09:52 Ýalynly ýyllaryñ gerçekleri | |
ÝALYNLY ÝYLLARYÑ GERÇEKLERI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
■ Ata KERIMOW Ata Kerimow Murgap welaýatynda, Şordepe obasynda doglupdyr. 1939-njy ýylda Aşgabatdaky pedinstituta girýär. Faşistleriñ urşa başlamagy bilen, A.Kerimow Aşgabatda Harby Komissariata fronta gitmek hakda arza ýazýar. Ol ilki Gyrgyzystanda harby tälim alýar. 1942-nji ýylda starşina derejesini alandan soñ, Demirgazyk-günbatat frontunda faşistlere garşy hüjüme gatnaşýar. 1942-nji ýylyñ iýunynda agyr ýaralanýar we 1943-nji ýylyñ sentýabryna çenli Kazan gospitalynda ýatýar. Ol frontdan bir aýagyny aldyryp, Murgaba gaýdyp gelýär. Ol ajaýyp talantdy. Türkmen edebiýatynda A.Gulmuhammedow, O.Täçnazarow, H.Şahberdiýew ýaly edebi talantlar bardy. Ýöne olar edebi tankytçy hökmünde öñe çykmandy. A.Kerimow bolsa, ýörite tankytçy hökmünde ykrar edilipdi. Onuñ 1950-1955-nji ýyllardaky çykyşlary tankydy hereketi işjeñleşdirdi. Şol wagtlar ol öz okuwçylary Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow dagyny edebi tankyda çekip, olara uly umyt bildirdi. 1950-nji ýyllarda Moskwada geçen tankytçylaryñ uly geñeşine Aşgabatdan A.Kerimow çagyryldy. A.Kerimowy aeroportdan Moskwa ugradan A.Kekilow ýanyndaky K.Salyha şuny aýtdy: "Ata Kerimowa tankydyñ hüjümçisi" diýmek bolar, Moskwadan gaýdyp gelenden soñ, ol edebi tankydyñ mundan beýläkki ösüşiniñ hem barşynyñ generaly bolaýsa gerek". 1955-nji ýylda A.Kerimow Moskwa gidip, aspirantura okuwa girýär. Ýöne iki aýdan soñ köne dertleri beterläp keselhana düşýär. Ol keselhanada ýatyrka-da münder-münder kitaplary gapdalyndan aýranok. Özi hem köp wagt geçmänkä, 1955-nji ýylyñ 27-nji martynda şol kitaplarynyñ arasynda dünýäden ötýär. ■ Gurban EÝÄMBERDIÝEW Gurban Eýämberdiýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ýazyjylaryñ biri. Ol 1912-nji ýylda Mary raýonynyñ 2-nji Gökje obasynda doglan. "Türkmendöwletneşiriñ" terjimeçisi bolupdyr. "Sowet Türkmenistany" gazetinde hem işlän. G.Eýämberdiýewiñ eden terjime eserleriniñ sanawy şeýle: M.Ý.Lermontowyñ "Goşgular" kitaby, P.Pawlenkonyñ "Gündogarda", Gonçarowyñ "Oblomow" diýen eserleri. Ol L.N.Tolstoýyñ "Uruş we parahatçylyk" romanynyñ hem birinji tomuny terjime edipdir. Şeýle hem onuñ birnäçe ownuk hekaýalary, oçerkleri, makalalary bar. G.Eýämberdiýewiñ ogly Arslan Myradowiç Eýämberdiýew harby lukman, medisina ylymlarynhñ kandidaty. Ol Ukrainanyñ Harkow şäherinde ýaşaýar. G.Eýämberdiýew 1943-nji ýylda Moldawiýany faşistlerden azat etmek ugrundaky söweşlerde wepat bolýar. ■ Baba JAPAROW Baba Japarow 1913-nji ýylda dünýä inýär. Tejende Eziz Çapygyñ (Eziz hanyñ -t.b.) agasy Salyh Çapygyñ gyzyna öýlenýär. Ol şu sebäpli Türkmenistandan Özbegistana sürgün edilip, köp wagtlap şol ýerde ýaşaýar. Şol ýerden hem 1942-nji ýylyñ martynda fronta çagyrylýar. Ilki bile ol Kuýbyşew şäherinde harby uçilişede tälim alýar. Soñ bolsa söweş meýdanyna ugraýar. Ol Stalingradda fronta girýär. Soñ Dördünji Ukraina frontuna birigýär. Polşada rezerw armiýasyna geçirilýär. Ownuk ýaralaryna garaman, ol şondan soñ, tä Berline çenli hüjümde hereket edýär we Berliniñ alynmagyna gatnaşýar. Ol "Gyzyl ýyldyz" ordeni we başga-da ençeme medallar bilen sylaglanýar. Ol 1946-njy ýylda frontdan gaýdyp gelýär. Baba Japarowyñ şygyrlardan we poemalardan ybarat kitaplarynyñ onlarçasy çap edilýär. Ol 1989-njy ýylda dünýäden ötdi. Onuñ 350 takmyn sahypada ýazylan romany awtoryñ şahsy arhiwinde saklanýar. ■ Naryman JUMAÝEW "Şol döwürlerde Türkmen döwlet neşirýatynyñ direktory meni çagyryp: "Naryman Jumaýew bilen Artykow uruş wagty faşistlere ýesir düşen adamlar. Şolary işden boşat!" diýip, maña buýruk berdi. Men olaryñ ikisinem gowy görýärdim. Nätmeli? Siz ýesir düşüpsiñiz, şonuñ üçin sizi işden boşadýan..." diýmek bolanok. Artykowyñ redaktirlän kitabyna seredip, ownuk-uşak kemçilik tapan bolup: "Siz başga ýerden iş tapýançañyz, men sizi boşatjak däl. Ýöne iş weli gözleniñ!.." diýdim. Artykow meselä düşünen bolmaga çemeli: "Meni häzir boşadaýsañyzlañ!" diýip, arza ýazdy. Men ony işden boşatdym. Ýöne gaty gynandym. Biz onuñ bilen köne dostduk. Men soñ Naryman Jumaýew bilen gürrüñleşip oturdym. Naryman Jumaýew, dogrudan-da, ýesir düşen eken. Ýöne ol şol ýesirlikden gaçyp hem çykyp bilipdir. "Ýesirlikden gaçyp gaýtmak ol gahrymançylykly hyzmat ahyry!" diýip, baryp başlyk Bunýadowa gürrüñ edip berdim. Şol sebäbe görä-de men bu zehinli adamyny - Naryman Jumaýewi gullukdan boşatmaklyga garşy çykdym we boşatman saklandym..." (Çary Aşyrowyñ "Üç döwür" awtobiografiki romany, 377-nji sah.) | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |