19:37 Watan we wepadarlyk | |
WATAN WE WEPADARLYK
Gaýry ýurda äkitdiler ebedi, Garagumda dünýä inen güjügi. Äleme ýañ salan türkmeniñ iti Goramaly boldy özge ojagy. Bakyp-bejerdiler türkmenden zyýat, Öz ýaşaýan otagyna saldylar. Türkmen itleriniñ gylygyna ýat Zatlary añyna guýjak boldylar. Özge ruhy kabul etmedi añy, Hemme zada ol biperwaý bakýardy. Şir sypatly türkmen itiniñ gany Onuñ gyzgyn damarynda akýardy. Pişesini taşlap täze eýesi, Her hili iýmitden öñün doldurdy. Gelmedi hiç zady onuñ iýesi; Watanyny küýseýänin bildirdi. Eziz Watan, şeýle jadylymy sen, Gör, güjük göwnünde näme besläpdi: Awundyryp, gulak-guýrugun kesen Türkmen elniñ ýal bermegin isläpdi. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||