03:23 Ýaş zenanyñ elhenç ruhy | |
ÝAŞ ZENANYÑ ELHENÇ RUHY
Mistika we fantastika
Maña hekaýany garry bir ors ofiseri gürrüñ berdi. Ol ofiser zordan demini almak bilen, gaty çylşyrymly gürrüñ berdi. Arasynda öz-özi ''Ana geldi öýdýän, bar kowaýda'' diýip kemiş-kemiş edip aglap gözlerini balkyldadýardy. Bu garry ofiser bir mahallar hassahananyñ ýerzemininde bir zenanyñ jesedini çykaryşmaly bolanlaryñ arasynda bolupdyr. Şonda ol göterilip getirilýän jesediñ ýanynda däl-de çykalga gapynyñ deñesine, jesetden ep-esli ara daşlykda duran eken. Jesedi iki adam alyp çykýar. Onuñ yz ýanynda bir-iki sany detektiw bar eken. Birdenem koridorda näbelli ýerden, ýürekýargynç eşidilen zenanyñ sesine gorkup jesedi ellerinden gaçyrýarlar. Soñra bu wakany gürrüñ beren adam bolsa gulaklaryny elleri bilen ýapyp daş çykypdyr. Içinde jesedi göterip gelýänlere kesel degip etleri dökülip, süýşenekläp çykyp bilmän ölýärler. Olaryñ arasynda bolsa diñe maña şu zatlary gürrüñ beren ýaşuly diri galypdyr. ✵ ✵ ✵ Köçämiziň aňyrsynda köne, ýaşaýjylar taşlap gidilen bir harabalyk bardy. Ol harabalygyň deňesinden kiçiräk wagtymam geçmäge gorkýardym. Şäherçämiziň ýaşaýjylary hem şonuň gabadyndaky köçeden geçmäge çekinýär ekenler. Şeýle bolansoň ol ýerlerdäki harabalyk ýykylmandyram, şol durşyna içindäki atam-babam döwründen galan goş-golamlaram kerepdir çaň-tozan basyp ýatypdyr. Hiç kim hiç zadyna el degirip bilmändir. Käbirleri bu ýerde adam awlap iýýän ganhor zenan ýaşaýar diýseler, kä birleri bu ýerde erbet şepagat uýasynyň zyýan getiriji ruhy ýaşaýar hem diýýärdiler. Sebäbi hökümet edaralarynyň işgärleri hem bu jelegaýlardan netije tapman hemme işi goý bolsun edip şol ýeke binanyň derwezesine gulp asyp, zynjyrlamak bilen çäklendiler. Aýtmaklaryna görä Sowet döwründe bu bina döwlet hassahanasy bolupdyr eken. Şäherçe ol wagtlar oba kalhoz eken. Wagtynda Zäherlenen, ýokanç keselli, içgeçme ýaly dürli keseller bilen kesellän adamlara däri-derman berip, sanjym berip oba ilatlaryň saglygyny berk göz astynda saklaýan saglyk punkt bolupdyr. Onuň başlygy murtlak daýaw adam eken. ENKWD işgärleri ony dört burç tamyň içinde soraga çekýärler. Aýtmaklaryna görä onuň şol obada öçli, öýkeli duşmany bar eken. Şol öýkeli adamyň ejesi şol hassahanada gyssagly kömek wagtynda aradan çykypdyr pahyr. Munuň sebäbinem diňe şol hassahananyň başlygyndan gören şol öýkeli adam hökümet işgärlerine ýamanlapdyr «Şol hassahananyň başlygy watan dönügi» diýip. NKWD-çiler hassahananyň başlygyny tutup soraga çekenlerinde ol nähak atylan töhmedi asla kabul etmändir. Onuň subutnamasyny hem görüp ýetişmänkä ony baýyrlygyň arasyna äkidip atýarlar pahyry. Aslynda onuň subutnamasyda ýokla welin, NKWD-çiler hem şolar ýaly zat bolsa galp dokument taýýarlap goýýar ekenler. Görgüliniň aýaly hem öň ýogalyp, onuň ýeke hossarlaryndan bir gyzy bar eken. Onuň garyndaşlaryny hem it atan ýaly ýoklap, kimsini atyp, kimsinem sürgün edipdirler. Gyzyň ady Bägül eken. Bägül ýokary okuw mekdebini diplom bilen tamamlap kakasynyň wezipesini eýeläp şol binanyň başlygy bolup galyberipdir. Pahyrjygyň kysmaty şor eken. Onuň garyndaşlaryndanam hiç hili adam galmansoň, tukatlyk ony gün-günden hökümete garşy ýigrenç duýgusyny oýandyrypdyr. Ol syrkaw bolup saglyk ýatakhanasyna düşen her bir hökümet işgärlerine zäherli sanjymlar, gynaýjy labaratoriýalar, kelläni dällirediji melhemler bilen ýoguna ýanmagyň kül-külüne düşüpdir. Muny bolmalysy ýaly hem edipdir. Şol wagtlar onuň iş otagynda görenden para alyp, ýa adam satyp ýaýnap ýören ýogyn garyn oba arçyny peýda bolupdyr. Özüniň semizliginden ejir çekýändiginden zeýrenen oba arçyny liçeniýa üçin gelendigini Zenan başlyga aýdypdyr. Bägül ony aýratyn hassa otagyna ýerleşdiripdir. Hassa seretmekligi hem öz boýnuna alyp, onuň şol ýerde hirurgik enjamlary bilen derini kesip öz endamynyň etini kesişdirip onuň agzyna dykyp-dykyp öldüripdir. Birnäçe günden soň Oba arçynynyň ýitirim bolandygy habary oba arasynda ýaýrap başlaýar. Ol şondan soň ýokary wezipede işleýän haramhor, diýdimzor adamlar bilen şeýdip haklaşypdyr. Onuň ganynda ar alyş hyjuwy derýa ýaly bolup akýardy. Bir gün hem onuň kakasyny soraga çeken NKWD işgärleriniň birini hassahanada görýär. Ol öz syrkaw aýalynyň halyndan habar almaga gelipdir eken. Bägül ony hassanyň ýanyna goýberip iki juwanlary görüşdirýär. Soňra Bägül gapyny bulara bildirmän ýapyp, onuň bilindäki pistolete ýapyşyp haýbat atypdyr. Iki adamlyk ýatakhanada hassa aýalyň ärini ýatyryp el-aýagyny daňyp hirurgik operasiýa başlaýar. Ony dürli gynamalar janyny jähenneme iberýär. Eýsem halkyň nähak ajy günlerine tüsse bilen bogan haram zadalar şolar ýaly adamlar dälmi? Obanyň ýaşaýşyny dowzaha öwren hem şolar ýaly ýokary wezipedäki adamlar bolsalar gerek. Bägül olar bilen gutarnykly haklaşan soň hälki NKWD işgäriniň jesedini şol ýatakhanada hemmeler göz bolsun diýip gapyny açyp çykyp gidýär. Özi hem şol wagtyň özünde birýerlere ýitirim bolýar. Şol gün agşamlyk polisiýa işgärleri hassahananyň içi-daşyny agdar - düňder edip çykýarlar. Emma hiç hili yz tapyp bilmänsoňlar hassalary Aşgabada ugradýarlar. Garyndaşlaryndan hem derekli adam ýok bolmansoň ol hakynda sorag-ideg edip tapyp bilmeýärler. Diňe Hassahananyň birinji gatyndan porsy maslyk yslary ýaýrap başlanyndan soň diwardyr, pollary çapyşdyryp zenan başlygyň ýerzemininiň üstüni açýarlar. Maslyk yslardan ýaňa derňew işleri gijikdirilýär. Bu ýer başlyk zenan Bägüliň gizlin labartoriýa geçirýän ýeri eken. Birnäçe ylmy işleri synagdan geçirip ylmy doktrina kitaby ýazan Bägül Amanowa birnäçe kesellere garşy sanjymlary, suwuklyklary ýygnap goýupdyr. Onuň gündeligini hem şol ýerden tapýarlar. Anatomiýanyň şekilleri, kesimleri bejergileri suratlar arkaly özünde jemleýän depderçeleriň üstünden barylýar. Derňew işler gutarylyp Hassahananyň işgärlerini doktarlaryny tussag edip işi şonuň bilen tamamlaýarlar. Aslynda welin jenaýatçylygy eden Bägüli welin tapyp bilmeýärler. Diňe ýerzeminde tamyñ arkasynda syrly näbelli otagyň üsti açylanda, agaç kreslanyň üstünde saçy öñe dökülip duran şekilde, stola iki elini goýup ölüp galan Bägüliñ jesedini tapansoňlar hakyky jenaýatçynyň şoldugyna göz ýetirýärler. Onuň şol uly stolunyň üstünde bir depdere gabat gelýärler. Onda durmuşyň hezilni görüp bilmedik Bägüliň ar almak üçin eden işleri, bir tarapdan geljege gowluk üçin açyp giden ylmy-tejribeleri hödürländigi hakyndaky zatlary ýazylypdyr. Bägüliň gynap öldüren adamlarynyň jesetlerini ýerzeminden çykaryşdyryp olary jaýlaýarlar. Diňe Bägüliň jesedini çykarmak üçin gelenlerinde olar erbet dälliräp, mergi keseline sezewar bolýarlar. Soňky detektiwleri hem adam awlaýan zenanyň ruhy azar berip dälliredip, ölmez-gülmez edip goýýar. Şondan bäri hem şol Hassahananyň gapysyndan adam sekip bilmändir... 28. 03. 2020. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |