09:44 Ussat we Margarita -26/ romanyñ dowamy | |
XXVI bap
Romanlar
DEPIN EDILMEK Belki, ine şu iňrik garalmagy prokuratoryň keşbiniň düýpgöter özgermegine sebäp bolandyr. Ol bir pursatda garran ýaly bolup, küýkeren ýaly boldy, üstesine, howsala düşüp başlady. Ol bir gezek yzyna öwrülip, söýenjegine plaş asylan boş kürsä gözi düşdi-de, nämüçindir tisgindi. Baýram gijesi ýetip gelýärdi, agşamky kölgeler öz oýnuna başlapdy, megerem, şonuň üçin ýadaw prokuratoryň gözüne boş kürsüde biri otran ýaly bolup görnendir. Prokurator gorkup, plaşy sypalap gördi, soň ýerinden turup, balkonda eýläk-beýläk ýöräp, kä ellerini biri-birine sürtýärdi, kä stola golaý gelip, eline bulgur alýardy, käte saklanyp, pola düşelen al-elwan nagyşlaryň arasyndan nähilidir syrly ýazgylary okajak bolan ýaly, olara manysyz bakyp durýardy. Şu günüň özünde onuň ikinji gezek ýüregine gamgynlyk aralaşdy. Ol irdenki jähennem azabynyň täsirinden henizem sarkyrap duran çekgesini owkalap, ne sebäpden beýle ruhy azar çekýändigini anyklamaga çalyşýardy. Ol muny tiz anyklady, ýöne öz-özüni aldamaga synanyşdy. Ol şu günüň gündizi gaýtaryp getirmesiz bir zady elden gidirendigine düşündi we şol ýalňyşlygyny indi ownuk-uşak zatlar bilen, iň esasam, gijä galan hereketleri bilen düzetjek bolýardy. Prokurator öz-özüni aldap, ine şu, häzirki, agşamky işlerini ir ertirki yglan eden höküminden möhüm diýip özüni ynandyrjak bolýardy. Emma bu urunmaklardan netije azdy. Ol balkonda eýläk-beýläk ýöräp ýörüşine öwrüldi-de, sakga togtady we jürlewük çaldy. Jürlewüge jogap hökmünde tümlükden it üýrdi we tüýleri çal, gulaklary çüri, boýnundaky tasmasyna altyn nyşanlar dakylan haýbatly bir köpek bagdan atylyp çykdy. — Banga, Banga — diýip, gygyrdy prokurator pessaý ses bilen. Köpek yzky aýaklaryna galyp, öňki aýaklaryny eýesiniň egnine goýdy, ol Pilaty tas ýykypdy we onuň ýüzüni ýalady. Prokurator kürsä oturdy. Banga dilini sallap, haslap dem alyp, öz eýesiniň aýagynyň ýanynda ýatdy, şol pursatda bu batyrgaý köpegiň gözlerindäki guwanç alamaty, onuň dünýäde ýeke-täk gorkýan zady — gök gümmürdisiniň goýany, şeýle hem bu ýerde özüni gowy görýän, gadyrlaýan we dünýädäki barça adamlaryň hökümdary — iň gudratly ynsan diýlip hasaplanýan adamyň, şular sebäpli köpek özüni hem iň hormatly beýik, aýrybaşga bir hulkat diýlip hasaplanýardy, ýanynda ýatanlygyna buýsanýanlygyny subut edýärdi. Emma şeýle bolsa-da, köpek öz eýesiniň aýagynyň ýanynda onuň ýüzüne däl, zulmat perdesine bürenen baga garap ýatan bolsa-da, eýesiniň başyna agyr külpet düşendigini pähimledi. Şonda ol ýatan ýerinden turup sahybynyň gapdalyna geçdi-de, öňki aýaklary bilen başyny prokuratoryň dyzyna goýdy-da, onuň plaşynyň eteginine öl gum syçratdy. Megerem, bu hereketi bilen Banga öz eýesine teselli bermekçi we onuň derdine şärik bolmaga taýýardygyny duýdurjak bolýardy. Bu niýetini ol sahybyna delmuryp bakýan gözleri we hüşgärlik bilen dikelen gulaklary bilen beýan edýärdi. Şeýlelikde, olaryň ikisi, biri-birini gowy görýän köpek bilen adam baýram gijesini balkonda şu ýagdaýda garşy aldylar. Bu wagt prokuratoryň myhmany uly alada bilen başagaýdy. Ol balkonyň öňündäki bagyň ýokary meýdançasyny terk edip, basgançakdan aşak, howla düşdi, sag tarapyna öwrülip, köşgüň howlusyndaky kazarmalara çykdy. Baýram mynasybetli prokuratoryň ýolbaşçylygynda Ýerşalaime gelen şol iki kenturiýa goşuny, şeýle hem prokuratoryň hälki myhmanyň ygtyýaryna berlen gizlin sakçylary ýerleşen şu kazarmada, bary-ýogy on minut boldy, ana, şol on minutdan soň, bu kazarmanyň howlusyndan ýer gazýan enjamlar we bir çelek suw ýüklenen üç araba çykyp gitdi. Arabalara çal plaşly on bäş-atly gözegçilik edip barýardy. Arabalar we atlylar köşgüň arka derwezesinden çykyp, günbatar tarapa ýol aldylar, şäher derwezesinden çykandan soň bolsa dar ýoda bilen ilk-ä Wifliýem ýoluna düşüp, soň demirgazyga ýörediler. Hewroniýa derwezesiniň golaýyndaky çatryga ýetenlerinde, gündiz ölüme höküm edilenler alnyp geçilen Ýaffa ýolundan ýöräp gitdiler. Bu wagt garaňky düşüp, gökde Aý peýda boldy. Arabalar atlylaryň gözegçiliginde gidenlerinden soň, sähel wagt geçip-geçmän, indi egnine köne gara lybas geýip, ýaňky myhman hem at münüp, köşkden çykyp gitdi. Emma myhman şäheriň daşyna däl-de şäheriň içine ugrady. Ýene az salymdan soň ony şäheriň demirgazygynda, beýik ybadathananyň golaýynda ýerleşen Antoniý galasyna girip barýandygyny görmek bolýardy. Myhman galada hem köp eglenmedi, soňra onuň yzy aşaky şäheriň «gedaý tapmaz» gyňyr-gyşyk, dar köçelerinde göründi. Bu ýere ol indi gatyr münüp gelipdi. Myhman şäheri gowy bilýärdi, şonuň üçin ol gözleýän köçesini derrew tapdy. Bu köçäniň ady — Ýunanydy, çünki ol ýerde ýunanlylaryň birnäçe dükany, şeýle hem bir haly dükany-da bardy. Myhman edil şu dükanyň öňünde saklanyp, gatyrdan düşdi we onuň ýüpüni derwezäniň halkasyna ildirdi. Dükan ýapykdy. Myhman dükanyň ýanyndaky gapydan bir kiçijik, dörtburç howla girdi, howlyň töwereginde «P» şekilinde ambarlar bardy. Myhman howlyň burçundan geçip, bir öýüň öňi peçekgüller bilen örtülen eýwanyna bardy-da, töwerege göz gezdirdi. Öý hem, ambarlar hem entek çyra ýakylmansoň, gap-garaňkydy. Myhman pessaý ses bilen gygyrdy: — Niza! — Şu wagt gapy jygyldap açylyp, garaňkyň içinden ýüzi çadrasyz bir zenan eýwanda peýda boldy. Ol gelen adamyň kimdigini anyklamak maksadynda ýüregi gürs-gürs urup, eýwanyň gyrasyndan aşak egildi. Soň gelen adamy tanap, ýylgyrdy, baş atyp, el galdyryp salamlaşdy. — Ýeke özüňmi? — diýip ýuwaş sorady Afraniý grekçeläp. — Hawa — diýip, pyşyrdady zenan. — Ärim irden Kaýsariýa gitdi, — şu gepden soň zenan öwrülip işige seretdi-de, pyşyrdap: — Emma hyzmatkär aýal öýde — diýdi. — Soňra ol eli bilen yşarat edip, myhmany öýe çagyrdy. Afraniý öňürti töweregine bir nazar aýlap, daş basgançakdan eýwana çykdy. Soňra aýal hem, ol hem öýe girdiler. Afraniý bu aýalyň ýanynda juda az wagt, köp bolsa bäş minut eglendi. Şondan soň ol öýi we eýwany terk etdi-de, gaýtarma galpagyny gözüniň üstüne örtüp, köçä çykdy. Bu wagt öýlerde çyralar ýakylyp başlanypdy, köçelerde baýramyň öňüsyrasynda adamlar eýläk-de-beýläkdi, şoňa görä, gatyrly Afraniý köçeleri dolduran pyýadalaryň we atlylaryň arasynda ýitip gitdi. Onuň şondan soň nirelere baranyny bilýän ýok. Afraniýniň Niza diýip çagyran zenany bolsa ýeke özi galandan soň, juda howlukmaçlyk bilen geýimini çalşyryp başlady. Garaňkyda gerekli närselerini tapmak näçe kyn bolsa-da, ol çyrany ýakmady, hyzmatkäri-de kömege çagyrmady. Ol geýnip bolup, başyna gara bürenjek atynandan soň, sesi eşidildi. — Birew sorasa, meni Enantanyňka gitdi diýersiň. Garaňkyda kempiriň käýinýän sesi geldi: — Enantanyňk-a? Ýene şonuňka barjak bolýaňmy? Äriň oň ýanyna barmagy gadagan edipdi! Oýnaş tapyp berýänçi şol Enantaň! Äriň gelsin bakaly, aýdaryn... — Haý, haý, gapylsana, kempir — diýdi-de, Niza kölge ýaly bolup, otagdan suwlup çykdy. Onuň sandal köwşüniň sesi indi daş düşelen howly tarapdan gelýärdi. Hyzmatçy aýal bir zatlar hüňürdäp, eýwanyň gapysyny zynjyrlap galdy. Niza bolsa öýi terk etdi. Edil şu wagt Aşaky Şäherdäki howuzlardan birine alyp barýan başga bir dar köçedäki arkasy köçä, penjireleri howla bakýan bilniksiz bir öýüň ýol tarapdaky gapysyndan sakgal-murty gelşikli timarlanan, kellesine täze, ap-ak kefi (ýaglygyň bir görnüşi), egnine baýram mynasybetli mawy tallif, aýagyna jygyldap duran sandal köwüş geýen bir ýigit çykdy. Beýik baýram dabarasy sebäpli bezenen, bu gyrgyburun, gelşikli ýigit, öýli-öýlerine, baýram naharyna howlugýan pyýadalardan ozup barşyna, öýlerde yzly-yzyna çyralaryň ýanyp başlaýanyny synlaýardy. Bu ýaş ýigit bazaryň deňinden geçip, ybadathanaly baýryň eteginde ýerleşen hezreti Baş ruhany Kaifanyň köşgüne eltýän ýoldan ýöräp barýardy. Ýene ep-esli salymdan soň onuň Kaifa köşgüniň derwezesinden girip barýandygyny, aradan kän wagt geçmänkä köşkden çykyp gelýändigini görmek mümkindi. Ýigit şem çyralar we fakeller bilen ýagtylandyrylyp, baýram dabarasyna toplanan içi doly adamly köşkden gaýdyp, has batly, has şatlykly ýagdaýda Aşaky Şähere, yza howlukdy. Ol bazar meýdany bilen birleşýän köçäniň burçuna baranda, joşgunly mähelläniň arasyndan tans edýän ýaly uz basyp barýan, bürenjegini gözüne çenli ýapan aýal maşgalanyň öz deňinden ozup geçenini gördi. Ol bu owadan ýigitden ozup gidip, bir pursat bürenjegini ýokary göterip, oňa tarap bir otlukly nazar aýlady, emma ädimini ýuwaşatmady, göýä ozup geçen ýigidinden tizräk gaçyp gizlenmekçi bolýan ýaly, gaýta has gaty ýöredi. Ýigit ol aýaly diňe bir görüp oňman, eýsem ony tanady-da, tisgindi, onuň yzyndan aljyraňňy seredip, sakga durdy, soňra huşuna gelip, aýalyň yzyndan kowup başlady. Ol ýolda küýzeli bir adam bilen çakyşyp, tas ony ýykypdy, ahyry aýalyň yzyndan ýetip, tolgunmakdan ýaňa haslap, oňa gygyrdy: — Niza! Aýal yzyna öwrülip, ýigide göz süzüp sowuk seretdi, soňam nägilelik bilen, grek dilinde şeýle diýdi: — Ah, bu senmidiň, Iuda? Birbada tanamandyryn. Bir tarapdan bu gowy zat. Bizde bir yrym bar: eger tanyş adamyňy tanamasaň, ol kişi baý bolarmyş... Iuda gaty tolgunyp, ýüregi gara ýapynjaň astyndaky guş ýaly gaty-gaty urup, geçýän-gelýänler eşidäýmesin diýip, demi-demine ýetmän, pyşyrdap sorady: — Sen nirä barýarsyň, Niza? — Saňa näme? — diýip jogap berdi Niza, gadamyny ýuwaşadyp Iuda ulumsylyk bilen seredip. Şonda Iudanyň sesinde çagalara mahsus äheň duýuldy, ol tolgunyp pyşyrdady: — Be, o nämüçin?... Şertleşipdig-ä. Men-ä size barjakdym. Sen agşam öýde bolaryn diýipdiň-ä... — Aý ýok, ýok, — diýdi Niza aýnakylap, aşaky dodagyny ýokary galdyryp, şonda ol — Iuda öňde-soňda gören keşpleriniň içinde iň owadany bolup görnenindenem has owadan ýaly täsir etdi. — Öýde — içim gysdy. Siz-ä baýram edýäňiz, eýse, men näme etmeli? Oturyp, eýwanymyň ýanynda uludan dem alyşyňa tomaşa edeýinmi? Üstesine, hyzmatkär aýal haçan ärime şugullarka diýip, gorkup oturaýynmy? Ýok, ýok, menem şäheriň daşyna çykyp, bilbilleriň owazyny diňlemegi karar etdim. — Şäheriň daşyna diýýäňmi? — diýdi Iuda özüni ýitirip, — täk özüňmi? — Elbetde, täk özüm — diýip, jogap berdi Niza. — Onuň ýaly bolsa, seni ugratmaga rugsat et? — diýip, Iuda demigip sorady. Onuň pikirleri bulaşdy, dünýädäki bar zatlary unutdy, onuň ýalbaryş bilen bakýan nazaryna Nizaryň mawy gözleri gara bolup göründi. Niza jogap bermän, gadamyny tizledi. — Nämüçin dymýarsyň, Niza? — diýip sorady Iuda, ýalbaryjy äheňde, onuň bilen deň gadam urmaga çalşyp. — Sen meniň içimi gysdyrman, hoş edip bilermiň? — diýdi birden Niza säginip. Şu pursatda Iudanyň aňkasy aşdy. — Ýeri, bolýa, — diýdi Niza ahyry birneme ýumşap, — gitdik. — Nirä, nirä gideris? — Howlukma... gel, gowusy, ine, şu howla girip, şertleşeli, ýogsa men tanyş-bilişleriň biri görüp, soň Nizany köçede oýnaşy bilen gördük diýip, gep ýaýradyp ýörer öýdüp gorkýan. Şobada Niza bilen Iuda bazardan gaýyp boldular. Olar haýsydyr bir howlynyň basdyrmasynyň ýanynda pyşyrdaşýardylar. — Sen zeýtunly mülke bar — diýdi Niza pyşyrdap, şol bir wagtda eli bedreli, basdyrmanyň ýanyndan geçip barýan bir nätanyş erkekden ýüzüni çete öwrüp, bürenjegini gözüne örtüp. — Kedronyň aňyr tarapyndaky Hefsimaniýa bagyna, düşündiňmi? — Hawa, hawa, hawa. — Men öňden gideýin — diýip dowam etdi Niza, — emma sen yzymdan garama-garama ýöreme, menden üzňe git. Çeşmeden geçeniňden soň gowak bar... bilýäňmiň onuň nirededigini? — Bilýän, bilýän... — Juwazyň deňinden geçip, depä göteril-de, soňra gowaga tarap öwrül. Men şol ýerde bolaryn. Emma häzir yzyma düşme, kanagat edip, şu taýda garaş. — Niza şu sözleri aýdyp, hamala Iuda bilen sözleşmedik ýaly, basdyrmadan çykyp gitdi. Iuda howlugýan hyýalyny bir ýere jemlemäge çalşyp, bir salym ýeke durdy. Şol bir wagtda ol öz ýakynlaryna aýt-baýram zyýapatyna gatnaşyp bilmänligi üçin nähili bahana tapjagy barada oýlandy. Ol duran ýerinde her hili ýalan bahanalary oýlap tapýardy, emma gaty tolgunýanlygy sebäpli, kellesine ibaly pikir gelenokdy, şu halda aýaklary ony basdyrmanyň astyndan biygtyýar alyp çykyp gitdi. Indi ol ýoluny üýtgetdi. Aşaky Şähere tarap howlukman, ýene Kaifanyň köşküne tarap yza dolandy. Iuda indi daş-töwereginde bolýan wakalary onçakly görmeýärdi. Baýramçylyk ruhy şähere eýýäm girip gelýärdi. Iuda geçip barýarka köçe gapdaldaky penjireler diňe bir ýagtylman, eýsem olardan baýram şatlygy we gutlaglar eşidilýärdi. Gijigen ýolagçylar eşeklerini gyssap, gygyrşyp geçip barýardylar. Iudanyň aýaklary öz-özünden ýöräp barýardy, netijede ol bar ýerini moh basan eýmenç Antoniý minaralarynyň deňinden ötenini-de duýmady, şäherde çalynýan surnaý seslerini hem eşitmedi, elindäki fakelleri bilen öz ýoluny howsalaly ýagtylandyran rimli atly sakçylara-da perwaý etmedi. Iuda minaranyň golaýyndan geçip, yza seredip, buthananyň üstünde, örän belentde iki sany örän ullakan bäş şemli gülçyranyň ýanýandygyny gördi. Emma Iudanyň gözüne ol şemler hem çalaja göründi, nazarynda Ýerşalaimiň üstünde misli görülmedik ululykdaky on sany şemçyrag ýakylyp olar şäheriň üsti bilen ýuwaş-ýuwaş ýokaryrak göterilip barýan gijäniň ýeke-täk şamçyragy — Aý şöhlesi bilen şöhle saçyşmakda bäsleşýän ýaly bolup duýuldy. Indi Iudanyň hiç zat bilen seri bolman, ol diňe Hefsimaniýa derwezesine tarap ymtylýardy, tizräk şäheri terk edip, çykyp gitmegi isleýärdi. Käte gözüne köçedäki mähelläniň arasynda Nizanyň uz basyp barýan sudury görnüp, özüni yzyna düşürip barýan ýaly duýulýardy. Emma bu ýalançy hyýaldy — Nizanyň özünden has ozup gidenine Iuda düşünýärdi. Ol serrap dükanlarynyň ýanyndan geçip, ahyry Hefsimaniýa derwezesine ýetdi. Näçe howluksa-da, ol bu ýerde bialaç eglenmeli boldy, çünki şähere düýeli kerwenler girip gelýärdi, kerweniň yzyndan siriýalylaryň harby garawullary tirkeşip geldi welin, Iuda olara öz ýanyndan gargyş etdi... Emma her bir zadyň soňy bolýar. Bitakat Iuda indi şäher derwezesiniň daşyndady. Ol çep tarapynda kiçiräk bir gonamçylygy, onuň ýanynda zyýaratçylaryň ala-mula çadyrlaryny gördi. Iuda Aý ýagtysyna çümen gumak ýoly kesip geçip, Kedron çeşmesine tarap okduryldy. Çeşme onuň aýagynyň aşagynda şyrlap akýardy. Ol daşdan-daşa böküp, ahyry bulagyň aňyrky, Hefsimaniýa kenaryna geçdi we baglaryň depesindäki ýoluň boşdugyny görüp, köňli joşdy. Sähel aňyrrakda zeýtun mülküniň ýarym haraba derwezesi göründi. Dymyk howaly şäherden çykan Iuda bahar gijesiniň atyryndan serhoş boldy. Bagdaky mirta daragtlarynyň we Hefsimaniýa meýdançasyndaky akasiýa agaçlarynyň ýakymly ysly tolkuny burna gelýärdi. Derwezede garawul ýokdy, umuman, bu ýerlerde hiç kim ýokdy, şoňa görä, sähel salymdan Iuda gür şahaly äpet zeýtun daragtlaryň täsin saýalarynyň astyndan ylgap gitdi. Ýol ýokarlygyna barýardy, Iuda agyr-agyr dem alyp, Aý şöhlesiniň döreden nagyşly köçelerini basyp gelýärdi, bu kölgeler Nizanyň gabanjaň äriniň dükanyndaky nagyşly halylaryny ýatladýardy. Biraz wagtdan soň juda çep tarapda juwazy, onuň ullakan daş tigirini we üýşüp ýatan çelekleri gördi. Bagda hiç kim ýokdy. Iş gün ýaşanda gutarypdy. Bagda ýeke jan hem ýokdy we ümsümlikdi, Iudanyň depesinde indi bilbiller dynman saýrap, zar çekýärdiler. Iudanyň gözleýän ýeri ýakyndy. Ol häzir sag tarapda, tümlükde gowakda şyrlap akýan suwuň owazyny eşider. Şeýle-de boldy, ol suwuň sesini eşitdi. Salkynlyk aralaşdy. Şonda ol ädimini ýuwaşadyp, çalaja seslendi: — Niza! Emma Nizanyň ýerine ýogyn zeýtun daragtynyň aňyrsyndan bir daýaw erkek kişi ýola çykdy, onuň elinde bir zat ýalp edip, öçdi. Iuda çalt yza tesip, näýynjar ses bilen gygyrdy: — Ah! Ikinji bir adam onuň ýoluny kesdi. Iudanyň garşysyndaky birinji adam ondan sorady: — Häzir näçe pul aldyň? Geple, eger janyňa haýpyň gelse! Iudanyň kalbynda umyt uçguny parlady. Ol janhowluna yňrandy: — Otuz tetradrahma! Otuz tetradrahma! Puluň hemmesi ýanymda. Ine, ol! Pulumy alyň, ýöne janyma degmäň! Öňündäki adam göz açyp-ýumasy salymda Iudanyň elindäki gapjygyny kakyp aldy. Edil şu wagt Iudanyň arkasynda pyçak ýyldyrym dek lowurdap, aşyk ýigidiň kebzesiniň aşagyna çümdi. Iuda bu zarbadan öňe entirekledi we barmaklary ýumlan elini ýokary göterdi. Öňdäki adam hem öz pyçagyny tä sapyna çenli Iudanyň ýüregine süsdürdi. Iuda: — Ni... za... — diýip, özüniň ýaş hem belent sesi däl-de, naýynjar melamatly owaz bilen seslendi, soň demi çykmady. Onuň jesedi ýere şeýle gaty uruldy welin, ýerden ses çykdy. Şonda ýolda üçünji kimse peýda boldy. Bu — egnine gaýtarma galpakly plaş geýen adamdy. — Tizräk boluň — diýip buýrdy üçünji şahs. Ganhorlar onuň uzadan hatyny çakganlyk bilen gapjyga goşup, göne doladylar-da, kendir bilen daňdylar. Ikinji düwünçegi goltugyna saldy, şundan soň, iki ganhor ýoldan özlerini çete çekdiler-de, zeýtunlaryň arasyna, zulmat gujagyna girip, gaýyp boldular. Üçünji kimse bolsa jesediň ýanynda çommalyp, onuň ýüzüne äňetdi. Öliniň ýüzi kölgede edil hek ýaly ap-ak bolup, örän owadan we nurana göründi. Ýene birnäçe sekuntdan soň ýol üstünde birem diri jan galmady. Diňe jansyz jeset ellerini serip ýatyrdy. Onuň çep aýagyna Aý şöhlesi düşüp, aýakgabynyň her bir tasmasy anyk görnüp durdy. Bu mahal bilbiller bütin Hefsimoniýa bagyny başlaryna göterip, saýraýardylar. Iudany pyçaklap öldüren iki kişiniň nirä ýol alany hiç kime mälim däl, emma gaýtarma galpakly adamyň baran ýeri bize mälim. Ol jenaýat bolan ýeri terk edip, zeýtun bagynyň içine girip, günorta ýöredi. Soň derwezeden uzagrakda bagyň günorta burçundaky gözenek diwardan aşyp geçdi. Sähel salymdan soň ol Kedron kenaryna çykdy. Ol suwa girip, tä iki sany aty we atlaryň ýanynda duran jylawdaryň garasyny görmeýänçä, suwdan ýöredi. Atlar hem suwuň içinde durdy. Suw olaryň toýnaklaryny ýuwup, şowlap akýardy. Jylawdar bir ata, gaýtarma galpakly adam ikinji ata mündüler, soň ikisi-de suwuň içinden sürdüler. At toýnaklarynyň astynda daşlar şagyrdaýardy. Soňra atlylar suwdan Ýerşalaim kenaryna çykdylar we şäher diwaryny ýakalap, atlaryny gorduryp gidiberdiler. Şu ýerde jylawdar ýoldaşyndan aýrylyp, öňe at çapdyryp gitdi we derrew gözden ýitdi, gaýtarma galpakly adam boş ýolda atyny saklap düşdi-de, plaşyny çykaryp çöwrüp geýdi, plaşyň aşagyndan pet dakylmadyk ýasy tuwulgany kellesine geýdi. Indi ol ata harby lybasly, kelte gylyçly adam tüýsünde mündi. Ol jylawyny silkende, ýyndam at üstündäki suwary bilen ýortup gitdi. Indi menzil daş galdy. Atly Ýerşalaimiň günorta derwezesiniň öňüne geldi. Derwezäniň maňlaýyndaky fakelleriň ýalny biynjalyk lowlaýardy. Ýyldyrym tizlikli legionyň ikinji kenturiýasyndan bolan sakçy esgerler daş oturgyçlarda oturyp, aşyk oýnaýardylar. Olar derwezeden girip gelýän atly harbyny görüp ýerlerinden laňňa turdylar, emma harby atly olara el salgady-da, şähere girdi. Şäherde baýramçylyk çyralary lowurdaýardy. Hemme penjirelerde şemleriň ýalny ýalpyldap, ähli tarapdan bitertip şadyýana hamdy-sanalar, bagyr-bugur sesler gelýärdi. Atly köçä açylan penjirelere ogryn seredip, mal etini, meý doldurylan bulgurlary we gök otlar goýlan baýramçylyk saçagynyň başynda oturan adamlary görýärdi. Ol mylaýym bir aýdymyň heňine sygylyk çalyp, Aşaky Şäheriň guwlap galan köçelerinden atyny ýuwaş gordurup, Antoniý minarasyna tarap gidip barşyna, ybadathananyň depesinde parlap duran, dünýäde deňi-taýy ýok bäş şemli uly gülçyra, şeýle hem ondan hem beýigräkde erkin duran Aýa seredýärdi. Beýik Irad köşgi pasha gijesindäki dabara asla gatnaşmaýardy. Köşgüň Rim kagortasynyň ofiserleri we legion serkerdesi ýerleşen, günorta tarapa garadylan goşmaça otaglarynda çyralar ýakylgydy, ol ýerde nähilidir hereket, durmuş duýulýan bolsa hem, bu ýerde mejbury ýaşaýan ýeke-täk adam — prokuratoryň jaýlaşan köşgüniň mahabatly sütünleri, altyn heýkeller bilen bezelen, öň tarapy parlak Aý nurundan ýaňa kör bolan ýalydy. Bu ýerde köşk içinde tümlük we ümsümlik höküm sürýärdi. Şu sebäpli prokurator Afraniýa aýdyşy ýaly, içerik girmek islänokdy. Ol düşegi balkona ýazmagy buýrdy. Ol Afraniý bilen bile şu ýerde naharlanyp, ir bilen Ha-Nosrini şu ýerde sorag edipdi. Prokurator düşegine gyşardy, emma gözüne uky gelmedi. Ýalaňaç Aý örän ýokarda, mawy asmanda asylyp durdy we porkurator birnäçe sagatlap ondan gözüni aýyrman ýatdy. Takmynan ýarygije bolanda, uky igemona rehim etdi. Ol endiräp, uludan dem aldy-da, plaşyny çykaryp taşlady, köýneginiň üstünden daňlan, gynyna salnan ýasy polat pyçak asylan kemerini aýryp, golaýynda duran kürsä goýdy, köwşüni çykaryp, uzyn süýndi. Şu wagt Banga hem onuň düşegine çykyp, başyny eýesiniň kellesine degrip, onuň ýanynda gyşardy, prokurator hem bir elini köpegiň boýnuna taşlap, ahyry gözüni ýumdy. Köpek diňe şondan soň uka gitdi. Onuň düşegi ýarym garaňky ýere, sütüniň penasyna goýlan bolup, ol Aý şöhlesini böwetläp durdy, emma balkona çykyp gelinýän basgançakdan tä prokuratoryň düşegine çenli Aý şöhlesi uzyn düşek ýaly bolup ýazylypdy. Prokurator uka gidip, töweregindäki barlygyň ähli närsesi bilen aragatnaşygy üzen badyna, şöhle düşekden ýöräp gitdi, ýörände hem ýokarlygyna, göni Aýa tarap ýol aldy. Ol düýşünde öz gidip barýan ajaýyp, dury mawy ýolunda duşan bar zadyň gözeldigine guwanyp, hatda güldem. Ony Banga ugradyp barýardy, ýene ykmanda filosof-da oňa hemrady. Ikisi örän çylşyrymly we möhüm bir mesele barasynda jedelleşýärdiler, ýöne bu jedelde ne ol, ne-de beýleki üstün çykýardy. Olar hiç bir närsede bir-birleri bilen ylalaşyp bilmeýärdiler, şoňa görä, jedel örän gyzykly we tükeniksizdi. Öz-özünden mälim ki, bu günki ölüm jezasy asla düşünişmezlik bolup çykdy — ahyr, ine, hemme adamlar sahabatlydyrlar diýip, ýokary derejeli bimany pikir oýlap tapan şol akyldar onuň bilen ýanma-ýan gidip barýardy, diýmek, ol diri. Elbetde, şeýle adamy ölüm jezasyna buýrmak hakda hatda oýuňa getirmegiň özi hem örän eýmenç. Ölüm jezasy bolmandyr! Bolmandyr! Göge, Aýa bakan edilýän syýahatyň bar ajaýyplygy-da şunda. Boş wagt näçe isleseň, şonça-da bardy, gök gübürdisi diňe agşama golaý, başlanar we gorkaklyk, şübhesiz, iň erbet häsiýetlerden biri. Iýeşua Ha-Nosri şeýle diýipdi. Ýok, pähimdar, men saňa nägilelik bildirýärin: gorkaklyk — iň ýaman dert. Ine, meselem, betgahar germanlar Gyzlar deresinde pälwan Krysaboýy gemrip taşlamaga az galanda, Iudeýanyň bu günki prokuratory, öňki legion tribuny gorkmandy. Emma bagyşlarsyňyz meni, filosof! Näme siz, şeýle aňly-düşünjeli adam bolsaňyzam, Iudeýanyň bu günki porkuratory bolan adamy beýik kaýsar hezretine garşy jenaýat eden bir adam üçin öz wezipe derejesinden ýüz dönderer öýdýärsiňiz? — Hawa, hawa — diýip, Pilat düýşünde yňranyp hamsykdy. Elbetde ýüz dönderer. Ir bilen ýüz döndermese-de, emma häzir, gije hemme närsäni terezä salyp görensoň, ýüz döndermäge razy. Ol hiç hili günäsi bolmadyk akylsyz, hyýalbent bu hekimi ölüm jezasyndan azat etmek üçin ähli zada kaýyldyr! — Indi biz daýym bile bolarys — diýýärdi oňa düýşünde, eginbaşy ýyrtyk ykmanda danyşment, emma altyn naýzaly bu atlynyň onuň ýolunda nähili peýda bolany nämälimdi. Adam bar ýerde adam bolar! Meni ýatlasalar, diýmek, seni hem ýatlarlar! Ata-enesi mälim bolmadyk — men taşlandyny hem, münejjimler şasy bilen kilwanyň gyzy — sahypjemal Pilanyň perzendi bolan — seni hem. — Hawa, her halda sen meni unutma, meni — münejjimiň ogluny ýatlap dur, — diýip, Pilat düýşünde haýyş edýärdi. Şonda Iudeýanyň daşbagyr prokuratory özi bilen ýanma-ýan barýan En-Sariddan çykan ykmandanyň bolýar diýen manyda baş atanyny görüp, düýşünde bir aglap, bir gülýärdi. Bularyň hemmesi gowy. Ýöne igemonyň düýşi näçe oňat bolan bolsa, oýanyşy şonça-da eýmenç boldy. Banga Aýa seredip hyrlady, şonda ýag çalnyp tyýpançak edilen dek bolan mawy ýol birden prokuratoryň gözüniň alnynda opuryldy. Ol gözüni açdy-da, birinji nobatda ölüm jezasynyň bolup geçen wakasyny ýadyna saldy. Ilki endigine görä Banganyň boýunbagyndan tutdy, soň hassa gözleri bilen asmandan Aýy agtaryp başlady: Aý azajyk birýana süýşüp, haýal sönüp agarýardy. Şu wagt Aýyň nuruny balkonda onuň gözüniň öňünde başga bir ýaramaz we lyp-lyp edýän ýagtylyk öçürip ugrady. Bu kenturion Krysaboýuň elindäki fakeldi. Krysaboý özüne topuljak bolýan betgahar köpege eýmenç we gazap bilen gyýa bakyp durdy. — Degme, Banga, — diýdi prokurator hassa owaz bilen we üsgürdi. Soň aýasy bilen gözüni otdan tosup, dowam etdi: — Hatda gijesine-de, Aýyň ýagtysynda-da maňa rahatlyk ýok. Eý, hydaýlarym! Siziňem wezipäňiz düzüw däl, Mark. Esgerleri maýyp edersiňiz... Mark prokuratora aňk-taňk bolup seretdi, şonda prokurator özüne geldi. Ol ukuly halda biygtyýar aýdan sözlerini ýumarlajak bolup gepledi: — Hapa bolma, kenturion, gaýtalap aýdýaryn, meniň ýagdaýym siziňkiden hem ýaman. Näme iş bilen geldiň? — Gizlin garawullar başlygy huzuryňyza girmekçi — diýdi Mark hatyrjem äheňde. — Çagyryň, çagyryň, — diýip prokurator bokurdagyny arçamak üçin üsgürinip, şol bir wagtda, ýalaňaç aýaklary bilen sermenip, köwüşini gözledi. Sütünlerde gülhanlar parlady, kenturion aşagy galyň hamdan edilen çarygy bilen nagyşly polda dürküldäp baga çykdy. — Aý aýdyňda hem maňa dynçlyk ýok — diýdi öz-özüne prokurator, dişlerini gyjyrdadyp. Balkonda kentturiona derek indi gaýtarma galpakly adam peýda boldy. — Banga, degme — diýip, prokurator pessaý aýtdy, köpeginiň ýeňsesini owkalady. Afraniý gepe başlamazdan öňürti, öz adatyna görä, töweregine garady-da, kölegä çekildi, soň balkonda Bangadan başga artykça janly jemendäniň ýoklugyna göz ýetirenden soň, ýuwaşja sözledi: — Meni suda bermegiňizi soraýaryn, prokurator. Siz hak aýdypsyňyz. Men Kiriafly Iudany gorap bilmedim, ony pyçaklap gidipdirler. Meni işden boşadyp, suda beriň. Afraniýiň nazarynda, özüne dört göz — itiň we möjegiň gözleri dikilip duran ýaly boldy. Afraniý egnindäki eşiginden hemme ýerinde gan gatap galan we iki möhür basylan gapjyk çykardy. — Ine, şu pully haltajygy hezreti baş ruhanynyň öýüne taşlap gidipdirler ganhorlar. Haltajykdaky tegmiller — kiriafly Iudanyň gany. — Be, onda näçeräk barka? — diýip sorady Pilat haltajyga eňilip. — Otuz tetradrahma. Prokurator çala gülümsiräp diýdi: — Az. Afraniý dymdy. — Öldürilen nirede? — Bu maňa mälim däl — diýdi gaýtarma galpagyny hiç haçan başyndan çykarmaýan adam, hatyrjemlik bilen öz mynasybetini saklap. — Ir bilen agtaryp başlarys. Prokurator bir tisgindi, köwşüniň asla dakylmaýan iliklerini öz bolşunda galdyrdy. — Ýöne onuň hakykatdan hem, öldürendigi size mälimdir-ä? Bu sowalyna prokurator ýönekeý jogap aldy: — Men, prokurator, on bäş ýyldan bäri Iudeýada işleýärin. Men gulluga Waleriý Grat döwründe başlapdym. Adamy öldürilen diýmek üçin onuň jesedini görmek hökman däl, şuňa görä, sizi habardar edýärin, Kiriaf şäherinden gelen Iuda atly kimsäni mundan birnäçe sagat öň pyçaklap gitdiler. — Meni bagyşlaň, Afraniý — diýdi Pilat, — henizem ukymdan doly açylmandyryn, şol sebäpden şeýle diýdim. Men gowy uklap bilemok — prokurator ýylgyrdy, — mydama düýşümde Aý şöhlesini görýärin. Göz öňüne getirip gör, örän gülkünç. Göýä men şol şöhläni boýlap, seýran edýärmişim. Şeýlelikde, men bu iş barada siziň edýän çakyňyzy biljek bolýan. Ony nireden gözlemekçi? Hany oturyň, gizlin gullugyň başlygy. Afraniý tagzym kyldy, oturgyjy ýakynrak süýşürip oturanda, gylyjy nagyşly pola degip, şemşiri şarkyldady. — Men ony Hefsimaniýa bagyndaky juwazyň ýanyndan gözlejek bolýaryn. — Ýeri, ýeri, Nämüçin ala-böle şo ýerden? — Igemon, meniň pikirimçe, Iuda ne Ýerşalaimiň özünde, ne ondan daşrak bir ýerde öldürilendir. Ony Ýerşalaimiň eteginde öldürendirler. — Sizi men öz işiniň ussady diýip hasap edýärin. Rimde ýagdaýyň nähilidigin-ä bilemok, ýöne bu koloniýada size deň geljek ýok. Düşündiriň, sebäbi näme? — Iudanyň şübheli adamlaryň eline şäheriň içinde düşjegini asla göz öňüme getirip bilemok, — diýip pessaý gepläp başlady Afraniý. — Köçede birewi bildirmän öldürip bolmaz. Diýmek, ony aldap, haýsy-da bolsa bir pessejik ýerkümä alyp barmak gerek. Gullugyň nökerleri Aşaky Şäheri agtardylar, eger şäheriň içinde öldürilen bolsa, ony tapman goýmazdylar. Emma ol şäherde ýok, muňa men kepil. Eger ony şäherden uzakda öldüren bolsalar, onda bu pully gapjyk hezreti baş ruhanynyň öýüne munça tiz gelip düşmezdi. Ol şähere ýakyn ýerde öldürilendir. Ony şäherden aldap äkidipdirler. — Munuň nähili meýilleşdirilene aklym çatanok. — Hawa, prokurator, bu işde döreýän iň agyr sowal şu, ony çözüp boljakmy, bolmajakmy, hatda özüm hem bilmeýärin. — Dogrudan hem, örän syrly! Dindar adam aýyt agşamynda, baýram naharyndan ýüz dönderip, nämälim sebäp bilen şäherden çykyp gidýär-de, şol ýerde gurban bolýar. Ony kim haýsy usul bilen aldap alyp gitdikä? Aýal adamyň işi dälmikä bu? — Birden ruhlanyp sorady prokurator. Afraniý arkaýyn we pert jogap gaýtardy: — Asla beýle däl, prokurator. Beýle mümkinçiligi aradan aýyrmak gerek. Logiki taýdan pähimlemeli. Iudanyň ölümi kim üçin zerur? Haýsydyr bir ykmanda hyýalparazlar toplumy, olaryň döwresinde aýal adamyň bolmagy mümkin däl. Men size aýtsam, prokurator, öýlenmek üçin pul gerek, adamzady ýagty dünýä getirmek üçinem şol närse zerur, emma aýalyň kömegi bilen bu işi amala aşyraýjak bolsaň, aýdaly, juda köp serişde gerek, ol bolsa ykmandalaryň birinde-de ýok. Bu işde aýal jynsynyň eli, ýok prokurator. Şuny hem aýdyp goýaýyn, jenaýaty bu usulda beýan etmegiň işi çolaşdyryp, dogry netije çykarmaga maňa-da päsgel bermegi, ýalňyşdyrmagy ahmal. — Görýän welin, siz mamla, Afraniý — diýdi Pilat, men diňe öz çaklamamy aýtdym, bolany. — Gynansagam, bu ýalňyş, prokurator. — Ýeri, onda nätmeli? — diýdi prokurator, Afraniniň ýüzüne öte synçylyk bilen dikanlap. — Meniň çakyma görä, sebäp — şol pul. — Örän gowy pikir! Emma kim we nämüçin oňa gijelikde pul teklip edýär, üstesine-de şäheriň çetinde? — Aý, ýok, prokurator, beýle däl. Mende ýeke-täk bir çaklama bar, eger ol ýalňyş bolup çyksa, başga düşündiriş tapyp bilmesem gerek, — Afraniý prokurator tarapa eglip, pyşyrdap diýdi: — Iuda öz puluny diňe özüne mälim bolan bir hylwat ýerde gizlejek bolandyr. — Örän inçe düşündiriş. Çyndan hem şeýle bolany anykmyka diýýän. Indi pikiriňize düşündim; ony adamlar däl-de, öz oý-pikiri şäherden alyp çykandyr. Hawa, hawa, hut şeýle. — Şeýle. Iuda ynanmazak adam bolupdyr. Ol pullaryny özgelerden ýaşyrypdyr. — Hawa, siz Hefsimaniýada diýdiňiz. Emma nämüçin ony diňe şol ýerden gözlejek bolýaňyz, dogrusy, men muňa hiç düşünip bilemok. — O, prokurator, muňa düşünmek örän aňsat. Hiç kim öz puluny ýol üstünde, açyk we boş ýerde gizlemeýär. Iuda Hewron ýolunda hem, Wifaniýa ýolunda hem bolmandyr. Ol çar ýany gür daragtly, adam görmeýän gizlin ýere baran bolmaly. Bu örän ýönekeý zat. Ýerşalaimiň golaýynda bolsa Hefsimaniýadan başga beýle hylwat ýer ýok. Ol uzaga gitmeli däldi. — Meni doly ynandyrdyňyz. Ýeri, indi näme etmeli? — Men derrew adamlaryma şäheriň daşynda Iudanyň yzyna düşen ganhorlary agtarmagy buýraryn-da, özüm size aýdyşym ýaly, kazyýete bararyn. — Nämüçin? — Iuda agşam Kaifanyň köşgünden çykandan soň, meniň adamlarym ony bazarda gözden ýitiripdirler. Nädip beýle bolandygyna akylym çatanok. Ömrümde beýle ýagdaý ýüz bermändi. Siziň bilen söhbetleşip çykan badyma, ony gözastyna alypdyk. Emma bazara golaýlaşanda, ol bir emel bilen gözümize güýdüşip, nam-nyşansyz ýitdi. — Bolýar. Indi meni diňläň, sizi suda bermäge esas ýok. Siz eliňizden gelen bar işi etdiňiz, dünýädäki hiç bir kimse, — şu ýere gelende, prokurator ýylgyrdy — sizden köp iş bitirmezdi. Siz Iudany gözden ýitiren aňtawçylaryňyza temmi beriň. Ýöne duýdurup goýaýyn, beren temmiňiz gaty çökder bolmasyn. Her näme-de bolsa, biz şol deýýus üçin elimizden gelenini etdig-ä! Ýogsa-da, bir zady soramagy undupdyryn — prokurator maňlaýyny gaşady, — puly nädip Kaifanyň köşgüne taşlap bildilerkä? — Bilýäňizmi, prokurator... Bu iş gaty çetin däl. Ar alyjylar Kaifanyň köşgüniň arka tarapyndan barypdyrlar, ol ýerde köşgüň yzky howlusyna barýan dar köçe bar. Bukjany olar diwaryň üstaşyry oklapdyrlar. — Içindäki haty bilenmi? — Hawa, edil siziň çak edişiňiz ýaly, prokurator. Ine, özüňizem görüň, — diýip, Afraniý bukjanyň üstündäki möhüri aýryp, ony Pilata görkezdi. — Be-e, nätdiň-aý, Afraniý, möhür buthanaňkydyr-a! — Prokurator zynhar munuň aladasyny etmesin — diýdi Afraniý bukjany gaýtadan ýapyp. — Diýmek, sizde hemme möhürler bar-da? — diýip, Pilat geň galyp ýylgyrdy. — Başgaça bolmalam däl, prokurator — diýip, Afraniý gülmän-yşman, pert jogap berdi. — Kaifanyňkyda nämeler bolanyny göz öňüme getirýärin. — Hawa, prokurator, bu ýagdaý uly tolgunma döredendir. Şu sebäpli meni derhal çagyrtdylar. Pilatyň gözleriniň alagaraňkyda-da ýanyp gideni anyk göründi. — Be, bu gaty gyzykly, gaty gyzykly... — Size garşylyk görkezmäge het ederin, bu gyzykly bolmandyr. Bu örän ýürege düşgünç we surnukdyryjy iş. Meniň Kaifa köşgünde kimedir birine pul tölenipmidi diýen sowalyma, kesgitli ýok diýip jogap berdiler. — Şeý diýseňiz-le! Bolýa-da, tölemedik bolsalar, tölän däldirler. Beýle bolsa, ganhorlary tapmak has hem kynlaşar. — Gaty dogry, prokurator. — Ýogsa-da, Afraniý, kelläme duýdansyz bir pikir geldi: ol öz janyna kast eden-ä däldir? — Aý, ýok, prokurator — diýip jogap berdi Afraniý, haýran galmakdan ýaňa kürsüde arkan gaýşyp, — bagyşlaň, bu asla boljak zat däl! — Aý, bu şäherde bolmajak zat ýokdur. Bu hakda ýakyn wagtda şähere myş-myşlaryň ýaýrajagyna men jedelem edip bilerin. Şonda Afraniý prokuratora çynlakaý bakyp, oýlanyp, jogap berdi: — Bu bolup biler prokurator. Kiriafly Iudanyň öldürlendigi açyk-aýdyň bolsa-da, prokurator bu meseleden aýrylyşasy gelmeýän ýalydy, şoňa görä, birgeňsi arzuwçyllyk bilen: — Ony nädip öldürendiklerini öz gözüm bilen görmek islärdim — diýdi. — Ol örän uly ussatlyk bilen öldürilendir, prokurator — diýip, Afraniý prokuratora birazajyk kinaýa bilen jogap berdi. — Siz ony nirden bilýäňiz? — Merhemet edip, gapjyga üns beriň, prokurator — diýip jogap berdi Afraniý, — sizi ynandyryp diýýärin ki, Iudanyň gany çogup çykypdyr. Men öz ömrümde öldürilenleri kän görüpdim, prokurator! — Diýmek, ol gaýdyp ýerinden turan däldir? — Ýok, prokurator turar — Afraniý ýylgyryp filosoflarça jogap berdi, diňe bu ýerde garaşylýan Esrapyl sury onuň kellesiniň üstünde ýaňlanan çagda. Ondan ozal turmaz! — Bes, Afraniý! Bu mesele aýdyňlaşdy. Indi depin meselesine geçeli. — Ölüm jezasyny alanlar depin edildi, prokurator. — O, Afraniý, sizi suda bermek jenaýat bolardy. Siz beýik sylaga laýyksyňyz. Ýeri, nähili edip? Afraniý söze başlap, özüniň Iudanyň işi bilen meşgul wagty, öz orunbasarynyň ýolbaşçylygynda gizlin garawul gullugynyň toparynyň agşamara Takyr Depä ýetip barandygyny, emma ol ýerden bir jesediň tapylmandygyny aýtdy. Pilat tisginip, boguk ses bilen: — Bäh, beýle zadyň boljagynyň huşumdan çykyşyny diýsene! — Asla biynjalyk bolmaň, prokurator — diýdi Afraniý we hekaýasyny dowam etdi: — Gözlerini ýyrtyjy guşlar çokan Dismas bilen Gestasyň jesetlerini tapyp, soň, derhal üçünji jesedi agtarmaga girişýärdiler. Tizden ony hem tapýarlar. Bir adam... — Lewiý Matweý — diýdi Pilat, sowal manysynda däl-de, köpräk tassyklamak manysynda. — Hawa, prokurator... Lеwiý Matwеý Tаkyr Dеpäniň dеmirgazyk ýaрgydynda bir gоwagyň içindе gаraňky düşеrine gаraşýardy. Iеşua Hа-Nоsriniň ýalаňaç jеsedi hеm оnuň ýаnyndady. Sаkçylar ellеri fаkelli gоwaga girеnlerinde, Lеwiýniň ruhу düşüр, gаhary gеldi. Оl özüniň jеnaýat etmеdigini, hеr bir уnsanyň, kаnuna görä, еger islеse, öldürilеn jеnaýatçyny dеpin etmеk hukugуna eýеdigini аýdyp gуgyrýar. Lеwiý Matwеý jesеdiň ýаnyndan аýrylmak islemеýändigini аýdýar. Оl gаty tоlgunyp, tutarуksyz gеpleri gygуryp, kä ýаlbarýar, kätе nälеt оkaýar... — Оny tutmаly bоldumy? — diýiр, Рilat gahаrly sоrady. — Ýоk, рrokurator, ýоk — diýiр tеsgin bеrdi Afrаniý, — gahаrjaň аkmagy jеset jаýlanar diýiр köşеşdirdiler. Lеwiý аýdylany aňкndan gеçirip, rаhatlandy, ýönе оl hiç ýеre gitmän, jаýlanyşa gatnаşjakdygyny bеýan еtdi. Оl öldürsеňizem gitmеrin diýiрdir, hаtda özüni öldürjеk bolsаlar, ýаnyndaky çörеk kеsýän рyçagyny hеm hödür еdipdir. — Оny kоwdularmy? — diýiр, bаsyk sеs bilеn sorаdy Рilat. — Ýоk, prоkurator, ýоk. Кömekçim оňa dеpin еdilmek çärеsine gаtnaşmaga rugsаt beriрdir. — Вu işе kömеkçileriňiziň hаýsysy ýоlbaşçylyk еtdi? — diýiр sоrady Рilat. — Tоlmaý — diýiр jоgap bеrdi Аfraniý, sоň howаtyrlanyp sözünе gоşdy: — Bеlki, оl ýаlňyşandyr? — Dowаm еdiň — diýdi Рilat, — ýаlňyşmandyr. Mеn, Afrаniý, dоgrusy, birnеme özümi ýitiriр bаşlapdyryn, ýоgsa mеn häzir hiç bir işdе hаta gоýbermeýän аdam bilеn sözleşiр durun. Şоl adаm — siz. Lewiý Matweýi jezalandyrylyp öldürilenleriň ýüklenen arabasyna mündirdiler we iki sagatdan soň olar Ýerşalaimden demirgazykdaky ýalazy bir derä ýetdiler. Toparyň agzalary gezek-gezegine işläp, bir sagatda uly çukur gazyp, üç jesedi-de şu çukura depin etdiler. Ýalaňaç haldamy? — Ýok, prokurator, hyzmatkärlerim kepenlik mata alypdyr. Depin edilýänleriň barmaklaryna halka geýdirdiler. Ieşuanyň halkasynda bir çyzyk, Dismasyňkyda — iki, Gestasyňkyda bolsa üç. Çukur gömlüp, üstüne daş üýşürildi. Şertli belgiler Tolmaýa mälim. — Wah, eger muny öňünden duýan bolsadym! — diýdi Pilat, ýüzüni çytyp. — Maňa şol Lewiý Matweýi görmek zerurdy... — Ol şu ýerde, prokurator! Pilat gözlerini giňden açyp, Afraniýa bir salym seredip durdy, soň şeýle diýdi: — Bu iş boýunça görkezen barça hyzmatlaryňyz üçin size sag bol aýdýaryn. Ertir ýanyma Tolmaýy iberiň we ondan meniň hoşaldygymy öňünden aýdyň, sizden bolsa, Afraniý, — diýip prokurator stolyň üstündäki guşagynyň jübüsinden bir ýüzük çykardy we ony gizlin gullugyň başlygyna uzadyp: — Şuny ýadygärlik hökmünde kabul etmegiňizi haýyş edýärin — diýdi. Afraniý tagzym edip: — Bu örän uly hormat, prokurator — diýdi. — Depin etmäge gatnaşan nökerleriňizi sylaglaň. Iudany elden sypdyran aňtawçylaryňyza käýinç yglan ediň. Lewiý Matweýi bolsa häzir ýanyma getiriň. Men Ieşuanyň işi hakynda has anygrak maglumat almak isleýärin. — Baş üstüne, prokurator, — diýdi Afraniý we her gadamda tagzym ede-ede, yza çekildi, prokurator bolsa el çarpyp: — Geliň ýanyma, bärik! Şemleri sütünleriň ýanyna getiriň — diýip gygyrdy. Afraniý eýýäm baga çykyp-çykmanka, Pilatyň arkasynda peýda bolan hyzmatkärleriň elinde şemler ýalpyldady. Stol üstünde üç sany şemçyrag peýda boldy-da, aýly gije baga tarap çekildi, göýä ony Afraniý özi bilen alyp giden ýaly boldy. Balkonda, Afraniýniň ornunda döwkamat kenturion bilen kiçijik, hor bir adam peýda boldy. Prokuratoryň gözüne gözi düşenden, kenturion bag tarapa çekilip, gaýyp boldy. Prokurator gelen adamy gaty nebsewür nazar hem gorkuly gözleri bilen uzak synlady. Adatça kim hakda köp şow-şow gürrüňler ýaýrap, soňam onuň özi alnyňda peýda bolanda, oňa şunuň ýaly seredýärler. Gelen adam kyrk ýaşlarynda bolup, garaýagyzdy, geýimleri şylhady, üst-başyna palçyk syçrap, gatap galypdy, möjegiňki ýaly gözleri gabak astyndan garaýardy. Gysgasy, bu ýakymsyz adam ybadathanalaryň bosagasynda ýa-da goh-galmagally, hapysa Aşaky Şäheriň bazarlarynda bulaşyp ýören dilegçilerine meňzeýärdi. Dymyşlyk uzak dowam etdi, ahyry ony Pilatyň huzuryna alyp gelnen ine, şu adamyň özüni alyp barşy bozdy. Onuň reňki üýtgäp, entirekläp, eger kir-kirimsi eli bilen stoluň çetinden ýapyşmadyk bolsa, ol ýykyljakdy. — Näme boldy? — diýip sorady ondan Pilat. — Hiç zat — diýip, jogap berdi Lewiý Matweý we göýä bir närsäni ýuwdan ýaly birgeňsi hereket etdi. Onuň hor, ýalaňaç, hapa boýny bir çişip, ýene pyssardy. — Näme boldy saňa, jogap ber — diýip, gaýtadan sorady Pilat. — Ýadadym — diýdi Lewiý we gamgyn gözlerini ýere dikdi. — Otur — diýdi Pilat, kürsä yşarat edip. Lewiý prokuratora şübhe bilen garap, kürsä tarap süýşdi onuň altyn tutawajyna gorkuly göz aýlap, kürsüde däl-de, onuň gapdalyna, ýere çökdi. — Hany aýt, nämüçin kürsä oturmadyň? — diýip sorady Pilat. — Meniň üst-başym görer ýaly däl, ony hapalaryn — diýdi Lewiý ýere seredip. — Häzir saňa iýer ýaly zat bererler. — Hiç zat iýesim gelenok — diýip jogap berdi Lewiý. — Ýalan sözlemek nämä gerek? — diýip Pilat ýuwaşja sorady. — Sen günuzyn, belki, düýnden bäri duz dadan dälsiň. Ýeri, bolýa, iýmeseň iýme. Bu ýere çagyranymyň sebäbi, sendäki pyçagy göräýjekdim. — Meni bäri getirýärkäler, nökerler ony alyp galdylar — diýip, jogap berdi Lewiý we gamgyn äheňde dowam etdi: — Siz ony maňa gaýtaryp beriň, men ony eýesine bermeli, ony ogurlapdym. — O nämüçin? — Ýüpleri kesmek üçin — jogap berdi Lewiý. — Mark! — diýip gygyrdy prokurator, şu demde kenturion balkonda peýda boldy. — Munuň pyçagyny maňa beriň. Kenturion kemerine asylan iki gynyň birinden nan kesýän hapa pyçagy çykaryp, prokuratora uzatdy-da, özi çykyp gitdi. — Nireden aldyň bu pyçagy? — Hewron derwezesiniň golaýyndaky çörek dükanyndan, şähere giren ýeriňde çep egniňde. Pilat ýasy pyçagy gözden geçirdi, nämüçindir onuň ýiti ýa-da ýiti däldigini barmagy bilen barlap görüp, diýdi: — Pyçakdan arkaýyn bol, ony dükana eltip bererler. Indi men ýene bir närsäni görmeli, ýanyňdaky Ieşuanyň sözleri ýazylan pergamentiňi görkez. Lewiý Pilata ýigrenç bilen seretdi we şeýle bir ýakymsyz ýylgyrdy welin, ýüzi soňky derejeli erbet betbeşer tüýsüne girdi. — Bary-ýogy mende galan şu ýeke-täk zady hem aljak bolýaňyzmy? — Men saňa beý diýmedim, — jogap berdi Pilat, — görkez diýdim, bolany. Lewiý goltugyna el sokup, bir oram pergament çykardy. Pilat ony alyp, stoluň üstüne, şemleriň aralygyna ýaýdy-da, gözlerini bürüşdirip, syýa bilen örän maýda ýazylan belgileri öwrenip başlady. Bu bulaşyk ýazylan setirleriň manysyna düşünmek aňsat däldi şoňa görä, Pilat ýüzüni çytyp, pergamentiň üstüne eglip, barmagyny setirleriň üstünden ýöredýärdi. Her halda ol pergamentdäki ýazgynyň bir-birine baglanyşmaýan allanähili hikmetli sözlerdigini, ýaşaýyşa, öý hojalygyna degişli gepler, senelerdir şygyr parçalaryndan ybaratdygyny anyklady. Pilat käbir sözleri sakynyp okady hem: «Ölüm ýok... Agşam biz baharky şirin bakkuratdan iýdik...» Okamagyň derdinden Piladyň ýüzi çytylyp, ol gözlerini süzüp, pergamenti zordan sakynyp okaýardy: «Biz durmuş derýasynyň dury suwuny göreris...» «Adamzat kuýaşy mawy kristall arkaly synlar...» Pilat birden tisginip gitdi. Ol pergamendiň soňky setirlerinde şeýle sözleri okap bildi: «...iň ýaman dert gorkaklyk». Pilat pergamenti öňküsi ýaly orap, derrew ony Lewä uzatdy. — Al, — diýdi ol, azajyk ümsümlikden soň dowam etdi: — Sen, görýän welin, kitaphon adama meňzeýäň, nämä gerek ýeke halda, aç-ýalaňaç, başpenasyz ygyp ýörüp, Kaýsariýada uly kitaphanam bar, men örän baý, seni gulluga aljak bolýaryn. Öýümdäki gadymky golýazmalary saýhallap, oňat saklarsyň. Garnyň hem dok, egniň bitin bolar. Lewiý ýerinden turup jogap berdi: — Ýok, islämok. — Nämüçin? — diýip sorady ýüzi könelip başlan prokurator, — meni halamadyňmy ýa-da menden gorkýaňmy? Şol öňki ýaramaz ýylgyryş Lewiniň ýüzüni ýene gyşartdy, ol aýtdy: — Ýok, tersine, sen menden gorkup başlarsyň. Meniň ýüzüme göni bakmak, ony öldüreniňden soň, saňa aňsat düşmez. — Sem bol — diýdi Pilat, — gowusy, ine pul, al. Lewiý ret manysynda baş ýaýkady, prokurator gepini dowam etdi. — Bilýän, sen özüňi Ieşuanyň şägirdi diýip hasaplarsyň, emma saňa aýtsam, onuň beren sapaklaryndan birini hem özleşdirmänsiň. Eger öwrenen bolsaň, onda menden bir zatlar alardyň. Bilip goý, ol ölmezden öň hiç kimi günäkärlemeýärin diýipdir. — Pilat barmagyny manyly ýokary göterdi, ýüzi çekip başlady. — Diri bolanynda, ol hem hökman bir zatjagaz alardy. Sen gaty ýowuz, emma ol ýowuz — daşýärek däldi. Indi nirä gitmekçi? Lewiý birden stola golaý baryp, iki elini oňa diredi-de ot çaknaýan gözlerini prokuratora dikip, pyşyrdap diýdi: — Bilip goý, igemon, Ýerşalaimde men bir adamy pyçakdan geçirerin. Saňa şuny aýdyp goýjak bolýaryn, häli ýene gan döküler, bilip goý. — Men hem bilýän ýene gan döküljegini — diýip jogap berdi Pilat, — bu gepiň bilen meni asla geň galdyrmadyň. Elbetde, sen meni öldürjeksiň? — Seni öldürmek maňa başartmaz — diýip jogap berdi Lewiý, dişlerini syrtardyp, — men beýle akmak däldirin, ýöne kiriafly Iudany parçalaman goýmaryn, galan ömrümi şu işe bagyşlaryn. Şonda prokuratoryň gözlerinde lezzet suratlandy we ol Lewiý Matweýi barmagy bilen özi tarapa ümläp, şeýle diýdi: — Sen bu işi edip bilmersiň, ýersiz azara galma, Iudany şu gije eýýäm parçalapdyrlar. Lewiý birden yzyna tesdi, töweregine wagşyýana göz aýlap, çirkin gygyrdy: — Kim etdi muny? — Gabanjaňlyk etme — diýdi Pilat, dişini akjardyp we ellerini bir-birine sürtüp, — Iuşanyň senden başga-da tagzymçylary bar ýaly görünýär. — Kim etdi muny? — diýip tekrarlady Lewiý pyşyrdap. Pilat oňa jogap berdi: — Men etdim. Lewiýniň agzy laň açylyp, prokuratora bolsa: — Günäni ýuwmak üçin munuň özi azlyk eder, elbetde, emma her halda şu işi men etdim, — diýdi we sözüne goşdy: — Ýeri, indi beri bir zat aljakmy? Lewiý oýlandy, köňli ýumşady we ahyry diýdi: — Aýt, maňa bir bölek täze pergament bersinler. Aradan bir sagat geçdi. Lewiý köşkde ýokdy. Indi daňyň ümsümligini bagda ýören sakçylaryň ýuwaş ädimleriniň sesi bozýardy. Aýyň reňki tiz öçüp başlady, asmanyň beýle çetinde — gökde daň ýyldyzy agymtyl tegmil bolup görünýärdi. Şemçyralar bireýýäm öçüpdi. Prokurator düşekde uklap ýatyrdy. Ol aýasyny ýaňagynyň aşagyna goýup, ümsüm dem alýardy, Banga hem onuň ýanynda uka gidipdi. Nisan aýynyň on bäşinji daňyny Iudeýanyň bäşinji prokuratory Pontiý Pilat, ine, şeýle garşylady. | |
|
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |