05:57 Ýat ýere gyz bermäñ! | |
ÝAT ÝERE GYZ BERMÄÑ!
Goşgular
![]() Wah, ne gözel maşgala, Keşde çekse sünnälän. Bigadyra duş bolup, Görýän güni gün däl-ä. Belki, Allañ buýrugy Arzuwynyñ paşmany. Basýar onuñ egninden Ýat illeriñ asmany. Bagt diýlen zat berlenok, Gözýaşa ýa badalga. Indi gyzyñ yhlasy Şu ojaga sadaga. Käbir gyzyñ gylygy Açmaýar hiç ýüregni. Ynanýar hossaryna Ykbalynyñ küregni. Dillenmegi kyn görer, Bir utanjañ ýazygy. Üme düşmez eşitmez Gyz kalbynyñ sazyny. Gyzy oda atanyñ Ýandak bitsin meýdine. Günä galmak bolarmy, Bu döwürde beýdibem? Gaýynlary öwse-de, Hoş ýakanok gulaga. Ýöne ile bildirmez, Günlerinem bulamaz. Bu öý bilen garyşar, Çeker ýörer keşigni. Ýuwar-ardar äriniñ Dolagyny, eşigni. Söýgüsizem sebäp bar, Döremek, dogulmaga. Ýüzi düşer bäbege ~ Gyzlara, ogullara. Kem-kem ýatdan çykyşar, Arzuwlarnyn paşmany. Häzir welin, egninde Ýat illeriñ asmany. Çary ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||