01:05 Ussat we Margarita -22/ romanyñ dowamy | |
XXII bap
Romanlar
ŞEMLERIŇ ÝAGTYSYNDA Asmany pelekde uçup barýan maşynyň birsydyrgyn güwleýşi Margaritany hüwdüleýärdi, Aý şöhlesi bolsa ýakymly ýyladardy. Ol gözüni ýumup, ýüzüni şemala tutdy we ýap-ýaňy terk edilen nätanyş derýa kenary hakynda hasrat bilen oýlanyp başlady, çünki ol ýeri indi asla görüp bilmejegini köňli duýýardy. Bu gün agşamky ýüz beren barça jadygöýliklerden we gudratlardan soň ol kimiň huzuryna myhmançylyga barýandygyny aňyp ugrapdy, emma bu ýagdaý ony gorkuzanokdy. Şol ýerde öz bagtyna gaýtadan duçar bolmak umydy ony batyrgaý edipdi. Emma onuň bagt dogrusynda uzak wagtlap hyýala çümmegine pursat bolmady. Margarita az salymdan soň gözüni açyp, garganyň tejribeli sürüji bolanlygyndanmy, ýa gurat maşynyň tiz ýöreýänligindenmi, her halda aşakda indi zulmata bürenen tokaýy däl, ýalp-ýalp edýän köl ýaly Moskwany gördi. Garaguş ― sürüji perwaz wagtynda maşynyň öňki sag tigirini burup boşadyp, soňra ony Dorogomilowo raýonyndaky, adam-garasyz, juda hylwat bir gonamçylyga gondurdy. Soň hiç zat soraman oturan Margaritany çotgasy bilen bile bir gabyr daşynyň ýanynda düşürip, maşyny gonamçylygyň etegindäki jara itekläp goýberdi. Maşyn düýpsüz jara gümmürdäp gaçyp, bölek-bölek boldy. Garga Margarita hormat bilen tagzym edip, tigire mündi-de, uçup gitdi. Şu pursadyň özünde bir gubur daşynyň arkasyndan bir gara plaş göründi. Onuň aňňy dişi Aý nurunda ýalp edip gitdi welin, Margarita derrew Azazellony tanady. Ol Margarita ümlüp, çotga münmegi teklip etdi, özi bolsa uzyn gylyja mündi, şu demde ikisi hem asmana uçdular-da, birnäçe sekuntdan soň hiç kime görümän, Sadowaýa köçesindäki 302-bis öýüň öňünde gondular. Goltuklaryna çotga bilen gylyç gysdyran bu iki ýoldaş basdyrmanyň aşagyna girenlerinde, Margaritanyň gözi kimedir birine sabyrsyz garaşyp oturan papakly, gonjy beýik ädikli bir adama düşdi. Azazello bilen Margarita ýeňil gadam urup, aýak ujunda ýöräp geçen bolsalar-da, ol adam aýak sesini eşitdi, emma nähili jandaryň gybyrdysydygyna düşünip bilmän, gorkuly tisgindi. Soňra olar altynjy girelgäniň öňünde ýaňky adama bir almany iki bölen ýaly meňzeş birine uçradylar. Bu ýerde hem öňki waka gaýtalandy. Aýak sesleri... Adam teşwişlenip, gaşlaryny çytdy. Girelgäniň gapysynyň açylyp-ýapylanyny gördi-de, gybyrdylaryň yzyndan şol tarapa atyldy, girelgeden içeri seredip, elbetde, hiç zat görmedi. Nusgasy ikinjiden, diýmek, birinjiden hem alnan ýene biri üçünji gatdaky meýdançada nobatçylyk edýärdi. Ol ajy papiros çekip otyrdy, Margarita onuň deňinden geçende, üsgürindi. Çilimkeş endamyna iňňe sanjylan ýaly, oturgyçdan säpjäp turup, töweregine gorkuly nazar aýlady, basgançakdan aşak seretdi. Bu mahal Margarita öz hemrasy bilen 50-nji kwartiranyň gapysynyň öňüne barypdy. Jaňy basyp durmadylar, Azazello öz açary bilen gapyny sessiz açdy. Margaritany geň galdyran birinji zat tümlük boldy. Girelge edil ýeriň aşagy kibi gap-garaňkydy, şonuň üçin Margarita büdräp ýykylmakdan gorkup, biygtyýar Azazellonyň plaşyndan ýapyşdy. Emma şol wagt juda alysda, ýokarda bir şemçyranyň ýylt-ýylt ýanýanlygy göründi, soňra ol ýagty golaýlaşyp başlady. Azazello gidip barşyna Margaritanyň goltugyndan çotgany dartyp aldy, çotga şobada zulmat goýnunda sessiz gaýyp boldy. Indi olar nähilidir giň basgançaklardan ýokaryk göterilip başladylar, Margarita üçin basgançagyň soňy ýok ýaly duýulýardy. Moskwadaky ýönekeý bir kwartiranyň girelgesine bu görünmez, emma barlygy anyk duýlup duran uzyndan uzyn basgançagyň sygýandygy Margaritany geň galdyrdy. Emma basgançak birden gutaryp, Margarita bir meýdançada durandygyna düşündi. Ýaňky çyra Margaritanyň ýüzüne golaý geldi-de, ol elinde şem saklap duran gara bir uzyn adamyň ýüzüni gördi. Soňky günlerde bu adama duş gelen şormaňlaýlar hatda çala ýanýan şemiň ýagtysynda hem ony tanardylar, elbetde. Bu Korowýew, ýagny Fagotdy. Dogry, häzir onuň daşky keşbi juda üýtgäpdi. Bireýýäm zibile taşlanmaga laýyk syrçasy döwük pensnäniň ýerine ol indi monokl dakypdy, emma bu hem çatlap şemiň şöhlesi şu aýnada şekillenýärdi. Onuň bihaýa ýüzündäki murty towlanyp, ýag çalyngydy, onuň garalygy bolsa, egnine frak geýenliginden şeýledi. Diňe döşi agaryp görünýärdi. Bu tersokan regent, jadygöý, terjimeçi ― mahlasy, aslynda kimdigini şeýtan hem bilmeýän Korowýew şem tutan elini giň ýaýyp, Margarita tagzym kyldy we ony öz yzy bilen ýöremäge çagyrdy. Azazello gaýyp boldy. «Örän geň, üýtgeşik agşam ― diýip oýlandy Margarita, ― beýle boljagyny asla göz öňünede getirmändim! Näme bolsa, elektrik öçdümikä? Ýöne bar zatdan beter otagyň göwrümi meni geň galdyrýar. Bu zatlaryň bary nädip Moskwanyň adaty kwartirasyna sygýar? Muňa asyl-asyl akyl ýetmeýär». Korowýewiň elindäki şem juda öçügsi ýanyp dursa-da, Margarita özüniň örän ullakan zalda, ýene san-sajaksyz mahabatly gara sütünli tükeniksiz uzyn zalda durandygyna düşündi. Korowýew kiçijik bir diwanyň öňünde saklanyp, şemi şu ýerdäki bir tumbaň üstünde goýdy, üm bilen Margaritany oturmaga ündäp, özi-de onuň ýanynda çökdi we edil surata düşýän adam ýaly haýbat bilen tirsegini tumba goýdy. ― Rugsat ediň, size özümi tanyşdyraýyn, ― diýdi Korowýew jygyldyly ses bilen, ― Korowýew men. Çyraň ýoklugyna geň galýaňyzmy? Tygşytlylyk diýip oýlan bolsaňyz gerek? Ýo-ýok-ýok, beýle däl. Eger şeýle bolsa, birinji duşan jellat, şunlukda, bu gün, häli birazdan soň siziň dyzyňyza baş goýmaga eýe bolan jellatlardan biri şu tumbaň üstünde başymy tenimden jyda kylsyn. Sebäp, messir elektrik yşygyny halamaýar, biz ony soňky pursatda ýakarys. Ana şonda, ynanaýyň, oňa ýetmezçilik bolmaz. Ýöne ýagtylyk kemräk bolsa gowudyr-la. Korowýew Margarita hoş ýakdy, şaňňyldap jöwrenişi onuň köňlüne teselli berdi. ― Ýok ― diýip jogap berdi Margarita, ― ine, şunça zadyň — ol elini uzadyp, zalyň örän giňligini suratlandyrdy, — adaty bir kwartira nähili sygýanlygy has geň galdyrýar meni. Korowýew ýakymly ýylgyrdy, burnunyň daşynda kölgeler oýnaklady. ― Mundan aňsat zat ýok! ― diýip jogap berdi ol ― Bäşinji ölçeg nazarýetinden habarly bolanlar üçin öz otagyňy köňlüň islän göwrümde giňeltmek hamyrdan gyl sogran ýaly. Hawa, hawa, hormatly hanym, akyl ýetmez derejede giňeltmek mümkin! Ýene has geň zat aýtsam ― diýip ýaňramasyny dowam etdi Korowýew, ― diňe bäşinji ölçeg nazarýetinden däl, asla hiç zatdan habary bolmadyk, emma şuňa seretmezden, öz kwartiralaryny giňeltmek barasynda gaty üýtgeşik täsinlikler döreden adamlary bilýärin. Meselem, maňa aýdyşlaryna görä, bir şäherli Zemlýanoý walda üç otagly jaý alyp, bäşinji ölçegsiz ýa-da başga mekiz-hilesiz, derrew otaglaryň arasyndan diwar örüp, ony dört otagla öwrüpdir, soň ony Moskwanyň başga-başga raýonyndaky iki sany özbaşdak; biri-üç, beýlekisi-iki otagly jaýa çalyşypdyr. Ine, size ― baş otag. Soňra şol üç otagly öýi iki sany iki otagla çalşyp, görüp durşuňyz ýaly, alty otaga eýe bolýar. Şeýdip, ol Moskwanyň dürli raýonlaryndaky alty otagdan ybarat şol jaýlaryny Zemlýanoý waldaky bäş otagly kwartira çalyşjak bolýanlygy hakynda gazete bildiriş berende, özüne bagly bolmadyk ýagdaýda bu iş togtaýar. Belki, häzirem ol Moskwada bolmasa-da, bir ýerlerde, sizi ynandyryp aýdýaryn, bir otagly jaýda ornaşandyr. Gördüňizmi, nähili algyrlar bar, siz bolsaňyz, bäşinji ölçeg hakda soraýaňyz. Bäşinji ölçeg hakynda gürrüň açan Margarita däl, Korowýewiň özüdi, şoňa seretmezden, Margarita öý çalyşmaga ökde algyryň pyrryldaklaryny diňläp, şadyýana gülüp goýberdi. Korowýew dowam etdi: ― Esasy işe geçeli, Margarita Nikolaýewna. Siz örän akylly adam, şoňa görä, elbetde, hojaýynymyzyň kimdigini aňansyňyz. Margaritanyň ýüregi gürsüldedi we ol çalaja baş atdy. ― Ana, düşünipsiň ― diýdi Korowýew, ― biz her hili ýarym-ýalta, syrly geplere garşydyrys. Dogrusy, messir her ýyl bir gezek bal berýär, ol dolan Aýyň ýazky baly ýa-da ýüz karolyň baly diýlip atlandyrylýar. San-sajaksyz adamlar gelýär! Şu ýerde Korowýew dişi agyrýan ýaly ellerini ýaňagyna ýetirdi. Häli muňa özüňizem şaýat bolarsyňyz. Gysgasy: messir sallah ― özüňiz bilýäňiz, meýlisiň bikesi ýok. Öý bikesi zerur ― diýip, Korowýew ellerini giň gerdi, ― ylalaşyň, ýeri, bikesiz nädip bal bolsun... Margarita Korowýewiň her bir sözüni örän üns bilen diňläp, ýüregi sowap gitdi, ýöne öz bagtyna ýetmek umydy onuň başyny aýlaýardy. ― Bizde däp bolup galyşyna görä ― diýip gepini dowam etdi Korowýew, ― bal bikesiniň ady, elbetde, Margarita bolmaly, bu birinjiden, ikinjiden bolsa, onuň bal berilýän ýerde doglan bolmagy şert. Görüp dursyňyz ki, biz syýahat edýäris, bu sapar Moskwada menzil tutduk. Bu ýerde biz ýigrimi bir Margaritany tapdyk emma ynanýaňyzmy, ― diýip Korowýew demi içine düşüp, öz buduna «şarp» edip urdy, ― biri hem laýyk gelmedi. Ahyry, bize bagt gülüp bakdy-da... Korowýew kaddyny egip, manyly ýylgyrdy, şonda Margaritanyň ýüregi ýene sowady. ― Gysga aýtsam, ― diýdi Korowýew, ― has gysgasy şu jogapkärligi öz boýnuňyza alyň diýsek, ýok diýmersiňiz-ä! ― Ýok diýmerin ― diýip kesginli jogap berdi Margarita. ― Elbetde! ― diýdi Korowýew we şemi belent göterip, sözüne goşdy. ― Onda ýörüň meniň bilen. Olar iki hatar duran sütünleriň arasyndan ýöräp, ahyry bir zala geçdiler, bu ýerde ýiti limon ysy bogaza uruldy, bir zatlaryň şygyrdysy eşidildi, üstesine Margaritanyň kellesine bir zat degip geçdi. Ol tisgindi. ― Gorkmaň ― diýip mylaýym äheňde göwünlik berdi Korowýew, Margaritanyň golundan tutup, ― bu Begemotyň balyň öňisyrasynda görkezýän oýunlary, bolany. Umuman, men size Margarita Nikolaýewna, hiç haçan, hiç zatdan gorkmazlygy maslahat bermäge het etmekçi. Gorkaklyk gowy zat däl. Sizden ýaşyryp oturmaýyn, bal diýseň dabaraly bolar. Biz öz döwründe hökmürowanlygy gaty güýçli bolan şahslary göreris. Emma olaryň mümkinçiligi meniň gulluk edýän hojaýynym bilen, biz bilen deňeşdireniňde, olar deňizden bir damja hem bolup bilmezler, muny oýlasaň, gülküň gelýär, hatda, ýüregimi aýtsam, adam gamgyn bolýar... Ýene bir zat ― siz korol neslinden, şazadalar gany sizde. ― O nähili şazadalar gany? ― diýip, Margarita, Korowýewe gysmyljyrap, pyşyrdady. ― Ah, melike ― diýip, Korowýew oýunlyga salyp, yrgyldady, ― Gan meselesi ― dünýäde iň çylşyrymly mesele! Eger gaty garry mamalardan, özem köşeşdiriji wezipeden peýdalanan garry enelerden soraşdyrsaň, hormatly Margarita Nikolaýewna, örän täsin syrlaryň üsti açylar. Bu zatlar hakynda aýdyp, kartyň ýüzündäki suratlary ýatlasam, ýalňyş bolmaz. Şeýlebir zatlar bar, olaryň öňünde döwletleriň arasyndaky şertli araçäkler asla bimany bolup galýar. Bir zada yşarat edeýin, ýagny on altynjy asyrda ýaşap geçen korol aýal, kimdir biri oňa gaty kän wagtlardan soň, öz ajaýyp çowlugymy ýa-da ýuwlugy, ajaýyp Margarita öz golundan tutup, Moskwada bala çykarar diýse, örän-örän geň galardy. Ine-de, biz geldik! Şu wagt Korowýew şemi üfledi, ol sönüp, gaýyp boldy-da, Margarita öz aýagynyň aşagynda gara gapynyň astyndan düşüp duran ýagtylygy gördi. Korowýew şol gapyny ýuwaşja kakdy. Margaritanyň gaty tolgunany zerarly dişleri şakyrdap, ini jümşüldedi. Gapy açyldy. Otag gaty uly däldi. Margarita bu ýerde dubdan ýasalan giň bir krowat, krowadyň üstünde gyjymlanan köne kirli örtgi we ýassyk gördi. Krowadyň öňünde aýaklary keltejik dub stol, onuň üstünde guş höwürtgesini ýa-da salýan şemdan bolup, onuň ýedi sany altyn guş penjesinde ýogyn şemler ýanyp durdy. Mundan daşgary, stolda ýene çöpleri diýseň ökdelik bilen ýasalan ullakan küşt tagtasy bardy. Könelip, şyrgagy çykan halyçanyň üstünde pessejik uzyn oturgyç durdy. Bu ýerde ýene bir stol bolup, onuň üstüne nähilidir altyn käse we başga bir şemdan goýulgydy. Bu şemdanyň şahlary ýylana meňzedilip ýasalypdy. Otagdan kükürt we sakyz ysy gelýärdi, çyralaryň kölgeleri ýerde bir-birini kesip geçýärdi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Margarita Azazellony gören badyna tanady, ol krowadyň baş tarapynda durdy we indi egnine frak geýipdi. Ol Margarita örän ýiti mähir bilen tagzym kyldy, ol indi Aleksandr bagynda Margaritanyň gaşyna garakçy kyýapasynda gelen Azazello asla meňzänokdy. Warýeteniň hormatly bufetçisini gaty ynjydan we täsin seans berlen gijede onuň bagtyna horaz gygyranda gaçyp giden şol ýalaňaç albassy, ýagny Gella krowadyň golaýyna ýazylan halyçada oturyp, kükürt bugy çykyp duran merwerde bir zady hamyr garan ýaly garýardy. Bulardan daşgary, küşt stolynyň ýanyndaky belent kürsüde ullakan bir gara pişik sag penjesinde küştüň atyny tutup otyrdy. Gella ýerinden gozganyp, Margarita tagzym etdi. Pişik hem kürsüden böküp düşüp, yzky sag aýagyny öňe sürüp, myhmana tagzym edip, birden küştüň çöpüni penjesinden gaçyrdy we ony gözläp, krowadyň aşagyna emedekläp girdi. Bularyň baryny gorkudan ýaňa daş dek doňup galan Margarita şemleriň kölgeli ýagtysynda çala-çula gördi. Onuň gözi düşege dikanlady, onda biçäre Iwanyň öňräk Patriarh kölçesinde, şeýtan ýok diýip ynandyrjak bolan kimsesi, ýagny şol ýok zadyň özi häzir krowatda otyrdy. Iki göz: düýbünde islendik ýüregiň iň çuň ýerine çenli deşip girmäge kadyr bolan zerli uçgun parlap duran sag göz bilen iňňäniň deşigini ýada salýan, zulmata çümen düýpsiz guýynyň çykalgasyny ýatladýan nursuz we gara çep göz Margaritanyň ýüzüne dikanlap bakýardy. Wolandyň ýüzi birýana gyşarypdy, agzynyň sag tarapy aşak sallanyp durdy, takyr giň maňlaýynda inçejik gaşlary bilen bir tekizlikde iki sany ýygyrt bardy. Ýüzüniň hamy güne gaýzygan ýalydy. Üstüne köne, çep egnine ýamag düşen uzyn agşamlyk köýnekden başga hiç zat geýmedik Woland giň gyşaryp otyrdy. Ol bir ýalaňaç aýagyny aşagyna salyp, ikinjisini uzyn oturgyja uzadyp goýupdy. Ine, şu gara aýagynyň dyzyna Gella tütäp duran bir melhem sürtýärdi. Bu garaňkylykda Margarita ýene Wolandyň tüýsiz kükreginde gara daşdan ökdelik bilen ýasalyp, üstüne allanähili ýazgylar ýazylan altyn zynjyra berkidilen bir tomzagy gördi. Düşekde oturan Wolandyň ýanynda gaty sandyga ýerleşdirilen üýtgeşik bir globus bolup, ol janly ýalydy we bir gandalyna Gün şöhlesi düşüp durdy. Ümsümlik birnäçe sekunt dowam etdi. «Ol meni öwrenýär» ― diýip oýlady Margarita we erkiniň ýetdigiçe dyzlarynyň sandyramasyny basmaga hereket kyldy. Ahyry Woland ýylgyryp, gep başlady, onuň uçgun syçrap duran gözi low edip ýanan ýaly boldy. ― Hoş geldiňiz, karol gözel, emma içki öý lybasynda bolanym üçin meni bagyşlarsyň . Wolandyň sesi şeýlebir pes hem gyryljakdy welin, käbir sözlere düşünmegem kyndy. Ol düşekde ýatan uzyn gylyjy aldy-da, krowadyň aşagyna dykyp, gorjalap diýdi: ― Boldy, çyk! Oýun bes edilýär. Myhman geldi. ― Hergiz bes etmäň ― diýip suflýor ýaly pyşyrdady Korowýew Margaritanyň gulagyna. ― Hergiz bes etmäň... ― diýip gep başlady Margarita. ― Messir... ― diýip pyşyrdady ýene Korowýew onuň gulagyna. ― Hergiz bes etmäň, messir ― diýdi özüni ele alan Margarita, mylaýym, emma takyk sözläp, soň ýylgyryp goşmaça kyldy: ― Oýny togtatmazlygyňyzy ýalbaryp sizden haýyş edýärin. Eger küşt žurnallary şu partiýaňyzy çap edäýseler, gowja gonorar tölärdiler diýip pikir edýärin. Azazello onuň gepini makullap, ýuwaşjadan bokurdagyny arçady. Woland bolsa Margarita üns bilen seredip durup, öz ýanyndan: ― Korowýew mamla, ganyň oýny ap-aýry! Gan! Ol elini uzadyp, yşarat bilen Margaritany ýanyna çagyrdy. Margarita ýalaňaç aýaklarynyň aşagyndaky poly duýman, oňa golaý bardy. Woland özüniň daş ýaly agyr, şol birwagtda hem çog dek gyzgyn elini Margaritanyň egnine goýup, ony özüne dartdy we ýanynda, krowada oturtdy. ― Hawa, bize şeýle kemally hormat görkezipsiňiz, ― diýip gepläp başlady ol, ― özüm hem şeýle bolar diýip oýlapdym, indi biz sen-menleşip durmalyň. ― Ol ýene krowadyň aşagyna eňilip gygyrdy: ― Haçana çenli dowam etjek bu krowadyň aşagyndaky biedeplik? Hany çyk, betbagt masgarabaz! ― Küştüň atyny tapyp bilemok ― diýip, mylaýym, ýasama ses bilen jogap berdi krowadyň teýinden pişik, ― bir ýere çapyp gidipdir, oňa derek bir gurbaga elime ildi. — Sen nä özüňi bazardadyryn öýdýäňmi? ― diýdi Woland gaharlanan kişi bolup. ― Krowadyň aşagynda hiç hili gurbaga ýokdy! Bu arzan hiläňi Warýete üçin aýap goý. Eger häziriň özünde çykaýmasaň, seni utuldy diýip hasaplarys, lagnaty gaçgak. ― Beýtmesi ýok messir! ― diýip gygyrdy pişik we şol sekundyň özünde penjesinde küştüň atyny saklap, krowadyň aşagyndan çykdy. ― Sizi tanyşdyraýyn... ― diýip söze başlady Woland, emma öz sözüni bölüp diýdi: ― Ýok, göresim gelenok bu oýnatgy bedibagty. Serediň, krowadyň aşagynda özüni nähili tüýse öwrüpdir? Bu tüýsde başdan-aýak çaňa bulaşan pişik yzky aýaklarynda durup, Margarita tagzym etdi. Indi onuň boýnuna frak bilen dakylýan ak galstuk ― bant, döşüne aýallaryň sadap dürbüsi asylgydy. Mundan daşgary, pişigiň murty ýaldyrawuk zere boýalgydy. ― Bu näme etdigiň boldy? ― diýdi Woland, ― nämüçin murtuňy boýadyň? Ýa-da galstugy başyňa ýapjakmy, syrtyňda balagyň ýok halyna? ― Pişik balak geýmeýär, messir ― diýip, ulumsylyk bilen jogap berdi pişik, ― entek maňa ädigem geý diýersiň? Ädikli pişik diňe ertekilerde bolar, messir. Emma islendik bir jandaryň bala galstuk dakman gelenini görüpmidiň? Men jemagatyň öňünde masgara bolmagy-da, boýnumdan tutulyp, baldan kowulmagy-da islemeýärin! Her kim başardygyça özüni bezeýär. Bu aýdanlarymy dürbä-de degişlidir diýip hasap ediň, messir! ― Onda murtuň näme? ― Haýran men, ― diýip gury bir nägilelik bildirdi pişik, ― nämüçin Azazello bilen Korowýew sakgal-murtlaryny alanlaryndan soň, olara ak pudra sepmek bolýar-da, men murtuma altyn pudra sepip bilmenmi? Mundan ak pudranyň nämesi artykmaç? Eger-de men murtumy syran bolsam, onda ykarat etseňizem bolardy! Çünki murty syrylan pişik ― dogrudan-da, öte geçmek, muny müň mertebe boýun almaga hem taýýar men. Emma, umuman alanda, ― şu ýere gelende, pişigiň bogazy dolup, sesi sandyrap çykdy, ― görüp durun, maňa igenýärler, menden aýyp gözleýärler, şonuň üçin, öz öňümde, umuman, meniň balda bolmagym gerekmikä bir diýen möhüm mesele dur. Ýeri, siz muňa näme diýersiňiz, messir? Şeýle diýip, pişik birden çişip başlady welin, ýene bir sekuntdan onuň ýarylaýmagy ahmaldy. ― Wah, kezzap diýsäni haý, jögi ― diýdi, Woland başyny ýaýkap, ― her sapar bu ― utuljagyny duýsa, barypýatan kezzap ýaly, gepi alyp gaçýar. Hany, tiz otur-da, bes et gury samahyllamaňy. ― Men oturaryn ― diýip jogap berdi pişik, oturdy-da, ― ýöne soňky pikiriňe nägilelik bildirýärin. Meniň sözlerim, siziň bu zenanyň öňünde meni kemsidip aýdyşyňyz dek gury samahylly däl, gaýta anyk sillogizmler toplumy bolup, Sekst Empirik Marsian Kapella, hatda Aristotel ýaly danyşmentler hem olara ýokary baha bererdiler. ― Şah! (Küşt!) ― diýdi Woland. ― Baş üstüne, baş üstüne ― diýdi pişik we küşt tagtasyna dürbi bilen seredip başlady. ― Şeýlelikde ― diýip ýüzlendi Woland Margarita, ― tanyş bol, donna, meniň hemşerlerim. Ine, bu samsyklyga salan bolýan pişik ― Begemot. Azazello we Korowýew bilen öň tanyşansyň, bu bolsa meniň hyzmatçym Gella. Işe ökde, parasatly, elinden gelmeýän iş ýok. Gözel Gella aýasyna melhem alyp, sahybynyň dyzyna sürtmegini dowam edip, gök gözlerini Margarita dikip ýylgyrdy. ― Ana, boldy ― diýip tanyşdyrmagy soňlady Woland we Gellanyň dyzyny gatyrak gysanyna ýüzi çytylyp, ― jemagatymyz, görşüňiz ýaly, uly däl, garym-gatym hilesiz. ― Ol dymyp, öňünde duran globusy aýlap başlady. Globus şeýlebir inçelik bilen işlenipdir welin, ondaky mawy ummanlar tolkunýardy demirgazyk bolsa hakyky buz we gar örtülen telpek ýaly bolup görünýärdi. Şu mahal küşt tagtasynyň üstünde biserenjamlyk başlandy. Ak donly şa öz gezeginde köňli hapa bolup, typyrjyklap, müşgil ýagdaýa düşenliginden ýaňa ellerini göge göterýärdi. Aýpaltalar bilen ýaraglanan üç sany ak pyýada ofisere aňyny gaçyryp gorkuly seredip durdy, ofiser şemşerini oýnadyp, pyýadalaryny öňe, ýagny Wolandyň iki sany gara atlysy duran gözeneklere tarap ündeýärdi. Küşt çöpleriniň janlydygy Margaritany örän gyzyklandyryp, haýran galdyrdy. Pişik dürbüsini gözünden aýryp, öz şasynyň arkasyna mylaýym dürtüp goýdy. Şah agyr ýagdaýa düşenini duýup, ýüzüni elleri bilen ýapdy. ― Işiň çatak görünýär, ezizim Begemot ― assa diýdi Korowýew, awuly ses bilen. ― Ýagdaý erbet, ýöne gaty çykgynsyzam däl ― diýdi Begemot, ― dogrusyny aýdaňda: men ahyr netijede ýeňjegime ynanýaryn. Diňe ýagdaýy ýagşy oýlanyp görmek gerek. Ol oýlanyşy örän täsin tüýsde başlady: öz şasyna allanähili üm-yşaratlar edip, göz gypyp başlady. ― Hiç zat kömek edip bilenog-a ― diýdi Korowýew. ― Eý, waý! ― diýip gygyrdy şonda Begemot, — totular uçup gidipdir-ä, men öňünden duýdurypdym-a! Çyndanam, uzakdan bihasap guş ganatlarynyň pasyrdysy eşidildi. Korowýew bilen Azazello ylgap çykyp gitdiler. ― Eý, jyn ursun sizi, bala taýýarlygyňyz bilen! ― diýip seslendi Woland, öz globusyndan göz aýyrman. Korowýew bilen Azazellonyň daşary çykyp gideni hem şoldy, Begemotyň göz gyrpmasy öwjüne çykdy. Ahyry, ak şa üm-yşaratyň manysyna düşündi-de, egnindäki donuny öz duran gözenegine çykaryp taşlap, küşt tagtasyndan ylgap çykyp gitdi. Ofiser bolsa onuň ýerine geçip, şa lybasyny öz egnine geýdi. Korowýew bilen Azazello dolanyp geldiler. ― Ýene aldapsyň-da bizi ― diýip hoňňuldady Azazello Begemota dikanlap. ― Näbileýin, gulagyma geldi-dä ― diýip jogap berdi pişik. ― Ýeri haçana çenli garaşmaly? ― diýdi Woland, ― Küşt! ― Men öte eşidipdirin, metr ― diýdi pişik, ― küşt bolmagy mümkin däl. ― Gaýtalap aýdýaryn, ― küşt! ― Messir, ― diýdi pişik ýasama haýbat bilen, ― siz örän ýadaw görünýäňiz: şaha küşt ýok ahyr! ― Şa G iki gözeneginde dur ― diýdi Woland, küşt tagtasyna seretmezden. ― Messir, meniň aňkam aşdy ― diýip yňrady pişik, ýüzüni eýmenç çytyp, ― bu gözenekde şa ýok. ― Näme diýdiň? ― diýdi haýran galan Woland we tagta ünsli garady. Şa gözeneginde duran ofiser ters öwrülip, ýüzüni eli bilen penalaýardy. ― Ah, sen deýýus ― diýdi pikire berlip Woland. ― Messir! Men ýene logika ýüzlenýärin ― diýip gep başlady pişik, iki penjesini kükregine goýup, ― eger rakyp-garşydaş şaha küşt yglan etse, aslynda küşt tagtasynda şahyň ady-sory bolmasa, beýle küşt küşt hasaplanmaýar. ― Boýun bolýaňmy ýa ýokmy? ― diýip gygyrdy Woland gahar-gazap bilen. ― Rugsat ediň, oýlanyp göreýin, ― mylaýym äheňde diýdi pişik, tirseklerini stola goýup we penjeleri bilen gulaklaryny penjeläp, oýlanyp başlady. Ol uzak wagt oýlanyp, ahyry diýdi: ― Boýun boldum. ― Bu kejir mahlugy öldürseň hem az ― diýdi, Azazello gyjynyp. ― Hawa, boýun boldum ― diýdi pişik, ýöne aýdyp goýaýyn, diňe içigara bahyllar gurşap alan ýerde oýnap bilmeýändigim sebäpli boýun bolýandyryn! ― Ol ýerinden turdy. Küştüň çöpleri öz-özünden guta girdiler. ― Gella, wagt boldy, ― diýdi Woland, Gella otagdan çykyp gitdi. ― Içigar galmyş, bal boljak güni aýagymyň agyrşyny diýsene ― diýip gepini dowam etdi Woland. ― Rugsat ediň, men owkalaýyn ― diýip, mylaýym haýyş etdi Margarita. Woland Margarita gaty dikanlap seretdi, soň dyzyny oňa uzatdy. Lawa dek gaýnag palçyk Margaritanyň elini bişirýärdi, emma ol ýüzüni çytman, Wolandyň dyzyny agyrtmazlyga çalşyp, owkalaberdi. ― Ýakynlarym muny batýel diýip durlar ― diýdi Woland, gözüni Margaritadan üzmän, ― emma men gaty ynanç bilen aýdýaryn ki, dyzymyň agyrysy, bir müň bäş ýüz ýetmiş birinji ýylda Broken dagynda Şeýtan kafedrasynda bir gözel albassy zenan bilen ýakyn gatnaşykda bolanymdan galan bolsa gerek, meniňçe. ― O, beýle zat bormy?! ― diýdi Margarita. ― Perwaý etmäň! Ýene üç ýüz ýyldan soň düzelip gider. Maňa köp däri-derman hödür etdiler, emma köne endigim boýunça mamamyň emleýiş usulyna amal edýärin. Örän täsin ot-çöpleri miras edip galdyryp giden maňa şol kempir, ýagny mamam. Ýogsa-da, siziň hiç hili derdiňiz ýokmy? Belki, kalbyňyzy gemirýän bir hasrat, gussa bardyr sizde hem? ― Ýok, messir, onuň ýaly närseler ýok mende, ― diýip, jogap berdi dana Margarita, ― indi bolsa, siziň huzuryňyzda özümi örän gowy duýup otyryn. ― Gan örän beýik zat diýdi Woland, nämüçindir şadyýana tüýsde, ― görýän welin, sizi meniň globusym gyzyklandyrýan bolmaly. ― O, rast, men hiç haçan görmändim beýle närsäni. ― Täsin gural. Gönümden gelsem, men soňky habarlary radiodan eşitmegi halamaýaryn. Olar hakda haýsydyr bir gyz habar berýär, ol ýer-ýurt atlaryny düşnüksiz aýdýar. Mundan daşgary, olaryň her üçüsinden biriniň dili peltek, hamala olary ýörite saýlap tapýan ýalylar. Meniň globusym has amatly, üstesine-de ýüze çykyp duran wakalary meniň anyk bilmegim gerek. Ine, meselem, kenaryny umman suwy ýuwup ýatan ine, bölek ýeri görýärmiň? Seret, ana, ol ot alyp dur. Ol ýerde uruş başlandy. Eger gözüňi golaý eltseň, hereketlerini hem anyk görersiň. Margarita globusa ýakynrak eňildi, dörtburçlugyň içindäki ýeriň şekili giňelip, al-elwan reňklere boýaldy we relýefli karta meňzedi. Şonda Margarita lentasypat derýany hem, onuň kenaryndaky haýsydyr bir obany hem gördi. Mäş ýaly bir oýjagaz ulalyp, otluçöp gutusy ýaly boldy. Birden bu öýüň üçegi gap-gara tüsse bilen bile asmana göterildi, onuň diwarlary ýykyldy, netijede iki gatly bu gutujykdan hiç zat galmady ― ol gara tüsse çykyp duran bir üýşmek küle öwrüldi. Margarita gözüni globusa has golaý eltip, ýerde ýatan kiçijik bir aýaly we onuň ýanynda ellerini ýaýyp gana bulaşan çagany gördi. ― Tamam ― diýdi ýylgyryp Woland, ― günä etmäge hem ýetişmedi. Abadonnanyň işi hemişe pugta. ― Men Abadona garşy bolan tarapda bolmagy islemezdim, ― diýdi Margarita. ― Onuň özi kimiň tarapynda? ― Siz bilen gürleşdigim saýy, ― hormat bilen diýdi Woland, ― örän akyllydygyňyza has beter ynanýaryn. Siz hatyrjem boluň. Abadonna diňe halal iş görýär we göreşýän iki tarapa-da bir meňzeş adalatlydyr. Şoňa görä, iki tarapyňam göreşiniň akybeti des-deň bolýar. Abadonna ― diýip, Woland ýuwaşja çagyrdy, şobada gara äýnek dakynan, hor adam diwar içinden çykyp, bu ýerde peýda boldy. Onuň äýnegi Margarita şeýle güýçli täsir etdi welin, ol ýuwaşja haýkyryp, Wolandyň aýagyna ýüzüni goýdy. ― Bes ediň, ― diýip gygyrdy Woland, ― beýle gorkak bolupdyr-la bu zamanyň adamlary. ― Ol Margaritanyň egnine şarpyk uranda, onuň bütin bedeni jaraňlady. ― Görüp dursuň-a, ol äýnekli. Mundan daşgary, Abadonna hiç haçan hiç kimsäniň huzurynda biwagt peýda bolan däldir, bolmazam. Üstesine bu ýerde menem bar-a. Siz bolsa, meniň myhmanym! Men ony size görkezäýeýin diýdim. Abadonna sarsman durdy. ― Bir sekunt äýnegini aýyrsa bolarmy? ― diýip sorady Margarita, Wolanda gysmyljyrap, indi gorkudan däl-de, bilesigelijilikden sandyrap. ― Ana, bu welin bolmaz ― diýip, salyhatly äheňde diýdi Woland we elini salgady welin, Abadonnanyň garasy ýitdi. ― Sen näme diýjek bolýaň, Azazello? ― Messir ― diýip, jogap berdi Azazello, ― geplemäge rugsat ediň. Bizde iki sany nätanyş bar: hykgyldap, öz bikesiniň huzurynda galdyrmagy ýalbaryp haýyş edýän sahypjemal gyz bilen onuň ygtyýaryndaky, bagyşlarsyňyz, doňuz. ― Sahypjemallaryň özlerini alyp baryşlary geň-dä ― diýdi Woland. ― Ol Nataşa, Nataşadyr ― diýip, Margarita gygyrdy. ― Bolýa, bikesiniň ýanynda galdyryň. Doňzy bolsa aşpezlere ugradyň! ― Ony soýarlarmy? ― diýip, Margarita gorkuly seslendi, ― rehim ediň, messir, ol aşaky gatda ýaşaýan Nikolaý Iwanowiç. Düşünişmezlik bolupdyr. Nataşa bilmän, oňa-da krem sürtüpdir... ― Bagyşlarsyňyz, ― diýdi Woland, ― kim başyna ýapsyn, kim ony soýsun? Häzirlikçe aşpezler bilen otursyn, wessalam! Unanyň, men ony bal bolýan zala salyp bilmen-ä! ― Hawa-da... ― diýip, Azazello söze goşuldy we dowam etdi: ― Hä diýmän ýarygije bolýar, messir. ― Ä, juda gowy ― diýip, Woland indi Margarita ýüzlendi: ― Şeýlelikde, merhemet ediň! Öňünden minnetdarlyk bildirýärin size. Özüňizi ýitirmäň, hiç zatdan gorkmaň. Suwdan başga zat içmäň, bolmasa, halyň teň bolup, size kyn düşer. Wagt boldy! Margarita halyçadan turdy we şol mahal gapynyň öňünde Korowýew peýda boldy. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars dostuň bolsa, gaplaňa: "Ýok bol!" diýip bolýar - 10.06.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |