19:45 Wýetnam şahyrlarynyñ goşgulary | |
WÝETNAM ŞAHYRLARYNYÑ GOŞGULARY
Goşgular
• GALYÑ AÝAGA! Hiç haçan ýalbaryp dyza çökmeris, Barybir o zatlañ peýdasy ýokdur. Özümiz çözeris öz ykbalymyz, Aýaga gal, halkym, ýol ýeke-täkdir! Betniýetlikden hem rehimsizlikden, Olañ ýürekleri buza dönüpdir. Halk ykbaly bilen olañ ne işi, Beýle duýgy ýüreklerde ölüpdir. Beýik durmuş üçin, galyñ aýaga! Bilýäs ýeñşiñ bolmaýanyn pidasyz. Ene toprak üçin girdik söweşe, Ýan bermeris, ejizlikden jyda biz. • ÝAŞYL KÖÝNEK Ezizim köýnegmi ýaşyla boýa, Ýatladýar ol ýapraklañ, otlaryñ reñkin. Pidaly geçse-de günler, hepdeler, Ýas çekmän, berýäris duşmanyñ merkin. Jöwzaly yssyda, ýagyş-ýagmyrda, Ellerim ýaragly öñe giderin. Beýik Ýeñiş atly mukaddes duýga, Topraga janymy gurban ederin. Ýaşyl jeññeligi hemra edinip, Hem toprakdan alaryn güýç-kuwwaty. Bombalañ astynda meñ söweş ýolum, Bolmaz şu ýolumdan dönülen wagty. Niçik mähir bilen hem söýgi bilen, Ýaşyl reñke boýalypdyr köýnegim. Sag bol, mähribanym gidýän söweşe, Gyrkarys biz duşmanlaryñ toýnagyn. To HYU. * * * • DOKUZ MINUTLYK HÜJÜM Dokuz sagat elli minut On bäşinji oktýabr. Gahrymançylykly pursatlara çen, Entäk wagt bar. Ýürek urgusyna diñ salyp bir dem, Öñe okdurylmak senin hyýalyñ Aýgytly hüjüme geçmelidiñ sen, Bir bölegi ýaly bolup gaýanyñ. Dokuz sagat elli minut Hem şol ýañky dokuz minut Gahar-gazap bilen duşman üstüne, Öñe okduryldyñ misli bir bürgüt. Çökerip bilmändi hiç kim dyzyña, Çünki sen öz Watanyñy söýýärdiñ. Ho Şi Miniñ sözün baýdak edinip, Öz söweşdeş dostlaryña uýýardyñ. Seni gorkuzmakdan hem ürküzmekden, Elmydama ejiz gelýärdi betnam. Çünki Wýetnam seniñ ýüregindedi, Çünki seniñ gözleriñdedi Wýetnam. Te HAN. * * * • RAHAT ÝAT, ÝOLDAŞ! Towanda galdyrýas seni, Belent daglar egýär başyn. Olar göýä sakçy kimin, Goraýar töwerek-daşyn. Señ üstüñe örtüp gaýtdyk, Mukaddes söweş baýdagyn. Sen hakda aýdym döretdik, Söweşde ýazdyk her beýdin. Ýatan ýeri ýagty bolsun, Sen elmydam biziñ bilen. Şaly ösen meýdanlarda, Hem ýaşarsyñ güneş bilen. Öñümizden çykyp eneñ, Soraglasa: "Ba nirede?" Aýdarys biz hakykaty, Aýdarys biz hemme ýerde. Ar alarys duşmanlardan, Rahat ýat, söweş dostumyz. Kasam edýäs señ öñüñde, Polat dek berkdir postumyz. • GYZYM MENDEN SORADY - Bomba pişijegi öldirmi - diýip, Gyzym menden sorady. - Öldir gyzym. Haçan bomba taşlansa, Özüñ bilen äkit gaçybatalga. - Öldirmi - diýip, oýunjaklaram? Gyzym menden sorady. - Ah gyzym, gör, näçe oýunjak bary, Gyzyl gana boýaldy. - Bomba ejemi-de öldirmi? - diýip, Gyzym menden sorady. - Ýok, öldürip bilmez - diýdim gyzyma, Hem-de gözýaşymy saklap bilmedim. - Bomba öldirmi meni - diýip, Gyzym menden sorady. - Jan balam, diýme sen, diýme şony bir, Señ üçin söweşe girýärin ertir. Te LAN WAN. * * * • EZIZ WÝETNAM Çyongşon daglarynda eşidilýär ýañ, Hem uzalyp gidýär ýap-ýaşyl meýdan. Men seniñ daglaryñ, derýalañ hakda, Bu gün eziz Wýetbam, aýdym aýdýan. Waspyn edýän altyn ýyldyzlañ nurun, Hem waspyn edýärin ýüpek baýdagyñ. Ençe şatylara döz gelen halkym, Alkyş aýdýan saña, belentdir adyñ. Kowduk ençe ýola ýurtbasarlary, Partiýa äkidýär bizi ýeñişe. Beýik Ho Şi Miniñ mährem sözleri, Ylham berýär her aýgytly göreşe. Wýetnamyñ daglary hem derýalary, Diñläñ, bu gün belent çykýar aýdymy. Bu aýdym Wýetnamdyr halkym hakynda, Onuñ göreşlerden bolmaz gaýdymy. Nguýen DIN THI. Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |