19:56 Watan | |
WATAN
Goşgular
Seniň barlygyňda synmaryn, Watan, Buýsanýan seň ägirt döwletdigiňe. Seni uzaklardan synladym, Watan, Gezmäge gidemde çet döwletlere. Ägirtliňge hasam düşündim şonda Dostlaryňy synlap, synlap duşmanyň. Sen dartyş güýjüňi duýdum her demde, Senden alysdakam – gözüm ýaşlanym. Ýat ýurtda-da saňa guwanýanlar bar, Ykrar edip seniň aýdyň ýoluňy. Adyň tutulanda düwünýänler bar, Olar elden gelse çekjek ýoguňy. Seniň giňligiňe geň galdym, Watan, Seň diňe göwräň däl, göwüniň giň eken. Muny bilýän diňe men däl-le, Watan, Senszi ýaşamaklyk juda kyn eken. Seň üstüňe leşger baryn çekdiler, Ýok etjek boldular seniň taryhyň. Şonda seniň goragyňa çykdylar, Gözli goşgulary Ata Salyhyň. Ogullaryň öz borjuny haklady, Ýowlarynda Beýik Watançylygyň. Şeýdip Watanyny aman saklady, Ýigrim million Beýik Watançylaryň. Ýigrim million esgerleriň tabydy Diri deý giripdir gursagňa, Watan. Duşmanlaryň el galdyran halady, Ol esgerler galjak tirsegne, Watan. Çalyşman dünýäniň hany-manyna, Säher ösýän ýüpek şemalyň, Watan. Dünýäň dört künjünde Lenin manyda Tanaýarlar seniň jemalyň, Watan. Sen meniň ojagym, ilim, ýazgydym, Döwrüň depesinde parlaýan, Watan. Sen hakynda galp goşgular ýazmadym, Leniniň adyndan gürleýän, Watan. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |