22:35 Solmajak gülüñ bagbany / hekaýa | |
SOLMAJAK GÜLÜŇ BAGBANY
Hekaýalar
Günorta wagty. Okuwlar tamamlanypdy. Okuw binasynyň günbatarynda ýerleşýän kiçeňräk seýilgähdäki oturgyçda bir ýigit otyr. Ol garaşýar. Oňa «Kime garaşýaň?» ýa-da «Nämä garaşýaň?» diýip, sowal bilen ýüzlenseň, takyk jogap bermez! Peýdasy ýok, şol bir heňine tutar. Elgaraz, sowalyňa belli-külli jogap almak çetin ondan. Ine, saňa gerek bolsa! Geň galýaňyzmy, menem geň galypdym. Nazaryny bir nokada ─ ýodajygyň gyrasyndaky gunçalan güle dikip otyr. Birki günlükde gunçalan gül şeýle bir enaýy, owadan, naşyja... Daşyndan seredene solmajak gül şu gunçalan güldür diýip pikir ýüwürtdirýär. Ýok, ýöne ol ─ o däl. Ynanaňyzokmy? Yzy ─ öňde. Talyplar ol ýigidiň deňinden hälimi-şindi geçip durlar, geçip durlar. Teý-ahyr ýigidiň halyna geňirgeneniň biri deňine gelip: ─ Okuw-a tamam boldy, dost. Sen kime garaşýaň? ─ diýdi. Ýigit gunçalan gülden gözlerini aýyrdy-da, äm-säm bolup, sowal bereniň ýüzüne seretdi. ─ Menmi? Men... solmajak güle garaşýan. Sowal bilen ýüzlenen geňirgendi. Hut siziň geňirgenişiňiz ýaly. Onsoň bu geňirgenen ýene sowal bilen ýüzlendi: ─ O nähili solmajak güle? Ýigidiň jogaby nagt boldy. ─ Nähilisi bormy? Solmajak güle-dä! Geňirgenen öz ýoluna rowana boldy. Ýigidiň gözleri bolsa gunçada. Gabaklaryny gyrpman seredip otyr. Ähli ünsi, pikiri şonda. Deňinden geçýän adamlar, hatda uly ýoldan çepe-saga sowulýan ulaglaram onuň gözüne görnenok. Töweregindäki bolup geçýän zatlar piňine-de däl. Soňra ýene bilesigelijileriň biri ýigidiň deňine gelip saklandy. Ýigit ony tanaýardy. Alçak, şahandaz. Bezzatlygyny hasaba almasaň, nusga edinerlik häsiýeti kändi. Gözi bişmedik erigiň nowçasy ýaly gök, uzynak boýludy. ─ Dost, kime garaşýaň? ─ Solmajak güle garaşýan. Uzynak boýly ýylgyrdy. Geň gördümi, nämemi, garaz, ol ýylgyrdy. Ýokarda bezzatlygyny hasaba almasaň diýipdik. Emma uzynak boýly şol «hasaba alynmadyk» häsiýetini görkezdi. Ynha, şeýle. Ýigidiň goraglap, has dogrusy, gözi bilen «apalap» oturan gunçasyny baldagyndan çirtip aldy. Soň ýigidiň eline berdi-de: ─ Şumy solmajak gülüň? Ha-ha... Me, al! ─ diýdi. Ýigit elindäki gunçanyň halyna seredip, ýüregi gyýym-gyýym boldy. Şol wagt Gurbannazar şahyryň: «Nämä degseňizem, degmäň ýürege» diýen setiri ýadyna düşdi. Damagy doldy. Aňyrsyndan güwläp gelen gahar bokurdagyna tegek boldy. Göz owasy ýaşdan pürepür balkyldady. Ýigit egbarlady. Bedeni gowşady. Bezzat bolsa özüniň işinden lezzet alan ýaly ýylgyrdy-da, ötägitdi... Ýigit elindäki gunça seredip otyr. Ol indi köşeşdi. Ýöne ýene näme üçindir şol gunçany ünsden düşüresi gelenok. Ýigit bir kitapda: «Ünsli seretseň, Aýyň ýüzündäki tegmili hem saýgarmak bolýar» diýen sözleri okapdy. Ýadyna düşürjek boldy, huşy per berenok. Ýalňyşmasa, haýsy-da bolsa bir kitaphananyň okalga zalynda okapdy öýdýän. Häzir oňa kyn. Hiç zat ýok ýerden onuň «apalan» gunçasyny çirtdiler. Bolan ahwalatdan soňra, ýeri, ol neýlesin?! Birdenkä ýigidiň burny atyr ysyny aldy. Atyr ysy golaýdan gelýär. Diýmek, onuň golaýynda bir-ä bar. Atyryň eýesi: ─ Kime garaşýaň? ─ diýdi. Ýigit gapdalyndakyň ýüzüne seretmän jogap berdi: ─ Solmajak güle garaşýan. ─ Onuň gelerine ynamyň beri barmy? ─ Hawa, bar. Çünki men oň bagbany. Atyryň eýesi sojap dem aldy. Ýigit muny duýdy. Şol barmana oýurgandy: «Öz-ä bu atyryň ysam, sojap dem alşam maňa birini ýatladýar». ─ Bagbanyň wezipesi näme, bilýäňmi? ─ Wezipesimi? ─ Ýigit biraz dymdy. ─ Solmajak gülüni apalamak. ─ Bagbanlygy çyn bolsa, solmajak gülüniň ýüzüne seretmän, ters bakyp oturmazdy. Ýigit jogaby eşidip, tisgindi. Elindäki solup barýan gunça seredip oturan garaklary atyr ysy gelýän tarapa öwrüldi. Nazary onuň nazaryna kaklyşdy. Göreçler biri-birine tanyş bolsa-da, diller dymdy. Edil dünýäň ýüzüne suw sepilene döndi. Göreçler düşünişýärkä, sözüň hajaty ýok. Ýigit atyryň eýesini, has dogrusy, gapdalyndakyny tanady. Hakyt, şol-da! Birwagtlar ýigit agaç pudagyndan «söýýär, söýenogy» aýdyp, öz ykbalyna gurra taşlardy. Soňky ýaprakda «söýýär» gabat gelmese, umytlary püçege çykardy. Nijeme kagyzlara hat ýazdy. «Razy-da» diýilmedi, «razy dälem». Gepiň küle ýeri, jogap gelmedi. Soň ýene hat ýazdy. Kerim şahyr, Gurbannazar şahyr, Halyl şahyr... Ençeme şahyrlaryň setirlerini ýazdy. Jogap gelmedi. Nijeme ussat ýazyjylaryň kitaplaryndan mysal getirdi. Ol hatlary okasaň, dagyň depesindäki ençeme ýyllary üstünden geçiren buzlaram erese erärdi welin, hat barýanyň ýüregi eremese nätjek! Ussatlaryň kitabyndan almaga mysallar kän, emma ýeke söz bolsa-da, jogap gelmedi. Soň «Gülüm, bägülüm, gunçam...» diýip goşgy ýazdy. Garaz, tebigatda bitýän gülleriň atlaryny ýeke-ýekeden mysal getirse-de, bolmady. Teý-ahyr «Solmajak gülüm» diýibem ýazdy. Kagyzyň gyralaryna galam bilen surat çekip sünnäläbem gördi. Şonda-da jogap gelmedi. Başga çykalga-da galmady. Adamyň göwünjigem bir ýylyjak söze mätäç-dä! ...Ine, bu gün bolsa bagban solmajak gülüne ─ solmajak gülem bagbanyna gowuşdy. Olar seýilgähiň içindäki ýodajykdan ýöräp barýardylar. Çirtilen gunçanyň baldagy bolsa, ýene gunça çykarjakdygyny wada berýän ýaly, şemalyň ugruna baş atdy. Ýodajygyň gyrasyndaky agaçlar gowuşan ykballara bagt dileýän mysaly, adaja ygşyldaşdylar. Begenç ANNAÝEW, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |