22:15 Ýa:t illerde rubagylar | |
ÝA:T ILLERDE RUBAGYLAR
Goşgular
Ýel bilen ýagmyryň çatrygynda men, Ýat ülkäň doň köňül topragynda men, Yssy sähra maňa garaşýanmykan, hyýalymda Gürgen, Etregimde men. Sizi ýatlap her gün, her dem gysylaryn, parasatly, jomart, mährem dostlarym. Şadyýan toýlarda ýoklugym ökünç, ýoklaýandyr meni elbet ýaslaram. Daş düşdüm döş ýaly çölümden bu gün, Duşumdan düýş ýaly geçip dur aý-gün, Bu ýerleň müň menzil gözel tukaýna bermen Ak Tokaýyň takyr topragyn. Pähim-paýhasymy özgertdiň sähram, Hem ýalkadyň hemem ýazgardyň sähram, Açyk asmanyňdan azmanam diýip, bu gün durnalara söz berdim sähram. Uzakda-da unutmaryn seni men, Asmanyňy, asmanlara deňemen, Gyzyl Alaňda ýyldyzlary gujaklap, daň atyran gijelermiň guly men, Gijäňe daňylan janam, köňülem, Men mähriňden ömür-baky ýeňilen, Yşyklasam ýürek penjiresinden, ol ýerde sen bar, sen, sen, diňe sen. Küýseýän daglaryň çeşmelerin men, Zarlaýan sähramyň teşnelerin men, Bu ýasama gözelligiň döşünde, hiç haçan arkaýyn düşlemerin men. Dag-daşy aşaryn büdüräp, agsap, Aňzaga-da janym çydar-a aňsat, ÿöne çözülmese aýralyk doňy, ýaşamak kyn zat, ýaşamak kyn zat. Ene ýeriň edil kükreginde men, Ýürek bilen beýniň çatrygynda men, Heňleýär günlerim, poslaýar aýlar, hyýalymda Gürgen, Etregimde men. Ybrahym B. 2006 Niderlandiýa. | |
|
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||