02:24 Ýakynlyk / hekaýa | |
ÝAKYNLYK
Hekaýalar
Görgüsiýaman adamzada ýagşylygam eder ýaly däl, walla. Nämemiş, men ony ýolda ýagşa ezenmişim. Aýaklary öl bolanmyş. Al otagyň burçunda asyp goýan saýawanyňy. «Şonsuz köçä çyk» diýýän adam ýok. Ulanmajak bolsaň, näme, burçda eksponat edip asyp goýjakmydyň diýsene?!Üstesine-de, ol ýigidiň belleşilen ýere gelmän, tas bir sagat dagy gijikjekdigini bilipjik dursa-da: «Geleno-ok» diýip ýer depýär. A-how, ynsan balasy, maňa-da, öz janyňa-da haýpyň gelewersin. Ýok, gaýta, tersime gidýär. «Iň ýakyn joramsyň» diýenem bolýar ýene-de... Jora-da bir ýer depip, janymy agyrdarmy?! Bolşuna hem-ä meniň, hemem öz janynyň agyrýandygyndan habarsyz ol. Garaşýany-da geliberenok. Erkek diýeniňem bir sözünde tapylsa, diýeňsoň, taň edeňsoň, dur-da şol sözüňde erkek bolupjy-yk. Göwnüme bolmasa, olar ýaly erkekler häzir selçeňleşen saç ýaly seýrekläpdir. Tapmak hyllalla diý-de goýaý. Garaşylýan ýigit hondanbärsi bolup saçyny daranam bolýar, hamala, dellegi köseýän saçy bar ýaly. Darap nätjekdiň, sähel şemala mekgejöweniň gulpagy ýaly çalam-çaş bolup bulaşyp ýatsa?! Gowy tarapy, olar ýaly saçy barmaklaryň bilen düzedişdirseň-de bor. Ikisiniň ilkinji tanyşlygam üýtgeşik. Joram kitap dükanyna barypmyş. Hemişe bileje gezsegem, ol şol gezek, näme üçindir, meni ýany bilen alyp gitmändi. Şeýtdi diýip öýke-kine eder ýaly üýtgeşik göwün-garnam ýok mende. Kitap dükanyna gireňsoň, aslynda, şol ýerde ýok kitabyň, ýagny tapmasy çetin kitaby soramak nämä gerek boldy diýsene. — Salam, maňa «Meni ýeke goýma» diýen kitap gerekdi... Satyjy ýigit hem gözlerini elek-çelek edip, awtorynyň adyny sorapdyr. Häzir ady ýadyma düşenok, ýalňyşmasam, familiýasy-ha Agaýewady öýdýän. Ýogsa-da, joram diýýänim arada gazet okap otyrka: «Durmuşa çykansoň, şol familiýasynda galaýmaly eken. Bälçiksiremek nämä gerek bolduka, käte «Berdiýewa» diýen bolup...» diýip zeýrenipdi. Ikisi-de bir adam. Emmaki aýtmaklaryna görä, zenan maşgala durmuşa çykansoň, has agraslanýan eken. Göwün duýgulardan ýaňa agralýan bolarly... Onsoň hälki ýigit golaýda şol kitabyň geljekdigini, eger, göwnese, dükana gelen badyna jorama habar etjekdigini ýaňzydypdyr. — Telefon belgiňizi beräýiň, habar ederim ýaly... Belgisini hetjiklänsoň, ol ýigit adyny sorapdyr: — Gülýaly... Satyjy ýigit hem geňirgenip: — Ýagdaýyňyzy soramok, adyňyzy soraýan — diýipmiş. — Adymam, ýagdaýymam şoňňaly. —Oýun edýäňizmi? Men oýny-çyny aýyl-saýyl edip bilýän ýigitlerdendirin. Ýönelige däl bi kelledäki saçlaryň selçeňleşmegi... — Baý, baý-ow. Oglan-a bolmajysyny boldy. Bagyşlaň welin, siz onda çyna berimsiz hakykata ynanmadyňyz. Diýmek, ol saçlar çykan ýerine namys edip, selçeňleşen bolmaly. Ýigit görgüliniň eli titräp, ruçka-da hötjetligine tutagetdin, ýazmazaga tutduryp dur diýýär. — Bo.., bo.., bor, häzir başga ruçka bilen belläýerin... Diýseň-diýmeseň, ol geň galypdyr. Bellik depderçesini ýapyp, agzyny öweldägetdin, Gülýalynyň yzyndan seredip durmuş. Biziň häzir garaşýanymyzam şol ýigit bolmaly. Diýmek, kitabam tapylan bolmaly. Gülýalam, näme, garaşmaga gezek gelende hil bir adam. Bu-da hälki «Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän» diýlişine meňzeş. Gülýalynyň garaşmakdan ýaňa ýüregi gysdy öýdýän. «Gelýänçä gümür-ýamyr edeýin» diýäge-de, dramaturgiýa hünärinde okaýan ýyllykdaşyna jaň etdi. Ýakynda ol Gülýala kitap baryny beripdi. Degşibräge-de: «Me, al, oka şulary. Akyllanarsyňmy, nämemi» diýdi. Daşyndan ulumsy ýaly görünse-de, erbet diýmäge diliň barmajak ýigit ol. Dosty hökmünde Gülýalynyň derdini diňleýär. Dogrusy, doly tanamok, tanamaýanyň barada gowy diýmegem birhili, erbet diýmeg-ä beýlede dursun welin... Hany, daşky keşbini suratlandyraýyn. Eý-ho, gözleriniň ullakandygy ýadyma düşdi. Jüýkburun, egrelibräk ýöreýär, neme... onsoňam saçyny owadan daraýar, peläket. Ol ýigit bir görseň-ä, ýaz ýaly, bir görseňem, tomsuň orruk ortasynda gar ýagdyrjakdan. Galam ýöredýänlere düşüner ýaly däl. Kellelerindäki pikirler sebäplimi ýa başga emmasy barmy, takyyk bilemok welin, azda-kände düşünişime görä, şolara düşünmek çetin. Kän gürleşmediler. «Başagaýrak men, Gülýaly. Soňrak özüm jaň ederin» diýipdir. Elgaraz, Gülýalynyň menden başga-da jorasy, dosty-da ýeterlik. Ýöne onuň ýanynda hemişe men bar. Bir ýere gitjek diýse: «Ýok» diýen ýerim ýokdur. Ynsanyň ýakynlarynyň içinde has ýakyny bolýar. Ol şony diňleýär, düşünýär. Bile aglaýar, ýylgyrýar, gynanýaram, begenýärem... Ynha-da, Gülýaly ýüzüne seredip otyr. Daşarda bolsa ýagyş çisňeýär. Egnine-de ýuka geýnipdir. Bilýän, ol bu pursada kän garaşypdy. Iki gün öňünden duşuşyga geýjek köýnegini saýhallapdy. Iki sagat galanda bolsa aýnaň öňüne geçägetdin, özüne serenjam bermäge durupdy. Ýöne garaşylýan bir ýarym sagatdan bäri gara berenok. Gülýalynyň gözýaşlarymy ýa arşy agladan gelen ýagyş damjasymy, ýüzüme degip dur. Herhal, ýagyş bolsa çydaryn welin, gözýaş bir bolmawersin. Gelmejegini Gülýaly-da bilýär, menem. Wah, bar sesiň bilen: «Ol geleno-ok, akylyňa aýlan Gülýaly» diýägetdin gygyrsaň. Ýöne Taňry zeýrenmäge men ýaly otuz dokuzlyk ölçegdäki köwüşlere käbir kişileriňki ýaly iki garyş dil bermändir-dä... Begenç ANNAÝEW. "Nesil" gazeti, 19.02.2022 ý. | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||