09:44 Ussat we Margarita -29/ romanyñ dowamy | |
XXIX bap
Romanlar
USSAT BILEN MARGARITANYŇ KYSMATY ANYK ...Moskwadaky, takmynan ýüz elli ýyl mundan öň gurlan iň gözel binanyň üçegindäki daş supada, juda belentde, Günüň batyp barýan çagy, iki kimse: Woland bilen Azazello durdy. Olar köçedäki adamlara görünmeýärdiler: çünki olary gipsden ýasalan wazalar we güller bilen bezelen penjire bigana gözlerden gizläp durdy. Emma özleri şäheriň iň çet ýerlerine çenli arkaýyn syn edip bilýärdiler. Woland her saparkysy ýaly gara uzyn donuny geýip, ýygma oturgyçda otyrdy. Onuň uzyn we ýasy gylyjy üçegiň üstüne goýlan ýasy daşyň ýarygyna dikligine sünjülgidi. Mundan Gün sagady emele gelipdi. Gylyjyň kölegesi iblisiň aýagyndaky gara köwşe tarap ýuwaş we dynuwsyz uzalyp barýardy. Woland çüri eňegini ýumrugyna diräp, bir aýagyny aşagyna goýup, oturgyçda bükülip otyrdy, göge çenli uzalan bihasap köşki-saraýlardan, mahabatly ymaratlardan, ýykylmaga degişli külbelerden gözüni aýyrmaýardy. Özüniň zamanabap lybasyny, ýagny kemzoly, şlýapa-kotelogy, laknanan köwşüni terk edip, indi edil Woland ýaly gara geýnen Azazello öz hökümdaryndan sähel daşrakda sarsman durdy, ol hem şäheriň gözelligine seredýärdi. Woland gep başlady: — Örän täsin şäher, şeýle dälmi? Azazello bir gozganyp, hormat bilen jogap gaýtardy. — Messir, maňa-ha Rim has gowy ýaraýar! — Hawa, her kime bir zat hoş ýakýar — diýip, Woland jogap berdi. Az salymdan soň ýene onuň sesi ýaňlandy: — Ho-ol bulwarda tüsse burugsap durmy? — Griboýedow ýanýar — diýip, jogap berdi Azazello. — Bu çakym çak bolsa iki gadyrdanyň — Korowýew bilen Begemotyň işidir? — Oňa şek-şübhe ýok, messir. Ýene ümsümlik aralaşdy, bu wagt günbatar tarapa bakýan öýleriň ýokary gabatlaryndaky penjirelerinde Günüň göz gamaşdyryjy şöhleleriniň lowurdaýanyny olar synlaýardylar. Wolandyň gözi, häzir şapaga arka öwrüp oturan bolsa-da, şol öýleriň penjireleri kibi parlaýardy. Emma ol mahal nämedir bir zat Wolandy şäherden ýüz dönderip, öz arkasyna, üçegiň üstündäki togalak diňe seretmäge mejbur etdi. Minaranyň diwarynyň içinden öl geýim-gejimine palçyk syçran, aýagyna ýönekeý sandal köwüş geýen, ýüzi çytyk bir gara sakgally adam çykyp geldi. — Bä! — gep gatdy Woland bu adama ýaňsyly seredip, — häzir seniň bu ýere geljegiňe asla garaşmandyk! Ýeri, nähili hyzmat bilen geldiň, çagyrylmadyk, ýöne geljekdigi çak edilen myhman? — Seniň huzuryňa geldim, ýamanlyk ruhy, kölgeler hökümdary — diýip, jogap berdi diwardan çykan adam Wolanda gabak astyndan duşmançylykly seredip. — Eger meniň ýanyma gelen bolsaň, nämüçin maňa salam bermediň, eý, öňki salgyt ýygnaýjy? — diýdi Woland ýowuzlyk bilen. — Sebäbi, men seniň salamat bolmagyňy islemeýärin — diýip, pet jogap berdi gelen adam. — Ýöne sen meniň baky ýaşaýanlygym bilen ylalaşmaly bolarsyň — diýip nägilelik bildirdi Woland we gülümsirände, agzy gyşardy, — sen bu üçekde peýda bolaňda, eýýäm akmaklyk kyldyň, bu akmaklygyň, men saňa aýtsam, gepleýiş äheňiňde. Sen sözleri şeýle beýan etdiň ki, göýä arwahlary, ýagny kölgeleri, şeýle hem ýamanlygy ykrar etmeýän ýaly bolduň. Sen, bir ýagşylyk edip, ine, şu sowal üstünde baş agyrdyp görseň: eger ýamanlyk bolmasa, seniň hossar çykýan şol ýagşylygyň näme işlärdi, eger jemi ki kölgeler gaýyp bolsa, ýer ýüzi nähili öwüşginde bolardy? Eýsem, kölgeler enjamlardan we adamlardan döremeýärmi? Ine, meniň gyljymyň kölgesi. Emma ösümlik-daragtlaryň hem, barça janzatlaryň hem kölgesi bolýar. Ýa-da sen öz ýeke-täk ýagşylyk hakda ham-hyýalyňa berlip, ýer ýüzüni boşadyp, barça ösümlikdir-daragtlary, bütin jandarlary ýok etmekçimiň! Sen tentek. — Men seniň bilen jedelleşmek islämok, garry sopy — diýip jogap berdi Lewiý Matweý. — Sen meniň bilen jedelleşibem bilmersiň, ýaňky aýdyşym ýaly, sen akmak — diýip jogap berdi Woland we sorady: — Hany, meniň ýüregime düşme-de, maksadyňy gysga beýan et, nämüçin geldiň? — Meni ol iberdi. — Ol senden näme habar iberdi, gul? — Men gul däl, — has beter gaharlanyp jogap berdi Lewiý Matweý, — men onuň şägirdi. — Biz, mydama bolşy ýaly, aýry-aýry dilde gepleşýäris, — diýdi Woland, — Ýöne munuň üçin aýdan zatlarymyzyň manysy üýtgemeýär. Ýeri onsoň... — Ol ussadyň eserini okady — diýip gepläp başlady Lewiý Matweý, — şu sebäpli, ol senden ussady özüň bilen alyp gidip, oňa aram bagyş etmegiňizi haýyş kyldy. Eýsem, şeýtmek saňa kyn düşermi, ýamanlyk soltany? — Meniň üçin kyn iş ýok — diýip jogap berdi Woland, — muny özüň hem gowy bilýäň. — Ol bir azajyk dymdy-da: — Nämüçin siz ony öz ýanyňyza — ýagtylyga alyp gideňzok? — Ol ýagtylygy däl, rahatlygy gazandy — diýdi Lewiý gamgyn ses bilen. — Baryp aýt, buýruk berjaý edilýär — jogap berdi Woland we: — Emma özüň şu ýerden güm bol — diýip, ol gözünde ot oýnatdy. — Ol ussady söýen we onuň üçin külpet gören aýaly hem alyp gidiň diýip haýyş edýär. — Lewiý birinji gezek ýalbaryjy äheňde Wolanda ýüzlendi. — Sen aýtmanyňda muňa öz akylymyz ýetmeýärmidi? Ugra! — Şu gepden soň Lewiý Matweý gaýyp boldy, Woland bolsa Azazellony çagyryp, oňa buýrdy: — Derhal uçup baryp, olary sapara şaýla. Azazello üçegi terk etdi, tamyň üstünde Woland ýeke galdy. Ýöne onuň ýekeligi uzak dowam etmedi. Üçegiň daş sekisiniň üstünde aýak sesleri we wagyr-wugur sesler eşdildi. Wolandyň garşysynda indi Korowýew bilen Begemot peýda boldy. Emma Begemotyň goltugynda primus ýokdy, ol başga zatlary göterip geldi. Indi onuň goltugynda meýdan gözelligi — peýzaž çekilen kiçijik zerli çarçuwa, egninde ýary ýanan aşpez halady, bir elinde derisi soýulmadyk sýomga balygy bardy. Korowýew bilen Begemotdan ýanygyň ysy gelýärdi, Begemotyň ýüzi gara çyrşak, papagynyň ýary ýanykdy. — Salýut, messir, — diýip gygyryp salamlaşdylar aýrylmaz aşnalar, Begemot bolsa hatda sýomga balygyny howada bulaýlady. — Bolup gelşiňiz-ä ganymat — diýdi Woland. — Messir, göz öňüne getirip görüň — diýip gygyrdy Begemot tolgunyşly şatlyk bilen, — meni öli talaýan — garakçydyr öýtdüler. — Göterip gelen närseleriňize seredeniňde — diýip jogap berdi Woland, çarçuwadaky peýzažy gözden geçirip, — tüýs öli talaýanyň özi sen. — Ynanýaňyzmy, messir... — diýip Begemot çyny bilen söze gep başlady. — Ýok, ynanmaýan — diýip, gysga jogap bilen Woland onuň sözüni böldi. — Äht edip aýdýaryn, messir, men edermenlik görkezip, mümkingadar köpräk zady halas etjek boldum, bar halas edenim şular boldy. — Sen gowusy, Griboýewdowyň nädip ot alanyny aýdyp ber — diýip Woland sorady. Korowýew hem, Begemot hem «biz-ä haýran» diýen manyda eginlerini gysyp, gözlerini göge dikdiler. Begemot bolsa ýene çyňkyryp diýdi: — Akyly bawar etmeýär! Bimazalyk etmän, garbanyp, ýuwaş otyrdyk... — Şo mahal birden «tark, tark» edip ok atylyp başlady — diýip, Korowýew gepi kakyp aldy. Gorkudan ýaňa Begemot ikimiz huşumyzy ýitirip, bulwara tarap ylgadyk, yzymyzdan kowgy başlady. Biz Timirýazew tarapa özümizi urduk! — Emma borja wepalylyk duýgusy, — diýip gepe aralaşdy Begemot, — masgaraçylykly gorkudan üstün çykyp, biz ýene yza dolandyk. — Hä, yza dolandyk diýsene? — diýdi Woland, — onda jaý ýanyp, kül bolandyr. — Hawa kül boldy! — gamgyn äheňde takyklady Korowýew, — ýagny, messir, siz örän dogry aýtdyňyz, — ýanyp kül boldy. Diňe gara köýük diwarlar galdy! — Men — diýip, gürrüňini dowam etdi Begemot, — mejlisler zalyna ylgadym — sütünli zala, messir, birde-ýarym gymmatbaha närsäni alyp çykmak üçin. O, messir, meniň aýalym, eger men öýlenen bolsadym bir däl, ýigrimi gezek dul galmak howpuna duçar bolardy! Emma bagtyma, messir, men öýlenmändirin, şoňa-da köp şat men. Ah, messir, sallahlyk erkinligini heýt, başyňa boýunturyk salmak bilen çalşyp bolarmy? Woland: — Ýene-de boş samahully başlad-ow — diýdi. — Gulak asýaryn we dowam edýärin — diýip jogap berdi pişik, ine, görýäňizmi şu suraty. Başga hiç zat alyp bolmady zaldan, ot göni ýüzüme uruldy. Şundan soň ambara ylgadym, ol ýerden ine, şu sýomga balygyny alyp çykdym. Aşhana atylyp girip, bu halady otdan çykardym. Nazarymda, men, messir, elimden gelen hemme işi etdim, ýöne ýüzüňizdäki şübhe alamatynyň sebäbine düşünip bilemok. — Korowýew näme işledi sen talaňçylyk edýän wagtyňda? — diýip sorady Woland. — Men ýangyn söndürýänlere kömekleşdim, messir — diýip, jogap berdi Korowýew jalbarynyň ýyrtygyny görkezip. — Şeý diýsene, beýle bolsa, elbetde, binany täzeden gurmaly bolar. — Bina gurlar, messir, — diýdi Korowýew, — ynandyrmaga rugsat ediň. — Ýeri, bolýa, täze binanyň öňküden gowy bolmagyna umyt etmek galýar — diýip, Woland belledi. — Aýdyşyňyz ýaly bolar, messir, — diýdi Korowýew. — Meniň gepime-de ynanaýyň — diýip, pişik söze goşuldy, — barypýatan pygamber men. — Her halda huzuryňyza gaýdyp geldik, messir, — diýdi Korowýew, — buýrugyňyza taýýardyrys. Woland öz oturgyjyndan turup, üçegiň erňegine bardy we öz hyzmatdaşlaryna arka öwrüp, uzak wagt dymyp, täk özi uzaklara seredip durdy. Soň ol erňekden yza süýşüp, ýene oturgyja baryp oturdy-da, şeýle diýdi: — Häzirlikçe hiç hili hyzmat ýok, siz öz wezipäňizi doly berjaý etdiňiz, indi men siziň hyzmatyňyza mätäç däl. Dynç alyp bilersiňiz. Häzir gök gümmürdisi başlanar, bu iň soňky gümmürdi bolar, ol ähli soňlanmaly zatlary soňlar we biz ýola rowana bolarys. — Örän gowy, messir, — diýdiler-de, iki masgarabaz üçegiň ortasyndaky togalak diňiň arkasynda gözden ýitdiler. Wolandyň aýdan gök gümmürdisi ýakynlaşyp, bulutlar gözýetimde toplanyp ugrady. Günbatardan gara bulut göterilip, Günüň ýarpy ýüzüni bekledi, soň bolsa doly ýapdy. Üçekde salkyn aralaşdy. Ýene az salymdan garaňky gatlyşdy. Günbatardan süýşüp gelen bu tümlük ullakan şäheri bütinleý ýapdy. Köprüler, ymaratlar gaýyp boldy. Hemme närse, göýä hiç haçan ýagty jahanda bolmadyk dek, gözden uçdy. Asmanyň ol çetinden bu çetine çenli otly çyzyk kesip geçdi. Soň şäher gümmürdiden lerzana geldi. Urgy ýene gaýtalanyp, gök gübürdäp başlandy. Woland bu zulmatyň içinde görünmeýärdi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |