20:48 "Ýat itiñ guýrugy..." | |
"ÝAT ITIÑ GUÝRUGY..."
Goşgular
![]() Ýat itiň guýrugy ýangynda bormuş, Baryňa degişli bu gödek nakyl. Ýaşap bolmaz göge tutup tumşugy, Aňyr ujy bolaýmasaň kemakyl. Biz diňe pirdiris bir-birimize, Başga hiçkim dodagyny çöwürtmez. Del ýurduň Hudaýy, ýat iliň dini, Soňky demde kelemäňi öwürtmez. Eýsem ozal bizi garyp mekandan Gedemlik, bahyllyk çykarmadymy? Enesinden erkek dogan milleti Agzalalyk dyza çökermedimi? Gowy ýeri indikiňiz nämemiş? Ýene öňki gybat, ýene şol hapa. Ýurt täze, kontinent, materik täze, Ýene öňki duzak, ýene şol gapan... Bir-birini çeýnäp ýören itlerem, Agzyn birikdirmiş möjek görende. Adam siziň üçin bir köpük bolsa, Haýwandan bir alaýyňda görelde! Watany terk etmek nämä gerekdi, Ýene şol köne heň çalynjak bolsa? Ýalandan aglamak derkarmy bu gün Ertir öz üstüňden gülünjek bolsa? Ýat iliň del itin ýallamak üçin, Ýarag çenediňiz boz gurduňyza. Ýa siz ýurduňyzdan aýrylmansyňyz, Ýa indi gelip siz öz ýurduňyza! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |