09:46 Ussat we Margarita -28/ romanyñ dowamy | |
XXVIII bap
Romanlar
KOROWÝEW BILEN BEGEMODYŇ SOŇKY PYRRYLDAKLARY Şol sudurlar hakykatdan-da, bolupmydy ýa-da Sadowaýa köçesindäki betbagt öýde ýaşaýanlaryň gözlerine gorkandyklary sebäpli şeýle görünenmi — muny anyk aýtmak kyn. Eger şol sudurlar bolan bolsa, indi olaryň nirä gidendigini-de hiç kes bilmeýärdi. Olaryň nirede aýrylyşandygyny-da biz aýdyp bilmeris, emma şuny welin bilýäris, Sadowaýa köçesinde başlanan ýangyndan soň, takmynan çärýek sagat geçende, Smolenskiý bazaryndaky Torgsin magazininiň ýüz görülýän aýnaly gapysynyň öňünde gözenek kemzolly uzyn adam bilen äpet bir gara pişik peýda boldy. Uzyn kimse çalasynlyk bilen adamlaryň arasyny böwsüp geçip, dükanyň daşky gapysyny açdy. Emma örän ýakymsyz ýüzli, süňklek, pes boýly gapy sakçysy onuň ýoluny tosup, saňňyldap: — Pişik bilen girmek gadagan — diýdi. — Men ötünç soraýan, — diýip şaňkyldady uzyn boýly adam we düwünli elini edil ker adam deý gulagyna tutup — pişik bilen diýdiňizmi? Hany pişik? Gapy garawuly gözüni mölertdi, sebäbi uzyn adamyň aýagynyň ýanynda indi pişik görünmeýärdi, onuň ýanynda primus göterip, başyna ýyrtyk papak geýen, emma ýüzi-gözi çyndan-da biraz pişigiňkä meňzeýän bir togalak kişi uzynyň arkasyndan bir emel bilen dükana girmäge ymtylýardy. Bu iki hyrydar nämüçindir synçy işik garawulyna ýakmady. — Bizde haryt diňe walýuta satylýar — diýip, ýakymsyz gürledi ol, agarany zerarly göýä güýe iýen ýaly görünýän gür gaşlarynyň astyndan bakraýyp. — Ezizim — diýip şaňkyldady uzyn, pensnesiniň çatnan aýnasy arkaly gözüni oýnadyp, — kim aýtdy size mende walýuta ýok diýip? Eginbaşyma garap, şeýle pikir etdiňizmi? Hiç haçan beýle etmäň, gymmatly goragçy! Juda uly hata etmegiňiz ahmal. Iň bolmanda meşhur halypa Harun ar Raşidiň geçmişlerine gaýtadan göz aýlap görüň. Emma şu wagt, ol taryhy wagtlaýynça bir çyra goýup, size şuny aýtmakçy men ki, üstüňden başlygyňa şikaýat ederin we siz hakda şeýle bir gepleri aýdyp bererin welin, akybetde aýnaly gapynyň arasyndaky yssy ornuňyzdan jyda boljagyňyz gürrüňsizdir. — Belki, primusym doly walýutadyr — diýip, gyzyşyp gepe goşuldy, dükana sokulyp girmäge dyzaýan pişikpisint togalak. Dükana girjek bolýan yzdakylar gaharlanyp başladylar. Netijede bu iki täsin kişä ýigrenç we şübhe bilen sereden gapy garawuly özüni çete çekmäge mejbur boldy, şonda biziň tanyşlarymyz Korowýew bilen Begemot dükana girdiler. Olar ilkibaşda hemme tarapa bir-bir göz gezdirip çykdylar, soň Korowýew dükanyň bar künjini ýaňlandyryp gepledi: — Örän ajaýyp dükan! Örän, örän gowy magazin. Tahylyň ýanyndaky adamlar ses gelen tarapa öwrülip, geplän kişä geň galyp seretdiler, ýogsa dükany öwmäge esas-da bardy. Tekje gözeneklerinde dürli hilli gülli al-elwan çit matalar top-top edip goýlupdy. Olaryň arasynda mütgel, şifon we frak üçin mawut matalar hyň berýärdi. Ýene bir ýerde üýtgeşik-üýtgeşik aýakgap gutulary bolup, o taýda birnäçe aýal pes oturgyçlarda oturyp, sag aýaklarynda täze, çep aýaklarynda köne köwüş bolup, deňäp görüp, halyçanyň üstünde dik durýardylar. Ondan içiräkde, bir burçdan patefonyň sesi gelýärdi. Emma Korowýew bilen Begemot bu geň galdyryjy täsinlikleriň deňinden geçip, göni azyk-owkat harytlary we süýji-köke satylýan bölüme tarap ýörediler. Bu ýeri örän giňişdi, kellesi ýaglykly we beretkaly aýallar mata bölümindäki ýaly dyknyşyp duranokdylar. Sakgal-murty hamy gögerýänçä tekiz gyrdalan, şirmaýy gaşly äýnekli, täzeje şlýapasynyň lentasyna tegmil hem düşmedik egni benewşe reňkli paltoly, eli sargylt ýumşak ellikli pes boýly, dörtburç adam tahylyň öňünde durup, satyja bir zatlar hoňurdap buýurýardy. Arassa täze ak halatly, gök sopbaşly satyjy benewşe paltoly müşderä hyzmat edýärdi. Ol Lewiý Matweýiň ogurlan pyçagyna meňzeş ýiti pyçak bilen ýagy syrygyp duran, gyzgylt reňk bekre balygynyň ýylanyňky ýaly kümüş şelpelerini aýyrýardy. — Bu bölüm hem örän ajaýyp — diýip dabaraly röwüşde tassyklady Korowýew we barmagy bilen benewşe reňk paltoly adamy görkezip: — daşary ýurtly müşderi hem görmegeý eken — diýdi. — Ýok, Fagot, ýok — oýlanybyrak jogap berdi Begemot, — sen dostum, ýalňyşýarsyň. Meniňçe, bu jentelmeniň ýüzünde bir zatlar-a ýetenok. Benewşa reňk paltoly kişiniň arkasy tisginen ýaly boldy, belki, bu tötänlikdir, çünki ol Korowýewyň öz hemrasy bilen gepleşen rusçasyna düşünmeýän bolmaly. — Ýakşimi? — diýip, berk sorady benewşe hyrydar. — Dünýä ülňüsinde — diýdi satyjy bagygyň hamynyň aşagyna pyçagyny sünjen bolup. — Ýakşi — men ýakşi görýär, ýaman — meniki ýaman görýär, — diýdi ýowuzlyk bilen çet ýurtly. Satyjy: — Eýsem näme! — diýip, dabaraly jogap berdi. Indi tanyşlarymyz bekre alýan daşary ýurtlydan uzaklaşyp, süýji zatlar satylýan ýere bardylar. — Şu günä howa yssy — diýip ýüzlendi Korowýew ýaňaklary gyzaryp duran satyjy gyza, emma ondan jogap bolmady. Korowýew: — Mandarin näçeden? — diýip gyzyklandy. — Kilosy otuz köpük — diýip, jogap berdi satyjy gyz. — Ne beýle gymat — diýdi Koroýew uludan dem alyp, — ah, ah... — ol ýene birazajyk oýlanyp durdy-da, ýoldaşyny çagyrdy: — Al, iýiber, Begemot. Togalak kişi primusy goltugyna gysdyrdy-da, üçburç piramida şeklinde örülen mandarinleriň iň ýokarkysyny alyp, gabygy-sabygy bilen iýip, ikinjisini iýmäge girişdi. Satyjy gyz öler ýaly gorkdy. Onuň ýüzünde gan-pet galmady. — Däleridiňizmi! Bu nähili bethalyk! — diýip gygyrdy, çek beriň! Çek! — onuň elindäki süýji zatlar tutulýan atagzy ýere gaçdy. — Janym, ezizim, gözel gyz, — diýip seslendi Korowýew tahylyň üstaşyry eňilip, satyjy gyza göz gypyp, — ýanymyzda walýuta ýok bu gün... etjek alajyň näme? Emma size ant içip diýýärin ki, indiki sapar, düşenbeden gijä galman, hemmesini nagt töläris. Biz şu ýakynda, ýangyn bolan Sadowaýa köçesinde ýaşaýarys. Begemot üçünji mandarini ýuwdup, penjesini şokolad plitkalaryndan diklenen täsin nagyşa uzatdy we onuň iň aşagyndan bir şokolad plitkasyny alyp, elbetde, örülen nagyş pytrady, ony zer kagyzy bilen bile çeýnemän ýuwdup goýberdi. Balyk satylýan tahylyň aňyrsyndaky satyjylar elleri pyçakly halda doňup galdylar. Benewşe reňk palto geýen daşary ýurtly talaňçylara tarap öwrülende, Begemotyň ýaňky pikiri nädogry bolup çykdy: benewşe reňk paltolynyň ýüzünde ýetmeýän zat däl-de, artykmaçlyk bardy — onuň ýaňaklary sallanyp durdy, gözleri elek-çelekdi. Reňki sap-sary bolan satyjy gyz bütin dükany başyna göterip, hasratly ses bilen gygyrdy: — Palosiç! Palosiç! Mata bölümindäki adamlar bu sesi eşidip, bärik eňdiler. Begemot bolsa tagamly süýjüliklerden uzaklaşyp, «Kerçiň aňrybaş seld balygy» diýip ýazylan çelege penjesini sokup, iki sany selýodkany çykaryp, birbada ikisinem ýuwutdy, diňe balyklaryň guýrugyny püfläp goýberdi. — Palosiç! — diýip ýene jan-teni bilen gygyrdy süýji önümleri satyjy gyz, balyk bölümindäki çokga sakgal satyjy bolsa: — Haý, haýwan, edýäniň näme? — diýip heňkirdi. Bu wagt Pawel Iosifowiç (ýagny Palosiç) wakanyň bolýan ýerine howlukmaç gelýärdi. Ol edil hirurg ýaly täze ak halatly, haladynyň jübüsinde galam görnüp duran peşeneli kişidi. Ol daşky görnüşinden köpügören adam bolsa gerek, Begemotyň agzynda üçünji selýodakanyň guýrugyny görenden, derhal ýüz beren ýagdaýa doly düşündi-de, bu haýasyzlar bilen sanaşyp oturmazdan, uzakda duran gapy garawulyna el salgap, — jürlewük çal! — diýip buýurdy. Gapy garawuly aýnaly gapydan Smolenskiý köçesiniň burçuna çykyp, jürlewini howsalaly jürletdi. Adamlar iki deýýusyň daşyny gurşap aldy, şonda Korowýew işe girişdi. — Graždanlar! — diýip, titreýän inçe ses bilen seslendi ol, — nämeler bolup dur bu ýerde, ä? Men sizden soraýaryn! Bu biçäre, — Korowýew sesinde ahy-nala heňini hasyl edip, Begemoty görkezdi, ol bolsa, aglamjyraýan ýaly edip, ýüzüni üýtgetdi, — bu biçäre günuzyn primus bejerip ajygandyr... Ol walýutany nireden alsyn? Adatça gylyk-häsiýeti agras we giň göwrümli Pawel Iosifowiç Korowýewe gazap bilen: — Bes et jögüligi! — diýip gygyrdy we indi sabyrsyzlyk bilen gapy garawulyna el salgady. Şonda dükanyň gapysynyň agzynda jürlewük has batlyrak jürläp başlady. Ýöne Korowýew Pawel Iosifiçiň haýbatyndan çekinmän, sözüni dowam etdi: — Nireden alsyn? — men sizden soraýan! Onuň açlykdan, teşnelikden aňkasy aşypdyr! Yssydan ýaňa ejizläpdir! Äý, iýen bolsa, bary-ýogy üç köpük durýan bir mandarin iýipdir bu maňlaýy gara. Şonuň üçin derrew bilbilgöýä bolup jürlewük jürletmek, milisiýany azara goýup, işden goýmak zerurmy? Ol iýse bolýamy? Ä? — Koroýew şeýle diýip, benewşe reňk paltoly semizi görkezende, onuň ýüzünde gaty tolgunma alamatlary peýda boldy, — kim özi bu? Ä? Nireden gelen? Nämüçin gelipdir? Näme, ony görmän oňup bileňzokmy? Nä biz ony çagyryp getirdikmi? Dogry, — diýdi batly owaz bilen öňki regent agzyny kinaýaly gyşardyp — görüp dursuňyz, ol benewşe reňk paltoly bezenip gelipdir, özem gymmatbaha bekre balygyny iýip, şar ýaly çişip gidipdir, onuň bar ýeri walýutadan doly, emma biziňkilere bolsa?!.. Nähili horluk! Çydap bilemok! Çydap bilmerin! — diýip, Korowýew bogazyna pyçak goýlan ýaly gygyrdy. Bu tutaryksyz, biedep we syýasy tarapdanam zyýanly bolan wagyz Pawel Iosifowiçiň gaharyny gaýnadyp, sandyratdy, emma bu ýerde hümer bolup duran adamlaryň gözlerine bakyp, bu wagzyň olarda duýgudaşlyk oýarandygyny görse bolýardy. Begemot hapa we ýyrtyk ýeňini gözüne eltip, pajygaly äheňde: — Meniň ýaly ejir çekeniň tarapyny tutanyň üçin sag bol, wepaly dostum! — diýende, bir mugjyza ýüze çykdy. Ýap-ýaňy konditer bölüminde badamly üç sany pirožnyý alan, garybana, emma juda arassa geýnen, öte mylakatly, salyhatly goja birden üýtgedi. Onuň gözlerinde söweşjeň ot çaknady, çog dek gyzaryp, pirožniý salnan gaby ýere taşlap, çagalaryňky ýaly inçe ses bilen: — Dogry! — diýip gygyrdy. — Soňra ol ýaňy Begemotyň bozup taşlan eýfel başnýasy örülen şokoladlaryň aşagyndaky podnosy (mejimäni) çekip alyp, çep eli bilen daşary ýurtlynyň başyndan şlýapasyny sypyryp, sag elindäki podnos bilen onuň takyr kellesine şeýle bir aýlap urdy welin, maşyndan ýere demir bölekleri oklananda, nähili tarkyldy çykýan bolsa, häzirem şeýle eýmenç ses bütin dükana ýaýrady. Togalak daşary ýurtlynyň reňki öçüp, götinläp, Kerç şor balygy salnan çelege çöküp galdy we munuň akybetinde selýodkanyň şor suwy onuň çar tarapyndan fontan bolup çogdy. Edil şu wagt ikinji mugjyza ýüze çykdy. Çelege çöken benewşe kişi arassa rus dilinde, pelteklemän: — Öldürýärler! Milisiýa! Meni garakçylar öldürýär — diýip, nalady welin, şu mahala çenli özüne nätanyş bolan dili hut şu pursat gorkusyndan ýaňa öwrenen ýaly duýuldy. Şol pursat gapy garawulynyň jürlewügi diňdi we tolgunýan alyjylaryň arasyndan ýetip gelýän iki milisioneriň tugulgasy göze ildi. Emma hilegär Begemot edil hammama düşýän adamyň oturgyçlara bedreden suw sepişi ýaly, konditer bölüminiň tahyllaryna primusyndan benzin guýdy, benzin öz-özünden ot aldy. Ýalyn pöwh edip ýokary göterildi-de, tahyllaryň gyrasy bilen tutaşyp, ýol ugruna ter miweler doldurylan sebetjagazlaryň owadan kagyz lentalaryny ýalap-ýandyryp geçdi. Satyjy aýallar gyýkuwlaşyp, tahyllaryň aňyrsyndan atylyp çykdylar, edil şu mahal penjirelerdäki tutulara ot düşdi we pola dökülen benzin hem ýanyp başlady. Agyr märeke birden howlukmaçlyk bilen perýat göterip, indi gereksiz Pawel Iosifowiçi hem basyp geçip, konditer bölüminden yza çekilip ugrady, balyk bölüminiň satyjylary bolsa ellerindäki ýiti pyçaklary bilen hatar düzlüşip, yzky gapa tarap gaçdylar. Başdan-aýaga selýodka suwuna ezlen benewşereňk paltoly raýat bir çäre tapyp, çelek belasyndan gutuldy-da, tahylda ýatan sýomga balygynyň üstünden ätläp, olaryň yzyna eýerdi. Ýangyndan gaçan märekäniň gykuwy astynda dükanyň köçe tarapynda goýlan aýnalar kül-uşak boldy, emma ol iki deýýusyň Korowýew bilen açgöz Begemotyň nirä gaýyp bolanyny hiç kim bilmän galdy. Soňra Smolenskiý bazaryndaky Torgsinde ýüze çykan ýangyna şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, hamala, tüpbozanlar ýokaryk, potologa deýin göterilenmiş-de, şol ýerde edil çagalaryň şary ýaly ýarylanmyş. Beýle bolmagy elbetde, şübheli, emma görmedik närsämiz hakynda hiç zat aýdyp bilmeris. Emma şuny anyk bilýäris ki, Smolenskiý bazarynda ýüz beren hadysadan laýyk bir minut geçenden soň, Begemot bilen Korowýew Griboýedowyň daýzasynyň öýüniň öňündäki seýilgähde peýda boldular. Korowýew gözenek diwaryň öňünde saklanyp, şeýle diýdi: — Muňa seret! Bu ýazyjylar öýi ýaly-la! Bilýäňmi, Begemot, men bu öý hakynda juda köp täsin we magtawly sözleri eşidipdim. Sen bu öýe gowy seret, dostum! Ine, şu dergähde ençe-ençe talantlaryň bişip ýetişýänligi hakynda oýlanmak maňa uly hözir berýär. — Parnikde ösen ananas dek bişip ýetişýär diýsene — diýdi Begemot we köp sütünli, sarymtyl binany gowy synlamakçy bolup, çoýun gözenekli haýatyň binýadyna mündi. — Örän dogry aýtdyň — diýip, Korowýew gadyrdan ýoldaşynyň pikirine goşulyşdy, — häzir, ine, şu binada «Don Kihotyň» ýa-da «Faustyň, ýa-da jyn ursun meni «öli janlaryň» geljekki awtorlarynyň ösüp ýetişýändigi hakynda oýlansoň, ýüregiňi nähilidir bir tagamly howsala gurşap alan ýaly bolýar! Şeýle dälmi? — Şeýle pikir etmegem howply — diýip, tassyklady Begemot. — Hawa — diýip, dowam etdi Korowýew, — juda täsin närseleriň şaýady bolmak mümkin bu öýüň parniklerinde, şunlukda, bu öý Melpomena, Poligimniýa we Taliýalara bütin durmuşyny pida eden bürnäçe müň öňdebaryjylary öz penasynda jemleýär. Eger şu öňdebaryjylaryň biri kitap söýüjilere başlangyç hökmünde «Derňewçini» ýa bolmasa, «Ýewgeniý Onegini» bagyş edäýseler, nähili şowhun turjagyny sen göz öňüne getirýän bolsaň gerek! — Tüýs bolaýjak zat — diýip, Begemot ýene-de tassyklady. — Hawa — diýip Korowýew barmagyny ähmiýetli ýagdaýda ýokary göterdi, — emma! Men emma diýip ýene gaýtalaýaryn! Emma bu näzik teplisa ösümliklerine nähilidir bir mikrob düşüp, onuň damaryny gemirmese ýa-da çüýredip taşlamasa! Beýle ýagdaýa ananaslar uçrap bilýär. Üstesine-de, baý-baý, nähili uçraýar! — Aýdyşyň ýaly — diýdi Begemot, togalak kellesini gözenek diwaryň deşigine sokup, olar eýwanda näme işleýärler? — Nahar edinýärler — diýip düşündirdi Korowýew, — saňa şuny hem aýdaýyn, gadyrdanym, bu ýeriň restorany gowy, tagamlary-da arzan. Emma men häzir, dogrusyny aýdaňda, alys sapara şaýlanan turistler ýaly, hezil edip naharlanmak we uly kürşgäni dolduryp, buz ýaly piwo içmek isleýärin. — Menem — diýdi Begemot, şundan soň bu iki deýýus lipa daragtlarynyň aşagyndan geçýän asfalt köçejikden boljak heläketden bihabar restoranyň eýwanyna tarap rowana boldular. Eýwana girilýän ýerde, daşyna ýap-ýaşyl otlardan nagyş edilen gapynyň bir çetine goýlan oturgyçda ak joraply, guýrukly ak beretlije, ak ýüzli bir aýal içi gysyp otyrdy. Onuň öňündäki adaty nahar stolunyň üstünde galyň bir hasap kitaby ýatyrdy. Aýal nämüçindir bu hasap kitabyna gelen-gidenleriň adyny ýazýardy. Ine, şu aýal Korowýew bilen Begemotyň ýoluny kesdi. — Güwänamalaryňyz barmy? — diýip, ol Korowýewiň pensnesine, şeýle hem, Begemotyň primusyna, onuň ýyrtyk tirsegine geňirgenip seretdi. — Bizi müň merte bagyşlarsyňyz, o nähili güwanama? — diýip sorady geň galan bolup Korowýew. — Siz ýazyjymy? — diýip, aýal hem sowal berdi öz nobatynda. — Şek-şübhesiz — diýip, mynasybet bilen jogap berdi Korowýew. — Güwänamalaryňyzy görkeziň onda! — tekrarlady aýal. — O, anjaýyn gözel... — diýip, mylaýymlyk bilen gepe başlady Korowýew. — Men gözel däl — diýip, onyň sözüni böldi aýal. — Wah, arman — diýdi Korowýew gynanyp we sözüni dowam etdi: — Ýeri, bolýar-da, siziň gözel bolmagyňyz biz üçin gowy bordy, emma siz gözel zenan bolmak islemeýän bolsaňyz, alajymyz näme? Onda şeýle Dostoýewskiniň ýazyjydygyny bilmek üçin ondan güwänama soramak zerurmy? Onuň islendik romanyndan bäş sahypany alyp, okap görüň, şonda güwänamasyz-da onuň ýazyjydygyny bilersiňiz. Oýlanyp görýän welin, Dostoýewskide aslynda güwänama hem bolandyr öýtmeýärin. Sen nähili pikir edýäň? — diýip Korowýew Begemotdan sorady. — Jedelem edip biljek, bolan däldir — diýip jogap berdi Begemot, primusyny stola, hasap kitabyň ýanynda goýup, gara-gura degen maňlaýynyň derini aýasy bilen syryp. — Siz Dostoýewskiý däl — diýdi, Korowýewiň aljyradan aýaly. — Aý, kim bilýär, kim bilýär — diýdi ol. — Dostoýewskiý öldi — diýip, aýal ynamsyzrak aýtdy. — Nägilelik bildirýärin! — diýdi Begemot gyzgyn äheňde. — Dostoýewskiý hiç haçan ölmez! — Güwänamaňyzy görkeziň, graždanlar, — diýdi aýal. — Bagyşlarsyňyz, eýsem, bu gülküli ýagdaý dälmi — diýip, Korowýew ýeň bermedi— ýazyjylyk güwänama bilen däl-de, eser ýazyşy bilen kesgitlenýär. Meniň kellämde nähili pikirleriň aýlanýanyny siz nireden bilersiňiz! Ýa-da ine, bu kellede nämeler bardygyny aýdyp bilermiň? — diýip, ol Begemotyň kellesini görkezende, ol bu aýal gowy synlasyn diýen manyda derhal başyndan papagyny çykardy. — Ýol beriň, graždanlar — diýdi, aýal indi gahary gelip. Korowýew bilen Begemot bir gyra çekilip, ak ýaz köýnekli, ýakasyny çal penjeginiň ýakasyna serpen, şu sebäpli galstuk dakynmadyk goltugyna gazet gysdyran bir ýazyjyny geçirip goýberdiler. Ýazyjy aýal bilen baş atyp salamlaşdy, ýol ugruna onuň açyp goýan hasap kitabyna gyýşyk-çaýşyk gol goýdy-da, eýwana tarap ugrady. — Wah, bize däl, bize däl, — diýdi Korowýew gamgyn owazda, — biz biçäre sergezdanlaryň arzuwlan buz ýaly piwosy oňa nesip etdi, ýagdaýymyz örän hasratly we müşgil, näme etjegimem bilemok. Begemot alaç näme diýen dek ellerini ýaýdy, pişigiň tüýüni ýatladýan gür saçly togalak kellesine papagyny geýdi. Edil şu mahal aýalyň başy üzre kimiňdir ýuwaş, ýöne hökümli sesi ýaňlandy: — Geçiriň bulary, Sofýa Pawlowna. Eli kitaply aýal geň galdy: ýaşyl çyrmaşykgüle bürenen gapynyň bosagasynda restoranyň direktorynyň frakly ap-ak kükregi we çokga sakagaly göründi. Ol şübheli iki üflasa mylaýym seretdi, üstesine, hatda olary hormatlap, içerik teklip etdi. Restoranda Arçibald Arçibaldowiçiň abraýy juda uludy, şu sebäpli Sofýa Pawlowna etagat bilen boýun synyp, Korowýewden sorady: — Familiýaňyz näme? Panaýew — diýip, ol mylakatly jogap berdi. Aýal bu familiýany depdere ýazyp, Begemota sowally nazar bilen äňetdi. — Skabiçewskiý — diýip, pyşşyldady ol, nämüçindir eli bilen primusyny görkezip. Sofýa Pawlowna bu familiýany hem ýazyp, depderi gol çekmek üçin müşderiniň öňüne süýşürdi. Korowýew «Panaýew» familiýasynyň deňine «Skabiçewskiý» diýip, Begemot bolsa «Skabiçewskiý» familiýasynyň gabadyna «Panaýew» diýip gol çekdiler. Arçibald Arçibaldowiç öz hereketi bilen Sofýa Pawlownany bütinleý geň galdyryp, özüne mahsus mylaýym ýylgyryşy bilen myhmanlary eýwanyň aňrysyndaky kölgeli, çyrmaşdyrylan gülleriň arasyndan geçip, gün şöhlesiniň oýnaklaýan ýerindäki iň gowy stola tarap äkitdi. Sofýa Pawnowna bolsa, geň galmakdan ýaňa gözlerini gyrpyldadyp, uzak wagtlap garaşylmadyk müşderileriň çeken gollaryna äňedip oturdy. Arçibald Araçibaldowiç ofisiantlary Sofýa Pawlownadan hem beter geň galdyrdy. Ol hut özi oturgyç süýşürip, Korowýewi oturmaga teklip kyldy, bir ofisianta göz gypyp, ikinjisiniň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady, şundan soň olaryň ikisem täze myhmanlaryň daşynda perwana bolup başladylar, bu wagt myhmanlaryň biri reňki öçüp, saralan köwşüniň ýanynda primusyny goýdy. Stol üstündäki sary tegmilli, köne saçak göz açyp ýumasy salymda aýrylyp, ýerine beduinleriň çadyry ýaly ak, bezegli saçak howada şowurdap, ýazyldy, soň Arçibald Arçibaldowiç Korowýewiň gulagyna eňilip juda manyly äheňde ýuwaş pyşyrdaýardy. — Näme bilen hezzetlemeli? Gyzyl balykdan aýratyn bişirilen tagam bar... arhitektorlaryň gurultaýyndan süýşüripdim... — Siz... ä... bize, umuman bir ýürekselik beriň... ä... — mürewwet edýän dek hiňlendi Korowýew stula söýenip. — Düşündim — diýip, gözüni ýumup, Arçibald Arçibaldowiç köpmanyly jogap berdi. Restoranyň başlygynyň bu öte şübheli nusgalar bilen edýän mylakatyny gören ofisiantlar her hili şübhelerini terk edip, işe yhlasly girişdiler. Biri jübüsinden papiros galyndysyny alyp, çekmekçi bolan Begemota otluçöp çakyp berdi, ikinjisi ylgap, pyçak, çemçe, dürtgüç ýaly enjamlaryň ýanyna kiçijik bulgurlary, şerap içilýän uzyn gadaklary jyňňyrdadyp, hatarlap goýdy, beýle gadaklarda saýawan astynda oturyp, buz ýaly narzan içmek kişä hözir bagyşlaýar... ýok, wakadan biraz öňe gidip aýtmak boljak, unudylmaz Griboýedow eýwanynyň kölgeli saýawanynyň aşagynda narzan içilipdi. — Malyň bykyn eti bilen hezzetläp bilerin — diýip, hiňlenýän ýaly myrryldady Arçibald Arçibaldowiç. Çat açan pensneli myhman onuň teklibini doly makullady we gämi kapitanynyň ýüzüne döwük äýnegiň boş gözünden mylaýym bakdy. Goňşy stolda öz aýaly bilen gowrulan doňuz etini iýip oturan belletrist Petrakow — Suhoweý barça ýazyjylara has bolan synçylyk bilen Arçibald Arçibaldowiçiň edýän hoşamatyny görüp geň galdy. Onuň aýaly, hormatly hanym deňiz garakçysyny Korowýewden gabanyp, — bu näme boldugy, bizi egläp otyrlar, bireýýäm buzgaýmak getirmäge çen boldy ahyry — diýjek bolýan ýaly, çemçejigi bilen stoly tyrkyldadybam başlady. Emma Arçibald Arçibaldowiç mylaýym ýylgyryp, olara seretdi-de, derrew ofisiantyny ýollady, özi bolsa eziz myhmanlaryň ýanyndan aýrylmady. Diýseň dana adamdy Arçibald Arçibaldowiç! Synçylykda bolsa islendik ýazyjydan kem galmaýardy. Ol Warýetede berlen jadygöýlük seansyndan hem, soňky günlerde ýüz beren birnäçe hadysalardan hem habarlydy, ýöne beýleki adamlardan parhlylykda ol «gözenek kemzolly» we «pişik» diýen sözleri gulagynyň duşundan geçirmändi. Arçibald Arçibaldowiç öz müşderileriniň kimligini derrew pähimledi. Pähimländen soň, elbetde, olar bilen dawalaşyp durmady. Arman, Sofýa Pawlowna ýagdaýy aňmady! Toba, gelip-gelip şu iki müşderiniň ýoluny saklap otyr! Aý, bolýa-da, ol nämä düşünýär?! Petrakowa hanym eräp başlan buzgaýmaga tekepbirlik bilen çemçejigini degrip oturyşyna, allanähili masgarabazlara meňzeýän eşikli iki müşderiniň stolynyň üstüniň nähilidir sehir-jady bilen dürli naz-nygmatlardan dolup başlanyny nägile nazar bilen synlaýardy. Ana, täze işbil bilen doldurylan wazanyň üstünde lowurdaýança ýuwlan gök önümler peýda boldy... ýene şol pursatda goşmaça goýlan stolda sowukdan derlän kümüş bedrejik göründi... Arçibald Arçibaldowiç gerek zatlaryň birkemsiz taýyn edilendigine ynanç hasyl edenden soň, üsti ýapylgy, içinde nämedir jyz-pyz edýän tagam ofisiantlaryň elinde uçup gelip, stol üstüne goýlandan soň, iki syrly müşderini goýup gitmäge batyrlyk etdi, şonda hem olaryň gulagyna pyşyrdamagy unutmady: — Bagyşlaň! Bir minut! Fileden — but etinden hut özüm habar tutjak bolýan. Ol ylgap, restoranyň içki jaýyna girip gitdi. Eger bir adam Arçibald Arçibaldowiçiň şondan soňky özüni alyp baryşyny synlan bolsady, onda onuň hereketi birneme syrly bolup görnerdi. Başlyk mal etiniň bişirilişini görmäge aşhana däl-de, restoranyň ambarhanasyna ýol alypdy. Ol ambarhanany öz açary bilen açyp girip, gapyny içinden bekledi, soň ýeňini hapa etmezlige çalşyp, buzly otagdan seresaplylyk bilen uly, iki sany kakadylan gyzyl balygy alyp, gazete dolady-da, ýüp bilen daňdy-da, bir gyra goýdy. Soňra goňşy otaga geçip, atlaz işlikli ýaz paltosy bilen şlýapasyny gözden geçirdi, şundan soň, aşhana ýöredi, bu ýerde aşpez myhmanlara wada edilen mal etini uly howsala bilen bişirýärdi. Şuny aýdyp goýmak gerek, Arçibald Arçibaldowiçiň bu hetdi-hereketinde geň galmaly ýa-da şübheli hiç zat ýokdy, diňe ýüzleý synlan adam onuň bolşuna geň galardy. Elbetde, Arçibald Arçibaldowiçiň hetdi-hereketleri şu wagta çenli bolan wakalara logiki-mantik taýdan baglydy. Griboýedow restoranynyň başlygy soňky günlerde ýüz beren hadysalardan özüniň habarlylygy bilen, hususan-da, çuňňur duýgurlygy bilen, bu iki müşder-ä berilýän dökan-saçan peşeneli zyýapatyň örän gysga boljagyny pähimläpdi. Onuň altyna barabar duýgurlygy bu gezek hem ony aldamady. Korowýew bilen Begemot iki gaýtalap arassalanan, ajaýyp, buz ýaly Moskwa aragy doldurylan bulgurlaryny ikinji gezek çakyşdyranlarynda, özüniň bilermenligi bilen bütin Moskwa tanalan hronikaçy Boba Kandalupskiý gara dere batyp, tolgunyp restoranyň eýwanyna ýetip geldi we göni baryp Petrakowlaryň stolynyň ýanynda oturdy. Soň pökgeren sanajyny stoljykda goýdy-da, dodagyny Petrakowyň gulagynyň içine dykar ýaly derejede ýakyn eltip, nähilidir täsin gepleri pyşyrdap başlady. Synçgylawuk derdine çydam berip bilmedik Petrakowa hanym Bobanyň pökgi we ýag çalnan ýaly ýaldyrawuk leblerine öz gulagyny hem tutdy. Boba bolsa, käte-käte töweregine ogrynça göz aýlap, lebi lebine degmän henizem pyşyrdap otyrdy welin, onuň uzyndan-uzak hüňürdisinden käbir sözleri aňşyrmak mümkindi. — Ant içip aýdýan! Sadowaýada, Sadowaýa köçesinde — diýip, Boba sesini hasam peseltdi. — Ok kär edenokmyş! Oklar... byz-byz... benzin, ýangyn... atyşyk... — Gör, nähili tutaryksyz myş-myşlary ýaýradyp ýören, ine, şeýle ýalançylary, — diýdi batly sandyrawuk ses bilen gazaplanan Petrakowa hanym, — ine şunuň ýalylaryň tanapyndan çekseler gowy bolardy! Zeleli ýok, entek olary paş ederlerem, tertibe-de çagyrarlar! Nähili biderek toslamalar! — Nämesi toslama, Antonida Porfirýewna! — diýdi ýazyjynyň aýalynyň bu gepinden ynjan Boba we ýene dowam etdi: — Aýdýan-a size, ok alanok... Indi bolsa ýangyn... Olar asmandan howa uçup gidipdirler, — Boba ýylan dek wyşlap gepleýärdi, öz gürrüňiniň gahrymanlarynyň şu ýerde, ýanjagazynda keýp edip, diňläp oturandyklaryndan elbetde, bihabardy. Ýöne olaryň lezzeti tiz tamamlandy. Restoranyň içki girelgesinden gön ädikli, billeri kemer bilen berk guşalan, elleri sapançaly üç kişi eýwana atylyp çykdy. Iň öňdäki batly ses bilen eýmenç gygyrdy: — Ýerleriňizden butnamaň! — Şu gepden soň, olaryň üçüsi-de birden Korowýew bilen Begemotyň kellesini nyşana alyp, eýwandan ok atyp başlady. Oka tutulanlar şobada howada eräp, gözden gaýyp boldular, primusdan bolsa pöwh edip ot çykyp, göni saýawan çadyra uruldy. Çadyrda gara tüýnük peýda bolup, onuň töweregi ýanyp, kem-kem giňeldi. Ýalyn şu tüýnük arkaly asmana atylyp, Griboýedow öýüniň binasyna çenli ýetdi. Ikinji gatdaky redaksiýanyň otagynyň penjiresine üýşürlip goýlan bukjalardaky golýazmalar birden ot aldy, soň ot aýnanyň tutusyny ýalmap ugrady, ana, şonda ýalyn, edil kimdir biri ony zor bilen üfleýän ýaly güwläp, Griboýedowyň daýzasynyň öýüniň içine girip gitdi. Ýene birnäçe sekuntdan soň bagdaky goýun gözenekli diwar sary alyp barýan asfalt ýodajykdan, ýadyňyzda bolsa, okyjy, çarşenbe güni agşam ýüz beren bagtsyzlygyň birinji habarçysy Iwanuşka şu ýodadan gelipdi, emma oňa hiç kim gulak asmandy, çala naharlanan ýazyjylar, ofisiantlar, Sofýa Pawlowna, Boba, Petrakowa, Petrakow ylgap geçip başladylar. Köçä gapdal gapydan öňräk çykyp ýetişen Arçibald Arçibaldowiç atlaz işlikli ýazky paltosynda, iki goltugy gyzyl balyk dolanan sargyny gysdyran, göýä ýanýan gämisini hemmeden soň terk etmekçi bolýan kapitan dek, hiç ýere gaçman, hiç ýere howlukman, arkaýyn durdy. | |
|
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Janserek -12: romanyñ dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |