20:58 ÝaXymsyz ýaňsylamalar | |
ÝAXYMSYZ ÝAÑSYLAMALAR
(ýa-da gülesi gelip duranyňam gülesini getirmejek gödek gürrüňler, gara ýumor gatyşykly aforizmsumaklar we bir däne gysga dialog) Gaty gören gaty ýerde otursyn (halk aýtgysy) ýumşak ýerde oturyp ýörenler, gaty ýerde oturyp bilmez ýogsa-da. *** Ýüpüniň üstünde odun goýup bolmajak adamlar bilen iş salyşsaň, ahyr iki garyş ýüp alyp, asylmaga ýer gözlär ýaly edýändir. *** Soňky tüýkülik sakgal ezmez, o dogry, ýöne ýiigrenýän adamyň ýüzüne tokundyryp içiňi sowatmaga-ha ýeter. *** "Erkegiň eli egri, aýalyň aýagyny gyşyk basýar" diýilýäni fiziki ýetmezçilikden aýdylýan däldir, oly ruhy-ahlak maýyplygynyň şahyrana beýany. *** Ogry-da özünden osar, orramsam, şoň üçin ikisem şady-horramdyr. Itiň pohy derman bolsa, gidip derýa syçar, garaz hiç kime peýda etmejek bolup, uly derýany hapalar. *** Öz öýüniň arassa bolmagyny alada edýän biri bütin obanyň ýigrenýän adamynyň köne-küşül eşigini gapysynyň agzynda köwüş süpürilýän edip goýupdyr... *** Ýüregiň gysar, köçä çykarsyň, soň syrtyñy gysyp bilmersiň, bäş-alty ýyllyk başga jaýlardan çykarsyň. *** Iki sany häsiýetsiz köpek bir süňküň üstünde hyňranyşyp duşman boldy, gadymkylaryň süňk duşmany diýen aňlatmasy ýa şondan galdymyka? *** Gowşak ýazylan goşgular öli doglan çagalar ýalydyr. Olary depin edip, çekjek gussaňyz däp-dessur bolsun. Ýogsa-da çaga jesediniň iki aýagyndan tutup adamlara tarap zybyrdadyp zyňyp ýören ýalysyňyz. *** - Söýmeýän zenanyň bilen ýaşamak, her säher onuň gujagynda oýanmak, nähili agyr duýgy?! - Men başga zady oýlanyp gorkýan. - Näme zat? - Söýmeýän zenanyň gujagynda ölmek. *** Asla kyn aýdylmaýan ýaňlytmaç: "Dogry, dogry ogry dogdy". 18.12.2023 ý. Isgender MÄLIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |