09:52 Ussat we Margarita -24/ romanyñ dowamy | |
XXIV bap
Romanlar
USSADYŇ HALAS EDILMEGI Wolandyň ýatyş otagy baldan öň nähili bolan bolsa, häzirem edil şeýledi. Woland agşam köýneginde krowatda otyrdy, diňe indi Gella onuň aýagyny owkalanokdy-da, hälki küşt oýnalan stola saçak ýazýardy. Korowýew bilen Azazello fraklaryny çykaryp, stolyň başynda otyrdylar, elbetde, pişik hem şolaryň ýanyndady. Emma ol galstugyny, ol hapa ezlip, esgä öwrülen bolsa-da çykarmandy. Margarita entirekläp stola ýakynlaşdy-da, ellerini oňa diredi. Şonda Woland ony, ýene öňküsi ýaly ümläp, öz ýanyna çagyrdy. — Ýeri, nähili, gaty heläk etmedilermi sizi? — diýip sorady ol. — Aý, ýok messir — diýip, eşdiler-eşdilmez jogap berdi Margarita. — Nobless obliž, (fr. Ýagdaý mejbur edýär). — diýdi pişik we uzyn stakana birhili dury suwuklyk guýup, Margarita uzatdy. — Arakmy? — diýip, pessaý ses bilen sorady Margarita, Pişik öýkeläp, oturan ýerinden segräp düşdi. — Aýdýanyňyz näme, korol gözeli — diýdi ol hyryllap, — heý, menem zenana arak hödür ederinmi? Bu arassa spirt! Margarita ýylgyrdy-da, stakany aňry süýşürjek boldy. — Gorkman içiberiň — diýdi Woland, Margarita derrew stakany eline aldy, — Gella, otur, — diýip buýrdy ol, — soň Margarita düşündirip başlady: — Dolan Aý gijesi — bu baýram gijesi. Endige görä, men beýle wagtda öz tanyşlarym we ýakynlarym hem-de hyzmatkärlerim bilen dar döwre gurap, agşamlyk edinýärin. Ýeri, özüňizi nähili duýýarsyňyz? Surnukdyryjy bal nähili geçdi? — Haýran galarlyk ýagdaýda! — diýdi Korowýew şaňkyldap, — hemmeler bikarar, hemmeler aşyk-magşuk, edebe, seresaplylyga, mylakata hem, näz-kereşmä-de baý ekenler! Woland geplemän stakanyny göterip, Margarita bilen çakyşdyrdy. Margarita, häziriň özünde dünýäden dynaryn diýip oýlandy-da, boýun synyp, spirti içdi. Ýöne hiç hili heläket ýüz bermedi. Janly suwuklyk garnyny ýyladyp geçdi-de, ýeňsesine bir ýumşak zat uruldy, uzak wagtlyk süýji ukudan oýanan dek, güýç-kuwwaty gaýdyp geldi, şonda ol özüniň it ýaly açdygyny duýdy. Düýn ertirden bäri hiç zat datmadygy ýadyna düşüp içdäsi hasam açyldy. Ol balyk işbilini çemçeläp alyp, ýuwdup başlady. Begemot bir bölek ananasy kesip, duz bilen burç sepip iýdi we ikinji gezek bir bulgur spirti bokurdagyna guýdy welin, hemmeler oňa çapak çaldylar. Margarita ikinji bulgury içenden soň, şemdanlaryň şemleri has röwşen bolup, kamindäki ot hem güwläp ýanyp başlady. Margarita hiç hili serhoşlyk duýmady. Ol ak dişleri bilen eti çeýnäp, ondan lezzet alyp, şol bir wagtyň özünde Begemodyň ustrisa (balykgulaga) gorçisa çalyşyna syn edýärdi. — Sen ýene üstüne üzüm hem goý — diýdi Gella, pişigiň bykynyna ýuwaş dürtüp. — Öwretmäň maňa — diýip, jogap berdi pişik, — biz öňem köp myhmançylygy görendiris, köňlüňiz dok bolsun, görendiris! — Bäh, şeýdip ojagyň ýanynda oturyp, köpçülik bolup naharlanmak nähili oňat, — diýip şaňkyldady Korowýew, — dost-ýarlar döwresinde... — Ýok, Fagot — diýip, garşylyk bildirdi pişik, — balyň öz ajaýyplygy, peşenesi bar. — Hiç hili ajaýyplygam, peşenesem ýok, tersine, ol akmak aýylar, şeýle hem bardaky gaplaňlar hem bögürişip gulak, etimi iýip, tas çakyzaly edipdiler — diýdi Woland. — Diňleýän, messir — diýdi pişik, — eger, siz peşenesi ýok diýen pikirde bolsaňyz, men hem bada-bat şu pikiri gollamaga başlaryn. — Gör-le muny! — diýip, jogap berdi Woland. — Degişýän-le — diýdi pişik, boýun egijilik bilen — gaplaňlar meselesinde bolsa, häzir olary soýup, gowurdaryn. — Gaplaň eti iýilmeýär — diýdi Gella. — Siz şeýle pikirdemi? Onda, ine, eşidiň, — diýdi pişik we gözlerini süzüp, bir wagtlar sährada on dokuz gün ýalňyz sergezdanlyk çekende, öz öldüren gaplaňynyň etini iýip gün görenini aýdyp berdi. Hemme bu täsin kyssany uly gyzyklanma bilen diňledi, emma Begemot sözüni tamamlanda, hemmesi birden: — Barypýatan çypdyrma! — diýip gygyrdylar. — Iň gyzykly tarapy bu çypdyrmanyň — diýdi Woland, — onuň birinji sözünden soňky sözüne çenli çypdyrmadygy. — Ä-hä, şeýlemi? Çypdyrmamy? — diýip pişik gygyrdy welin, hemmeler ol garşylyk görkezer öýtdiler, emma ol ýuwaşja! — Bularyň baryny taryh görkezer — diýdi. — Hany, aýtsaňyzlaň... — diýip, Margo arak içip, özüni dürsäp, Azazello ýüzlendi, — ozalky barony siz atdyňyzmy? — Şek-şübhesiz — diýip jogap berdi Azazello, nämüçin ony atmaly dälmiş? Ony, elbetde, atmak gerekdi. — Men şeýle bir tolgundym! — diýdi Margarita, — ol şeýle bir duýdansyz boldy. — Munuň hiç hili duýdansyz ýeri ýok — diýip, garşylyk bildirdi Azazello, Korowýew bolsa jyňňyldap, hüňürdäp başlady: — Eýsem, tolgunman bolarmy? Meniňem endam-janym dyglap gitdi. Tark! Tamam! Baron gapdala gyşardy. — Men-ä tas däliräpdim — diýip, balyk işbilli çemçesini ýalap, pişik söze goşuldy. — Men bir zada düşünip bilemok — diýdi Margarita, gözlerinde billur gülçyranyň şöhlesi oýnap, — eýsem bu ýerde bolan balyň sazy, takyr-takury daşardan eşidilmedimikä? — Elbetde, eşidilen däldir, korol gözeli — diýip, düşündirdi Korowýew, çünki beýle baly eşidilmez ýaly geçirmek gerek. Seresaplyk bilen iş görmek gerek. — Hawa-da, hawa-da... Ýogsa, bilýäňizmi, basgançakda duran ol adam... Häli Azazello bilen gelenimizde, onuň deňinden geçip gidipdi-gä... şol... Soňra gapynyň öňünde duran adam hem... Meniň pikirimçe, ol siziň kwartiraňyzy garawullap durdy. — Dogry, dogry, Margarita Nikolaýewna siz meniň şübhämi tassyk etdiňiz. Hawa, ol kwartirany garawullap durdy. Ilkibaşda meniň özüm hem ony haly perişan bir priwat — dosent ýa-da magşugyna garaşýan aşyk bolsa gerek diýip çaklapdym. Gördüm-de ýüregim jigledi. Eh! Ol kwartirany garawullaýar eken. Beýleki biri girelgäniň agzynda, ýene şonuň ýaly biri basdyrmanyň aşagynda durdy. — Ýogsa-da, sizi tussag etmäge gelerlermikä? — diýip sorady Margarita. — Elbetde, gelerler, ajaýyp korol gözeli, elbetde! — diýip jogap berdi Korowýew. — Ýüregim duýup dur — gelerler, emma häzir däl, wagty gelende, elbetde, gelerler. Emma üýtgeşik hiç zat bolmaz diýip çaklaýaryn. — Ah, şol baron ýykylanda men şeýle bir tolgundym — diýdi Margarita, çemesi, öz ömründe birinji gezek adam öldürilişini görmekden ýaňa henizem özüni dürsäp bilmän. — Siz nyşana gowy atýan bolsaňyz gerek? — Hiç neneň däl — diýip jogap berdi Azazello. — Näçe ädimden? — diýip, Margarita Azazello düşnüksizräk sowal berdi. — Mesele nämäni nyşana alýanlygyňda — diýip degerli jogap etdi Azazello, — meselem, tankytçy Latunskiniň penjiresine çekiç urmak bir başga, onuň ýüregini nyşana almak bir başga. — Ýüregini! — diýdi Margarita, nämüçindir öz ýüregine elini goýup, — ýüregini! — diýip tekrarlady ol tutuk ses bilen. — Kimkä şol tankytçy Latunskiý? — diýip sorady Woland, Margarita gözüni süzüp seredip. — Azazello, Korowýew we Begemot utançly ýere bakdylar, Margarita bolsa gyzaryp, jogap berdi. — Şeýle bir tankytçy bar. Şu gün agşam men onuň tutuş kwartirasyny wes-weýran edip taşladym. — Ana, saňa gerek bolsa? O nämüçin? — Ol, messir — diýip, düşündirip başlady Margarita, — bir ussadyň ömrüni kül etdi. — Özüňiz azar edinip nätjekdiňiz? — diýdi Woland. — Maňa rugsat ediň, messir, — diýip şadyýana äheňde batly seslendi pişik, tarsa ýerinden turup. — Eý, otur-aýt, — diýdi Azazello — häzir özüm giderin... — Ýok, — diýdi Margarita, — ýok, ýalbarýan, messir, gerek däl beýle zat. — Ygtyýaryňyz, ýagdaýyňyza serediň — diýdi Woland, Azazello ýene ýerinde otyrdy. — Ýeri, biz nämede saklanypdyk, bibaha korol gözeli Margo? — diýdi Korowýew, — ä-hä, ýürek. Ýürege ol dogry urar — Korowýew uzyn barmagyny Azazello tarap uzadyp görketdi, — buýruň buýrugyňyza görä ýüregiň islän ýerine ýa-da onuň islendik garynjygyna ok urmak mümkin. — Margarita owal-a düşünmedi, düşünenden soň, haýran galyp diýdi: — Ol garynjyklar görenog-a! — Ezizim, — diýdi Korowýew tutuksy ses bilen, — gyzygam şonda-da! Açyk zady her kim-de urup biler! Korowýew stolyň çekmesinden bir ýedilik karty alyp, Margarita uzatdy we onuň hallaryndan birini dyrnagy bilen belläp bermegi haýyş etdi. Margarita ýokary sag burçdaky haly belledi. Gella karty ýassygyň aýagynda gizledi-de: — Taýýar! — diýip gygyrdy. Şonda ýassyga arkasyny öwrüp oturan Azazello jalbarynyň jübüsinden özi atýan gara sapança çykaryp, öwrülip seretmän, egniaşyr krowata tarapa ok atdy we Margaritany şowhunly gorkuzdy. Ok deşen ýassygyň aşagyndan ýedilik karty alyp görseler, ondaky Margaritanyň belläp beren haly deşilipdir. — Eliňiz sapançalyka size pete-pet gelmegi asla islemezdim. — diýdi Margarita Azazello näz edip. Her hili işiň piri bolan adamlara ol aýratyn hormat goýýardy. — Gymmatly korol gözeli, — diýip pyşşyldady Korowýew, — elinde sapança ýok mahalam Azazello pete-pet gelmegi hiç kime maslahat bermeýärin! Ozalky regent we aýdymçy hökmünde wyždandan ant içip aýdýaryn ki, şol duş gelen adamyň işi gaýdar. Mergenlik tejribesi wagtynda ýüzüni asyp oturan pişik birden: — Şol ýedilik kartda men täze rekord goýaryn — diýip yglan etdi. Azazello muňa jogap hökmünde bir zat diýip hüňürdedi. Emma pişik erjellik görkezip, bir däl, iki sapança talap etdi. Azazello jalbarynyň yzky jübüsinden ýene bir sapança çykaryp, olaryň ikisinem öwünjeňe uzadyp, gahar bilen dodagyny gyşartdy. Ýedilik kartda iki güli bellediler. Pişik ýassyga arkasyny öwrüp, çenenip, uzak durdy. Margarita gulagyna barmaklaryny dykyp oturyşyna, kaminiň tekjesinde irkilip oturan baýguşdan gözüni aýyrmaýardy. Pişik iki sapançadan birbada ok atdy welin, Gella jan awusyna çydaman waýkyrdy, ok degip ölen baýguş sagadyň üstüne gaçdy, döwlen sagat togtady. Bir eli gana boýalan Gella perýat edip pişigiň arkasyna penje saldy, pişik bolsa öz nobatynda onuň saçyny penjeledi, netijede ikisi bir-birine çyrmaşyp polda togalandylar. Bulgurlaryň biri stoldan gaçyp, kül-uşak boldy. — Aýryň ahyryn menden bu gudyzlan şeýtan gyzy! — diýip jyň-jyň edýärdi pişik, üstüne münen Gelladan gutulmaga çalşyp. Uruşýanlary araladylar, Korowýew Gellanyň ok degen barmagyna üflände, barmagyň ýarasy bitdi. — Men elimiň aşagynda gepleşip otursalar, atyp bilmeýän! — diýip gygyrdy Begemot we şol bir wagtyň özünde arkasyndan Gellanyň ýolup alan bir tutam tüýüni ornuna goýjak bolýardy. — Jedelem ederin — diýdi Woland, Margarita ýylgyryp, — ol muny bilgeşleýin edendir. Ýogsa onuň mergenligi hiç neneň däl. Gella bilen pişik ýaraşdylar, hatda bu ýaraşygyň şanyna ogşaşdylaram. Soňra ýassygyň aşagyndan karty çykaryp, barladylar. Azazellonyň gülünden başga bir güle-de ok degmändir. — Beýle bolmagy mümkin däl — diýdi pişik, karty ullakan şemdanyň ýagtysyna tutup. Şadyýana agşamlyk nahar dowam edýärdi. Şemdanyň şemleri ýuwaşja ereýärdi kaminden tolkunlap çykýan gury we ýakymly howa bütin otaga ýaýraýardy. Nahardan doýan Margarita indi meýmiräp otyrdy. Ol Azazellonyň çiliminiň kamine tarap uçýan çal tüssesiniň halkalaryny we olary pişigiň şpaga ildirişini synlaýardy. Öz hasaby boýunça wagtyň bir çene barandygyna garamazdan, onuň hiç ýere gidesi gelmeýärdi. Çak bilen wagt sagat alta golaýlapdy. Margarita ara düşen ümsülikden peýdalanyp, Wolanda çekinjeňlik bilen diýdi: — Görýän welin, gaýdara çen boldy... Men gideýin. — Nirä howlugýaň? — diýip sorady Woland, sypaýçylyk edip. Beýlekiler çilim tüssesiniň halkalaryna gümra bolan bolup dymýardylar. — Hawa, çen boldy — diýip tekrarlady Margarita, çekinjeňlik bilen ýaýdanyp, soň egnine ýapar ýaly ýapynja ýa plaş gözläp, töweregine garady. Çünki öz ýalaňaçlygyna indi utanyp başlady. Ol stolyň başyndan turdy. Woland krowatda ýatan sürçegi çykan, der siňen haladyny alyp, ses-üýnsiz oňa uzatdy, Korowýew halady Margaritanyň egnine ýapdy. — Minnetdar men, messir — diýdi Margarita eşdiler-eşdilmez, soň Wolanda soragly nazar bilen seretdi. Ol oňa jogap edip, göwni bir ýaly sypaýçylykly ýylgyrdy. Şonda birden Margaritanyň kalbyny ýakymsyz gara hasrat duýgusy gurşap aldy. Ol özüni aldanan ýaly duýdy. Balda görkezen hyzmatlary üçin hiç kim oňa hiç zat hödür etmejek, özüni bu ýerde saklajak bolýan hem ýok ýalydy. Üstesine-de indi gidere ýeriniň-de ýokdugy oňa aýdyň boldy. Ýene öňki öýüne dolanmak hakda göwnüne gelen pikir onda içki garşylyk hem gussa oýardy. Ýa-da Azazellonyň Aleksandr bagyndaky beren was-wasaly maslahatyna amal edip, Wolanddan özi soramalymy? «Ýok, ölsem hem soramaryn» diýdi ol öz-özüne — Bolýar, sag boluň, messir — diýdi ol daşyndan, özi bolsa: «Sag-aman şu ýerden tizräk çykyp gitsem bolýar, soň derýa boýuna baryp özümi gark ederin» diýip köňlünden geçirdi. — Otur, — diýip buýrdy Woland birden kesgin äheňde. Margaritanyň ýüzi üýtgedi-de, oturdy. — Hoşlaşykdan öň, belki, bir zatlar aýtmakçysyňyz? — Ýok, messir, aýtjak zadym ýok — diýdi Margarita buýsanç bilen, — ýöne eger size ýene gerek bolsam, barça islegleriňizi höwes bilen ýerine ýetirmäge taýýardyryn. Men asla ýadamadym, gaýta balda gaty şatlandym. Şoňa görä, eger ol ýene dowam eden bolsa, müň-müňläp merhumlara, ganhorlara dyzymy ogşatmaga janym bilen hödür ederdim. — Margarita Wolandy göýä perdäniň arkasyndan görýän ýaly bolup, gözleri ýaşdan doldy. — Dogry! Gaty dogry aýdýaňyz! — diýdi Woland güňleç ses bilen eýmenç haýkyryp, — bu şeýle-de bolmaly! — Bu şeýle-de bolmaly! — diýip tekrarladylar Wolandyň daşyndakylar, ýaňlanýan ses bilen. — Biz sizi synap gördük — diýip dowam etdi Woland, — hiç haçan, hiç zat soramaň! Hiç haçan, hiç zady, üstesine-de özüňizden güýçlülerden. Özleri hödür edip, özleri bererler! Oturyň, buýsanjaň aýal! — Woland Margaritanyň egnindäki agyr halady silkip alyp, zyňdy, şonda ol ýene Woland bilen onuň düşeginde ýanma-ýan oturdy. — Şeýlelikde, Margo — diýip dowam etdi Woland, indi birneme sesini mylaýymlaşdyryp — bu baly geçireniňiz üçin näme isleýäňiz? Işbu baly ýalaňaç ýagdaýda sowanyňyzyň öwezine näme soraýaňyz? Dyzyňyzyň hyzmatyny näçe bahalaýaňyz? Häzir siziň merhumlar diýip atlandyran myhmanlarym size näçe zyýan ýetirdiler? Aýdyň! Ine, indi utanman gepläberiň, çünki men teklip edýärin. — Margaritanyň ýüregi çalt-çalt urdy we ol uludan dem alyp, bir zatlary aňşyryp ugrady. — Ýeri, hany batyrgaý bol! — diýip, goltgy berdi Woland, — öz fantaziýaňyzy oýaryň, ony işe salyň! Ol ýerinden gelen deýýus — barony öldürmek sahnasyna gatnaşmagyň özi hem sowgada laýyk, üstesine-de gatnaşan adam aýal adam bolsa. Şeýle dälmi? Margaritanyň demi içine düşdi, ol içinden ýüreginde taýýarlanyp goýlan ýagşy sözlerini aýtmaga çalşanda, birden reňki çuw-ak bolup, agzy giň açylyp, gözleri petredi. Kimdir biri ýalbaryjy, naçar ses bilen onuň gulagyna: «Frida! Frida! Frida! — diýip gygyrdy. — Meniň adym Frida» — Şundan soň Margarita sakawlap gepläp başlady: — Diýmek, men sizden bir zat hakda haýyş etsem boljak-da? — Talap ediň, talap ediň, meniň donnam, — diýip jogap berdi sowalyň manysyna düşünen Woland ýylgyryp, — bir zat hakda talap ediň! — Bäh, Woland Margaritanyň agzyndan çykan «bir zat» sözüni gaýtalap, oňa ussatlyk bilen we anyk many berip gepledi. Margarita ýene bir gezek uludan dem alyp diýdi. — Meniň islegim, Frida öz çagajygyny öldürende, agzyna dykan ýaglygyny indi oňa bermeseler. Pişik gözlerini ýokaryk dikip, pyşgyryp dem aldy, emma bal wagtynda gulagynyň towlananyny ýadyna düşürip, sesini çykarmady. — Şol samsyk Fridadan — diýip, gülümsiräp gep başlady Woland, — para-peşgeş almajagyňa ynananym sebäpli, elbetde, beýle zat siziň korol gözeli mertebäňize nälaýykdyr, — näme etjegimi hem bilemok. Şonuň üçin köpräk esgi-pesgi tapyp, ýatýan otagymdaky hemme yşlary dykaýmak galýar. — Siz näme hakda aýdýarsyňyz, messir! — diýdi haýran galan Margarita, ol Wolandyň geplerine çyndanam düşünmedi. — Siz bilen doly ylalaşýaryn, messir — diýip, gepe goşuldy pişik — elbetde, esgi bilen, — diýip, gyjynyp, penjesini stola urdy. — Men rehim-şepagat hakynda aýdýaryn — diýip, öz sözüni düşündirdi Woland, henizem otlukly gözlerini Margaritadan aýyrman. — Ol käte asla garaşylmadyk ýagdaýda mekirlik bilen iň dar yşlardan-da girip bilýär. Şonuň üçinem esgi hakda aýdýaryn. — Menem şony aýdýaryn-da! — diýip pişik seslendi we gülgün reňk krem çalnan penjeleri bilen çüri gulaklaryny tutup, ätiýaçdan özüni Margaritadan çete çekdi. — Gümüňi çek! — diýdi oňa Woland. — Men entek kofe içemok — diýdi pişik, onsoň men nämüçin gitmeli? Eýsem, messir, baýram gijesi myhmanlar iki sorta bölünýänmidir? Ol birler-ä — birinji, beýlekilerem ol gamgyn, husyt bufetçiniň aýdyşy ýaly, ikinji gezek ýyladylan owkatmyşmy? — Sem bol! — diýip buýrdy Woland, soň Margarita ýüzlenip, ondan soňrady: — Siz daşky sypatyňyz boýunça kalby ýagşylykly, ýokary ahlakly adam bolsaňyz gerek? — Ýok — diýip, özüne zor salyp jogap berdi Margarita, — siz bilen diňe açyk gepleşmegiň gerekdigini bilýärin, şonuň üçin men size açyk aýdaýyn: men ýeňilkelle adam. Frida üçin haýyş edenimiň sebäbi, seresapsyzlyk bilen, ony umytly edäýdim. Ol garaşýar, messir, ol meniň güýjüme ynanýar. Eger umydy puja çyksa, men agyr ýagdaýda galaryn. Ömürboýy köňlüm ynjalmaz. Etjek alajym barmy? Şeýle boldy-da. — Hä — diýdi Woland, — bu düşnükli. — Eýse, bu işi edermisiňiz? diýip, Margarita çekinjeňlik bilen sorady. — Asyl-a bolmaz — diýip jogap berdi Woland, — gep şunda ki, gymmatly korol gözeli, bu işde azajyk düşünişmezlik ýüze çykýar. Her bir kärhana öz işi bilen meşgullanmaly. Jedel edemok, biziň mümkinçiligimiz örän uly, ol käbir kelte pähim adamlaryň çak edişinden ulurakdyr... — Hawa, örän uly — diýip, gep goşmakdan saklanyp bilmedi pişik, şu mümkinçilikleriň bardygyna buýsanjyny gizläp bilmän. — Sem bol, jyn ursun seni! — diýdi oňa Woland we Margarita öwrülip gepini dowam etdi: — Eýsem, başga kärhananyň etmeli işine biziň goşulmagymyz nämä gerek? Şeýlelikde men bu işe goşuljak däl, ony özüňiz oňararsyňyz. — Eýsem, meniň islegim bilen bu iş başa bararmy? Azazello ýaňsy bilen gyşyk gözüni Margarita dikdi we çypar başyny çala ýaýkap, pyşgyryp goýdy. — Boluň ahyr, ediň bu işi — diýip, Woland globusy pyrlandyryp, onuň haýsydyr bir nokadyna dikanlady, çemesi ol Margarita bilen söhbet eden wagtynda başga iş bilenem meşgul bolanyny aňlatjak boldy. — Hany, çagyryň, Fridany — diýip öwretdi Korowýew. — Frida! — diýip, Margarita sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Şonda gapy giň açylyp, otaga saçlary perişan, ýalaňaç, emma serhoşlygyndan nyşan galmadyk, gözleri mölerip, hanasyndan çykaýjak bolýan bir aýal ylgap girip, ellerini Margarita uzatdy, Margarita bolsa oňa dabaraly ýagdaýda: — Seni bagyşladylar. Indi saňa ýaglyk bermezler — diýdi. Frida gaty perýat edip, Margaritanyň aýagynyň öňüne — pola haç şeklinde ýüzlinligine ýykyldy. Woland elini salgady welin, Frida gözden gaýyp boldy. — Minnetdar men size, hoş galyň — diýip, Margarita ýerinden turdy. — Näme diýersiň, Begemot, — diýip gepläp başlady Woland, — şeýle baýram gijesi ukypsyz adamdan peýda görjek bolmak gowy däldir, — ol Margarita öwrüldi — ýaňky iş hasap däl, çünki men hiç zat etmedim. Siz özüňiz üçin näme isleýäňiz? Ümsümlik aralaşdy we ümsümligi Korowýew bozdy: — Almaz donna — diýdi ol Margaritanyň gulagyna pyşyrdap, — bu gezek oýlanyşykly hereket ediň. Ýogsa bagtyňyzyň elden sypyp gitmegi mümkin! — Men häziriň özünde aşygym — ussady gaýtaryp berilmegini usleýärin — diýdi Margarita we ýüzi çekip, bürüşdi. Şol wagt otaga şemal dazlap girip, şemdandaky şemleriň ýalnyny bir tarapa gyşartdy, agyr aýnaperdeler syrylyp, penjire giň açyldy we juda alysda säheriň ýagtysy däl-de, ýarygijäniň Aýy göründi. Penjiräniň tekjesinden Aýyň nury gögümtil düşek bolup ýaýyldy-da, düşegiň üstünde Iwanuşkanyň gijeki myhmany — özüni ussat diýip tanydan adam peýda boldy. Ol keselhana lybasynda, egninde halat, aýagynda tufli bolup, häzir hem öz ýanyndan goýmaýan şol gara şypyrmasy onuň kellesindedi. Onuň sakgal-murty alynmadyk ýüzi çalt-çaltdan dartylýardy, dälirän gözleri şemlere gyýalap, gorkuly bakýardy, Aý şuglasy bolsa onuň töwereginde möwç urýardy. Margarita ony bada-bat tanady, ellerini ýaýyp, ah urdy-da, oňa tarap ylgady. Ol ussadyň maňlaýyndan, leblerinden öpüp, tiken ýaly tüý basan ýüzüne ýüzüni goýýardy, şu wagta çenli dyňzap duran gözýaşlary indi onuň ýüzünden çeşme ýaly akdy. Ol diňe bir sözi manysyz tekrarlaýardy: — Sen... sen, sen... — Ussat ony özünden çetledip, tutuk ses bilen diýdi: — Aglama, Margo, ýüregimi üzme. Men agyr kesel. — Ol göýä böküp gaçmakçy bolýan ýaly, penjiräniň tekjesinden ýapyşdy dişlerini syrtardyp, otagda oturanlara seredip gygyryp goýberdi: — Men gaty gorkýan Margo! Ýene gözüme her hili sudurlar görnüp başlady. — Ýok, ýok, ýok — diýip pyşyrda-dy, dowamly aglany sebäpli demi içine düşen Margarita, — hiç zatdan gorkma! Men bar-a ýanyňda! Ýanyňda men! Korowýew çalasynlyk bilen, duýdurman ussada stul süýşürdi, ol oturdy, Margarita bolsa ussadyň öňünde dyza çöküp, ýüzüni onuň gursagyna goýup, köşeşdi. Tolgunmadan ýaňa ol özüniň indi ýalaňaç däldigini hem duýmady — onuň egninde birden gara ýüpek plaş peýda bolupdy. Näsag başyny aşak egip, gamgyn we hassa gözleri bilen aşak bakdy. — Hawa — diýip gep başlady Woland, az salym dymyşlykdan soň, — eýini ýetiripdirler onuň. Hany, ryssar, — diýip buýrdy ol Korowýewe — bu kişä içer ýaly bir zat ber. Margarita sandyraýan sesi bilen ýalbardy. — Iç, näme sen gorkýarmyň? Ýok, ýok, maňa ynan, saňa kömek etjekler. Näsag stakany alyp,ondaky suwuklygy içdi, emma eli sandyrap, stakan aýagynyň astyna gaçyp, kül-peýkun boldy. — Ýagşylyga! Ýagşylyga! — diýip pyşyrdady Korowýew Margaritanyň gulagyna, — serediň, ol özüne gelip başlady. Dogrudan-da, näsagyň ýüzi öňki ýaly wagşyýana we howsalaly däldi. — Senmidiň, Margo? — diýip sorady Aý ýagtysynda peýda bolan myhman. — Şübhelenme, hawa men — diýip jogap berdi Margarita. — Ýene! — diýip buýrdy Woland. Ussat ikinji bulgury boşadandan soň gözleri janlanyp, manyly seredip başlady. — Ana, bu başga gep — diýdi Woland gözlerini süzüp, — indi söhbet edeliň. Siz kim bolýaňyz? — Indi men hiç kim — diýip, ussat gülümsirände, agzy birýana gyşardy. — Häzir nireden geldiňiz? — Hasrat öýünden. Men — ruhy näsag — diýdi gelmişek. Bu gepi eşiden Margarita çydap bilmän, ýene aglap goýberdi. Soňra gözýaşlaryny süpürip, gygyryp diýdi: — Nähili eýmenç sözler! Eýmenç sözler! Messir, sizi ynandyrýaryn, bu adam — ussat. Ony dertden halas ediň, zähmetiňiz yrýa gitmez. — Siz kim bilen gepleşýäniňizi bilýäňizmi — diýip sorady Woland myhmandan, — häzir kimiň huzurynda otyrsyň? — Bilýän — diýip jogap berdi ussat, — dälihanada Iwan Bezdomnyý diýen oglan, meniň goňşym siz hakda gürrüň beripdi. — Ä-hä, dogry, dogry — diýdi Woland, — men ol ýaş ýigit bilen Patriarh kölçesiniň boýunda duşuşmak bagtyna eýe bolupdym. Ol menem tas däliredipdi, meniň ýokdugymy subut etjek bolup! Ýöne siz beri meniň hakykatdan hem mendigime ynanýaňyzmy? — Ynanmaly bolar — diýdi ussat, — emma, dogrusy, sizi gallýusinasiýanyň — gara hyýalyň netijesi diýip hasaplamak has dogry bolardy. — Meni bagyşlaň — diýip, sözüne goşdy ussat birden huşuny ýygyp. — Hä, şony dogry diýýän bolsaň, şeýle hasap ediber, — diýdi Woland mylaýymlyk bilen. — Ýok, ýok — diýdi bu gürrüňlerden gorkan Margarita, ussadyň gerdeninden silkip, — huşuňa gel! Garşyňda oturan çyndanam, şol! Pişik bu ýerde hem ara sokuldy: — Ine, men çyndanam gara hyýala meňzeýärin. Aý yşygyna gapdalymdan seret, — pişik Aý şuglasyndan peýda bolan uzyn sütüniň ýanyna baryp, ýene geplejek bolanda, oňa öç diýip buýrdylar, şonda ol: — Bolýa, bolýa, men öçdüm. Men dymýan gara hyýal bolaryn — diýdi-de, dymdy. — Aýt hany, nämüçin sizi Margarita ussat diýip atlandyrýar? — diýip sorady Woland. Ussat gülümsiräp jogap berdi: — Onuň sözüne geň galmaň. Ol meniň ýazan romanyma ýokary baha berýär. — Roman näme hakda? — Pontiý Pilat dogrusynda. Şonda şemleriň otly dilleri ýene lowurdap, ýelpinip başlady, stoldaky gap-gaçlar şakyrdady. Woland gök gürlän dek hahahaýlady, ýöne onuň hahahaýlamasy hiç kimi tisgindirmedi hem, geňem galdyrmady. Begemot bolsa nämüçindir el çarpdy. — Näme hakda, näme hakda? Kim hakda? — diýdi Woland gülmesini goýup. — Şu zamanda-ä? Örän geň! Siz näme başga tema tapmadyňyzmy? Hany, al, göreli — diýip, Woland eliniň aýasyny ýokary tutup, goluny uzatdy. — Gynansagam, size ony görkezip bilmerin — diýip jogap berdi ussat, — çünki men ony peje salyp, ýakdym. — Bagyşlarsyňyz men ynanmaýaryn, — diýdi Woland — bu mümkin däl. Golýazmalar ýanmaýar. — Ol Begemot tarapa öwrülip diýdi: — Hany, Begemot, uzat bärik romany. Pişik oturgyçdan tarsa turdy welin, hemmeler onuň desse-desse golýazmalaryň üstünde oturandygyny gördi. Pişik iň üstki nusgany tagzym bilen Wolanda uzatdy. Margarita tolgunyp, aglaýjak bolup, sandyr-sandyr edip gygyryp goýberdi: — Ana, golýazmaň! Ana ol! Ol Wolanda bakan okdurylyp, şatlanyp sözledi: — Siz gudrat, gudrat! Woland golýazmany alyp öwrüp gördi, soň ony bir gyra goýup, gülmän-yşman, ussasyň ýüzüne seretdi. Emma ussat nämüçindir gama batyp, biynjalyk boldy, oturgyçdan turup, ellerini döwere getirip, göwresi titräp, uzakdaky Aýa ýüzlenip, samrap başlady: — Hatda aý aýdyň gijede-de maňa dynçlyk ýok, nämüçin meni biynjalyk etdiňiz? Ýa, hudaýlar, hudaýlar... Margarita ussadyň egnindäki haladyna ýapyşyp, oňa gysyldy we özem gözýaşa boglup, samrap ugrady: — Eý, hudaý, nämüçin saňa dermanam täsir edenok? — Zeleli ýok, perwaý etmäň — diýip pyşyrdady Korowýew, ussadyň daşynda aýlanyp, — zeleli ýok, zeleli ýok... Ýene bir stakan iç, menem size ýoldaş bolaýyn. Bu saparky bulgur Aý şöhlesine ýalpyldap, ussada göz gyran ýaly boldy we oňa täsir etdi. Ussady ýene ýerine geçirdiler, näsagyň çehresinde indi hatyrjemlik alamatlary peýda boldy. — Ine, indi hemme zat aýdyň — diýdi Woland we uzyn barmagy bilen golýazmany pitikledi. — Örän aýdyň — diýip, tassyklady pişik, dymýan gara hyýal bolmaga söz berenini unudyp, — bu eseriň esasy many-maňzy maňa bütinleý aýdyň boldy. Sen näme diýersiň, Azazello? — diýip, ol sesini çykarman oturan Azazello ýüzlendi. — Näme diýer öýdýäň — diýdi ol gaharlanyp, — seni suwa gark eden bolsak, oňat bolardy. — Rehmiň gelsin, Azazello — diýdi oňa pişik, — bu şum niýetiňi hökümdarymyň köňlüne bir salaýma. Ynan maňa, onda her gije gelip, Aý şöhlesine bürenen şu ussat ýaly, saňa yşarat edip, öz ýanyma çagyraryn, şonda halyň niçik bolar, ä, Azazello? — Ýeri, Margarita — diýip, ýene gepe goşuldy Woland, — göwnüňizdäkini aýdyň, size näme gerek? Margaritanyň gözleri uçganaklady, Wolanda ýalbaryjy äheňde ýüzlendi: — Maňa onuň bilen pyşyrdap gepleşmäge rugsat etseňiz? Woland baş atdy, şonda Margarita golaý baryp, ussadyň gulagyna bir zatlary, pyşyrdady. Emma diňe ussadyň jogaby eşidildi: — Ýok, gijä galdyk. Indi maňa hiç zat gerek däl. Diňe seni görüp dursam bolany. Emma gaýtalap aýdýaryn — el üz, menden. Meniň bilen bile heläk bolarsyň. — Ýok, el üzüp bilmen, — diýdi Margarita we Wolanda: — Arbatdaky podwalymyzyza gaýtaryň, ol ýerde öňki ýaly çyramyz ýansyn, bir zat öňki-öňkülik bolsun... — diýdi. Bu gepe ussat ýylgyryp, Margaritanyň öňki buýralary çözlen saçlaryny gujaklap diýdi: — Bu biçäre aýalyň gepini diňlemäň, messir. Şol podwala eýýäm başga adam ýaşaýar, şeýle hem, geçeni gaýtaryp bolmaýar, — ol ýaňaklaryny söýgülisiniň başyna goýup, Margaritany gujaklap, samrap başlady: — Wah, biçäre biçäre... — Gaýtaryp bolmaýar diýdiňizmi? — diýdi Woland. — Bu şeýle, ýöne biz synanyp göreris, Azazello! Ol şeýle diýen badyna potolokdan aňyny ýitiren dälisypat bir adam «gürs» edip düşdi, onuň egninde diňe içki köýnek-balak bolup, nämüçindir elinde çemodan, başynda papak bardy. Bu adam gorkup, titreýärdi we çöke düşüp oturjak ýaly, egilýärdi. — Mogaryçmyň? — diýip sorady Azazello gökden düşene ýüzlenip. — Aloiziý Mogaryç, — diýip, jogap berdi ol sandyrap. — Ine, şu adamyň romany hakynda Latunskiniň ýazan makalasyny okap, «öýünde gizlin edebiýatlar saklaýar» diýip, arza ýazan sizmidiňiz? — diýip sorady Azazello. Asmandan düşeniň ýüzi gögerdi, toba edip, gözýaşa batdy. — Onuň otaglaryna göçüp barmakçy bolduňmy? — diýip başardygyça mylaýymyrak äheňde sorady Azazello. Şu wagt pişigiň gazaply pyşgyrany eşidildi. Margarita bolsa: Arwahy tanap goý — diýip, gygyryp, Aloiziý Mogaryçyň ýüzüne penje saldy. Güpür-tapyrlyk başlandy. — Edýäniň näme — diýip nägilelik bilen gygyrdy ussat, — Margo, özüňi masgara etme! — Men garşy, bu masgaraçylyk däl — diýip gygyrdy pişik. Margaritany Korowýew yza çekdi. — Men wanna gurdum — diýdi ýüzi gana boýalan Mogaryç, dişlerini şakgyldadyp, soňra nähilidir manysyz gepleri jöwräp başlady, — bir gezek akladym, soňra kuporos... — Örän gowy-da wanna goýan bolsaň, — diýdi Azazello makullap. — Ol wanna almalydy, — soň gygyrdy: — Güm bol! Şonda Magoryçyň aýagy ters öwrüldi-de, ol ýatylýan otagyň açyk penjiresinden uçup çykyp gitdi. Ussat gözlerini mölerdip pyşyrdady: — Bä, buý-ä Iwanyň gürrüň beren wakalaryňdan hem üýtgeşik boldy! — Ol aňk bolup, töweregine seretdi, soňam pişige ýüzlenip diýdi: — Bagyşlarsyňyz... bu sen... ýa-da sizmi... — ol pişige «sen» diýip ýüzlenjegini-de, «siz» diýjegini hem bilmän, ikirjiňlendi, — sizmidiňiz tramwaýa münen şol pişik? — Mendim — diýdi pişik ulumsylyk bilen, soň sözüne goşdy: — Pişige şeýle hoşmylakatlyk bilen ýüzlenmegiňiz nähili gowy. Adatça, pişiklere nämüçindir, «sen» diýýärler, ýogsa dünýäde bir pişik hem hiç kes bilen bruderşaft (nemesçe gollaryňy atanaklaýyn geçirip, birew bilen şerap içip, ogşaşmak. (Terjimeçiniň belligi) içmedik bolsa-da. — Meniň pikirimçe, siz beýle bir pişigem däl ýaly — diýdi ussat ynamsyzlyk bilen, soň Wolanda tarap öwrülip çekinibräk sözledi: — barybir meni keselhanada gözlärler. — O nämüçin seni gözlemeli olar! — diýip köşeşdirip başlady Korowýew, şonda onuň elinde birden birhili kagyzlar, depderler peýda boldy, — şu hassalyk kagyzy siziňkimi? — Hawa. Korowýew kagyzlary ot ýanyp duran kamine taşlady. — Dokument ýok, diýmek, adam hem ýok — diýdi Korowýew kanagat bilen, — bu — sizi öýüne kreýine ýerleşdiren adamyň öý kitaby bolsa gerek. — Hawa... — Kimler ýazylan bu depdere? Aloiziý Mogaryçmy? — Korowýew öý kitabynyň sahypasyna üfledi, — wessalam, indi ol ýok, soňra, şuny bilip goý, bolanam däldir. Eger-de, öý eýesi sizi görüp geňirgenjek bolsa, Aloiziý düýşüňize girendir diýiň. Mogaryç? Nähili Mogaryç? Hiç nähili Mogaryç bolan däldir. — Şol wagt Korowýewiň elindäki ýüpli öý depderi birden gaýyp boldy. — Ine, indi ol öý eýesiniň stolynyň çekmesinde. — Siz dogry aýdýaňyz — diýdi Korowýewiň şeýle arassa işine haýran galan ussat, eger dokument bolmasa, diýmek, adam hem ýok. Ine, menem ýok, çünki mende dokument ýok. — Meni bagyşlarsyň — diýip, gygyryp goýberdi Korowýew, — gara hyýal diýenimiz, şudur, ine, siziň dokumentiňiz! — şeýle diýip, Korowýew ussada dokument uzatdy. Soň gözlerini asmana dikip, Margaritanyň gulagyna mylaýym äheňde pyşyrdady: — Ine, bu bolsa, siziň zatlaryňyz, Margarita Nikolaýewna — diýip, ol Margarita gyralary ýanan depderi, guran güli we fotosuraty uzatdy, şol pursatyň özünde oňa örän seresaplyk bilen amanat kassa depderçesini-de berdi, — munda goýan on müň manadyňyz, Margarita Nikolaýewna. Bize özgäniň haky gerek däl. — Meniň elim gurasa gurar, emma özgäniň zadyna el degirmerin — diýdi pişik, gaýşaryp we betbagt romanyň hemme nusgasyny depgiläp, mynjyratjak bolýan ýaly, çemodanyň üstünde tans edip başlady. — Ine, siziňem dokumentleriňiz — diýip, gepini dowam etdi Korowýew, Margarita dokument uzadyp, soň Wolanda ýüzlenip, hormat bilen diýdi: — Ine, boldy, messir! — Ýok, entek bolanok — diýdi Woland, globusdan ýüz öwrüp. — Hyzmatkärleriňizi näme edeli, meniň gymmatly donnam? Olaryň maňa-hä geregi ýok. Şu pursat açyk duran gapydan ýalaňaç Nataşa atylyp girdi, ellerini bir-birine urup, Margarita gygyryp diýdi: — Bagtly boluň, Margarita Nikolaýewna! — Ol baş atyp ussat bilen salamlaşdy, soň ýene Margarita ýüzlendi: — Men bilýärdim ahyr, nirä gatnaýanyňyzy. — Öý hyzmatkärleri hemme zady bilýärler — diýdi pişik, penjesini manyly tüýsde ýokaryk göterip, — olar hiç zady görýän däldirler öýtmek ýalňyş. — Näme isleýäň, Nataşa? — diýip sorady Margarita, — bar, öýe dolan. — Gözüňe döneýin, Margarita Nikolaýewna — diýdi Nataşa dyza çöküp, ýalbaryp, — olardan haýyş ediň, — ol göz gyýtagy bilen Wolanda yşarat etdi, — meni arwah edip alyp galsynlar. Şol öýe gaýdyp barmagy islemeýärin! Inženere hem, tehnige hem durmuşa çykjak däl! Agşam bal wagtynda Jak maňa söýgi bildirdi. — Nataşa ýumrugyny açyp, birhili altyn teňňeleri görkezdi. Margarita sowally nazar bilen Wolanda äňetdi. Ol baş atdy. Şonda Nataşa Margaritanyň boýnundan asylyp, ony mähirli ogşady-da, şatlykly gygyryp, penjireden uçup çykyp gitdi. Indi Nataşanyň ýerinde Nikolaý Iwanowiç peýda boldy. Ol ýene özüniň ynsan tüýsüne giripdir, emma örän gamgyn, hatda gaharly diýseň hem boljakdy. — Ine, bu nusgany höwes bilen ugratmaga taýýar men — diýdi Woland Nikolaý Iwanowiçe ýigrençli seredip, — aýratyn höwes bilen, sebäbi, ol bu ýerde artykmaç. — Maňa güwanama bermegiňizi çynym bilen soraýaryn — diýip dillendi Nikolaý Iwanowiç töweregine howatyrly seredip, ýöne örän erjellik bilen gepledi, — bu gijäni nirede geçirendigim barada. — Nämä gerek ol? — kesgin äheňde sorady pişik. — Milisiýa we aýalyma görkezmek üçin — diýip, berk aýtdy Nikolaý Iwanowiç. — Biz adatça güwanama bermeýäris — diýip jogap berdi pişik, sülmüräp, — emma siz üçin, kadadan çykýarys. Nikolaý Iwanowiç özüni dürsemänkä, Gella ýazuw maşynkanyň başyna geçip, pişigiň aýdýan sözlerini ýazyp başlady. — Güwälik berýärin ki, şuny görkezýän Nikolaý Iwanowiç şu gijäni şeýtanyň gurnan balynda geçirdi, ol balda adam daşaýan... enjam... skobka — ýaý aç, Gella! Ýaýyň içinde ýaz — «doňuz» sypatynda peýdalanyldy. Gol — Begemot. — Senesi hany? — diýip pyşgyrdy Nikolaý Iwanowiç. — Biz sene goýmaýarys, sene goýlan dokument güýçsüz bolýar — diýdi pişik kagyza gol goýup, soň bir ýerden möhür alyp, kada getirip, oňa üfledi-de, kagyza «tölendi» diýen sözi basyp, ony Nikolaý Iwanowiçe tutdurdy. Şondan soň Nikolaý Iwanowiç nam-nyşansyz ýitirim boldy, emma onuň ýerinde garaşylmadyk başga adam peýda boldy. — Indi bu kim? — nadyl äheňde sorady Woland, şemiň ýagtysyndan ýüzüni aýasy bilen ýapyp. Warenuha başyny sallap, uludan dem alyp, eşdiler-eşdilmez diýdi: — Goýberiň meni. Men gan sorýan ýaryganat bolup bilmerin. Şonda Gellanyň ýardamynda Rimskini tas öldüripdim. Ýöne men ganhor däl. Goýberiň meni. — Näme diýip samrap dur bu? — diýip ýüzüni çytyp sorady Woland. — Kim ol Rimskiý? Ýene nähili samahylly? — Biynjalyk bolmaň, messir — diýdi Azazello we Warenuha ýüzlendi: — Edepsizlik etmeli däl telefonda. Ýalanam sözlemeli däl telefonda. Düşündiňmi? Indi gaýdyp beýtmersiňizmi? Warenuhanyň beýnisi şatlykdan ýaňa bulanyp, ýüzi nurlandy we näme diýýänine özem düşünmän, sakawlap başlady: — Hakykatdan-da, h... ýagny, diýjek bolan sözüm aly hezre... häziriň özünde, günorta nahardan soň... — Warenuha ellerini döşüne goýup, Azazello ýalbaryjy nazar bilen seretdi. — Ýeri, bolýa, öýüňe gaýt — diýdi Azazello. Warenuha bir demde eräp gitdi. — Indi meni şular bilen ýekme-ýek galdyryň — diýip buýrdy Woland, ussat bilen Margaritany görkezip. Wolandyň buýrugy derrew berjaý edildi. Ol birazajyk dymandan soň ussada ýüzlendi. — Şeýle, diýmek, Arbatdaky podwala gitmekçi-dä? Onda eseri kim ýazmaly? Arzuwlar, ylhamlar? — Mende indi arzuw-arman galmady, ylham hem ýok — diýip jogap berdi ussat, — durmuşda meni indi Margodan başga hiç zat gyzyklandyrmaýar — diýip ol ýene elini Margaritanyň başyna goýdy, — meni maýyp etdiler, dünýä tukat, podwala gidesim gelýär. — Pilat hakyndaky romanyňyz näme? — Ol roman maňa derkar däl, — diýip jogap berdi ussat, — men şol zerarly kän ezýet çekdim. — Men saňa ýalbarýan, — zarlap diýdi Margarita, — beý diýme. Näme sebäbe sen meni gynaýaň? Bilýäň-ä, men bütin ömrümi seniň şu işiňe bagyş etdim. — Şondan soň, Margarita Wolanda seredip, sözüne goşdy: — Gulak asmaň oňa, messir, ol gaty dert çeken adam. — Eýse, bir zatlar ýazmag-a gerekdir? — diýdi Woland, — eger ol prokuratory dynan bolsaňyz, onda iň bolmanda Aloiziý hakda ýazyň. Ussat mylaýym ýylgyrdy. — Beýle zady Lapşýonnikowa çap etmez, üstesine-de onuň gyzygam ýok. — Onda nädip güzeran dolarsyňyz? Mätäçlik çekip, gedaý gezjekmi? — Hawa, hawa, höwes bilen — diýip jogap berdi ussat, soň Margaritany özüne dartyp, onuň egninden gujaklap, dowam etdi: — Margo aklyna aýlanar-da, meniň ýanymdan gider... — Gider öýdemok — diýdi Woland, dişleriniň arasyndan, soň dowam etdi: — Eýsem, Pontiý Pilatyň taryhyny ýazan adam bir çete çekilip, podwalda çyraň ýanynda oturyp garyplykda gün geçirmelimi? Margarita ussatdan bäri süýşüp, gaty otlukly gepläp başlady: — Men elimden gelenini etdim, gulagyna adamy imrindirýän iň şirin sözleri pyşyrdap aýtdym. Ýöne ol barybir, ýüz öwürýär. — Gulagyna näme diýip pyşyrdanyňy bilýän — diýdi Woland, — emma ol gepler beýle bir imrindiriji däldi. Size şuny aýtmak isleýärin ki, — ýylgyryp ussada ýüzlendi ol, — romanyňyz entek size garaşylmadyk köp ýagşylyk alyp geler. — Bu örän gussaly — diýdi ussat. — Ýok, ýok, gussaly däl, — diýdi Woland, — indi hiç hili gorky bolmaz. Mahlasy, Margarita Nikolaýewna, bar işler edildi. Heý, menden bir nägileligiňiz barmy? — Be, aýdýanyňyz näme, messir! — Onda, ine, şu menden size ýadygärlik bolsun, — diýdi Woland we ýassygyň aşagyndan bar ýeri almaz daşlar bilen bezelen kiçijik altyn naly çykardy. — Ýok, ýok, ýok, ol nämäniň şanyna?! — Meniň bilen jedelleşjek bolýaňyzmy? — diýdi Woland ýylgyryp. Margarita, egnindäki plaşynyň jübüsi bolmalygy sebäpli, naljagazy alyp, salfetka — el süpürilýän ýaglyga düwdi. Şonda bir ýagdaý ony haýran galdyrdy. Ol dolan Aý nur saçyp duran penjirä öwrülip gepledi: — Men bir zada hiç düşünip bilemok... Ýöne ýarygije, ýarygije bolup dur, bireýýäm daň atmaga çen bolmadymy? — Baýram gijesini biraz uzaltmak köňle ýakymly bolýar-da — diýip, jogap berdi Woland. — Bolýar onda, size bagt dileýärin. Margarita doga etmekçi bolan ýaly, ellerini Wolanda tarap uzatdy, emma oňa golaýlaşmaga ýürek edip bilmän, ýuwaşja seslendi: — Hoş galyň! Hoş galyň! — Ýene duşuşýançak, — diýdi Woland. Şundan soň Margarita gara plaşda, ussat bolsa keselhana haladynda zergär dul aýalyň şem ýanyp duran öýünden dälize çykdylar, bu ýerde olara Wolandyň hyzmatkärleri garaşyp durdular. Olar daşary çykyp başlanlarynda, Gella romanyň nusgalary bilen bile Margarita Nikolaýewnanyň az zatlary salnan çemodanyň göterdi, pişik oňa kömekleşdi. Kwartiranyň bosagasynda Korowýew tagzym bilen hoşlaşyp, gözden gaýyp boldy, galanlar myhmanlary ugratmaga basgançakdan indiler. Basgançak boşdy. Olar üçünji gatyň meýdançasyndan geçip barýarkalar, bir zat ýuwaşja tark eden ýaly boldy, emma muňa hiç kes üns bermedi. Altynjy girelgäniň gapysyna ýetip gelenlerinde, Azazello depesine garap bir üfledi, soňra hemmesi Aý ýaşmadyk howla çykdylar-da, gapynyň öňünde ädikli, papakly bir adamyň daş ýaly gatap, uklap oturanyny, şeýle hem, çyralary öçük, ullakan gara maşyny gördüler. Onuň öň tarapyndaky aýnasyndan rulda oturan garganyň sudury çala saýgardýardy. Maşyna münjek bolanlarynda, Margarita birden howsalaly, ýöne ýuwaş gygyrdy: — Eý, taňrym, men naly ýitirdim! — Maşyna münüň — diýdi Azazello, — maňa garaşyň. Häzir gelerin, näme bolanyny bileýin. — Ol girelgä girip gitdi. Bolan zat şeýledi: Margarita bilen ussat ugradyjylar bilen zergär dul aýalyň kwartirasyndan çykmazlaryndan sähel öň, şu öýüň aşagyndaky 48-nji kwartiradan eli bidonly we sumkaly hor bir aýal basgançak meýdançasyna çykypdy. Bu — çarşenbe güni geçelgä günebakar ýagyny döküp, Berliozy bela giriftar eden şol Annuşkady. Bu aýalyň Moskwada näme bilen meşgullanýanlygyny, nähili girdejiniň hasabyna güzeran dolaýandygyny şu wagta çenli hiç kim bilmändir, indi-de hiç kim bilmese gerek. Ol hakda diňe bir zat mälimdi: ony her gün kä bidonly, kä sumkaly, käte hem sumkaly hem bidonly ýagdaýda — ýa nebit dükanynda, ýa bazarda, ýa bolmasa, öýüň derwezesiniň öňünde, ýa basgançakda, köplenç bolsa öz ýaşaýan 48-nji kwartirasynyň umumy aşhanasynda görmek bolýardy. Mundan daşary, adamlara ol hakda has beter belli bolan ahwal, Annuşkanyň peýda bolan ähli ýerinde, şol pursatda dawa, galmagal turýardy, mundan başga-da onuň «Mergi» diýen lakamy bardy. Annuşka — Mergi adatça örän ir turýardy, bu gün bolsa ol nämüçindir daňdan däl, Gün doganda däl, sagat bir bolmanka turdy. Gapynyň açary towlanyp, işik açyldy, ol ilki burnuny çykaryp, daşary seretdi, soňra özi çykdy. Gapyny ýapyp, gitmäge şaýlananda ýokary gatda gapy şarkyldady, kimdir biri basgançakdan syrygyp gelip, Annuşka kaklyşdy, bu kaklyşykda Annuşkanyň ýeňsesi diwara uruldy. — Haýsy göre howlugýarsyň bir içki balakda, kesapat? — diýip gygyrdy Annuşka, agyran ýeňsesine elini ýetirip. Egni diňe içki köýnek-balakly, başy papakly, eli çemodanly, gözleri ýumuk bu adam ukuly ýakymsyz ses bilen jogap berdi: — Kolonka! Kuporos! Bir diwar aklamagyň özüne näçe pul çykdy — soňra ol aglap, «Güm bol!» diýip heňkirdi. — Şondan ötri ol basgançakdan aşaga däl-de, ýene yzyna — ýokaryk, ykdysatçynyň aýnasyny depip döwen penjiresiniň öňüne ylgap çykdy-da, aýagy terse dönüp, şu penjire arkaly howla başaşak uçup çykyp gitdi. Annuşkanyň agzy açylyp galdy, ol hatda diwara urlan ýeňsesiniň agyrýandygyny hem unudyp, şol penjiräň öňüne atyldy. Ol ýüzin ýatyp, başyny penjireden çykardy: çyra ýanyp duran howluda ýaňky çemodanly adamyň kül-peýkun bolup, ölüp ýatanyny görerin öýdüpdi. Emma asfaltly howluda hiç zat ýokdy. Bu ukuly alamat jandar özünden nam-nyşan galdyrman, göýä guş ýaly uçup gidipdir-dä diýip çak etmekden özge çäre galmady. Annuşka çokunyp, köňlünden geçirdi: «Hawa, bu ellinji kwartira aýdyşlaryça-da bar eken! Adamlar ýöne ýere: «Kwartira bolaýşyny! Öý-ä öý jan ekeni!» diýýän däldirler. Ol şeýle hyýala baryp duranda, depedäki gapy şarkyldady-da, ýene bir adam aşak ylgap ugrady. Şonda ýüzi doňzuň tumşugyna meňzese-de, sakgal goýan we sypaýy bir kişi çete çekilip, diwara gysylyp duran Annuşkanyň ýanyndan dazlap geçip, bu hem edil öňki adam kibi asfaltlanan howla ýykylyp ölmeginiň ahmaldygyny oýlanman, özüni penjireden oklady. Annuşka öýden näme maksat bilen çykanyny-da unudyp, ah-wah edip, öz-özi bilen gepleşip, çokunyp basgançakda galdy. Sähel salymdan soň, üçünji sakgaly alnan, tegelek ýüzli, egnine galyň geýim geýen adam ýokarky gapydan atylyp çykyp, ol hem owalky kişi kibi penjireden uçup gitdi. Şuny hem aýtmak gerek-ki, Annuşka örän bilesigelijidi, şoňa görä, ýene bir-ýarym mugjyza ýüz bermezmikä diýip, garaşmagy karar etdi. Ýokarky gapyny ýene açdylar, bu sapar basgançakdan bir topar kişi ylgaman adaty adamlar ýaly ýöräp gelýärdi. Annuşka aýnaň öňünden aýrylyp tizlik bilen öýüne bardy-da, derrew gapyny açyp, gizlendi we indi çala açyk yşdan onuň bilesigelijilikli gözleri ýanyp görünýärdi. Sagdygam, näsagdygam aňşyrtmaýan reňki öçük sakgal-murty ösgün, egni allanähili halatly, başy gara şypyrmaly, geň biri zordan gadam goýup, düşüp gelýärdi. Egnine gara don atynan, alagaraňkyda Annuşkanyň gözüne şeýle görnen, bir gözel hanym ol adamy seresaplylyk bilen goltuklap äkelýärdi. Gözel hanym aýakýalaňaçmydy, ýa aýagyna nähildir juda ýaldyrawuk, ýylpyldaýan kesim-kesim bolup giden, daşary ýurduňky bolsa gerek, tufli geýip ― muny anyk aýtmak kyn. Tüf ýüzüňe! Tufli geýenem bolupdyr! Özem çyp-ýalaňaç-la! Hawa-da, ýalaňaç tenine uzyn don atypdyr, bolany! «Haý, seniň kwartira bolaýşyňy!» Ertir goňşularyna agyz köpürjikledip aýdyp bermäge gep tapylanyna Annuşka tüýs ýürekden begenýärdi. Täsin lybasdaky bu hanymyň yzyndan eli çemodanlyja çyp-ýalaňaç başga bir hanym, çemodanyň ýanynda bolsa äpet bir gara pişik myýkyldap gelýärdi. Annuşka gözlerini owkalap, tas gygyrypdy. Hemmeden yzda, gyşyk gözli, egni ak gursakçaly, boýny galstukly, kelte boýly bir daşary ýurtly agsaklap gelýärdi. Olaryň hemmesi Annuşkanyň deňinden geçip, pese ýöredi. Gapynyň öňündäki meýdançada bir zat dükläp ýere gaçdy. A[ak sesleriniň peselenini eşiden Annuşka gapysyndan edil ýylan dek suwlup çykdy, bidonyny diwaryň ýanynda goýup, meýdança ýüzün ýatdy-da, ýeri sermeledi. Eline agyr bir zat dolangy ýaglykjak ildi. Annuşka ýaglyjagy açyp, gymmatly tapyndyny gözüne golaý eltende, gözi maňlaýyna çykyp, aç möjegiňki ýaly ýanyp başlady. Annuşkanyň beýnisinde tupan turdy: «Hiç zady bilemok! Hiç zady göremok, eşidemogam! Ýegenimiňkä eltsemmikäm? Ýa-da kesip, bölek-bölek etsemmikäm? Almazlary köwläp alsam hem boljak... Soňra bir daşy Petrowka, beýleki birini Smolenskiý bazaryna... Mahlasy, göremogam bilemogam, eşidemogam!» Annuşka tapyndyny goltugynda gizläp, bidonyny eline aldy-da, şähere çykmak rejesini bes edip, öz öýüne sümjek bolanda, hälki ak gursakçaly adam ýerden çykdymy, gökden düşdümi, belli däl, onuň alnynda peýda boldy we ýuwaşja pyşyrda-dy: ― Hany äber ýaglyga dolanan naly. ― Waý, nähili nal ol, nähili ýaglyk? ― diýip sorady Annuşka, mekirlik bilen jögülige salyp, ― hiç hili ýaglyjagy bilemok. Näme, graždanin, ýa sen serhoşmyň? Ak gursakçaly başga bir zat diýmän, edil awtobusyň tutawajy ýaly gaty hem sowuk barmaklary bilen Annuşkanyň boýnuny şeýle bir gysdy welin, onuň gursagyna barýan howa kesildi. Bidony elinden gaçdy. Gursakçaly, penjeksiz daşary ýurtly ep-esli wagt Annuşkanyň demligini bogyp, soň elini onuň boýnundan aýyrdy. Annuşka hopugyp, dem alandan soň, gülümsiredi. ― Wiý, naljagazy soraýaňmy? ― diýip söze başlady. ― Ine häzir! Siziňkimidi bu naljagaz? Seretsem, ýerde ýaglyga dolangy ýatyr... Men ony kimdir biri kakyp gidäýmesin diýip, ýörite ýygşyrdym, biri kakyp gitse, tapjak gümanyň barmy? Daşary ýurtly ýaglyga dolanan naljagazy alandan soň, Annuşka güýçli tagzym edip, elini mäkäm gysdy, çetýurtlylara has aksent bilen oňa gyzgyn minnetdarlyk bildirdi: ― Size örän minnetdar men, madam. Bu naljagaz ýadygärlik sowgat hökmünde meniň üçin gymmatly. Şunlukda, muny gorap saklanyňyz üçin size iki ýüz manat baýrak bermäge rugsat ediň. ― Ol derhal gursakçasynyň jübüsinden pul çykaryp, Annuşka gowşurdy. Ol ahmyrly ýylgyryp; ― O, çyn kalbymdan sag bol aýsýaryn size! ― Mersi! Mersi! ― diýip gaýtalap ugrady. Sahawatly çetýurtly bir bökende, basgançagyň soňky meýdançasyna bardy, emma bütinleý gözden gaýyp bolmazyndan öňürti aşakda durup, indi aksentsiz gygyrdy: ― Sen, arwah kempir, eger mundan beýläk ýene bir birewiň zadyny ýerden tapaýsaň, goýugyňa salman, göni milisiýa tabşyr! Basgançakda emele gelen bu başagaýlykdan kellesi güwläp duran Annuşka ýene ençe mahallap özünden biygtyýar: ― Mersi! Mersi! Mersi! ― diýip gygyrdy durdy, daşary ýurtly bolsa eýýäm gürüm-jürüm bolupdy. Indi howluda başga maşynlar ýokdy. Azazello Wolandyň sowgadyny Margarita gaýtaryp berenden soň, ornaşykly oturdyňyzmy, diýip sorady we onuň bilen hoşlaşdy. Gella bolsa hoşlaşykdan ozal Margarita bilen ogşaşdy pişik onuň elini öpüp hoşlaşdy, ugradyjylar oturgyjyň bir burçunda jansyz jeset dek, halsyz oturan ussat bilen el salgaşdylar, soňra garga hem el salgadylar-da, azap çekip basgançakdan ýöremegi islemän, howada eräp, gaýyp boldular. Garga maşynyň çyralaryny ýakyp, ony sakçylyk edýän, öli ýaly uklap ýatanyň deňinden sürüp, derwezeden çykdy. Şondan soň bu äpet gara maşynyň çyralary şowhunly we ukusyz Sadowaýa köçesindäki bihasap çyralara garyşyp, ýitirim boldy. Ýene bir sagatdan soň, Arbadaky dar köçeleriň birindäki kiçijik öý podwalynyň birinji otagynda, bu ýerdäki hemme zatlar geçen ýylky güýzüň şol eýmenç gijesinde nähili bolsa, häzirem şeýledi, mahmal saçak ýazylyp, üstüne saýawanly stol çyrasy, çyranyň ýanynda landyş güli salnan güldan goýlan stoluň başynda oturyp, Margarita başyna düşen muşakgatdan we bagtdan ýaňa sessiz aglaýardy. Onuň garşysynda oda köýen depder bardy, olaryň ýanynda el degmedik depderler üýşüp durdy. Tutuş öý ümsümlikdi. Kiçeňräk goňşy otagdaky diwanda keselhana haladyny ýapynyp, ussat kadaly dem alyp, sessiz çuň ukuda ýatyrdy. Margarita aglap-aglap köşeşenden soň, el degmedik depderleri okamaga girişdi. Ol Kreml diwarynyň gapdalynda Azazello bilen duşuşmazdan öň öýünde gaýta-gaýta okan ýerini tapdy. Margaritanyň uklasy gelmeýärdi. Ol golýazmany edil pişigi sypalan ýaly, ýakymly sypalaýardy, ony eýläk-beýläk öwrüp, her tarapyndan seredip, onuň titulynda saklanyp, soňam iň soňky sahypa göz gezdirýärdi. Şonda birden onuň köňlüne, bularyň hemmesi bir jadygöýlik, häzir bu depderler gaýyp bolar-da, ýene öz öýümiň ýatar jaýynda bolaryn, ana, şonda ukudan oýanan badyma, suwa gark bolmak üçin derýanyň kenaryna barmaly borun diýen wagşyýana pikir geldi. Ýöne bu iň soňky eýmenç pikir bolup, ol Margarita uzak wagt başyndan geçiren agyr musallatlarynyň ýaňydy. Hiç närse gaýyp bolmady, hökmürowan Woland çyndan hem gudratly eken, Margarita isledigiçe tä daň atýança-da depderleri waraklap, olara göz aýlap, sahypalary ogşap, ondaky sözleri gaýta-gaýta okap oturmaga mümkinçilik tapdy. — Ortaýer deňzi tarapdan gelen tümlük prokurotura ýigrenji bolan şäheri büredi. Hawa, tümlük... | |
|
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |