00:37 Ýadygär | |
ÝADYGÄR
Goşgular
![]() Jana-janlyk, mähribanlyk kadasy, Nurly geljek – adamlara wadasy. Köp çekendir jebir Gorkut dädesi, Bular maňa SSSR-den ýadygär. Ymam däl-de, ynam ömrüň manysy, Görenlerim danalaryň danasy. Okan kitaplarym gözbaş – hanasy. Bular maňa SSSR-den ýadygär. Atam diýen sözi: – Zynhar, pis bolma, Köňül bossanynda dür bol, mis bolma, Mert bol, aslyň batyr, bus-bus bolma, Bular SSSR-den galan ýadygär. Söz bazary ajap bazar, gül bazar, Ýöne işiň bilen bolarsyň Hasar. Kär bolmasa elde, il senden bizar, Bular maňa SSSR-den ýadygär. Toý tutuldy, ýas baglandy bir bolup, Tilki däl-de, ýaşalandyr şir bolup. Zanny iman, ynsap, sogap, il bolup, Bular maňa SSSR-den ýadygär. Adam sözi ýaňlanypdy belentde, Lenin syýasaty – deňlik, elbetde. Gardaşyň niýeti däldi erbetde, Bular maňa SSSR-den ýadygär. Baý-garyp zamanaň bolmaz hezzeti, Ölinçäm ýadymda atam wesýeti. Çekmedim men haram puldan ezýeti, Bular maňa SSSR-den ýadygär. 06-07.12.2013. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |