12:57 Ýalñyzlyk keşbi | |
ÝALÑYZLYK KEŞBI
Goşgular
Aýyñ ondördünde dañ atyp barýar, goşa dolanaý batyp barýar. Şeýle bir dury şeýle bir ümsüm, duýmarsyñ janyñda ýekeje tolgun. açylman dur garry köçe ukudan, Süzülmän dur gözleriñ, serpilen suw ýaşmagy, gözgi kölüñ bozulman dur gaýmagy. Üýtgeşik görnüş kölüñ keşbinde, Asman, dolanaý, sallanyp dur agaç, jaý. Zaman gözlerini sowman bu gözellikden, seýl edip ýör göýä çuñ ümsümlikde. Undulan dünýäniñ gohy! * * * Salymlar, salymlar salymlar geçýär, ýumşajyk şemal sypalap hyýalyñ ýañaklaryny, açýar gözlerimiñ doñaklaryny. Bozýar bar zady köli, aýy, daragty, jaýy puja çykýar jahanyñ ýary. Gün şöhle saçýar, gögi bombalaýar oñ çyrazlary. Gözümden köle çekilen ýoly kesip dur säheriñ guba gazlary. Ýaşyl, narynjy, mawy, janlanýan köçe, adamlar, maşynlar, zeýrenýän otly Radio habarlar sesleri batly eşidilýär jahanyñ hakyky ýary. * * * guşlar saýraşýar, ýalñyzlykdan doly, gat-gat tutuly garañky otag maña garaşýar. maý 2018. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||