11:17 Goşa toý / hekaýa | |
GOŞA TOÝ
Hekaýalar
Onuň tamdyrdan çykaran mele-myssyk çöreklerini öýüne alyp girenem şoldy welin, göwrelilik derdi gozgady oturyberdi. Şo-ol sekiz-dokuz sany çörek ýedi aýlyk ogul perzendiň dünýä inmegine sebäp boldy. Begendiler. Emma bu şatlyk uzaga çekmedi. Hat-da doly bir günem dowam etmedi. Ertesi daň saz berende Ogulsapar ejäniň demsiz-üýnsüz ýatan bäbejige gözi düşdi. Entek at hem goýup ýetişmändiler... Aýlar geçdi, ýyllar ara wagt saldy. Bularyň ogul perzendi dünýä indi. «Allahym öwezini berdi, öwezini doldy» diýip, Amanmyrat aga bilen Ogulsapar eje öz aralarynda maslahatlaşyp, doglan bäbejigiň ady- na Öwez diýip at goýdular. Öwez iki ýaşady. Aý dogan gije. Bäbekhananyň gapdaly. Ýyldyzlaram gögüň ýüzüne seçelenipdir. «Aý dogan gijesi, Aýdan myrat tapanym, bir gözüm iki boldy» diýen Amanmyrat aga, ikinji doglan ogul perzendiniň adyna Aýmyrat dakdy. Bu maşgala paýtagta golaý obada ýaşaýardylar. «Iki aýakly, iki günde» diýlişi ýaly, Amanmyrat aganyň ogullary ýigit çykdylar. Öwez institutyň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, bagtyýar döwrümiziň bagtly talyby boldy. Aralary iki ýaş tapawutly inisi Aýmyrat okuwynyň daşyndan oba mekdebinde işe başlapdy. Bir gün Ogulsapar eje Amanmyrat aga bilen maslahatlaşdy: — Amanmyrat diýýän-ä, şü Öwez jany öýeräýsek näderkä? Tüweleme, ynha, ýokary okuw mekdebini hem tamamlady. Il deňinde abraýly kärhanada işläp ýör. Halaşýany bar bolsa, men oňa söz açyp göreýin. Han-ha, Öwez janyň deň-duşlarynyň çagalary mekdebe gatnap ýörler. Ynha, Aýmyrat janam ýigit çykdy. Nesip bolsa, oňa-da toý şaýyny tutmalydyrys. Kakasy, senem bir zatlar diý-dä, şo-ol mekdebe gidýäň, gelýäň. Agtyk söýjek neýetiň ýokmudyr?! — diýip, Amanmyrat aga seredip, Ogulsapar eje gatyrgandy. Amanmyrat aga şakäsedäki süýdüň gaýmakly ýüzüni üfledi-de, owurdyny dolduryp içdi. Biraz böwrüni diňledi-de: — Haý, keýwany sen-ä tüýs palçy-da. Ýüregimdäkini «jüňk» edýäň-de, okap otyrsyň.«Adam arzuwsyz bolmaz, guş — ganatsyz» diýip eşitmänmidiň?! Men hem her dyzymda bir agtygymy oturdyp, şolaryň gülşüne, boýuna guwanasym gelýä. Keýwany, men şu günler bir zadyň pikirinde. Näme diýseň, «Toý-baýram goşa-goşadan gelermiş» diýýärler. Sen ogullaryň bilen maslahatlaş. Gel, bizem goşa toýuň şaýyny tutaly — diýdi. Ogulsapar eje «kemput paýyny alan» çaga ýaly begenip: — Wah, kakasy, sen mamla. Şu gün balajyklarym işden gelsinler, men olaryň «taryna» kakyp görerin — diýip ýyljyraklady. Agşamara maşgala agzalary bile saçak başynda garbak-gurbak edindiler. Naharyň yzy gök çaýyň lezzeti bilen ugrukdy. Amanmyrat aga: «Mal-gara, towuk-torsulardan habar tutaýyn, siz arkaýyn gök çaý içiberiň» diýdi-de, assyrynlyk bilen daş çykmaga hyýallandy. Ogulsapar