19:47 XXI asyry-da yrýa edäýjekmikäk? | |
XXI ASYRY-DA YRÝA EDÄÝJEKMIKÄK?
Publisistika
Bilýänsiñiz, iki jahan urşundan agyr ýaraly çykan we uly ýitgileri çeken Ýewropa mundan şeýle bir sapak aldy welin, XX asyryñ ikinji ýarymyny uly üstünlik kyssasyna öwürmegiñ hötdesinden geldi. Muny Hytaý, Taýwan, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly Aziýanyñ gaplañlary üçinem aýdup bolar. Geçen asyryñ birinji ýarymynda orta çykan iki jahan urşy dogrusyny aýtmaly bolsa, yslam dünýäsiniñ bähbidine boldy. Ilki birinji jahan urşunyñ soñunda birnäçe arap döwleti döredildi, yzyndan ikinji jahan urşunyñ soñunda beýleki musulman döwletler orta çykdy we garaşsyzlygyna gowuşdy. Asyryñ ahyrynda-da bilşiñiz ýaly Sowet Soýuzyndaky türki respublikalar garaşsyz boldy. Yslam geografiýasy ylymdan we tehnologiýadan yza galandygy üçin üstüni duşmanlara gapyl basdyrypdy. Birinji jahan urşuna gelenimizde yslam dünýäsiniñ 90%-e golaýy kesekileriñ golastyndady. Emma musulmanlar başdan geçiren ajy tejribelerinden ýewropalylar ýa-da uzakgündogarlylar ýaly sapak almady. Şeýdip asyryñ ikinji ýarymynda masgaraçylykly ýeñlişleri başdan geçirdiler we ýitip-ýok bolup gitme howpy bilen ýüzbe-ýüz boldular. 1967-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl urşunda alty arap döwletiniñ ýeke Ysraýyla ýeñilmegi, Sowet Soýuzynyñ Owganystany okkupirlemegi, 90-njy ýyllardaky Bosniýa tragediýasy, birinji we ikinji Pars aýlagy urşy bularyñ diñe käbirleri. Eger musulmanlar XX asyryñ dowamynda tapgyrma-tapgyr gazanan garaşsyzlyklaryndan gowy peýdalanyp, Aziýanyñ gaplañlary ýaly üstünlik gazanyp bilen bolsadylar, belki-de, häzirki başdan geçirýän horluklarynyñ birini-de görmezdiler. Meselem, 70-nji ýyllarda Germaniýanyñ we Fransiýanyñ ýeten ylmy-tehnologiki ösüş derejesine ýeten Eýrana, Türkiýä ýa-da Müsüre kim gyýa garap bilerdi? Ýa-da Taýwan, Günorta Koreýa ýaly kiçijigem bolsa, ösen tehnologiýa läheñine öwrülen Liwana ýa-da Siriýa Ysraýyl batyrynyp bilermidi? Elbetde, ýok. 2021-nji ýylda "Truva" neşirýatynda çapdan çykan "Wagtdan yza galanlar" kitabymda şeýle ýazypdym: "Orta asyrlarda bolşy ýaly, biziñ günlerimizde-de Ýakyn Gündogary siwilizasiýanyñ merkezine öwürmek üçin musulmanlaryñ jebir çeken roluny oýnamakdan we zeýrenmekden el çekip ähli güýç-kuwwatyny, ukyp-başarnyklaryny şu ugurda birleşdirmeli bolarlar. Emma gynansak-da, XXI asyryñ birinji çärýegini yzda galdyran häzirki günlerimizde 57 musulman ýurdunyñ birinde-de ylym-bilime, rasionalozme, akylly-başly hereker etmäge sary başlanan giñ gerimli gymyldy-hereket görnenok". Gynansak-da, wagt we üýtgeşmeler meniñ aýdýanlarymy dogry çykardy. XXI asyryñ başynda arap halklarynyñ has köp azatlyk, deñlik, adam şekilli ýaşaýyş ugrunda başlan gozgalañlary fiýasko bilen gutardy. "Arap bahary" añzakly "Arap gyşyna" öwrülip, Yrak, Liwiýa, Siriýa ýaly ýurtlar okkupirlendi we parçalandy. Eýranda molla režimi azatlyk talap edip öñe çykanlary ganly formada basyp ýatyran bolsa, 90-njy ýyllaryñ gorkuly düýşi bolan Taliban kellekeserleri Owganystanda häkimiýete dolanyp geldi. Sowatly owganlar Günbatara gaçan bolsa, beýlekileri gaçgak işçi bolup Eýranda we Türkiýe güzeranyny aýlamaga dyrjaşýar. Yzda galan owganlar özlerini bir demde soñy görïnmeýän tüm-garañky tunelliñ içinden tapdylar. Ýokarda-da ýazyşym ýaly, günbatar çetdäki Marokkodan başlap iñ gündogardaky Malaýziýa çenli uç-gyraksyz yslam geografiýasynyñ hiç bir künjegijde ylym-bilime we akylly-başly ösüşlere bakan ädilen ýeke ädim, umyt yşygy görünmeýär. Gaýtam tersine, çar ýandan zäherli kömelek ýaly hurafalar (zyýanly edim-gylymlar) we akla zyýan amallar pürkülýär. Meselem, Günbatarda emeli añ pudagynda her gün diýen ýaly täze ösüşler bolup, munuñ üsti bilen ýaşaýyş gitdigiçe ýeñilleşýän bolsa, Taliban Owganystanda başga hiç hili problemasy galmadyk ýaly aýal-gyzlaryñ sesini basyp yatyrýar. Eýranda Rewolýusion gwardiýanyñ esgerleri ýaglygynyñ aşagyndan saçy görnen aýallary urup öldürýär. Türkiýede firmalaşyp barýan dini jemagatlaryñ we tarykatlaryñ hersi aýry osminog ýaly çar ýanyny dolap alyp, döwlet edaralaryny ele salýar we ummasyz baýlyk toplaýar. Siriýada 15 ýyllap öz halkyny bombalap gelen Beşar Esad öñküsinden has ykjam otyr. Oña öñ "ganhor" diýip gygyran Erdoganam indi "Esed gardaşy" bilen görüşmegiñ ýoluny gözleýär. Bütin bu bolýanlar az bolýan ýaly, terrorçy jöhit döwleti 10 aýdan gowrak wagt bäri Gazadaky palestinalylary bombalap, bütin dünýäniñ gözüniñ alnynda genosid edýär. Iki milliard musulman muña "saklan" diýip bilenok. "Saklan" diýmek beýlede dursun, Ysraýylyñ beýleki musulman ýurtlara çozmagyna-da päsgel berip bilýän ýok. Eýranyñ bütin dünýäniñ öñünde başdan geçiren masgaraçylykly ýagdaýy munuñ iñ bärkije mysaly. Biziñ Günbataryñ garşysynda başdan geçiren heläkçiliklerimiziñ ýüzlerçe esse beterini wagtynda aziýalylaram başdan geçiripdi. Hytaýyñ iñ uly şäheri Gonkong 100 ýyllap iñlisleriñ golastynda boldy, Ýaponiýanyñ iki şäheri ýanyp-kül boldy. Emma olar mundan şeýle bir sapak aldylar welin, gaýdyp opara hiç kim alaryp seretmäge milt edip bilmeýär. Akylyñ ýoly birdigine görä, musulmanlaram bu kösençlik-horluklaryndan almaly sapagy belli: akyl-paýhasa, mantyga, ylym-bilime ýönelmek we bütin durmuşymyzy şoña laýyklykda guramak. XXI asyryñ birinji çärýegini yrýa etdik, galanyny bir halas edeliñ. Egin-egne berip, hemmämiz bileleşip. Şeýle bir zatlary edeliñ welin, gündogardan günbatara yslam dünýäsi bitewi göwre bolup edil orta asyrlardaoy ýaly gaýtadan siwilizasiýanyñ, ösüşiñ, ylym-bilimiñ, tehnologiýanyñ, sungatyñ, azat we ajaýyp durmuşyñ merkezi bolsun. Her künjekden aýry-aýry Omar Haýýamlar, Ibn Sinalar, Birunylar, Al-Horezmiler, El-Jebrler, Ibn Haldunlar, Jelaleddin Rumylar, Hoja Hafyzlar, Sagdylar pürkülip dursun. Kairde, Şamda, Yspyhanda, Bagdatda, Stambulda "Kremniý jülgeleri" (Tehnologiýa merkezleri) gurulsyn. Ähli alymlara şu ýerlere üýşsün. Edil halyf Harun Reşidiñ we onuñ ogly Mamunyñ döwründe bolşy ýaly. Arzuw etmek gowy zat. Ýatdan çykarmañ, daş-töweregimizde görýän hemme zadymyz kiçijik arzuw bilen başlady we hakykata öwrüldi. Wagta garşy gidýän we wagtdan yza galan halklar we siwilizasiýalar ýitip-ýok bolmaga mejburdyrlar. Edil indeýler, maýýalar, astekler, aborigenler ýaly. Musulmanlar bolup wagta garşy gitsek we ondan yza galsak, biziñem soñumyz şolar ýaly bolar. Meniñki aýtmak. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Duşenbe, 02.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |