22:01 Wolgadan eşidilen seda | |
Wolgadan eşidilen seda
Il atasy bolup halkyñ dilinde, Sähralarda göçüp gonup gezerdik. Itil dakyp şarlap akan bir derýa, Şol derýadan gana-gana içerdik. Kakamyñ ornunda Rua agam bar, Duşmanymdan arym alyp beren bar, Tokaýlarda awlamaga guwun bar, Geçmişlerde Gunlar bolup gezerdik. Ok-ýaýymyz geriş çekip arkamda, Suw-sil deýin Gunlae gelýär arkamda, Tagta geçjek bolýan agam Bledañ, Ýalaw tygdan merkin berip geçipdik. Ençe taýpa boýun boldy öñümde, Boýun bolan gulluk etdi deñimde, Baş egmedik ganym boldy elimde, Ençe ýurda ýagmyr bolup inipdik. Alkymyna gelip beýik Rimlileñ, Toprak berdi ençeme ýurt ýerliler, Gonşy bolup oturjakdyk degdiler, Rimlilere şeýdip duşman bolupdyk. Teodorlar, Aetuslar ýeneler, Garşymyza çykdy ençe-ençeler,. Nyzam gurup garşymyzda rimliler, Katalonda rim leşgerin urupdyk. Rimiñ kendi Günüñ batýan ýerinde, Golaý geldik tas almaklyk derdinde, Rim papasy Leo çykyp öñüme, Dady-perýat etdi, rehim edipdik. Leoñ hormatyna degmedik Rime, Şeýdip asyl görelde bolduk ile, ''Tañrynyñ gamçysy" diýen at bile, Rimlilere aman berip gezipdik. Sähralykda, tokaýlarda, meýdanda, Bürgüt şekil baýdaklarym parlaýar, Asmanymda Tañry gülki paýlaýar" Ok-ýaý, galkan tutup geçipdik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||