eje toýa başlajak bolýan bagşy ýaly, ardynjyrap ogullaryna ýüzlendi: — Öwez jan, Aýmyrat jan «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, men siz bilen goşa toý hakda geňeşmekçi. Kakaňyz bilen biz sizi öýer- mekçi bolýarys. Eger göwün halanyňyz bar bolsa, çekinmänjik öz ejeňize diýip bilersiňiz. Wah, gara gözüňize döneýin — diýip, golaýynda oturan Aýmyradyň ýaňagyndan sypalady. Çagalykdan söze çeper bolmasa-da, ilki Aýmyrat dillendi: — Eje, sen kimi «şü-ýä maňa gelin bolsady» diýip, göz astyna alan gyzyň bar bolsa, toý şaýyny tutuweriň — diýdi-de, ejesine seredip ýylgyrdy. — Wah guzym, seniň üçin daşgynrak garyndaşymyzyňkydan gyzam tapandyryn. Tüýs, meniň gelinligim-dä şol. Ho-ol gaýraky obadaky Senemgül daýzaň gyzy, Näzli ýadyňdamy?! Alty-ýedi ýaşyňdadyň. Bir oýnawajyň üstünde eliňden dişläpdi. Sojap-sojap aglanyňam ýadyňdadyr-la?! — diýip, Aýmyrada garanjaklady. Ejesiniň sözlerini diňläp, aşak seredip oturan Aýmyrat «hawa» diýýän ýaly äheňde baş atdy. Uly ogluna seredip, Ogulsapar eje: — Öwez jan, sen neçüýn aşak bakýaň?! Diýjek-goýjagyň ýokmudyr?! — Ýok, eje?! — Näme «ýok»?! Öýlenmäge meýliň ýokmy?! — Aý, birhili-dä diýmek, eje. — Wiý, nämesi birhilli bormuş oň?! Utanma-da, guzym. Öwez uludan demini aldy-da: — Eje, men saňa aýtsam «Ýaşyranda ýaşmak tutmaz» diýlişi ýaly, institutda bile okan topardaş gyzymyz bilen halaşýan. Paýtagtda ýaşaýar. Häzir ol meň bilen bir kärhanada işleýär. Biz wadalaşdyk. Menem ony söýýän, olam meni. «Gepiň tümmek ýeri», men saňa dil ýarmaga çekinip ýördüm — diýdi-de, egninden dag agdarylan ýaly uludan demini goýberdi. Ogulsapar eje, ilk-ä «hymmm» diýip oýlandy-da, şeýle diýdi: — Hany, onda, kakaňyz bilen maslahatlaşaýyn. Sähetli gün guda-garyn- daşlyk açmak üçin ýola düşerin — diýdi. Ogulsapar eje şeýle hem etdi. Guda boldy... «Gelin gelýär, gelin gelýär» diýip, ylgaşlap gelýän çagalar şol gelişlerine uly mähelläniň içine siňdi. Ho-ol adam gözýetiminiň görnäýjek ýerinden hatar gurap gelýän ak maşynlaryň şowhunly sesi eşidilip ugrady. Ine, Amanmyrat aga bilen Ogulsapar ejäniň goç ogullary Öwez bilen Aýmyrat özleriniň saýlap- seçen söwer ýarlaryny kürtäniň astynda «gizläp», barha öz öýlerine golaýlap gelýärdiler. Amanmyrat aganyň öýüniň töweregi adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Aşpezler gazanlardan çykýan bugy güjeňleýän ýaly, kä açyp, kä ýapýardylar. Gelin-gyzlar türkmeniň däp-dessuryna görä kejebäni garşy almagyň alada- syny edýärdiler. Ogulsapar eje türkmen däp-dessurlaryna, yrym-ýorumlara, edim-gylymlara uýýan zenanlardandy. Ol şu wagt elleri bilen gyňajynyň ujuny agzyna ýetirip, oýa batypdy. Göýäki, diýersiň, ol başga dünýe, töwerekdäki gelnalyja garaşýanlar başga dünýedi. Ol hümlenip, pikirinde gep «ýüwürt- ýärdi». «Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi, yrym-ýorumyna ynanaýmalydyrys. Sebäbi olar ýyllar boýy bu yrymlaryň subutnamasyny tapyp gelipdirler». Ol öz kararyna, özi boýun egýän ýaly aram-aram öz ýanyndan başyny atyp goýberýärdi. «Türkmençilikde iki kejebe bir öýe düşmeli dälmiş. Ýaş çatynjalara çile düşermiş» diýen yrymdan habarly Ogulsapar eje, gelinleriniň körpesini, köçäniň o çetindäki goňşusy Ogulbagt ejäniň öýüne düşürmek meýlindedi. Ol bu hakda Ogulbagt ejä-de duýdurypdy. Ogulbagt ejäniň aladasy bilen şol yrymyň çözgüdi hem tapyldy. Ol ýörite Ogulsapar ejäniň körpe gelni Näzli üçin öýüniň tördäki bir gatyny taýýarlap goýdy. Ine, ak guw ýaly, bezegli ak maşynlar kerwen gurap toýa toplanan mähelläniň deňinde saklandy. Emma şol tirkeşip gelen öňdäki iki awtoulagyň biri saklanmady. Ol mähelläniň deňinden geçip, Ogulbagt ejäniň öýüniň golaýynda badyny saklady. Toýa gelen gelindir gyzlaryň, hat-da ho-ol aňyr- rajykda gepe gulak gabardýan ýaşy ulurak erkeklerem allaniçiksi bolup galdylar. Käbirler-ä baş atýan ýaly: «Aý, Ogulsapar ejäniň bilýäni bardyr» diýişdiler. Hakykatdanam, bu Ogulsapar ejäniň yryma bolan ynanjynyň çürt-kesik subutnamasydy. Ol uly gelnini, ýagny Öweziň söwer ýary Läläni türkmen halkyna mahsus bolan däp-dessurlar bilen garşy aldy. Toýa ge- len mähelle üçin «Toýdan topukça» diýlişi ýaly, kürteli gelniň üstüne çaga oýnawaçlaryny hem sepişdirýärdiler. Lälä bolsa sag aýagynyň gadamy bilen gapydan ätläp, «dähedem-dessemläp» diýlişi ýaly, ýöräp barşyna öýüň töründen orun berdiler. Ýarym sagat geçenden soň körpe gelin hem gapydan ätledi. Onuň ellerini ýagly käsä batyryp çykardylar. Soňra bug- daý ununa mazaly owkalanandan soň, Näzli gelniň näzik elleri gyşda gar sepelenen miweli agajyň şahalaryna çalym edýärdi. Garaz, Ogulsapar eje goşa toýuň, «goşa» sebäpkärlerini türkmen halkynyň adatyna görä garşy alyp, törüne geçirdi. Toýuň şowhuny barha artýardy. Bagşynyň sesi gije ortalaberände diňdi... «Iki gelin — iki dünýe» diýleni hak bolsa gerek?! Läläniň işine gatnap, gele-gelmäne-de Näzli bilen yrsaraşmagy günde-günaşa gaýtalanyp durdy. Näzli ýarawsyzdy. Bir gün Läle işden dolanyp gelse, günortanlyk garbak-gurbakdan soňra ýuwulmadyk gap-çanaklara gözi düşdi. Haýdap, Öweziň ýanyna gelip: — Seret, gap-çanaklar tämiz däl, ýene-de häzir kelek sygrymyzyň näzini çekip süýdüni sagmaly. Senem bir zat diý ahyry iniňe. Kesel bolsa, lukman gözegçiliginden geçsin. Men kärhanaň işi bilen öýüň işine ýetişip bilmen ahyry, sen düşünäýmel-ä, Öwez! — diýdi-de, adamsynyň ýüzüne çiňerildi. Öwez bialaç äheňde: — Düşünýän, men indi Aýmyrada: «Gelniň işlänok, öýüň işlerine gelnejeň ýetişenok» diýsem gelşiksiz bolar. Senem eltiň ýagdaýyna düşün, elbetde, ýaraýan däldir. «Buz üstünde tozan aramaňy» bes et indi — diýip, jaýdan çykyp gitmekçi boldy. Emma ýene bir zat ýadyna düşen ýaly saklandy-da: — Şu eltiň bilen araňdaky sowuklygy ejem biläýmesin, düşündiňmi?! Ýü- regini ynjydaýmagyn. Iki barmak diliňe gaty ägä bolgun — diýdi-de, gapyny daş tarapyndan gaharly ýapdy. Läle gaty ýapylan gapynyň sesine tisginip gitdi. Läle durmuşa çykmanka öz ejesiniň: «Goşa toý eden öý çileli bolarmyş. Eltiň bilen araňyza sowuk-salalyk düşer diýip gorkýan. Ýa gudalarymyza razylyk bermän, yzyna dolaýynmy?!» diýen sözlerini ýatlady... Günler birsydyrgyn geçip barýardy. Öwez bilen Läläniň ogul perzentleri dünýä indi. Çaga — bu durmuşyň süýji tagamy, maşgalanyň daýanjy, ene-atasynyň guwanjy. Amanmyrat aga bilen Ogulsapar eje monça boldular. Emma... Emmaly ýeri bardy. Maşgala atly ak kepderiniň beýleki «ganatyndakylar» begenmelisin-ä begendiler welin, emma bu şatlyk ýüze syrylan perdedi. Bular Aýmyrat bilen Näzlidi. Kaka, eje bolmak bulara müwessa bolmandy. Ençeme tebiplere ýüz tutuldy, lukmançylyk barlaglarynam geçirdiler. Ýöne welin Aýmyrat bilen Näzlä hoş habar aýtmadylar. Kime ýüz tutsalar-da «sabyrly boluň» diýen sözlerden başga jogap bolmady. Şol gün Amanmyrat aga goňşy obadaky kärdeşinden «ogluny öýerýärmiş» diýen çakylyk gelenden soňra, toýuň mürähedini görmek üçin gidipdi. Öwez bilen Aýmyrat bolsa işleri bilen başagaýdylar. Ogulsapar eje häzir iki gelni bi- len saçak başynda gümür-ýamyr edýärdi. — Men siziň araňyza kimiň çöp atanyn-a bilemok, ýöne size diýjegim, agzybir boluň! Bir elti un bolsa, beýleki suw bolmalydyr. Biz ýedi elti bolup bir gaýynenäniň daşynda pyrlampaç deý pyrlanardyk. Sözümizem azaşmazdy, dilimizem — diýdi-de, Läläniň ýüzüne dikanlap seretdi. Läle allaniçiksi bolup, ýaşmak astyndan pyşyrdap, gaýynenesine: — Wiý, enesi, «bar belaň körügi» menmi ahyr?! «Garyndaşymyň gyzy» diýip Näzlini apalaýarsyň. Ýazygym näme?! — diýip şumjardy. Ýerden ses çyksa-da, Ogulsapar ejeden ses-seda çykmady. Ol saçak başyndan turmak bilen boldy. Bu söhbetdeşlik saçak başynda badalga alsa-da, şol ýerde tamamlandy. Ogulsapar eje şol gidip barşyna, öz otagyna ýöneldi. Häzir onuň pikirinde Läläniň diýen sözleri däl-de, başga pikirler ummany gulaçlaýardy. Ol «Çile diýen zadyň täsiri beri däldir-le?! Ýa men bir ýerde ýalňyşaýdymmykam?! Könelerimiziň ýol-ýodasy bilen ikinji gelnimi Ogulbagtyň öýüne düşürdim. Näzli jana gynanýan. Bir ýanda-da Aýmyrat gül sapagyny soldurypdyr — diýip, şo-ol içini hümletdi oturdy... Iňrik garaldy. Irden Amanmyrat aga bilen Ogulsapar eje goňşy wela- ýatdaky garyndaşlarynyň jaý toýuna gidipdiler. Öwez hem paýtagtda işiniň çykanlygyny, agşam öýe dolanmajagyny jaň edip, ýaňzydypdy. Öýde erkek göbekliden diňe Aýmyrat bardy. Läle agşamlyk naharyna saçagyň başyna gelmedi. Läläniň otagynda bäbejigiň çirkin sesi eşdilýärdi. Läle bolsa daş çykyp gidipdir. Çaganyň sesine dözmän, onsuzam ýarym göwün Näzli, sallançakdaky çagajygy köşeşdirmäge başlady. Çagajygyň sesi diňdi. Onýança-da bir ýerlerden Läle ok ýaly atylyp otaga girdi. Gele-gelmäne eltisi Näzlä zäherini dökdi: — Çilelidigiňi özüň bilýänsiň, sen bilmeseň, ine, men bilýän, çagamy eliňe almaga neneň het edip bildiň?! Näzliniň ýüzi ýaga gowrulan çapady deý gyzardy. Damagy doldy. Gözüne ýaş aýlady. Biraz salymdan özüni dürsäp: — Elti jan, çagajygyň aglaýan sesine dözmedim — diýdi-de, göz owasyna dolan ýaşyny bir eli bilen syldy. Näzli gelin boýnuny burup, öz otagynyň gapysyna ýöneldi. Gije ýarymdan geçipdi. Çaga sesini goýar ýerde goýmady. Näzli çaganyň sesine ýüregi jyzlap, ýerinden galmakçy bolanda: — Dynjyňy al, sen barsaň «ýanyp duran oda ýag sepdigiň» bor — diýip, Aýmyrat ukynyň arasynda dillendi. Çaga bolsa, şo-ol köne «heňini» gaýtalap aglaýardy. Läle her etdi-hesip etdi, emma çagasynyň derdine düşünmedi. Bir- denkä eýwanda güpürdi ýaňlandy. Näzli ylgaşlap, eýwanyň çyrasyny ýakyp seretse, Läle gapynyň agzynda essinden gidip ýatyr. Çagajyk bolsa zaryn sesi bilen aglaýardy.... Ir bilen Läle oýandy. Başujunda eltisi Näzli ýylgyryp otyr. Läle tirsegine daýanyp ýerinden turmakçy bolanda, Näzli oňa kömek goluny uzatdy. Ol pes- saýlyk bilen söze başlady: — Elti jan, hanha, sallançakda geljekki goç oglan ýalançydan bihabar uklap ýatyr. Irden oba lukmany gelip çagaňa gözegçilik edip gitdi. Agşam bedeniniň gyzgynlygynyň artanlygy zerarly biynjalyk eken. «Diş çykyş döwrüni başdan geçirýär» diýen sözleri lukman gaýta-gaýta ýaňzytdy. Läle düýnki bolup geçen wakalar hakda pikirlendi. Garaňky eýwanyň gapy- syny gözläp gelşine, şol gapa maňlaýy bilen mazaly süsenligi ýadyna düşüp, göz öňünde janlandy. Gijesi bilen çagasyny diňdirmek üçin ukusyzlykdan ýaňa gözleri gyzaran Näzlä gözi düşdi. Läle utandy, utanjyndan ýaňa «ýer ýarylma- dy, Läle-de girmedi». Onuň keşbi örän gaýgylydy, kirpikleri bimamlaňky ýaly gyrpyldap, gözlerinde çala çyg görünýärdi. Ol naýynjar sesi bilen «bagyşla» diýdi-de, eltisi Näzlini bagryna basdy... ...Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda goşa baýram-goşa toý tutuldy. Öwez obanyň gaýra çetindäki täze gurlan jaýyna göçüp bardy. Läle jaý toýu- na taýýarlyk görýärdi. Goşa toýuň ikinji sebäpkärleri bolsa maşyndan düşüp, howlynyň içine girdiler. Aýmyradyň elinde bäbejik. Näzliniň elleri terje bägüllerden dos-doludy. Bu gün jaý toýuna, bäbek toýuna taýýarlanan Amanmyrat aganyň agzybir maşgalasy saçak başyna jemlendi. Begenç ANNAÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |