uçup bilmeýärin! Möhüm kagyzlarymyň pytrap gitmegi mümkin. Natalýa Prokofýewna, men närazylyk bildirýärin. ― Eý, jyn ursun seni, kagyz-pagyzlaryň bilen bile! ― diýip gygyrdy Nataşa haýasyz hahahaýlap. ― Ýuwaşyrak, Natalýa Prokofýewna! Birden biri eşidäýmesin! ― diýip, doňuz ýalbardy. Nataşa Margarita bilen ýanma-ýan uçup barşyna, bikesi uçup gidenden soň onuň öýünde nämeler bolanyny güle-güle aýdyp berdi Nataşa, sowgat edilen närseleriň birine-de el urman, derrew geýimlerini çykaryp taşlapdyr-da, kreme topulypdyr, soň ony şapyr-şupur bedenine sürtüp başlapdyr. Seretse, bikesinde ýüz beren üýtgeşiklik onda hem peýda bolupdyr. Nataşa begenjinden joş urup gülüp, aýnada şekillenen täsin gözelliginden serhoş bolup durka, gapy açylyp, bosagada Nikolaý Iwanowiç görnüpdir. Ol Margarita Nikolaýewnanyň köýnegini we şlýapasy bilen portfelini elinde saklap, aljyrap duranmyş. Onuň gözi Nataşa düşüpdir-de, huşundan aýrylypdyr. Soň biraz huşuna gelip, köz ýaly gyzaryp, sakawlanypdyr: ― Şu köýnegi ýerden göterip, hut özüm alyp çykmagy borjum hasapladym. ― Ýaňy näme diýdiň, deýýus, ä? ― diýip çyňsap we hahahaýlap gülýärdi Nataşa. ― Nämeler diýdiň, näme diýip ýoldan azdyrdyň meni! Petde-petde pul wada kyldyň. Klawdiýa Petrowna bilmez diýdiň. Näme, ýa gepim ýalanmy? ― diýip waňkyldaýardy Nataşa doňza, ol bolsa utanyp, tumşugyny gapdala sowýardy. Nataşanyň şohlugy tutup, degşip Nikolaý Iwanowiçe hem krem çalypdyr, çalypdyr-da, täsinlige doňup galypdyr. Aşaky gatda ýaşaýan bu hormatly goňşynyň ýüzi bürşüp, doňuz tumşugyna öwrülipdir, el-aýaklaryndan toýnak ösüp çykypdyr. Şonda Nikolaý Iwanowiç aýna seredipdir-de jan agyrly, wagşy ses edipdir, emma pursat elden giden eken. Birnäçe sekuntdan soň ol başyna düşen musybatdan ýaňa zar-zar aglap, üstüne Nataşany mündüripdir-de, Moskwadan haýsydyr bir tarapa uçup başlapdyr. ― Meni öňki kaddyma gaýtarmagyňyzy talap edýärin! ― diýdi ol boguk ses bilen kä gazaplanyp, kä ýalbaryp, soň hor-horlap başlady, ― men bikanun ýygynda gatnaşmagy islemeýärin! Margarita Nikolaýewna, siz öz hyzmatkäriňizi tertibe çagyrmalysyňyz. ― Aý ýog-a, eýýäm saňa men öý hyzmatkäri bolup galdymmy? Öý hyzmatkäri diý? ― diýip heňkirdi Nataşa, doňzuň gulagyndan çümükläp-çümükläp, ― ýaňy perişdäm diýmänmidiň!? Adyma näme diýipdiň? ― Wenera? ― diýdi aglamyşlap doňuz, ol daşlaryň arasyndan şyrlap akýan çeşme üzre uçup, toýnaklary bilen hoz şahalaryny şytyrdadyp geçdi. ― Wenera! Zöhre ýyldyzy! ― diýip buýsançly çyňsady Nataşa bir elini biline goýup, beýleki elini Aý tarapa uzadyp, ― Margarita! Şazada gözel! Haýyş edip görüň, meni şu albassylygymda galdyrsynlar. Aýdanyňyz ― emri wajyp, size häkimlik berildi! Şonda Margarita: ― Bolýa, söz berýärin! ― diýip jogap berdi. ― Sag bol! ― diýip seslendi Nataşa we birden batly we allanähili gaýgyly äheňde gygyrdy: ― Heý! Heý! Tizräk, Tizräk! Hany bir neme tijen! ― Ol doňzuň janhowluna ýelip-ýüwrüş netijesinde iç-içine batyp giden bykynyna ökjeleri bilen hykylatdy, doňuz ýene howany iki bölüp, ýyldyrym ýaly öňe atyldy ki, birazajyk wagt geçer-geçmez, Nataşa uzakda gara nokat bolup göründi, soňra bolsa asla gözden gaýyp bolup, garasy hem öçdi. Margarita guwlap ýatan, nätanyş ýerlerde, depelikleriň üstünden şol öňküsi ýaly assa-ýuwaş uçup barýardy: bu depeliklerde seýrek ösen äpet sosnalaryň arasynda ol ýerde-bu ýerde harsaň daşlar ýatyrdy. Margarita uçup barşyna, häzir Moskwadan gaty uzaklaşan bolsam gerek diýip oýlaýardy. Onuň münen çotgasy indi sosnalar üstünden däl, belki bir tarapy Aý şöhlesinden kümüş reňkde towlanýan daragtlar arasyndan uçýardy. Onuň ýeňil kölgesi ýerde, özünden has öňde örmeläp barýardy ― indi Aý Margaritanyň ýagyrnysyna nur saçýardy. Ol suwuň golaýdadygyny duýdy, diýmek, barylmaly menzil şu ýerlerde. Margarita sosnalar arasyndan çykyp, bir kert jaryň ýanyna bardy. Jaryň Aý nury düşmeýän düýbünde derýa akýardy. Bu dik jaryň eteginde duman agaçlaryň şahasyna degip durdy, derýanyň aňry kenary bolsa ýasy tekizlikdi. Ol ýerde bir top bolup ösen gür şahaly daragtlaryň aşagynda ýanýan otdan uçgun syçraýardy we nähilidir birhili sudurlar görünýärdi. Margaritanyň gulagyna şol tarapdan jynyňy tutdurýan ýakymsyz ses eşidilen ýaly boldy. Ondan aňyrda-tä gözýetime çenli Aýyň kümüş nuruna gark bolan tekiz sährada ne bir külbe, ne gybyrt edýän janly-jandar bardy. Margaritanyň töwereginde hiç kim ýokdy, ýöne biraz beýleräkde, pessejik agaçlaryň arasyndan pagşyldy, şapyrdy eşidildi, ol ýerde-de kimdir biri suwa düşýärdi. Birden ol tans etmesini goýup, üşerildi. Şapyrdy golaý gelip, gyrymsy agaçlaryň arasyndan kellesine gara ýüpek silindiri ýeňsä basyp geýen, semiz bir ýalaňaç adam çykdy. Onuň dabanlary suwuň düýbündäki gara palçyga batany sebäpli, ol aýagyna gara köwüş geýen ýaly bolup görünýärdi. Onuň synçgylawuk tutmasyndan, özüni alyp baryşyndan çen tutsaň, onuň ganymat içendigini, derýadan hem konýagyň ysy çykan ýaly bolup duýulandygyndan habar alsaň, muny äşgär bilse bolýardy. Margaritany görüp, semiz töweregine garanjaklady-da, birdenem şadyýana gygyrdy: ― Bu nähili? Men şol gözeli görýänmi? Klodina, eýsem, bu sen dälmi, köşeşmeýän dul gelin? Senem bärdemiň? ― diýip, ol salamlaşjak bolup öňe süýşdi. Margarita yza tesip, mynasybet bilen jogap berdi: ― Gümüňi çeksene, jyn uran. Tapdyň bu ýerde Klodinany! Sen kim bilen gepleşýäniňi bir bil ― diýip, biraz pikirlenip, öz sözüne kagyza ýazylmaýan uzyn-uzyn sögünç sözlerini goşdy. Bu zatlar ýeňilkelle semiz kişä serhoşlykdan aýňaldyjy täsir etdi. ― Oý! ― diýip, ol ýuwaş seslendi-de, tisgindi, ― merhemet edip, meni bagyşlaň şöhlezar melike Margo! Men öte geçipdirin. Baryna şu näletsiňen konýak günäkär! ― Semiz ýeke dyzyna çöküp, silindr ― şlýapasyny gapdala uzadyp, tagzym etdi-de, rus we fransuz sözlerini gatyşdyryp, özüniň Pariždäki dosty Gessar hakynda, konýak barada, öz ýalňyşlygy zerarly ejir çekýändigi dogrusynda sakyrdap ugrady. ― Balagyňy bir geýmeli ekeniň, köpeý ogly ― diýip, Margarita biraz mylaýym äheňde aýtdy. Margaritanyň gaharynyň köşeşendigini görüp, semiz şatlykly ýyrşardy we uly tolgunma bilen aljyraňňylyk zerarly balagynyň Ýeniseýiň kenarynda galandygyny, şonuň üçinem häzir bu ýerde balaksyz durandygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, ol ýap-ýaňam Ýeniseý derýasynda suwa düşüp ýören eken, indi bolsa şol ýere dem salymda uçup barjakdygyny, onuň örän golaýdygyny gepine goşdy-da, öz-özüne buýruk berip, yza götinjekledi-de, ahyram suwa ýykyldy. Ýöne ol suwa arkan ýykyldy-da, kiçeňräk bakenbardly ýüzünden aperin aýtmak we wepadarlyk bildirmek duýgusy ýitmedi. Margarita gaýanyň ýakasyndan aşak, pese böküp, salym geçmän, özüni derýa boýunda gördi. Gökdäki perwazdan soň, onuň suwa düşesi geldi. Ol çotgany bir gapdala oklap, ylgap gelip suwa başşak urdy. Onuň ýeňlän bedeni suwa mysaly peýkam ýaly çümüp, suwuň äpet sütüni bolsa ony tas Aýa çenli ýokary göterdi. Suw edil hammamdaky ýaly ýyly eken, Margarita suwuň düýbünden göterilip, derýada päsgel berýän zadyň ýoklugyndan peýdalanyp, salkyn gijede hezil edindi... Margarita ahyry kenara çykdy. Onuň bedeni suwa düşmek akybetinde lowurdady. Ol hiç hili ýadawlyk duýman, yzgarly ýumşak otuň üstünde şatlykdan ýaňa tans edip başlady. Soňra ol gaty sykylyk çaldy welin, ýanyna çotgasy uçup geldi, ol çotga münüp, derýanyň üsti bilen beýleki kenara geçdi. Hekli dagyň kölgesi bu ýere ýetenokdy, şu sebäpli bütin kenar Aý nuruna gark bolup ýatyrdy. Margaritanyň aýagynyň çyg düşen otlara degeni hem şoldy, tallaryň aşagynda çalynýan saz hem batly ýaňlandy, otdan çykýan uçgunlar yzly-yzyna şadyýana syçrady. Şahalaryna näzik we ýumşak ysyrgalar asylan tallaryň aşagynda iki hatar düzlüp oturan semiz gurbagalar edil rezinden ýasalan ýaly, kä çişip, kä pessaýyp agaç surnaýlarda şadyýana bir marşy çalýardylar. Bu sazandalaryň garşysynda tallaryň şahalaryna ýapyşan çyglar aýna ýaly bolup, gurbagalaryň ýüzlerinde oduň howply lowurdaýan ýalynly şöhlesine notalary anyk görkezip oýnatýardy. Marş Margaritanyň şanyna çalynýardy. Ol örän buýsançly dabara bilen garşy alyndy. Derýanyň ýüzünde meýlis gurap oýnaýan mawy beden suw perileri oýunlaryny goýup, suw otlaryny bedenlerinden aýryp, bulaýlap, Margaritany gutlap başladylar, şonda güwleýän ýap-ýaşyl kenarda olaryň yňranýan sesleri eşidilip, ýaňlanýan owazlary örän uzaklara ýaýrady. Serwi tallaryň aşagynda Margaritanyň az wagtlyk bolmagynda ýene bir waka bolup geçdi. Al howada birden sykylyk sesi eşidilip, bir gara beden, ýere laýyk düşübilmän, suwa pagşyldap gaçdy. Az salymdan soň, Margaritanyň alnynda, ol kenarda oňaýsyz ýagdaýda duş gelen şol bekenbardly semiz peýda boldy. Ol Ýeniseýe tiz baryp-gelmäge ýetişen bolmaga çemeli, onuň egni fraklydy, ýöne başdan-aýaga öl-suwdy. Konýak ony ikinji gezek ýüňsakal edipdi, aşak inende, ol ýene suwa gaçypdy. Ýöne bu oňaýsyz ýagdaýda-da onuň ýüzündäki ýylgyryş ýitmändi we oňa Margaritanyň elini öpmäge ygtyýar berildi. Ýalaňaç albassylar tallaryň arkasyndan ylgap çykyp, bir hatara düzüldiler we köşk gözellerine has hormat bilen dyz epip, tagzym etdiler. Bir teketoýnak jandar ylgap gelip, Margaritanyň elinden ogşady, derhal ýere şahyny degrip, melikämiz suwa düşüp ýeňlediňizmi diýip sorady oňa gyşaryp, dynç almagy teklip etdi. Margarita hem teklibi kabul etdi. Şonda teketoýnak oňa bir gadak şampan çakyryny uzatdy. Margarita şeraby içenden, derhal köňli gül-gül açylyp, ýüregi ýylady. Ol Nataşany soraglaşdyr-dy, onuň suwa düşüp, öz doňzuna atlanyp ýene Moskwa uçup gidenligini aýtdylar: ol tizräk baryp, Margaritanyň gelýändigi hakynda habar bermek we onuň üçin lybas taýynlamaga kömekleşmegi zerur eken, Margarita hem tallar aşagynda uzak otyrmady. Hemmeler sapara şaýlanyp başlady. Suw perileri aý nurunda öz tansalaryny soňladylar we ýuwaş-ýuwaş gözden gaýyp boldular. Teketoýnak mahluk Margaritadan derýanyň kenaryna nämeli geldiňiz diýip hormat bilen sorady. Onuň çotga münüp gelendigini eşidip: ― O nähili böýle, ol gaty oňaýsyz-a ― diýdi-de, bir demde iki şahyndan täsin bir telefon ýasady-da, kimdir birine häziriň özünde maşyn ibermegi talap etdi, talap bada-bat berjaý boldy. Ada üsti açyk, mele reňkli maşyn uçup düşdi, emma rulda adaty sürüji däl-de, kellesine kleýonka papak, ellerine agzy giň ellik geýen tumşugy uzyn gap-gara garga otyrdy. Ada boşap galdy. Uçup giden albassylar parlaýan Aý nurunda eräp, ýok boldular. Uly ot sönüp, onuň üstüni kül örtdi. Teketoýnak we bakenbardly Margaritanyň maşyna münmegine kömekleşdiler, ol arkadaky giň oturgyçda ornaşdy. Maşyn güwläp, bir bökdi-de, belende, tas Aýa çen göterildi, ada hem, derýa hem gaýyp boldy, Margarita Moskwa tarap dazlap uçup gitdi. | |
|
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |