09:46 Ussat we Margarita -27/ romanyñ dowamy | |
XXVII bap
Romanlar
50-NJI KWARTIRANYŇ SOŇY Margarita «...nisan aýynyň on bäşinji daňyny Iudeýanyň bäşinji prokuratory Pontiý Pilat ine, şeýle garşylady» diýip tamamlanýan babyň soňky jümlesine ýetende, daň atdy. Serçeler topary howludaky ak talyň we lipa agajynyň şahalaryna gonup, şadyýana we täsirli söhbete başlapdy. Margarita kürsüden turup gerindi, şonda ol endam-janynyň lagşanlygyny we ukynyň basmarlaýandygyny duýdy. Emma onuň jany aram tapypdy. Pikirleri perişan däldi, bu gijäni gaýrytebigy ýagdaýda geçireni ony asla alada goýmaýardy. Margaritanyň şeýtanlar bezminde bolany hem, nähilidir bir gudrat bilen ussady gaýtaryp berenleri hem, ýanyp kül bolan romanyň gaýtadan peýda bolmagy hem, podwaldaky iki otagly jaýdan şugulçy Aloiziý Mogariçiň kowlup, hemme zadyň ýene öz ýerinde karar tapany hem ony asla tolgundyranokdy. Mahlasy, Woland bilen tanyşlyk oňa hiç hili ruhy zyýan ýetirmedi. Hemme zat öňünden aýdylyşy ýaly boldy. Margarita aňyrky otaga geçip, ussadyň rahat, çuň ukuda ýatanyny gördi, biderek ýanyp duran stol üstündäki çyrany söndürdi-de, — garşy diwaryň ýanyndaky, üstüne köne we ýyrtyk düşek örtülen diwanjyga gyşardy. Bir minutdan soň ol eýýäm uklady, emma şol säher ol hiç hili düýş görmedi. Podwaldaky iki otag ümsümlikde galdy, podwalyň üstündäki hojaýynyň kiçijik öýi hem ümsümlige gark boldy, dar köçeden hem ses-üýn gelmeýärdi. Emma bu mahal, ýagny şenbä geçilýän daňdan Moskwadaky bir edara ýerleşen binanyň tutuş bir gaty ukuda däldi. Onuň asfalt düşelen, ýörite maşynlaryň ýuwaş ýöräp, suw sepýän we süpürýän meýdançasyna açylýan penjirelerinde çyralar indi baş göterip gelýän Gün nury bilen bäsleşjek ýaly, lowurdap, ýanyp durdy. Jaýyň tutuş bir gaty Wolandyň işi boýunça başlanan derňew bilen meşguldy we bu ýerdäki on sany otagyň hemmesinde gijesi bilen çyra ýanyp durupdy. Dogrusyny aýdanyňda, diňe agşam, juma güni, Warýete teatrynyň esasy işgärleriniň gaýyp bolanlygy netijesinde hem-de ondan bir gün öň geçirilen jadygöýlük seansy wagtynda ýüz beren her hili bolgusyzlyklar sebäpli teatry ýapmaly bolandan soňra mesele aýdyňlaşdy. Emma gep şunda ki, şundan soň hem edaranyň ukusyz gatyna täzeden-täze materiallar yzygiderli gelip durdy. Derňew alyp barýanlaryň indi bu geň işi, ýagny bu şeýtany oýunlaryň, her dürli beýhuşly fokuslaryň we äşgäre jenaýatlaryň, wakalaryň we Moskwanyň dürli ýerlerinde ýüz beren her dürli bulam-bujarlyklaryň baryny birikdirip, ýeke-täk hadysa hökmünde iş alyp barmagy lazymdy. Elektrik çyralary bilen ýagtylandyrylan bu ukusyz jaýa birinji bolup çagyrlan adam akustika komissiýasynyň başlygy Arkadiý Apollonowiç Sempleýarow boldy. Onuň Daşköpri golaýyndaky öýde ýerleşen kwartirasynda juma güni öýländen soň telefon jyrlap, erkek adamyň sesi Arkadiý Apollonowiçi sorady. Telefon trubkasyny göteren Arkadiý Apollonowiçiň aýaly basyk ses bilen äriniň syrkawdygyny we telefona gelip bilmeýänligini aýtdy. Emma muňa garamazdan, Arkadiý Apollonowiç trubkany almaga mejbur boldy. Arkadiý Apollonowiçi kim, nireden soraýar diýlen sowala telefonda nireden jaň edilýänini örän pert aýtdylar. — Bir sekunt... häzir... şu minudyň özünde... — diýip seslendi akustika komissiýasy başlygynyň adatça öte tekepbir aýaly we Arkadiý Apollonowiçi ýerinden turuzmak üçin ýatakhana atylyp girdi: Sempleýarow agşam teatrda berlen seans we seansdan soň öýünde gije başlanan goh-galmagaldan, bu goh-galmagal zerarly saratowly gyz ýegençisiniň kwartiradan kowlup çykarylýandygy zerarly içini it ýyrtyp, azap çekip, gamgyn halda ýatyrdy. Dogry, bir sekuntda däl, emma bir minutda hem däl, çärýek minutdan Arkadiý Apollonowiç içki köýnek-balakda, çep aýagynda bir taý tufli bilen telefonyň öňünde peýda boldy we: — Hawa, bu men... eşidýän, diňleýän... — diýip, gepläp başlady. Bu mahal onuň ömür ýoldaşy, şormaňlaý Arkadiý Apollonowiçiň äşgäre bolan ýigrenji biwepalygyny hem unudyp, girelgä açylýan gapydan gorka-gorka, daraklygyna basyp, äriniň bir taý köwşüni howada silkeläp: — Köwşüňi, tufliňi... Aýagyňdan sowuk geçer — diýip pyşyrdady, muňa jogap ýerine Arkadiý Apollonowiç ýalaňaç aýagy bilen duran ýerinde elini siltäp, aýalyny kowup, oňa ýowuz seredip, trubka samyrdaýardy: — Hawa, hawa, hawa eýsem näme, düşünýän... Häzir ýetip bararyn. Arkadiý Apollonowiç tutuş agşamy derňew dowam edýän etažda geçirdi. Söhbet diýseň agyr, diýseň ýakymsyz boldy, onda diňe bir agşamky gabahat seans we ložada ýüz beren ýumruklaşma dogrusynda däl, eýsem, Ýelohowskaýa köçesinde ýaşaýan Milisa Andreýewna Pokobatko hakynda hem, saratowly ýegeni dogrusynda hem, bulardan daşgary ýene örän kän närseler barasynda hem äşgäre geplemeli boldy welin, bu ýagdaý Arkadiý Apollonowiçe adatdan daşary ejir berdi. Görnüp duran gep ki, şol lagnaty seansyň parasatly we düşünjeli şaýady bolan, nikaply, syrly gara magyň — jadygöýüň özüni hem, onuň iki ýigrenji kömekçisini hem örän anyk suratlandyryp beren, jadygöýüň şübhesiz Wolandygyny juda anyk ýatlan okumyş we medeniýetli adam Arkadiý Apollonowiçiň getiren delil-subutlary derňew işini birneme öňe iterdi. Arkadiý Apollonowiçiň beren güwäligini özge adamlaryň, şol sanda seans netijesinde jebir çekip käbir hanymlaryň, Rimskini gorkuzan syýa reňkli köýnek geýen aýalyň we Sadowaýa köçesindäki 50-nji kwartira iberilen kurýer Karpowyň güwälikleri bilen deňeşdirmek netijesinde bu hadysanyň günäkärlerini nireden gözlemelidigi mälim boldy. 50-nji kwartira bir däl, birnäçe gezek baryp, diňe bir barlamak däl, hatda onuň diwarlaryny hem tarkyldadyp gördüler, kaminiň tüsseçykar moruny hem gözden geçirdiler, gizlin ýerlerini hem agtardylar. Emma bu çäreleriň hiç haýsy degerli netije bermedi, kwartirada bir gezegem janly-jandar duş gelmedi, mälim bolşy ýaly, Moskwa gelýän barça çet ýurtly artistler barada habardar bolmak işi borjuna ýüklenen şahslaryň Woland atly jadygöý Moskwada ýok we bolmagy hem mümkin däl diýip, çürt-kesik we kesgin röwüşde tassyklanlaryna seretmezden, kwartirada haýsydyr bir adamlaryň bardygy örän anykdy. Şuňa garamazdan, Moskwa gelen şol Woland diýen şahs hiç ýerde hasapdan geçmändir, hiç bir kimsä pasport ýa-da özge bir dokument, meselem, şertnama kagyzyny görkezmändir we hiç kim ol hakda maglumat almandyr. Tomaşahanalar komissiýasynyň düzümindäki programmalar bölüminiň müdiri Kitaýsew, gaýyp bolan Stýopa Lihodeýew hiç hili Wolandyň programmasyny maňa tassyklamaga ibermedi hem, şol Woland diýen jadygöýüň gelendigi hakynda asla telefon hem edilmedi diýip, hudany orta goýup, kasam içdi. Şeýdip ol, ýagny Kitaýsew Warýetede beýle seans berilmegine Stýopanyň nähili ýol berendigine asla düşünmeýärdi we munuň sebäbini hem bilmeýärdi. Haçanda Kitaýsew, eýsem, şol sehirgäri Arkadiý Apollonowiç teatrda öz gözi bilen görüpdir-ä diýip aýdanlarynda, ol diňe elini eline gowşuryp, gözüni potologa dikmek bilen çäklendi. Emma Kitaýsewiň gözüne seredip, onuň bullur ýaly arassadygyny arkaýyn aýtsa boljakdy. Tomaşa görkezýän edaralaryň ýokary kommisiýasynyň başlygy Prohor Petrowiç meselesine gelsek... Gepiň gerdişine görä sözlesek, kabinetine milisiýa işgärleri giren badyna ol öz penjeginiň içinde peýda boldy we bu bolşy bilen Anna Riçardownany dälilerçe begendirip, ýersiz ýere azara goýlan milisiýany geň galdyryp, onuň agzyny açdyrdy... Ýene öz ýerine gelip, ýol-ýol çal kastýumynyň içine giren Prohor Petrowiç, özüniň gysga müddete gaýyp bolan wagtynda kostýumyň ýazan görkezmeleriň hemmesini doly tassyklady... Ana, şu Prohor Petrowiç hem Woland diýen şahs hakynda asla hiç zat bilmeýärdi. Siz näme diýseňizem, hormatly okyjylar, bu akyl ýetmeýän ýagdaýdy: müňläp tomaşaçylar, Warýeteniň ähli işçileri, ahyry, öte bilimdar şahs Arkadiý Apollonowiç Sempleýarow şol jadygöýi, şeýle hem, onuň ýigrenji assisentlerini öz gözleri bilen görenem bolsalar, sehirgäri hiç ýerden tapyp bolmady. Ýeri, özüňiz aýdyň, näme, ol şol görkezen seansy gutaran badyna ýer bagryna çümüp, gaýyp boldumy ýa-da käbirleriniň takyklaýyşyça, ol aslynda Moskwa asla gelmänmidi? Eger aýdanymyzyň birinjisi dogrudyr öýtsek, onda, ol şübhesiz, özi bilen bile Warýetäniň ähli jogapkär işgärlerini hem ýer teýine alyp giden bolup çykýar, eger bardy-geldi ikinji takmyna eýersek, onda betbagt teatr işgärleriniň özleri nähilidir bir ryswalyk edip, (kabinetdäki penjiräni we Tuzabuben diýen ysgaw itiň özüni alyp barşyny ýatlaň!), Moskwadan gaçyp gidip, dereksiz ýitýär. Derňew işine ýolbaşçylyk edýän adama haýran galmak gerek. Gaýyp bolan Rimskini bir demde gözläp tapdylar. Tuzabubeniň kinotearyň öňündäki taksi duralgasynda özüni nähili alyp baran wagtyny, şeýle hem seansyň gutaran we Rimskiniň gaýyp bolan wagtyny pähimläp görülende, ähli ahwal aýdyňlaşdy-da, derhal Leningrada telegramma iberildi. Bir sagatdan soň (juma güni, agşam) Rimskiniň «Astoriýa» myhmanhanasynda, dördünji gatdaky, häzir Leningrada gastrola gelen Moskwa teatrynyň biriniň repertuar bölüminiň müdiriniň ýerleşen, çalymtyl-mawy, zer mebelli, özbaşdak wannaly nomeriniň ýanyndaky dört ýüz on ikinji otagdan tapylandygy hakynda jogap ýetip geldi. «Astoriýanyň» dört ýüz on ikinji otagyndaky geýim yşgabynda gizlenen Rimskiý derhal ele salnyp, şol ýerde, Leningradda sorag edilýär. Şondan soň Moskwa iberilen telegrammada Warýeteniň maliýe direktorynyň asla aň-huşuny ýitiren ýagdaýdadygy, berlen sowallara birem degerli jogap bermändigi, bermegi-de islemeýändigi hakynda, özüni bronly kamera salyp, daşyna ýaragly garawullary goýmagy gaýta-gaýta haýyş edýändigi ýazylypdy. Moskwadan iberilen telegrammada Rimskini sakçylaryň gözegçiliginde Moskwa ugratmak buýruldy, şoňa görä Rimskiý juma güni agşamky otly bilen daşy sakçyly ýola düşdi. Juma güni agşamara Lihodeýewiň hem yzy tapyldy. Ol barada ähli şäherlere telegramma iberilip, gözleg yglan edildi. Ýaltadan: «Lihodeýew Ýaltada boldy, indi aeroplanda Moskwa uçup gitdi» diýen jogaply telegramma alyndy. Bir deregi tapylmadyk adam Warenuha boldy. Tutuş Moskwa tanymal bolan bu meşhur teatr iş dolandyryjysy nam-nyşansyz ýitipdi. Şol bir wagtda Warýete teatryndan daşda, Moskwanyň başga ýerlerinde ýüz beren hadysalar bilen hem meşgullanmaly boldy. Meselem, «Славное море» aýdymyny ýerine ýetiren işgärleriň adatdan daşary boluşlaryny, (ýogsa-da professor Strawinskiý deri astyna nähilidir derman sançmak arkaly iki sagadyň içinde olaryň hemmesini ýene öz halyna getiripdi) şeýle hem nähilidir kagyzlary kişileriň özge adamlara ýa-da edaralara pul ýerine geçirenlerini we şonuň netijesinde zyýan gören şahslar meselesini hem aýdyňlaşdyryş zerur boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hadysalaryň içinde iň ýaramazy iň dawalysy we iň müşgili merhum Berliozyň kellesiniň Griboýedow zalyna goýlan tabytdan göre-gündiz ogurlanyp gidileni boldy. Bütin Moskwa gulgula salan bu çylşyrymly işiň düwünlerini ýeke-ýekeden çözmek üçin on iki sany sülçi işe çekildi. Sülçüleriň biri professor Strawinskiniň şypahanasyna bardy we birinji nobatda soňky üç günüň içinde şypahana getirilen şahslaryň hasabyny sorady. Munuň netijesinde, Nikonor Iwanowiç Bosoý we başy üzlüp, gaýtadan ýerine goýlan biçäre alypbaryjy hem tapyldy. Emma olar sülçüni gyzyklandyrmady. Çünki bularyň ikisiniň hem şol nämälim jadygöýüň baştutanlygyndaky toparyň gurbany bolandygy röwşendi. Emma Iwan Nikolaýewiç Bezdomnyý derňewçini hetdenaşa gyzyklandyrdy. Juma güni agşamara Iwanuşkanyň ýatan 117-nji otagynyň gapysy açylyp, bu ýere Moskwadaky iň gowy derňewçileriň biri diýip hasaplanýandygyna seretmezden, daşky görnüşinden derňewçä asla meňzemeýän, tegelek ýüzli, agras, mylaýym bir ýigit gelip girdi. Ol krawatda ýatan, reňki öçügsi, horlanan, töwerekde bolýan zatlara parhsyz garaýandygy gözünden okalyp duran, şol gözler bilen nirädir allaowarralara hem öz içki dünýäsine seredýän ýaş ýigidi gördi. Sülçi mylakatlylyk bilen özüni tanatdy we Iwan Nikolaýewiçiň huzuryna öňňinki Patriarh kölçesiniň boýunda ýüze çykan hadysalar dogrusynda gepleşmäge gelenini aýtdy. O, päheý, bu sülçi sähel öňräk, hiç bolmanda, penşenbä geçilýän agşam gelen bolsady, Iwanyň başy asmana ýeterdi, şonda ol Patriarh kölçesinde ýüz beren wakany ýanyp-bişip gürrüň bermekçi bolanda, onuň aýdanlaryna üns bermändiler. Ine, indi onuň konsuntant geňeşçini tutmak hakdaky arzuwy hasyl boldy, indi ol hiç kimiň yzyndan kowmaz, tersine, çarşenbe güni agşam sadyr bolan wakany eşitmek üçin ine, onuň ýanyna özleri gelipdirler. Ýöne, gynansak-da, Berliozyň heläketinden soň geçen wagt içinde Iwanuşka bütinleý özgeripdi. Ol derňewçiniň barça sowallaryna ilgeziklik we mylaýymlyk bilen jogap gaýtarjakdy, emma onuň ýüzünde hem, gepleýiş äheňinde hem biparhlyk duýulýardy. Berliozyň ykbaly indi şahyry tolgundyrmaýardy. Sülçiniň gelmeginiň öňüsyrasynda ýatan ýerinde ymyzgandy we gözüne käbir zatlar göründi. Ýagny ol geň, düşnüksiz, hyýaly, äpet mermerlere örtünen, ýylmanak sütünleri bolan, gün şöhlesine lowurdaýan şäheri gördi, ol ýerde gap-gara bolup duran diňli Antoniýany, günbatardaky baýrynda tas üçegine çenli ýaşyl baglar büräp duran köşgi, bu baglaryň üstünden geçýän şapagyň şöhlesine ýanýan ýaly bürünç heýkelleri, gadymy şäheriň diwarlarynyň gapdalyndan gidip barýan, bronlanan rim kenturionyny gördi. Ukynyň arasynda Iwanyň göz öňünde kürsüde sarsman oturan, sakgal-murty syrylan, ýygyrt atan saryýagyz ýüzli, ak mantiýasy gyzyl jähekli saýry bir peşeneli baga ýigrenç bilen seredýän adam göründi. Iwan ýalazy sary baýyrda somalyşyp duran sütünleri we germewleri hem synlady. Patriarh kölçesiniň ýanynda bolan wakalar şahyr Iwan Bezdomnyny indi asla gyzyklandyrmaýardy. — Aýt hany, Iwan Nikolaýewiç, Berlioz tramwaýyň aşagyna ýykylan wagty, siz turniketden uzakdamydyňyz? Iwan näme üçindir biperwaýlyk bilen duýular-duýulmaz gülümsiredi-de, jogap berdi: — Men uzakdadym. — Ol gözenek kemzolly turniketiň ýanynda durmydy? — Ýok, ol sähel daşrakda, uzyn oturgyçda otyrdy. — Berlioz ýykylan wagty, onuň turniketiň ýanyna barmandygy anyk ýadyňyzdamy? — Ýadymda. Barmandy. Ol ýaplanyp otyrdy. Sülçi başga sowal bermedi. Ol Iwanuşka bilen el berip hoşlaşyp, tizräk gutulmagyny arzuw etdi we ýakyn günlerde onuň täze goşgularyny okamaga umyt bildirdi. — Ýok, — ýuwaş jogap berdi Iwan, — men indi hiç haçan şygyr ýazmaryn. Sülçi mylaýym gülümsiräp, şahyryň häzir birazajyk ruhy çökgünlik ýagdaýyndadygyny, emma bu ýagdaýyň az wagtlykdygyny, onuň tiz geçip gitjekdigini ynandyryp aýtdy. — Ýok — diýdi Iwan sönüp barýan alys asmana seredip — bu ýagdaý indi geçmez. Meniň ýazan şygyrlarym — ýaramaz şygyrlar, oňa men indi düşündim. Sülçi örän möhüm subutnama-delliller alyp, Iwanuşkanyň ýanyndan gitdi. Ýüz beren wakalar toplumynyň ýüplügini soňundan başyna çenli birme-bir çözläp, ahyry hadysalaryň gözbaşy tapyldy. Bu hadysalaryň Patriarh kölçesinde ýüze çykan jenaýatdan başlanandygyna indi şübhe galmady. Dogry, Iwanuşka hem, ol gözenek kemzolly hem MACCOLIT-iň bagtygara başlygyny tramwaýyň astyna iteklemändir, dogrusy, hiç kim onuň tramwaýyň astyna ýykylmasyna daşardan beden güýjüni goşmandyr. Emma sülçi Berlioz gipnozyň täsirinde bolup, özüni tramwaýyň aşagyna taşlandyr (ýa-da ýykylyp düşendir) diýip gaty ynandyrýardy. Hawa, material ýeterli derejededi, indi kimleri nireden tutmalydygy hem mälimdi. Emma, hemme bela şunda bolup, olary ele salmak başartmaýardy. Şol hudaý gargan 50-nji kwartirada, şübhesiz kimdir birleri bardy. Käte-käte telefon jaňyna ol kwartira gyryljak, nejis ses bilen jogap berýärdi, kä wagtlar kwartiranyň penjireleri-de açylýardy, hatda ol ýerden patefon owazy hem eşidilýärdi. Emma her gezek barlamaga baranlarynda, ol kwartirada hiç kes duş gelmeýärdi. Şeýdip, ol ýere bir däl, birnäçe gezek, gündiz hem, gije hem baryp gördüler. Üstesine, kwartiranyň içinde tor göterip, onuň burçlaryna çenli synçylyk bilen barlandy. Bu kwartira köpden bäri şübhe astyndady. Şu sebäpli diňe derweze arkaly howla girilýän ýoly däl, şunuň dek, arkadaky gapyny hem gözegçilige alypdylar, mundan daşgary, tamdaky moruň agzynada sakçy goýuldy. Hawa, 50-nji kwartira bibaşlyk edýärdi, emma oňa hiç hili alaç tapylanokdy. Ýagdaý tä jumadan şenbä geçilýän ýarygijä çenli üýtgewsiz galdy. Şonda ahyry egni toý lybasly, aýagy laklanan köwüşli baron Maýgel 50-nji kwartira dabaraly röwüşde myhman bolup geldi. Gapyny açyp, barony kwartira girizileni eşidildi. Şu wakadan soň göni on minut geçenden soň, jaň kakmazdan kwartira okdyrylyp girdiler, emma ol ýerde öý eýes-ä beýlede dursun, akyl çatar ýaly däl, baron Maýgelden hem derek tapmadylar. Şeýdip, ýokarda aýdyşymyz ýaly, ýagdaý şenbe gününiň säherine çenli üýtgewsiz galyberdi. Bu wagta gelip, täze we örän gyzykly maglumatlar peýda boldy. Moskwa howa menziline Krymdan uçup gelen alty orunly ýolagçy uçary gondy. Beýleki ýolagçylaryň hatarynda ondan juda geň bir ýolagçy hem düşdi. Bu üç-dört günden bäri ýüzüne suw degmedik, sakgal-murty ösüp, tikenek bolan, hassa gözleri gorkuly bakýan, elinde hiç hili ýüki ýok we örän alamat geýnen ýigitdi. Onuň başy papaklydy, egninde ýatyş köýneginiň üstünde deri çäkmen, aýagynda gök reňkli, ýaňy satyn alnan täp-täze şypbyk bardy. Uçaryň basgançagyndan düşen badyna ony garşy aldylar we ýene bir azajyk wagtdan soň Warýetäniň bütin Moskwa ady meşhur bolan direktory Stepan Bogdanowiçi Lihodeýew derňew ähline ýüzbe-ýüz boldy. Ol hem täze maglumatlar berdi. Ana, indi Wolandyň Stýopa Lihodeýewi gipnoz edip, Warýetä artist görnüşinde barany, soňra ony jady ýoly bilen Moskwadan birnäçe müň kilometre oklany mälim boldy. Deliller şu tüýsde üýşse-de, barybir iş ýeňlemedi, gaýta biraz agyrlaşdy diýseň hem bolýar, çünki Stepan Bogdanowiçiň başyna ne söwdalary salan şol hilegär şahsy ele salmagyň juda müşgilligi anyk görnüp durdy. Bu arada Lihodeýew, öz haýyşyna görä, ýöriteleşidirilen kamera gabap goýuldy. Indi iki gije-gündiz nam-nyşansyz ýitip, ýene öz kwartirasynda peýda bolan we şol ýerde ele salnan Warenuha sülçüleriň öňünde güwälik berip başlady. Elbetde, ol Azazello indi ýalan sözlemerin diýip wada beren bolsa-da, derňewde gepini ýalandan başlady. Emma munuň üçin ony gaty aýyplamaly hem däl. Çünki Azazello telefonda ýalan sözläp, edepsizlik etmegi oňa gadagan edipdi, häzir bolsa, iş dolandyryjy telefonda geplänokdy. Iwan Sawelýewiç derňew edýänlerden gözüni alyp gaçmaga çalşyp, beýan edip başlady: — Penşenbe güni gündiz Warýetedäki kabinetimde ýeke özüm tä serhoş bolýançam içdim. Soňra gitdim, nirädigini ýatlap bilemok, allanirelerde saklanyp, ýene starka aragyny içdim, emma nirede — ýatlap bilemok, haýsydyr bir diwaryň teýinde ýatyp galdym, emma haýsy diwardygy ýatlap bilmeýärin... Warenuha özüniň manysyz we tutaryksyz gepleri bilen möhüm iş boýunça derňewe päsgel berýändigini we bu kylmyşy üçin, elbetde, jogapkärçilige çekiljegini aýdanlaryndan soň, ol möňňürip, çar tarapyna gorkuly seredip, sandyrawuk ses bilen pyşyrdap ýalan geplänine, çünki Woland toparynyň kasas almagyndan gorkup şeýdenine ykrar boldy we özüni bronlanan kamera salmaklaryny ýalbaryp haýyş etdi. — Tüf, şeýtanyň biri! Muňa-da bronly kamera zerur bolupdyr — diýip sülçüleriň biri hoňňuldady. — Ol deýýuslar bulary gaty gorkuzypdyrlar, — diýdi Iwanuşkanyň ýanynda bolup gaýdan sülçi. — Warenuha mümkin boldugyça teselli berip, sizi kamerasyz hem gorarys diýip, ynandyrdylar, şondan soň onuň hiç hili diwaryň teýinde starka aragyny içmändigi, tersine, aňňy dişli çypar adam bilen tos-togalak bir nusganyň ony ýumruklany mälim boldy. — Şol togalak pişige meňzeýärdimi? — Hawa, hawa, hawa — diýip pyşyrdady, gorkudan daş dek gatap we sekuntsaýyn töweregine alarlyp seredip, soň ol doly iki gün 50-nji kwartirada ganhor arwah sypatynda gün geçirenini we tas maliýe direktory Rimskiniň ölümine sebäp bolanyny gürrüň berdi. Şol wagt Leningrad otlusynda getirilen Rimskini alyp girdiler. Emma ol owalky maliýe direktoryna bütinleý meňzänokdy, gorkudan dyg-dyg titreýärdi, ruhy näsaglyga duçar bolan, saçlary agaran bu garry aýak diräp, hakykaty aýtmakdan doly ýüz öwürdi, bu meselede örän kejirlik görkezdi. Ol öz kabinetiniň penjiresinde garaňkyda hiç hili ýalaňaç Gellany hem, şonuň ýaly Warenuhany hem görmändigi, diňe köňli bozlup, huşundan aýrylyp, bilmän Leningrada gideni hakynda gepläp başlady. Aýdyp oturmasagam, belli, näsag Rimskiý güwälik berip bolup, ýene özüni bronly kamera salmaklygy haýyş edip başlady. Annuşka bolsa Arbatdaky uniwermagyň kassirine on dollarlyk kagyz pul berjek bolanda, ele salyndy. Onuň Sadowaýa köçesinden öýüň penjiresinden uçup çykyp giden adamlar we nal hakyndaky, Annuşkanyň aýdyşyça, ol naly milisiýa eltip bermek üçin ýerden göteripdir, geplerini üns bilen diňlediler. — Naljagaz çyndanam, sap altyndanmydy, çyndanam göwher daşlary hem barmydy? — diýip Annuşkadan soradylar. — Menmi göwheri tanamajak?! — diýip jogap berdi Annuşka. — Şol adamyň size beren pullary gyzyl onlukmydy? — Eýsem men gyzyl onlugy tanamanmy? — diýdi Annuşka. — Ýeri ol pullar haçan dollara öwrüldi? — Hiç zat bilmeýärin, o nähili dollarmyş? Men hiç hili dollar-pollary gören däldirin — diýip, çyňsap jogap berdi Annuşka, — biz öz hukugymyzy bilýäris! Bize baýrak berdiler, bizem oňa çit mata satyn aldyk... şundan soň ol, jaýyň bäşinji gatyny jyn-arwahlaryň mekanyna öwrüp, hemmäniň dynçlygy bozan öý edarasynyň bikanun işleri üçin jogap berýän akmak ýok, diýip şeýle bir tutaryksyz sözleri samrap başlady ki... Annuşka hemmäniň ýüregine düşdi, — sülçi elini salgap, onuň owazyny öçürdi we ýaşyl kagyza rugsatnama ýazyp berip, hemmäniň köňlündäki işi etdi. Annuşka binadan çykyp, gaýyp boldy. Şundan soň juda köp adam yzly-yzyna derňewden geçip başlady. Bularyň arasynda Nikolaý Iwanowiç hem bolup, ol gabanjaň aýalynyň akmaklygy sebäpli, aýaly milisiýa äriniň daňa golaý gaýyp bolanyny habar edipdi, ele salnypdy. Nikolaý Iwanowiç özüniň şeýtan huzurynda zyýapatda bolany hakynda öte tutaryksyz güwanamany görkezdi, emma munuň bilen derňew toparyny ol diýen haýran galdyryp bilmedi. Ol Margarita Nikolaýewnanyň hyzmatkär gyzyny öz üstüne mündirip, allanähili göre suwa düşmäge alyp baranyny we ondan sähel öň Margarita Nikolaýewnanyň çyp ýalaňaç halda penjirede oturany hakynda aýdyp berdi-de, galan gepleri gizledi. Meselem: ol Margarita Nikolaýewnanyň ýatar jaýyna köýnek göterip girenini we Nataşany Wenera diýip atlandyranyny aýdyp oturmagy laýyk görmedi. Onuň sözlerine görä, Nataşa penjireden uçup çykypdyr-da, ony münüp, Moskwanyň çetine perwaz edipdir... — Men bu zorluga boýun synmaga mejbur boldum — diýip, gürrüň berdi ol we öz toslama gürrüňini şeýle soňlady: — Haýyş edýän, şu aýdan geplerimi zynhar hatynym bilmesin. Oňa wada berdiler. Nikolaý Iwanowiçiň beren güwäliginden Margarita Nikolaýewnanyň, şeýle hem onuň öý hyzmatkäri Nataşanyň nam-nyşansyz gaýyp bolanlygy anyklandy. Olary gözläp tapmak çärelerine girişipdi. Şenbe gününiň ertiri güwäleri derňew etmek işi bir dem hem togtamady. Bu wagt şäherde akyla sygmaýan myş-myşlar peýda bolup, ýyldyrym tizliginde çar tarapa ýaýrap başlady. Dary ýaly hakykat düýe ýaly toslama öwrüldi. Aýdyşlaryça, Warýete teatrynda berlen jadygöýlük seasyndan soň iki müňe golaý tomaşaçynyň hemmesi köçä eneden nähili doglan bolsa, şeýle tüýsde atylyp çykanmyş, Sadowaýa köçesinde galp pul ýasaýan çaphana tapylanmyş hem ýapylanmyş, güýmenjeler sektoryndan haýsydyr bir ogrular topary bäş sany müdiri ogurlanmyş, milisiýa şol demde olary tananmyş, şuňa meňzeş tükeniksiz toslamalar. Wagt günortana golaýlapdy, şol mahal derňew alyp barylýan otagda telefon jyrlady. Sadowaýa köçesinden jaň edilip, kesapatly kwartirada ýene janlanyşyň ýüz berenini habar berdiler. Aýdyşlaryça, kwartiranyň penjireleri içinden açylypdyr, ol ýerden pianino owazyny we aýdym eşidilipdir, penjiräniň tekjesinde güne çoýunyp oturan gara pişigi görüpdirler. Günüň öwjüne çykyp, gyzan wagty — sagat dörtlerde bir topar graždan eşikli erkekler Sadowaýa köçesindäki 302-bis öýe ýetmezden, daşrakda üç maşyndan düşdüler. Soňra olar iki kiçi topara bölündiler-de, birinji topar basdyrma aşagyndan howla girip, göni altynjy sokmaga tarap ýol aldy, ikinjisi bolsa arka tarapyndan barylýan, hemişe çüýlengi kiçijik gapyny açdy, şonda iki topar hem başga-başga basgançakdan 50-nji kwartira des-deň galyp ugrady. Bu mahal Korowýew bilen Azazello kwartiranyň aşhanasynda ertirlik edinip otyrdylar, Woland öz adaty boýunça, ýatar jaýdady, pişigiň nirededigi mälim däldi. Emma aşhanadan gelýän gap-çanaklaryň tark-turkundan, Begemot şol ýerde endigi boýunça ýene bir samsyklyk edýän bolsa gerek diýip çaklasa boljakdy. — Basgançakdan aýak sesi gelýän ýaly-la? — diýip sorady Korowýew käsesinden kofäni çemçesi bilen bulap oturyşyna. — Hä, bizi tussag etmäge gelýändirler — diýip jogap berdi Azazello, soň bulgurdaky konýagy içdi. Muňa jogap hökmünde Korowýew: — Hany, hany, göreli — diýdi. Bu mahal daşky girelgäniň gapysyndan girenler basgançakdan üçünji gatyň meýdançasyna çykypdylar. Bu ýerde ýören suw edarasynyň iki işgäri jaý ýyladýan bug enjamynyň ýanynda gümradylar. Basgançakdan çykyp gelenler olar bilen köp manyly nazar aýlaşdylar. — Hemmesi öýde — diýip pyşyrdady, ussalaryň biri çekiji bilen turbany urup. Şonda öňden gelýän adam paltosynyň aşagyndan gara mauzer çykardy, ikinji adam goltugyndan demir açar aldy. Umuman, 50-nji kwartira gelenler pugta ýaraglanypdylar. Iki kişiniň jübüsinde aňsat ýaýylýan inçejik ýüpek tor bardy. Ýene birinde arkan, birinde — hasa nikaplar we hloroformly ampulalar bardy. 50-nji kwartiranyň gapysyny bir sekuntda aňsat açdylar, hemme gelenler dälize girdiler, şu wagt aşhana şarka açyldy, bu bolsa ogryn ýoldan ikinji toparyň hem öz wagtynda ýetip gelendiginden habar berdi. Doly bolmasa-da, azajyk şowlulyk ýüze çykdy. Adamlar bir demde hemme otaglara girseler-de, hiç ýerde hiç kimi tapmadylar, diňe aşhanada ýap-ýaňy iýlip-içilen ertirligiň galyndylary bardy. Myhman jaýda bolsa, kamin-pejiň tekjesinde, bullur küýzäniň ýanynda äpet gara pişik otyrdy. Onuň penjesinde çaý gaýnadylýan primus bardy. Myhman jaýa girenler uzak wagt dymyp, bu pişige uzak seredip durdular. — Hm-da, dogrudanam täsin — diýip pyşyrdady gelenleriň biri. — Bimazalyk, biedeplik edemok, diňe primus bejerýärin — diýdi pişik, dostluksyz äheň bilen, ýüzüni aşak salyp, — size pişik iň gadymy we azarsyz mahluk diýip, duýduryp goýmagy hem öz borjym hasap edýärin. — Örän arassa iş — diýip pyşyrdady içeri girenleriň biri. Beýlekisi bolsa belent ses bilen pert-pert gepledi: — Hany agzy gymyldaman sözleýän, goragly pişik jenaplary, bäri geçiň! Birden ýüpek tor «şuw» edip howada ýaýyldy, emma tor oklan adam nyşana dogry oklap bilmän, hemmäni haýran galdyrdy, tor hrustal küýzä ilip, küýze ýere gaçyp, kül-pagyş boldy. — Utdurdyňyz — diýip gygyrdy pişik, — ura! — şundan soň primusy bir gapdala goýup, arkasyndan sapança çykardy-da, çaltlyk bilen özüne ýakyn duran adamy nyşana aldy. Emma pişik ok atmaga ýetişmänkä, ol adamyň elindäki mauzerden ot uçdy we pişik şobada penjesinden sapançany gaçyryp, primusy taşlap, pejiň tekjesinden başaşak gaýdyp, güplüp, ýere ýykyldy. — Bar zat gutardy — diýdi pişik ejiz ses bilen we öz ganyna bulanyp, ýanyn ýatdy — bir sekunt ýanymdan aýrylyň, maňa ýer bilen hoşlaşmana pursat beriň. Ow, gadyrdanym Azazello! — diýip yňrandy, ganyna bulanyp ýatan pişik. — Sen nirede? — Pişik öçüp barýan gözlerini aşhana tarap garatdy, — güýçler deň bolmagyň jeňde sen maňa kömege gelmediň. Sen bir bulgur gowy konýak diýip, biçäre Begemoty taşlap gitdiň! Sen meniň ölmüme sebäp bolanam bolsaň, men saňa sapançamy miras goýýaryn... — Tor, tor, tor taşlaň — diýip, howatyrly pyşyrdadylar pişigiň daşyny alyp duranlar, ýöne arwah bilsin, tersine bolup tor kimiňdir biriniň jübüsine ilteşip, daşa çykmady. — Agyr ýaralanan pişigi diňe, — diýdi pişik, — bir ýuwdum benziniň halas etmegi ähtimal... — Şonda ol adamlaryň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, primusyň tegelek deşigine agzyny eltdi we benzini gulkuldadyp içdi. Şol demde onuň çep goltugyndan akýan gan sakga durdy. Ol öňküsi ýaly, sagalyp ýerinden turdy we primusy goltugyna gysyp, ýene kaminiň üstüne böküp çykdy, soň diwara ýabşyrylan oboý-gülkagyzlary dyrnaçaklap, diwara dyrmandy-da, gelenlerden has ýokary, demir karniziň üstüne çykdy. Şu wagtyň özünde adamlar birden tutyny çekip, ony karnizi, tutusy bilen sypyryp düşürdiler, netijede otag gün nuruna ýap-ýagty boldy. Emma hilegär, äpet pişik hem, primus hem aşak gaçmady. Pişik primusy mäkäm penjeläp, bir böküp, otagyň potologynyň rast ortasynda asylan uly (lýustranyň) gülçyranyň üstüne böküp geçdi. — Merdiwan! — diýip, gygyrdylar pesdäkiler. — Duele çagyrýaryn! — diýip gygyrdy pişik, adamlaryň başy üzre uly gülçyrany sallançak edip uçup, şu wagt ýene onuň penjesinde sapança peýda boldy, ol primusy uly gülçyranyň şahlarynyň arasynda ýerläp goýdy. Soňra, adamlaryň depesinde sagadyň dili ýaly ikiýana çaýkanyp, olara tarap patyrdadyp ok atyp, bütin kwartirany lerzana getirdi. Hrustal uly gülçyranyň döwükleri şaglap ýere döküldi, kaminiň üstünde duran daşaýna möý kerebine meňzäp çat açdy, potologyň we diwaryň suwagy gopup, çaň-tozan göterildi, atylan oklaryň peşeňleri ýere gaçyp, dumly-duşa pytrady, penjire aýnalary çagsyldap döwüldi, ok deşen primusdan benzin dazlap akyp başlady. Indi pişigi diri ele almak hakynda gep hem bolmagy mümkin däldi, şoňa görä, gelen adamlar onuň kellesini, garnyny, döşüni, gerdenini nyşana alyp, mauzerlerinden patyrladyp ok atyp ugradylar. Bu atyşyk howludaky adamlary gorkuly howsala saldy. Emma atyşyk az salym dowam etdi we öz-özünden köşeşdi. Gepiň gysga ýeri, bu atyşykda ne pişik, ne ony tutmaga gelen adamlar ýaralandy. Hiç kes ölmedem, ýaralanmadam, adamlaryň biri muny barlamak maksady bilen jandaryň kellesine bäş ok atdy, pişik bolsa sapançanyň bar okuny boşatdy. Ýöne barybir bu hiç hili netije bermedi. Pişik gülçyrada uçmagyny haýalladyp, nämüçindir sapançasynyň agzyna üfläp, eline tüýkürdi. Aşakda dymyp duranlaryň ýüzlerinde ýagdaýa düşünmezlik alamaty peýda boldy. Bu atyşyk dünýäde ýeke-täk, belki, ilkinji gezek atyşygyň hiç kime zelel ýetirmedik gezegi bolsa gerek. Eger pişigiň sapançasy oýunjakdyr öýtsek, adamlaryň elindäki mauzerler babatda beýle diýip bolmajakdy. Pişigiň birinji ýaralanyşynyň, şeýle hem, onuň benzin içişiniň barypýatan hilegärlik, gözbagçylyk we jögülik bolanyna indi hiç şübhe galmady. Pişikden dynmaga ýene bir gezek synandylar. Oňa bakan syýrtmakly arkan zyňdylar, emma syýrtmak uly gülçyranyň bir şahyna ilişdi-de, gülçyra gürpülläp ýere gaçdy. Netijede, bütin öý lerzana gelen dek boldy, emma mundan hem netije çykmady. Adamlaryň kellesine gülçyranyň döwükleri döküldi, pişik bolsa bir böküşde kamin üstünde duran daşaýnanyň zerli çarçuwasynyň üstüne uçup geçdi. Ol gaçmagy hyýalyna hem getirmeýärdi, tersine, amatly ýere çykyp, ýene sözläp başlady. — Asla düşünip bilemok — diýýärdi ol, potologyň aşagynda durup, — nämüçin maňa beýle sütem edýärsiňiz... Edil şu wagt pişigiň ýaňy başlan gepini allnireden eşidilen haýbatly, ýogyn bir ses böldi: — Bu öýde nämeler bolýar? Maňa işlemäge päsgel berýän kim? Başga bir ýakymsyz, ýigrenji ses oňa jogap berdi: — Lagnaty Begemotdan başga kim bolsun?! Üçünji sandyrawuk ses aýtdy: — Messir! Bu gün şenbe. Gün batyp barýar. Çen boldy. — Siz meni bagyşlaň, söhbeti dowam edip bilmeýärin — diýdi daşaýnanyň çarçuwasynda oturan pişik, — bize çen boldy. — Ol sapançasyny zyňyp, penjiräniň iki gatly aýnasyny döwdi. Soňra aşak benzin sepdi, benzin öz-özünden lowlap, ýalny bada-bat petige ýetdi. Ot şeýle bir çalt we üýtgeşik tutaşdy, hatda benzin ýakylanda-da beýle çalt tytaşmazdy. Diwara ýelmenen gülkagyzlar tüsseläp başlady, ýere dartyp düşürilen tuty ýanýardy, aýnasy döwlen penjireleriň çarçuwallary ýanyp-tutaşyp başlapdy. Pişik mawlap, ýygrylyp bir bökdi-de, daşaýnanyň üstünden uçup, penjiräniň tekjesine baryp düşdi we goltugyndaky primusi bilen daşaryk atylyp çykyp, gözden gaýyp boldy. Daşardan ok atyldy. Zergär aýalyň otagynyň penjiresiniň garşysynda, ot söndürijiler üçin niýetlenen demir merdiwanda oturan adam pişigi oka tutdy, bu mahal pişik «P» şekilindäki bu ymaratyň öwrülmesindäki tarnawa ýetmek üçin bir penjireden beýleki penjirä böküp geçip barýardy. Ahyry ol şol öwrüme ýetip, tarnawa dyrmaşyp tamyň üstüne çykdy. Ol ýerde hem, moruň ýanynda sakçylyk edip duranlar pişigi şeýle bir oka tutdular, emma pişik bütin şäheri öz şöhlesine gark edip, batyp barýan Güne tarap uçup, gözden gaýyp boldy. Bu mahal kwartirada, adamlaryň aýagy aşagynda parket pol lowlap, ot aldy we ýaňy pişigiň ýalandan ýaralanyp, jögülik edip ýatan ýerinde ozalky baron Maýgeliň eňegi öňe azrak göterilen ýüzi gelenleriň göz öňünde assa-ýuwaş peýda boldy. Indi jesedi otdan halas etmegiň çäresi ýokdy. Bu ýerdäki adamlar tütäp başlan geýimlerine tap-tap urup, ýanýan parkediň gözeneklerden ätläp, aňyrky otaga we ondan girelgä çekilýärdiler. Aşhanadakylar hem girelgä atylyp çykyp başladylar. Myhman jaý bütinleý ot we tüsse içinde galypdy. Kimdir biri ýol ugruna ýangyn söndürýän edara jaň etmäge we gysgaça: — Sadowaýa, üç ýüz ikinji, bis! — diýmäge ýetişdi. Artyk gepleşmäge pursat galmandy, çünki ýalyn girelgä hem güwläp çykyp, dem almak agyrlaşypdy. Jadylanan kwartiranyň aýnalary synykdy, şol synyk penjirelerinden tüsse burugsap çykyp ugrany hem şoldy, howludan adamlaryň janhowluna gygyrýan sesleri geldi: — Ýangyn, ýangyn, ýanýas! Bu öýdäki kwartiralaryň köpüsinde adamlar telefonda: — Sadowaýa! Sadowaýa köçesi, üç ýüz iki — bis! — diýip zowladýardylar. Şu pursatda şäheriň dumly-duşundan wazlaşyp gelýän, uzyn maşynlaryň ýürekleri howsala salýan çuguldylary ýaňlanyp başlanda, howluda zowzuldap ýören adamlaryň bäşinji gatdaky penjireden üç sany erkek adamyň we bir ýalaňaç aýalyň gara sudurynyň tüsse bilen bile uçup gidenini gördüler. | |
|
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars dostuň bolsa, gaplaňa: "Ýok bol!" diýip bolýar - 10.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |