WATAN DUÝGUSY
Siz bilýäňizmi, Watan nämeden başlanýar?
Bu sowala heriňiz özüňizçe jogap berseňiz gerek.
Biriňiz „Doglup, önüp-ösen öýümizden“, beýlekiňiz „Ýüzi tikeç bilen birgeňsi bezelen türkmen çöreginden“, ýa-da bolmasa „Ata-babalaryň gany siňen mukaddes toprakdan“ diýersiňiz.
Hawa siz mamla.
Bu sowaly men özüme wagtal-wagtal berýärin.
Her gezegem başgarajyk jogap tapylýar:
Watan — kämil eser derejesine ýetirilip dokalan türkmen halysyndan.
Watan — gamyşgulak ahalteke bedewlerimizden;
Watan — malyň ýuwaşy, ýüňi, çaly-aýrany dermanlyk, Hydyr gören arwana düýämizden.
Watan bilen ara aýralyk düşende, gaýry ýurtlarda saparda bolanyňda ýüregiň atygsaýar. Aslyňy ýatladýan zatlar gözüňe has yssy görünýär.
Ine, haýsydyr bir zenanyň saçy alaja bilen boglupdyr. Hol barýan adamyň egni türkmen içmekli. Bu epeý kişiniň boýny ýüpli läheň köpegi öz Alabaýymyz ahyryn!
Ynha-da, dünýä ýurtlarynyň Baýdaklarynyň belent pasyrdaşyp duran ýeri. Olaryň arasyndan öz Baýdagymyzy gözleýäris. Hanha ol, mähriban Diýarymyzy ýatladyp duran, gözümize eziz ýene-de bir alamat — ýaşyl Tugumyz. Ony görüp, heran-haçan dolanmaga yzymyzda ata ýurdumyzyň bardygyna, onuň dünýä ýurtlary bilen hak-hukuk babatda deň derejelidigine buýsanmakdan, şol hukugy gazanmak üçin pederlerimiziň ençeme külpetli pursatlary başdan geçirendiklerini ýatlamakdan, indi bu erkanalygy saklap başarmak borjunyň öz paýymyza düşendigine tolgunmakdan ýaňa gözümiziň owasyna ýaş çaýylanyny hem duýman galýarys. Ýok, bu ejizlik alamaty däl. Bu — ýyly ýüreklilik, watanparazlyk, aslymyza ygrarlylyk alamaty.
Garaşsyzlygymyzy gazanan uçurlarymyz ozal gidip görmedik ýurdunda saparda bolan bir tanşymyň gürrüň beren ahwalyny ara ýyllar düşse-de, wagtal-wagtal ýatlaýaryn.
Olaryň ýarygijeler baryp ýerleşen myhmanhanasynyň öňünde şol ýurduň Baýdagynyň ýanynda biziň ýaşyl Tugumyz hem dikilgimişin. Ýöne, howa ýelli bolandygy üçin biziň Tugumyz tutawajyna çolaşyp bigörk görünýärmişin. Muňa gözi düşen tanşym, ur-tut, Tuga golaý ösüp opturan agaja dyrmaşaga-da, Baýdagy düzedýär. Onuň bu bolşuny olaryň türgenler toparynyň ýolbaşçysy oňlamaýar, medeniýetsizlik hasaplaýar.
Bu ahwaly tanşymyň maňa günüň bermeginiň sebäbi, özüniň mamlamy-däldigini bilmek isleýärdi. Şol gürrüň ertesi irden Baýdagymyzyň dokuzy düzüw pasyrdap duranyny görüp, özünde ägirt ruhybelentlik, batyrgaýlyk dörändigini, göreşde ýykyp, ýaryşyň ýeňijisi bolandygyny, öz ýeňşiniň hatyrasyna, milli Senamyzyň ýaňlanmagynda türkmen Tugunyň ýene-de bir gezek belentde parlandygyny hem aýtdy.
Ol jogaba garaşýardy.
Men oňa „Sen, elbetde, mamla!“ diýdim.
Ol maňa „Mamla däl!“ diýýänler hem bar“ diýdi.
Men oňa „Watan nämeden başlanýar? Sen şu babatda oýlanyp gördüňmi?“ diýdim.
Ol maňa „Juda köp zatlardan“ diýdi.
Men oňa „Watan, belki, seniň düzeden şol Baýdagyňdan hem başlanýandyr?!“ diýdim.
Ol maňa „Elbetde!“ diýdi.
Men oňa „Sen Baýdagy düzedip, Watan bilen bagly, uzypsyz hem bolsa, bir näsazlygy düzedipsiň, diýmek, seniň bu hereketiň dogry hereket, watanparaza mahsus hereket!“ diýdim.
Meniň şu sözlerimden soň ol ynjalyp, göwnühoş ýylgyrdy.
Diýmek, Watan — ýatladýan alamatlardan;
—oňa bolan bimöçber söýgüden;
—milli buýsançdan;
—zähmetinden gaçmasaň, rysgal-döwlet eçilýän ene toprakdan;
—ata-babalarymyzyň ýurt ýeri tutunan beýik çölünden başlanýar.
Gadym döwürlerde haýsydyr bir öýke-kine ýa-da özge sebäp zerarly ata Watany terk edip giden adam wagty bilen yzyna dolanmasa, kowum-garyndaşlarynyň hem ony juda göresi gelse, ýa bolmasa, dogduk Diýarynda onuň kesp-kärine, başarnygyna ýiti zerurlyk ýüze çyksa, dilewar bir kişini yzyndan töwellaçy ugradypdyrlar.
Onuň bilen hat ibermän, bir gysym gury ýowşany gönden tikilen haltajyga salyp ýollapdyrlar.
Şeýle görkezme beripdirler:
„Sen oňa biziň ony juda göresimiziň gelendigini aýt!“
Sen oňa onuň gazanan adyna-abraýyna guwanýandygymyzy aýt!
Sen oňa yzyna dolansa, iline gelse, mertebesiniň peselmejegini aýt!
Onda-da gaýtmak islemese, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän aýdymlaryny aýdyp ber.
Eger bu hem netije bermese, ýowşanly haltajygy gowşur. Şonda ol ýowşanyň buzgunç ysyna aýňalyp, „Ýat ýurtda şa bolandan, öz ilimde geda bolanym ýagşydyr. Ýör, gitdik ata Watana!“ diýenini duýman galar“.
Diýmek, Watan — onda bitýän ýowşan kibi ot-çöplerden;
—ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän aýdym-sazlaryndan;
—adamyň-adama belent sarpasyndan başlanýar.
Mundan birnäçe ýyl ozal, tomus günleri Esenguly etrabynyň Garadepe obasyna, bir tanşymyň „ak goýun“ toýuna gitmeli boldum.
Balkanabatdan awtobusa mündüm. Ýol uzak, howa petiş. Gowy ýeri, gapdalyma ýaşy segsene ser uran, gadymyýetden oňat habarly garryja aýal —Ogultuwak ene düşdi.
Ol köpbiler ene bilen ýolboýy „hümürdeşip“ barýas. Ýaşlykdan tara dokandygyny, gelin-gyzlaryň köpüsini çäşewli edendigini, aýratyn hem onuň elwan reňkli çäşewiniň ýörgünli bolandygyny aýdýar.
Men ondan çäşewiň nämedigini soraýaryn.
Ol „Wiý, bally, sen çäşewiň nämediginem bileňokmydyň?!“ diýýär.
„Çäşew — kerre-kerre görnüşli uly gyňaç“ diýýär.
„Küşt depilende:
Elwan çäşewi başynda,
Ýaňy on sekiz ýaşynda,
Baryň aýdyň ýaryma,
Goý, otursyn gaşymda! —
diýlip gazalda hem agzalýandyr“ diýýär.
Men „Kerre-kerre“ bolanda nähili bolýar?“ diýip gyzyklanýaryn.
Ol „Küşt öýjükleri kimin keşpli“ diýip düşündirýär. „Häzir gyzlarym Tuwakgüldir Tumar jan meniň kesbimi ýöredýäler. Olaryň elinden çykan çäşewi edinip bilseler, gelin-gyzlaryň armany ýok. Oglum Tuwakgylyç jan bolsa Balkanabatda oturýar, gaz ugrundan işleýär. Şonuňkyda myhmanlap, agtyjaklarym Tuwakmämmetdir Ogultuwakjany görüp gaýtdym. Şadyýanja çagalar, ömürleri uzak, görjekleri gowulyk bolsun hernä. „Jykyr-jykyr“ gülküleri häzirem gulagymda ýaňlanypjyk dur“ diýýär.
Bilesigelijilik bilen „Ogultuwak eje, mümkin bolsa bir zat soraýyn-la?!“ diýýärin.
„Iki zat sora, bally“ diýýär.
„Siz etrapda Tuwak ady näme üçin beýle ýörgünli, ýa-da sizde çagalar köplenç tuwakly dogulýarmy?“ diýýärin.
„Ýok, bally, köplenç tuwakly-ha doglanoklar“ diýýär. „Adamyň ýüzüniň tuwagy ýyrtylsa, ol gödeňsi bolýar“ diýýär. „Ajy söz aýdyp, ynjytmagy hiç zatça görmeýär“ diýýär. „Ine, şonuň üçinem, mylaýym, hoş sözli bolmagynyň gerekdigini häli-şindi ýatladyp durmagy üçin, Tuwak ady köp dakylýar“ diýýär.
Däp-dessurlar ýönelige döremändir.
Olaryň aňyrsynda çuňňur many, halky bähbit, millete millilik öwüşginini çaýýan alamatlar bar.
Diýmek, Watan — özboluşly däp-dessurlardan;
—hoşsözlülikden, salyhatlylykdan;
—milli äheňli egin-eşiklerden;
—bigam çagajyklaryň şadyýan gülküsinden;
—täze öýe düşen başy kürteli gelindir onuň ýanyndaky gerçek ýigitden;
—ýene-de köp-köp zatlardan başlanýar.
Hawa, siz aýdyň, Watan nämeden başlanýar?
Bu sowaly men özüme wagtal-wagtal berýärin...
Hemra ŞIROW.
Edebi makalalar