10:46 Üsti şemally bedew | |
ÜSTI ŞEMALLY BEDEW
Edebi makalalar
Biziň bu gezekki söhbetimiz Aman Garagul ogly hakda. Segsen onlugy arka atan pähim-paýhasly goja öz ömründe gamyşgulak ahal- teke bedewleriniň ençemesini ösdürip ýetişdirdi. Göroglynyň ýaşyny ýaşap bu dünýäden öten kakasy atşynas Garagul Gurt oglundan tälim alan Aman aga köp çarşenbäni başdan geçiripdir. Ol agyr günleňňem, ýagşy günleňňem şaýady. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, Aman aga ahal-teke bedewleri hakynda gürrüň gidende rahat oturyp bilenok. Aýlawlary baglap her bir ahal-eke bedewi hakda janygyp gürrüň berýär. Aman aga şeýle atlaryň birini ýa ikisini däl, eýsem-de onlarçasyny ýetişdirdi. Geliň gowsy, onuň öz söhbetine diň salalyň. – «Orus geljek, Nikalaý ýykyljak» habaryny eşiden halk şo wagtlar dagdabasy bolany üçin birneme darygyp, ekin-dikinlerinem ekip bilmediler. Bu-ýa geldi-de, gidiberdi. Gitdi. Asyl seň bilen işi ýok. Tä otuza barýança. Her kim ekibilen zatlaryny ekdi. Bol suw, tarp ýer. Gotur ataň bol suwy. Ilk-ä muňa arpa-bugdaý ekýär. Arpaň yzyndanam üç aýlyk jöwen ekýär. Bugdaýyň yzyndan alty aýlyk jöwen ekýär. Üç aýlygyň yzyndan gawun-garpyz ekseňem bolaýýa, mäş, noýba ekeseňem bolaýýa. Üç manada gowy işekleri almak bolýardy. Bugdaýyň on alty kilosy bir ýarym manatdy. Ýatan ýatan ýerinde. Dünýä ýüzünde zadyň gymyldajak gümany ýokdy. Mal-garalaryndan boş gezip ýörenleri bar. Ýedi gün, bir aýdan aýlanman ýörenleri bar. Obalaň içinde gamyşdan edilen gara öýlere oýkanyşyp ýörerdiler. Şeýdip otuza bardyk. Kolhoz gurup ugradyk. Otuzda haýt-haýt bolup ugrady. «Giräýmeli» diýdi. Kim-ä giren boldy, kimem girmejek boldy. Eýle bilen, beýle bilen otuz üçe barýançak, hemmämiz kolhoza girdik. Kimde bir sygyr bar, kimde bir erkek bar, kimde bäş tanap üzüm bar, kimde on tanap üzüm, kimde-de iki tanap. Bar mülkümizi orta goýduk. Uzaklaşman artel bolduk. Onsoň kolhoz biziň zähmetimize harjymyzy paýlamaly boldy.Biziň kolhozymyz asly gowudy. «RKKA» diýip eşidensiňiz, bir wagtlar, Kolhozymyzda hiç wagtam bir ullakan hor-homsam bolaýmady. Sebäbi mülküň-ä göner ýeri bizde. Orta goýan mallarymyzam güýçli. Şolar bilen ýazlyk sürýäs ilerki Akjaň tagtasynda. Iki ýyl dagy. Ýeri Babarabyňky. Emma biz diläp ekdik ony. Düme bolýa bugdaý. Änewiň öňünem ekdik, Gämiň öňünem ekdik. Özem ýazlyk bugdaýdyr. Şeýle bir bugdaýdyr ýazlyk weli, ak bugdaýdan bir aýryrakdyr ol. Ak bugdaýdan müň çöregi gyzgyltyrak-da. Çeýnedigiňçe agzyňa tagam berýär. Ak bugdaýdan-a meň özüm ýazlygy kem görmeýän. Ýazlyk bugdaý gowy. Ak bugdaýdan ýazlyk aýrydyr. Ýazlyk bugdaýyň heý tagamyny goýaý. Näçe ýyl boldy, ýitirdik ony. Soň kolhozlar birleşdi. Birleşen ýylam gylýallar üçin Änewiň öňünde birküç ýyl ýazlyk ekdik. Şo ýerde bolmaly boldum. Baý-ba, bugdaýy çekip, hiç tükedip bilmedik. Biziň o wagtlar maşyn güýjümizem pesräk. Birki sanjak maşynymyz bardy. Çekip tükedip bolmaýady. Şo taýda-da birküç ýyl güýmenmeli boldum. Öň ugur bilmeýän oglanlar gylýallary äkidýä-de, gyzyla goýberibem dänim, muny pyrgun bilen getirilen gyzgyn suwa ýakýarlar. Gylýallaňam iki sanysyny dyndaraýýa. Päkgerdäýýä. Gyzyl bugdaý-da. Başlyk: «Git sen, mallary gutarjak olar» diýdi. Bardym. Barsam, şeýle-şeýle diýdi. O janawerler-ä akt ýazyp gömüldi. Änewiň suwam ilerden hapalanybragam gelýä welin, öz içgi suwumyzam şol biziň. Gylýallara berýän suwumyzam şondan. Gäwers, Änew bugdaýyň seresidi. Ak bugdaýam, ýazlyk bugdaýam Gäwers bilen Änewiňki-dä. O taýda-da Gökdepe. Bugdaýyň hak mekan-a bizde weli, ýöne ekeran üçin ýerimiz ýog-a. halkymyz köp-dä, ekeran ýerimiz az. Ilerde, ýapyda ekäýdik. Ýapydakymyzam bolanok. Durşuna, gurluşyk aldy birnäçe ýerini, ýazlygam ekran ýaly ýer ýok. Şu ýerlerde ygalam bolanok. Şu ýyl saglyk bolsa, Alla abraý berse, haýwan-ynsana rehimli ýyl bolar diýip umyt edýän. Goýun ýyly diýýärler weli, ýöne biziň söýünhan tekesiniň hasaby boýunça bijin bolmaly şu ýyl. Kakam Garagul Gurt ogly gylýal diýip ömrüni kül eden adam. Atasam seýis, özem seýisdi. Dört ogly bardy. Baýram diýýä. Aman Garagul diýýä. Hojam Garagul, Sazak Garagul diýýä.Baýramam baýlar döwründe seýis bolup köp işledi. Men köp adamyň öýünde gezdim. Ilmyrat çeltegiň öýünde iki ýyl dagy gezdim. Gylýalyny idetdim. Lal Öweziň öýünde bir ýyl gezdim. Bi Amanja Atabaýyň öýünde bir ýyl gezdim. Meleşiň öýünde bir ýyl gezdim. Ýigrimi dördünji, ýigrimi altynjy ýyllarda. Myhman toýuň zor gidýän döwürlerinde. Myhman toýlary şeýle bolýardy: howaň hoşroý wagtyna garap, halka bir giňişlik bolar ýaly wagt edilýärdi. Gyzylarbat bilen Mary aralygyna jar çagyrylýar. «At çapýanyň bolsa, gel» diýýä. «Pälwanyň bolsa, gel» diýýä. «Bagşyçylyk edýäniň bolsa gel» diýýä. Bagşy dördünji ýerde durýandyr weli, iň ilki şu wagt bagşy. Bularam gelýä şaýyny tutup, jar çagyrýar. «Adamlar, pylany myhman toý edýändir weli, şoňa kuwwatyňyz ýetmese, atyny, özüni ekläp bilmeseň, pylanyň öýüne – barjamlyragyň öýüne salgy berýä – şoňa iberiberiň» diýýä. Birentegi oňaranokdy. Oňarmaýanam bolsa eklesin-saklasyn şo myhmany diýýä. Myhman bolsa dökülip dur. Toý sagat onda, on birde başlanýar. Ýaryşyň bekewüli ýa bäş ýa-da ýedi bolmaly. Baýrak berýän şolar. Eger iki at deň geçäýse ýa-da pälwan göreşinde deň bolsa, bäşiň üçüsi «o ýykdy» diýse, şolaň sözi kabul bolaýýa. Emma iki at çapyşyp gelýän bolsa, ýa üç atam bolsa deň gelýän bolsa, ýa-da biri burnuny azajyk görkezen bolsa, hamana bäş bekewüliň üçüsi «pylanyň aty çykdy» diýse, baýragy şol alýa. Märekäň oturyşam şeýle bir düzgünli. Bir adam orta çykyp bilmezdi. Garry aýlawda. Garry aýlawda diýýänim häzirki otuzynjy mikroraýonyň ýerindedi. Ýygnanan jemagat iki ýan ýüzleýin bolup oturýardy. Ýetmiş-segsen mert arasy. Sekiz-on at geçer ýaly ýer goýulýardy. Jar çagyrylýar: «Pylany, atyňy eýerle, pylany çyk» diýip. Atly, gowy mallar bar. Begnazar bar. Meleguş bar, Topar baý bar. Nazar beleň bar. Gagşallaň Gyraty bar. Eýeberdi Terekäň iki aty bar. Uly we kiçi aty. Ak işanlaň aty bar. Halnazar baýlaň aty bar. Tejenden, gowy at. Ýaryşa goýberilýä atlar. Jemagatyň asylly oturyşyna haýran galyp oturmalydy. Hiç bir ýyrtyjylyk ýokdy. Märekäň oturan iki ýan ýüzünde-de ir-iýmiş doludyr. Gawun, garpyz, üzüm. Erik wagty erik bardyr. Puluň bolsa-sa beräý, «iýerýaly ber» diýip. Puluň bolmasa-da, pul üçin gelenoklar. Halky naharlamak üçin gelýäler. Ol adamlara pul gerek däl. Düýesiniň gerşi bilen iki sebedi gurar gawundan. Kyrk günlügi-de bar, zamça, waharman- da bar. A. biri-de beýlekisinden geler, üzümi-de bardyr muň içinde. Gawunyň köpüsi bu ýüzünde bolsa, «o ýüzüne geçir» diýerler. Her kim iýer gider durar. Pul berseň-ä alýar. Azabyna bir zat berseň. Bermeseňem «Maňa pul ber» diýen bolmaz. Ýöne nahar ýok. Nahary agşam toý edilýän ýerden iýmeli. Ynha, myhman toý diýilýäniň düzgüni şeýle bolup geçdi. Garaňky gatyşmasa, bagşyň sesi çykmaz. Garaňky gatyşar, ýassyn okalar. Ýassyndan soň bagşy aýdym aýtmaga oturar. Islän-ä oturar, islemedigem atyny çapar-da gaýdar. ... «Tejende uly myhman toý bar» diýip, jar çekildi. Kakamyň özünde gyrja diýip aty bardy. Çala ýadyma düşýär, ondan bäri segsen ýyl dagy geçipdir. Şoň bilen Tejene gidýär. Inisine Sapar diýýäler. Ol ýeňilräk. Kakam birneme agyrrak. Etlegräjik birneme. At çapmaga ökde welin, etlegräk. Ýöne ömri ötýänçä at çapdyryp geçdi welinem, agyrrak bolýa-da. Gyrjaňam özi kuwwatly üç ýaşar. «Üçülenji gün Tejene bardyk» diýýä. «Otlyň boýuny syryp bardyk» diýýä. «Üç ýaşar öküz baýragyňyz bar» diýip, öňki güni myhman ýerimize habar geldi» diýýä. «Aý, bolýa. Gaty gowy zat diýip, Hudaýy çagyrdyk diýýä». «Atda welin dünýäň ýüzünde kemi ýok. Sagrysyna şeýle kakyp görýän weli, baryp eýeriň ýanlary gymyldaýa. Bolan ýeri-dä. Ýony dep-deň bolup dur. «Üç müň metr pelle berjek» diýýärler. «Ýa Alla» diýip şo taýda goşulyşýarlar-da. Öňünden çykmaga barýar. Bir tozan gelýä welin, Gyrjaň tozany däl. Gyrjaň tozany kän sokmaz. Ýöne üstünde tüweleýläp gelýändir. Görünmänsoň, içim gysdy diýýä. «Bi, nä, Hudaý urdy. Hiç maldan galanokdy». Görse ep-esli yzdan gelýä. «Nä Hudaý urdy diýip atyň üstündäki käýeýär. Olar «Jara ýykyldym» diýdi diýýä. «Zäher etdiň. Sür şindem bolsa, müň üç ýüz metr bar» diýdim diýýä. «Kow» diýse, «Kowsaňam bolmaz. Gara gan üstem, aýaklaram. Ýaňy çykdym jardan» diýipdir. Jardan çykybam sapajaňlap gelipdir-dä janawer. Şundan bir kowmak kowýa weli, janawer ölýänçä gitjek boldugy-da. Ýene pellehana ýetende ýarym kelle galdy diýýä. Baý gynandy. Tä ömri ötýänçä-de «At jara ýykyldy» diýip gynanyp aýdardy. Marydan Begenjaly aga diýen bir adam öýe gelip, kakama «Bir at bar weli, bize ýazylgançlyk berenok. Seýis, näme alsaň al, näme etseň et-de, şu aty huzurdan bir çykaryberseň» diýdi. Kakamam «Aý, nesip işidir. Yhlas ederis. Bolsa bolar, bolmasa-da näme bagtyňdan görersiň-dä» diýdi. Pahyr öýde bir gije ýatyp gitdi. Kakam Mara gitdi. Atyny gowy idedýä. Toýam toýlapdyr. Bu aty çapýalar. «Alla abraý berip, çykdy» diýýä. Çykdy diýýä welin, owal bulaň goşunynyň töweregine hapa ýabyly diýýä-de, «Döwran edýän döwran» diýilýärdi. O wagt baýyň aty çyksa, yzyňdan hapa ýabylar gelip, beýlekileň goşuna aýlanan bolýa-da. Pason etdigi-dä. Pors atdygy-da. Begenjaly agaň aty çykansoň, ogullary aýdýa: «Biz baýyň goşunyň üstünden aty sürjek» diýýäler. Kakam «O bolmaz» diýýä. Bu gün sen çykarsyň. Ertirem galarsyň weli, olar seň öýüň üstünden sürer» diýýä. «Ol eden bolsa, öz ýalňyşyny soň özi biler» diýýä. Etdirmeýär. «Ýöne bir iş etseň bolar» diýýä. Atyň üstüne gowaldan keçäni atyp goýberseň, çybyk bilen götüne kakyp goýberýäň weli, goşuna gelýä-de. Gelýänçä, şu çapawy ýaly edip gelýä-de. Keçe-de gaýyp ýör ýokarda. «Şeýtseňiz bor» diýýä. ...Boýnak halk içinde şöhrat gazandy. Boýnagyň nesli şumat bar. Zawodda-da bar, biziň kolhozymyzda-da bar. Onuň nesli. Boýnak janawer şeýle bir nesilli at eken. Birem Topar baýyň atynyň nesli bar. Şu taýdan satyldy. Iki ýaşar-a gowy çapmady. Üç ýaşaram ot çekdi, toýlarda baýrak aldy. Aýlawa barsa-da baýrak aldy. Ynha, ýaňky şu ikisiniň nesli häzir dowam edýär. Birem, iki sany gara gulan bardy. Ikisem Gypjakdan. Şu taýdan çykan. Gara gulanyň ikisem ilerik gitdi. Şolaň neslini görmäge höwes edýän-dä. Mümkinçilik bolsa, hojaýynlary diýjek: «Ýaz toýuna bäş alty günlük iberiň» diýip. Anna güni berýä olar toýy. «Goýberiň, gidip-geleýin Gürgene» diýjek. Atlaryny görjek esasan. «Atlarymyz ahal-teke» diýýä. Ýigrimi bäş bilen ýigrimi sekiziň aralygynda gowy atlar gitdi. Hany iki gara gulanyň ikisem ýok. Olaryň nesli nirä gitsin? Şo taýlarda bolmaly-da! Gara gulanlar gaýrak, Hywa-ra gidenok. Sowet territoriýasynda bolsa biz biljek o atlary. Ýok-da olar. Uly gara gulan, kiçi gara gulan ikisem aýlawy daňan. Dorçöp bilen Meleçöpüň, dogrusyny aýtsam, nesillerini tapamok. Birem däninim, Eýeberdi aganyň atlarynyň neslini tapamok.Ýigrimi-otuz ýyl mundan owal bardy. Telekäni tapamok. Ak işanyňkydan azajyk bar. Ak işanyňkyň atasy Boýnak-da, Topar baý bilen Boýnagyň nesli bar. Boýnakdan bir-ä Tejende bar. Meleguş. Bizde-de bar, zawodda-da. Oň atasy Durna. Durna-da Meleguşdan. Meleguşam Boýnak-da. Posmanlaň atam aýlawy daňyp geçdi. Owadanlygyna, şeýle belentligine, ýere gelimliligine mal deňleşer ýaly däldi. Topar baý bilen Posmanlaň atlarynyň reňki gyrdy. Meleguş janaweriň ýyndamlygyna söz ýokdy. Kellesinde dagy hiç zat ýok. Gazalan ýaly. Owal doganda-da tüýsüz dogupdyr. Et bolup dogdy diýýä. «Oraznyýaz aga, muny ile göz etmän, şora ekit-de göm» diýipdirler. Olam aýdypdyr: «Oglan, Boýnaga çekemsoň, muň näme bolýanyny görmesem, gömjek däl» diýipdir. Kem-kemden tüý çykaryp, soňam edil peçiň bar, edil gazalan ýaly. Tüý ýok-da janawerde. Bar, hamyň daşynda bir zat bar weli, ýöne gyzyletene-dä. Elmydama şeýdip geçdi. Özem bili gaýşakdy. Ony Oraznyýaz agadan, soň atçylyk zawody aldy. Şo ýerde otuzynjy ýyllar töweregi öldi. Meleguş elguş bilen iki gezek ýaryşa goýberilýär. Ikisinde-de Meleguş öňe saýlandy. Elguş ilkinji çapyşykda atlar bilen takyrda çapylyp ýörenem bolsa, duýmady diýýä. Duýsa, gabyz edip barýa diýýä. Ikilenç çapýa weli, deň gelipdirler. Guş-da, ol guş gaty gazap diýýä. Ilkide eme-säme bolup, uçman, bir kürtdürmesi bar-da. Guş janawer bir kürtdürýä-de. Onsoň ummasyz ýere ötäýidýä bir turansoň. Guşuň turuwy kynrak eken. Men şo awa salnanda gördüm ony. ... Atlaryň ýyndamlygyna bahylçylyk edilýän halatlaram bolaýýa-da. At ýyndam bolsa, aýagyndan aslyşjagam bolmalam däl. Gärbaýtal otuzynjy ýyllarda beýleden, Bamydan sürlüp gelindi. Haçja baýyňky eken. Şu döwürde baý-kulak diýen ýaly düzgünlerem bolup geçdi-dä. Şonda ýygnalypdyr ol. Gökdepede, dälihanaň ýanynda saklanypdyr. Adyhan diýen tehniki başga ýer tapmansoň, biziň kolhozymyzdan haýyş etdi. Başga kolhozlar özüni oňaranok. Biz idetmeli. Ozalam biziň gylýalymyz otuza dagy barýardy. Şo baýtaly oba getiremizde, taýy garnyndady. Gärbaýtal diýerdik. Bamydan getirilensoň, oňa Bamy hem diýerdik. Gärbaýtal Ak işanyň atlarynyň dölünden. Bamydanam Pel boldy-da, ondanam Owlaksakar, Derdi, Ülker öz wagtynda ot sowurdy. Ak işanyň atyndan Bürgüt boldy. Ony soňMagtym Gaýybyň öz kolhozyna berdik. Enesi Ak işan atynyň dölüdir. Bu nähili bilinýä diýsene, aslynda-ha bilinjek däl. Çünki baýyň özi aýtmaýa. Näme-de bolsa, ol gynanýa görgüli. Elinden zor bilen alnyp gaýdylansoň, aýtmajagy belli-dä. Beýle ýanyndaky birinden «Şu atyň ady näme? Haýsy atdan? Müň eýesiniň ady näme?» diýip, soralyp bilinýä-de. Pelden bolan iň gowy at Lwowda galdy. Lwowda ýaryşa äkidilende, uruş turýar. Ol ýerde-de galýar. Oň soňky ykbaly bize belli bolman galdy. Gylýalda Allatagalanyň gudratlary bar. Ýer titrände hem oýa ýatyrdym. Kakam şoň öňki güni garpyza düýe gelýä diýip şoňa gidipdi. Gaýrada. Ýarym sagat, kyrk minut çemesi öňünden ala-zenzele boldy welin, öz içimden şeýle diýdim: «Eý-ýa, hudaý, ýa-ha höwür atlaň biri boşanyp, daş çykdy» diýdim, «ýa-da baýtallaň biri çykdy» diýdim. Ýa-da myhman gelýä? Ýogsam gylýal bimahal hiç wagt aňsat zenzele etmeýä. Bir alamat görmese, kişňemeýä. Ala-zenle etmeýä. Bir alamat görmese, kişňemeýä. Ala-zenzele edäýdi. Soň bir çopana şuň ýaly diýip gürrüň bersem, «Seň atyňam-a bilýändir, düýe-de bilýändir welin, ýöne itimizem bilýä şony» diýdi. «Hakyky arassa it bolsa» diýdi. Goýun itler. Şoňka ynandym men, bideregem däl şu it. Ana, şeýdip zenzele boldy. Haýdap geldim. Iň gowy görýänimiz Per baýtal. Ol-a daş çykypdyr. Gär baýtal bar. Periň enesi. Kör baýtal bar – Bürgüdiň enesi. Sag- aman çykypdyrlar. Elime demir turba ildi. Şoň bilen atlary çykaryp ugradym. Kolhoz başlygy magtym Gaýyp birini iberipdir, yglap gelýä. «Adamlary çykarsyn, atlar, goý, ölse ölsün» diýipdir pahyr. «Atlar bilen işi bolmasyn» diýipdir. Birentegini halas etdim, birentegem urnup ýatyr. Ölenem kän boldy. Çala diýilýän janawer öldi. Çabalanyp ýatyr welin, ýeke özüm. Gelýän ýok. Bir adamam gelenok. Kakam geldi giçden soň. Olam näme, şindi agtarylmadyk maslyklaram bar öýde. Şunda men-ä diýdim: «Janawer öň ýanynda uly zenzele etdi-dä». O zenzele biderek däl-dä. Çirkin. Yz ýanyndanam şeýle boldy-da. Janawer duýýa. Şeýle bir bilgir mal, şeýle bir duýgur mal. Muňa hiç söz diýip-aýdar ýaly däl. Janawer şeýle düşgür mal. Ýöne düýä-de hiç bir söz diýer ýaly däl.Bu dünýäň näme, wakasyz wagty ýok-da. Şol wakaly wagtlarda diýýä, düýeli oýa ýagy çozjak bolanda, uly zenzele edip, düýelerem şeýle boldy diýip aýdýa-da. Ony özümiz görmesegem, şoňa ynanýas. Sebäbi Tejenden gelýän bolsak, ýedi-sekiz düýe bolup goýberýäs. Weli, baryp iki kilometr ýerde ýandak bar bolsa, suwsuz-da tomsuň güni, şo ýandagy tapýa. Özem öň görmedik ýeri. Heý, gijäň içinde şo ýandagy taparmyň özüň? Ynanar ýaly däl. Özlerem ýüklerini agdararyňa mähetdel, dükürdini urup gidýärler. «Haý, bu düýeler ummadan çykdy. Suwsuzdyram» diýýäň. Barsaň ertir agajy bilen gemrendir. Bir bir guýmajykda şuň ýaly ýandagy. Täsin zatlar. Haýran galýaň. Bular boş mal däl-de. Bulara zat diýer ýaly däl. Şeýle bir görgür. Şeýle bir duýgur. Neme, gaçha-gaç, kowha-kow bolan zamanlaram kän-dä. «Şonda men ahal-teke atynyň gowsuny münäýdim» diýýä biri. Hemişe geçip duran ýerim weli, şu gün geçenok atym. Horgurýar-da, yzyna öwrülýär. Menem gamçyny urýan. Olam horgurgyp, ýene yzyna öwrülýär. Takyk geçenok. Ahyrynam geçip bilmän yzyma gaýtdym. Hudaý sowsa nätjek. Şo gün ýaragly öňümde garaşyp oturan ekenler. «Şuny ele salyp bolmazmyka» diýip, a men bolsa ony urup-urup, agyr ýagdaýa saldym» diýýä biri. Janawerde diňe bir dil ýok-da! Haýran galyp oturmaly! Häzir-ä näme, bu wagtky aýlawlarda başaşa çapylýa, owal her aýlawda çapýadyk biz. Hojalyk wagtyndaky atlaram her aýlawda çapylýady. Her ýedi günden. At diýilýän zat ýadamaly zat däl ahyryn. Indi bir gezek çapýa-da, indikä goýýa. Her gezek çapdygyňça, oň göwni açylýa. Ýöne mingi bilen, çapuw bilen birneme arryklaýa. Ýagmyrlyk diýýä. Ýagmyrlygynda goşa sokaýmaly bolýa. Horlanýa. Ine, şonda oňa güýçli iýmit gerek. Diňe arpa bilen kanagatlananok. Ýazlyk bugdaýyny gaýnadyp, ýarylar-ýarylmaz bolýa, seýis oňa eňedip dur. Özüne laýyk saryýag guýýan. Ýanan saryýag. Azajyk. Oň üstüne-de ýene birki sany ýumurtga çakýaň. Mukdaryna görä-de duz guýýaň. Şeýdip berýäň weli, jamyň içinde ygşyl edip, özi biri-biriniň aşagyna, biri-biriniň üstüne münşüp dur. Toý geçenden soň birküç gün şony berýä. Reňk açyp ugraýa janawer. Reňki doly bolsa, birhili öýmäň reňkinde gelip dur, birhili bir sary öýmäň reňkinde gelip dur. Kuwwatlanýa. Gylýalyň şähdi açylýa. Burnundan sümük däl-de, çalaýran gelýändir. Atyň bolmaky boldugydyr. Sagry bilen ýony bardy – eýeriň aşagy gös-gönüdir. Ýazlyk bugdaýyny berseň, atyň jöwherleniberýär. Oňa islän wagtyň beribermeli däl. Ýerine salmak gerek. Toýuň araragynda bermeli. Çapuwyň öňküsi güni berseň ýa-da çapuw güni beräýseň, o-da agdygrak düşäýse, aýaklaryna zyýan salarsyň. Gylýal mala gezim gerek. Näçe çapdygyňça göwni açylýa. Bir gürrüňçilikde «Eý, adamlar, öňki taýlar ýok, mallar ownapdyr» diýýä gylýala gyzyklanýan adamlar. Men şonda «Owal çalpawlar howaly çaýyrlarda gezýärdiler. Bogaz baýtallaram edil çapylýan at ýaly gezim isleýä. Taýy içinde ýaýraýa. Indi olar ýatagyndan çykanok. Taýam kiçiräk dogýa. Men-ä şondan görýän» diýdim. Ylaýta-da gezimli baýtalyň taýy gowy bolýa. Gezim ýok, öri ýok indi. Howa ýagdaýam şeýle. Öri bolmasa-da gezim-gezim bolmaýa-da. Ýeke gylýala däl, haýsy malam alsaň, gezimi ýetenok. Hojalykda saklanýan düýe, sygyrlardanam höwür almak gaty kyn. Sebäbi birki gezek höwre goýanyň bilenem höwür alyp bolanok, bulardan. Sebäbi gezim ýok, ýer ýok. Hana o taýyk çykaýyn diýäýer ýaly ýer ýok. Gumdaky ýagdaý birazajyk muňa görä gowrak. O taýda-da gylýala saklap bolanok. Düýe zat bolsa, goýun bolsa bolýa, sygyr bolsa bolýa. Gylýaly o taýda saklap bolanok. Ynhalykga, şu ýyl biziň goňşymyzda gylýaly kän ölüpdir. Ýerini öleň görýän. Ýapa äkidipdir, ýerini üýtgedipdir weli, ölümeme galaýypdyr. Bäş-altysy dagy birden ölüpdir. Gowk mallar. Aý, edil kemem ýok. Tarpa-taýyn diýen ýaly. Şu ýeri öleň. Bir çaýyň ugry. Oý gezýän ýerleri. Birýan ýüzi gumsalt bolsa-da boljak weli, o-da däl. At ýatagyny eýeli ýerde-de salypdyrlar. Biziňkem zeýliräk weli, ýöne alaňragyň üsti-de. Ýerinde zeý bar ileri ýanynda. Biziňki alaňrak, beýik ýeri bar. Birwagtlar kakamyň gylýal ideden ýerleri. O taýda, ho-ol Babarabyň bäri ýanynda. Şony öňki daýhanlar seýis üçin diýip sylap, şo taýyny hiç azal degrip bilmezler. Çat-çat diýip şeýle bir berk ot ösýä. Gylýala şeýle ýokumly. Gazaýak bar. Öňki daýhanlar ýerleri azragam bolsa, şo ýerleri sökmezdiler. Seýsi sylap. Indi o ýerlerem gysyldy. Gaýrasy kanal. Zeý kanal bar. Arasam asfalyt ýol. Ilersem ekrançylyk. Günbatarsam Babarap, gündogaram ekran. Ýarym kilometre çemesi ekranyň aýak ujy. Şoňa baýtallary kowup goýberýäň. Birgün sakçysy geldi-de, «Aga, sen bir gün biziň oragmyzy orýaň» diýdi. «O nähili orýaň?» diýdim. «Sen diýdi baýtallary kowup goýberýäň, ugruny idäňok» diýdi. «Men biçeme galdaw adamdyryn. Ugruny ideýändirin. Şu baýtallaň özüniň teritoriýasy bardyr. Seň ekeniňe on metrjik ýetmän, barysy aýlanar. Bary aýlanar ekine ýetmän. Oňa düzgün bolýandyr. Aýlanar» diýdim. «Ençeleri aýlaýan weli, taýyň gezýä» diýdi. «Aý, yrsaramasana, azar berme» diýdim. Şo taýda ýorunja ýer bardy-da. Bir gün şo ýerik barýa-da yzlaryna gaýdyberýä. Bükürdi urýar-da, başy bilen çapyp gaýdýalar-da. «Be-ýe, bu näme boldugyka?» Ertir kowýan, ýene-de şoň ýaly. Üç gün boldy. Dördülenji güni şolaň yzyndan gitdim. Orta ýola ýetmäkäm, baýtallar gelýä güpürdeşip. Baryp gördüm, ary ýeriň aşagyndan öý edinipdir. Şolaň otlaýan ýeriniň edil gyrasyndan. Sary eşek ary. Şolardan gorkup, gaýdyşlary eken. «Seň duşmanyň-a aňandyrys» diýdim öz içimden. Traktorçylaryň birini saklap, solýarka aldym. Ertir irden namaz okap, şo ýerik gitdim. Çöp üýşürip, aýagym bilen dykyşdyrdym. Ary ir bilen örmeýän eken. Üstünedänim ýarym bedre solýarka guýdum. Şeýtdim weli hezil edinäýdiler-dä. Arylar gutarypdyr. Badrak ýaly bolşup ýatyr. Mazaly şolaň ýoklugyna gözi ýetýänçä, gylýallar şo ýerik barmady. Otlamadylar. Gylýal diýilýän ylaýjak adamzat ýaly. Düşgür. Biz öňünden gep urup bilemzok. Pygamber öňünden gep urmandyr. «Men pakramok» diýýär. Erteki boljak zada hiç gep urmandyr. Emma gylýal gep urýar. Gylýal diýilýän, düýe diýilýän ikisem öňüni aýdýa. Ikisiniňem diline düşünmek gerek. Yşarat edýär. Şumat eger Gökdepeden ýa-da Aşgabatdan şu taýda atym daňylgy duran bolsa, takyk şu ýerik ýa-da beýle geçip gitjek bolsa, ol maňa bir yşarat edýä. Şoň diline düşünmek gerek. Eger-de şondan sowa geçip gitjek bolsa, ýaňky hallyň-sallygrak aýlanýa-da, geçjekdigini duýdurýa-da. Öz üstüne myhman geljegini bilse weli ony takyk aýdýa-da... Aşgabat raýonynyň «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolhozynda ýaşaýan Aman aga Garagul ogly bilen söhbetimizi tamamlap, hoşlaşyp gaýdamyzda bahar ýagşy jybarlaýardy. 1991 ý. Fewral | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |