00:18 Çaklamalardan dörän çaklamalar bilen netije çykarylmaýar | |
ÇAKLAMALARDAN DÖRÄN ÇAKLAMALAR BILEN NETIJE ÇYKARYLMAÝAR
Atajan Tagan makalasyny “Çaklamalar, deliler, sowallar” atlandyrsa-da, Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň Magtymgulynyňky däldigine ygtybarly ýekeje delil getirmändir. Onuň çaklamalaram anyk däl, näme diýjek bolupdyr, näçe okasaňam düşünmersiň. Suw gysymlan ýaly çaklamalardan ybarat. Sözüm gury bolmaz ýaly Magtymgulynyň “Fetdah” şygry hakynda awtoryň çaklamasynyň bir bölegini mysal alaýyn: “Sowet häkimýeti ýyllarynda işandygy üçin kakasynyň yzarlanmagy, bigünä agasynyň türmä salynmagy, oňa tap getirmedik ejesiniň, kakasy Mülli işanyňam ýogalmagy netijesinde agyr sarsgyna çydaman, matam tutan G.Mülliýew 1941-45-nji ýyllarda “Matamy” hem “Matamguly” lakamy bilen gaty kän goşgy ýazýar. Şolardan kyrka golaýy awtorynyň kimdigi gizlenmän, biziň metbugatymyzda çap edildi. Şol goşgulary üns bilen okap çykanyňdan soň, Magtymgulynyň “Fetdah” diýen goşgusy G.Mülliýew tarapyndan ýazylyp, Staline bagyşlanan hasap etmek hem kyn däl. Dogry, goşgy kontekstinden haýsydyr bir setiri sogrup alaga-da, özbaşdak yzarlaberseň, başga-başga ýerlerdenem çykarmak bolar. Ýöne “Fetdahdaky”: "Aýyrdyň atadan, ene, gardaşdan… Aňsa öldir, bu dessany ol Fetdah" - diýen setirleriň manysy gönüden-göni G.Mülliýewiň pajygaly terjimehaly bilen utgaşyp gidýär. Şol goşgy G.Mülliýewiňki bolmaýanda-da, ony Magtymgulynyň ýazmandygyny subut etjek bolaýyn”. Awtoryň “Fetdah” şygryny kimiň ýazandygy hakyndaky çaklamany on gezek däl, ýüz gezek okasaňyzam düşünip bilmersiňiz. Atajan Taganyň “Fetdah” şygryny kimiň ýazandygy baradaky pikirini has gysgaldyp aýtsaň, şeýle manyny berýär. “Gylyç Mülliniň ykbalyny agyr sarsgyna sezewar edendig üçin, şygryň Staline bagyşlanandygyny duýmak kyn däl, şygry Gylyç Mülli ýazmadyk bolsa-da, ony düýpli yzarlap okasaň, Magtymguly ýazmandyr. Men ony subut etjek bolaýyn. Awtoryň esasy poziýasy: Şygry kim ýazanam bolsa, Magtymguly ýazmandyr”. Getirýän delilem Magtymguly gorkan bolsa şygrynyň ahyrynda adyny getirmezdi diýýär. Ilki bilen şygryň Staline bagyşlanandygy hakyndaky ýalana ýugrulan çaklamany “Fetdah” şygryň her setiri, asla her bir sözi, özem şygryň ilkinji setiri püçege çykarýar. Hakykatdanam, Stalin SSSR ýurduny demir penjesi bilen dolandyrypdyr. Emma şygryň birinji setirini okanyňda, onuň Staline düzülmändigini geografiýadan, taryhdan çala baş çykarýan mekdep okuwçysynyňam aňjakdygyna şübhelenmeýärin. Şygyr şeýle başlaýar: “Eýran-Turan indi goluň astynda..”. Görnüşi ýaly, Fetdah Eýrana-Turana paryşalyk edipdir. XIX asyrda Turan sözi türki halklarynyň ýaşaýan mekanyny, ondan aňyrlary bolsa Eýran atlandypylydyr. SSSR-iň Eýranyň ýeke daban ýerine eýelik etmändigini çintgäp oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. “Fetdah” şygrynyň kime bagyşlanandygyny doly okyjylara subut etmek üçin bu goşgyny tutuşlygyna mysal alaýyn: “Eýran-Turan indi goluň astynda «Sürgün» indi bu döwrany sen, Fetdah. Külli türkmen oýnar çölüň üstünde, Dökme, bilgin, nahak gany sen, Fetdah. Bu gün şa sen, erte geda bolar sen, Ilden-günden, dinden jyda bolar sen, Bir gün janyň çykyp, pida bolar sen, Gazanypsyň çoh günäni sen, Fetdah. Gözüm ýetýär, bilseň, başym alar sen, Ýa kündeläp, meni çaýa salar sen, Men hak diýdim, sen çoh günä galar sen, Bu alyşyň bilen jany sen, Fetdah. Sen türkmeniň ilin-günün soldurdyň, Ganlar döküp, gözel ýurdum doldurdyň, Şehit bolanlaryň serin galdyrdyň, Unudar sen tagty-käni sen, Fetdah. Halkyň öji çohdur, ykbalyň ýaman, Ýa öler sen, ýa zyndandyr bigüman, Tagtyň synyp, diýme galar men aman, Çünki zäher kyldyň nany sen, Fetdah. Permanyňdan talaň düşdi illere, Goluň urduň nähak gözde sillere, Kyrk gamçydan buýrduň näzik billere, Derýa etdiň gözde huny sen, Fetdah. Aýyrdyň atadan, ene, gardaşdan, Gollardan, aýakdan, sakaldan, saçdan, Dendandan, zybandan, akyldan, huşdan, Zyndan etdiň bu jahany sen, Fetdah. Aýyrdyň, aglaýyp galdy ýarlarmyz, Pelege ýetendir tartan zarlarmyz, Adamlar asylgy durýar darlarňyz, Ýüzden tutduň, bil, gassaby sen, Fetdah. Pyragy, dert aýdyp, derde ýanmaly, Gan ýuwudyp, zalym Fetdah ganmaly, Diri özüm, läkin öli sanmaly, Aňsa öldir, bu dessany ol Fetdah. Şygyrdan bilnişi ýaly, Fetdah Eýranyň-Turanyň hökümdary. Elbetde Turan sözüniň giň manysyny alanyňda, tutuş Türki halklarynyň ýaşaýan mekanyny aňladypdyr. Käbir çeşmelerde şertli ýagdaýda Köpetdagyň aňry ýüzi Eýran, bäri ýüzünden başlap, ähli Orta Aziýada ýaşaýan türki halklarynyň mekany Turan atlandyrylypdyr. Emma Eýran sebiti bilen goňşy ýaşan türkmeniň ýerlerine-de Turan diýlipdir. Dogry, Eýran şalary özleriniň hökümdarlyk edýän türki, esasanam, goňşy bolup ýaşan türkmenleriň mekanyny Horasan welaýaty atlandyrylypdyr. Emma muňa garamazdan, türki-türkmen halklarynyň ýaşaýan mekanynyň Turan ady saklanyp galypdyr. Magtymgulynyň ýaşan mekanyna eýelik eden Fetdah şa hiç bir ýagdaýda hem Stalin bolup bilmez. Stalin ol ýerlere hökümdarlyk etmedi, Ol näçe zalym bolsa-da, darlarda adamlar asylgy durmandyr, düzgüni bozan adamlara kyrk gamçy çalynmandyr. Gylyç Müllüniň Staline dil ýetirer ýaly syýasy sowadam bolmandyr. Biziň bilşimize görä, edil Magtymgulynyň şygyrlaryny ýatdan bilşi ýaly, Gylyç Mülli Kerim Gurbannepesiň, Gurbannazar Eziziň we beýleki meşhur türkmen sowet şahyrlarynyň şygyrlarynyň birnäçesini ýatdan bilýär eken. Gylyç Mülli käri boýunça filosof, şol döwürde diňe Marksistik-Leninçilik filosofiýa ykrar edilýärdi. Gylyç Müllüniň içini okap bilen gudratymyz ýok. Ýöne ol ne resmi, ne-de özara gürrüňçilkde Sowet propagandasyndan näräzy ýekeje jümlede, hatda kesä çekip boljak ýeke sözem aýtmandyr. Gylyç Mülli jany-teni bilen Marksistik-Leninçilik filosofiýany wagyz eden adamlaryň biri. Şol ylymdan ol ylmy dereje aldy. Öz-özümizi aldamalyň. Gylyç Mülli Staline bagyşlap goşgy ýazdy diýen ýaly hiç bir esasy bolmadyk gürrüňler M. Gorbaçowyň SSSR-iň döwlet başyna gelmegi bilen geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymyndan soňra döredi hem agyz-agyzdan ýel alyp, Gylyç Mülli dirrikä, onuň kellesine gelmejek “batyrlygy” oňa berildi. Biz nämäniň gürrüňini edýäs, Staliniň wagşylygyny egni bilen çekip, 19 ýyl Sibiriň türmesinde oturan, örän sowatly bolup, häzirki nesliň gözöňüne getirip bilmejek aýylgançlygyny gören Hydyr Derýäýewiňem Staline ýeke agyz ýaman söz aýdandygyny eşiden ýokdur. Bu ussat ýazyjy hem tä aradan çykynça, Sowet hökümetini, partiýany başynyň täji hasaplap wasp etdi. Olaryň başga alajam ýokdy. Indi Fetdah şygryna dolanalyň. Nedir şa aradan çykandan soňra, häkimlik elden-ele geçipdir. Magtymgulynyň ildeşleri Ahmet şa-ha il bolmagy saýlap alypdyrlar. Ahmet şa türkmenlerden ýardam sorap, iki gezek hat ýazypdyr. Ol hatlar barada öň ýazyldy. Hatda owgan patyşasy Ahmet şa-ha il bolmagy Magtymgulyam oňlap, oňa bagyşlap, “Arşy-aglaýa” diýen şygryny ýazypdyr. Emma Ahmet şanyň Eýran-Turany birleşdirmek arzuwy puja çykypdyr. 1770-njy ýyllaryň birinji ýarymyndan başlap, Magtymgulynyň ildeşleri meýletinmi, güýç bilenmi, garaz, kem-kemden Eýran şalarynyň tabynlygyna düşüpdirler. 1779-nji ýylda Eýran tagtyna çykan Agamuhammet şa Eýran döwletiniň bekemegi üçin uly işler eden şa hasaplanyp, ol Gajar dinastiýasyny esaslandyran hökümdar hasaplanýar. Gajarlar dinastiýasynyň şalaryna Magtymgulynyň zamanynda Fetdah şalary diýýän ekenler, çünki olar Fethaly diýen adamyň nesilleri ekeni. Emma Stalinde Fetdah diýen lakamyň bolandygyny ýer ýüzünde hiç kim bilenok. Agamuhammet şa türkmenleriň ýegeni bolup, Nedir şanyň gazabyndan ol türkmenleriň arasynda gizlenip ýaşap sypýar. Eýran tagtynda berkänden soňra, onuň mundan 10-15 ýyl öň ganym duşmany bolan Ahmet şa gol ýapan, Magtymgulynyň ildeşlerinden öç alandygy taryhy hakykat. Ol döwürde hökümler şerigat kanyna esaslanyp, agyr günälileri dardan asmak, düzgüni bozanlara gamçy urmak adaty höküm ekeni. Nedir şa aradan çykandan soňra, Magtymgulynyň neberesiniň başyna agyr hupbatyň düşendigi belli hakykat. Türkmenleriň, özleriniň ýegeni bolan Agamuhammet şadan tamalary çykmandyr. Bu şanyň gazaply öji bolsa atany-oguldan, enäni gyzyndan aýrypdyr. Käbir alymlar Magtymgulynyň “Fetdah” şygryny Agamuhammet şanyň ornuna geçen Fathaly şa bagyşlap ýazandygyny belleýärler. Bu şa 1804-nji ýyla çenli öz garşydaşlary bilen häkimlik üstünde çaknyşmaly bolupdyr. Ol Eýran tagtyna ymykly ornaşandan soňra, garşydaşlaryndan, şol sanda garşydaşlaryna goldaw beren türkmenlerdenem gazaply öç aldy diýýärler. Şularyň haýsydygyny anyklap, pikirimizi aýtmak üçin bu şygry düýpli derňew etmegimiz gerek. Biziň makalamyzyň maksady “Fetdah” şygrynyň kime bagyşlanandygyny anyk kesgitlemek däl. Ýöne şu hakykat belli: “Fetdah” şygryny Magtymgulynyň ýazandygyny onda beýan edilýän wakalar gaty aýdyň subut edýär. Gylyç Müllüniň “Fetdah” şygryny ýazmaga döredijilik zehinem, syýasy düşünjesem ýokdy. Bu şygryň Staline düzülendigi hakyndaky çaklama toslamadan başga zat däl. Atajan Taganyň “...Şol goşgy G.Mülliýewiňki bolmaýanda-da, ony Magtymgulynyň-a ýazmandygyny subut etjek bolaýyn. Fetdahy masgaralaýan, ganhora, ýuwdarha, ejize ganyma deňeýän, şeýdýäni üçinem Fetdahdan gorkýan awtoryň “Aňsa öldir, bu dessany ol Fetdah” diýmesinde asla logika ýok ahyryn. Fetdah diýlip özüniň ady tutulansoň, ony aňmaýan Fetdah nä sähnemişinmi?..” diýen sözleri bu ussat ýazyjynyň onuň poeziýanyň inçe tilsimlerine düşünýändigine şübhe döredýär. Magtymguly ölümden gorkmandygy üçin, “Fetdah” diýen şygryny adyny gizlemän gaty açyk ýazypdyr. Magtymgulynyň Fetdah öz wagşylygy hakynda ýazylan bu şygryny eşidäýende hem ony ölüme höküm etmez. Fetdah Magtymgulynyň türkmeniň milli şahyrydygyna gaty gowy düşünendir. Sebäbi beýik Pyragynyň öz zamanynda patyşanyň elinden öldürilmezlik üçin, il içinde beýik abraýy bar. Pyragynyň: Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady. - diýen setiriniň manysynyň Fetdaha ýöňkelen günädenem agyrdygyny mana düşýän islendik adamyň akyly çatýandyr. Dogry, ol ýerde at gelenok, emma şygyr ýazylan wagty Magtymgulynyň bu eserini kime bagyşlap ýazandygyny bilenler az bolan däldir. Emma Magtymguly öldürilmedi ahyry. Taryhda atly şahyry öldürmek hatda hökmi zor patyşalara hem adat bolmandyr. Magtymgulydan abraýy has pes bolan Täçjaly şahyr (bu şahyryň türki doly adyny alyp oturmaýyn) Osmanly soltanlygynyň onunjy soltany, öz iki ogluna, jennet guşy ýaly şol ogullarynyň bäş agtygyna rehim etmän öldüren Süleýman patyşany ol ogly Mustapany öldüreni üçin, ony ganhorlukda aýyplap, ýazgaryp uly göwrümli şygyr ýazýar. Bu şahyryň şygryny Soltanyň eline berip, özünem gazaply Süleýman soltanyň gaşyna getirýärler. Gazap donuna giren soltan Süleýman şahyrdan “Şygry sen ýazdyňmy” diýip sorapdyr welin, ölümini boýun alan Täçjaly şahyr başyny dik tutup, “Hawa, men ýazdym” diýipdir. Demi daş ýarýan Soltan Süleýman “Bar, git, gözüme görünme” diýip, ony kowup goýberipdir. Munuň üçin şahyr Süleýman soltandan yzarlanmandyram, ejirem çekmändir. Taryhda şeýle mysallaryň birnäçesini getirmek mümkin. Şol sebäpli Magtymgulynyň şanyň özüni öldürmek baradaky çeper sözlerine göni manyda düşünmeli däl. Milli şahyr bolan Pyragy bu sözleri şygrynyň täsirliligini güýçlendirmek, zalymlykda ýazgarýan şa şahsynyň wagşylygyny öz ykbaly bilen baglap açyp görkezmek isläpdir. Magtymgulynyň bu çeper tilsimidir. Öz ölümini ýowuz patyşanyň wagşylygyna baglamagy bu ussat milli şahyryň halkyň agysyna aglap bilendiginiň anyk, inkär edip bolmajak subutnamasydyr. Şol sebäpli “Fetdah” şygrynyň many-mazmun, taryhy nukdaýnazardan hem Magtymgulynyňkydygyna şek-şübhe ýokdur. Uly makalamyzyň bir bölegi bolan şu makalamy şu sözler bilen jemläsim gelýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň şygyrlarynyň manysyny çaklamalardan dörän çaklamalar bilen düşündirip, açyp bolmaz. Beýik Pyragynyň biri-biriniň üstüni ýetirýän kämil eserler toplumynyň bir bölegini çaklamalar bilen inkär etjek bolmak, bolmanda örän çeper poeziýamyzyň bir böleginiň harlanmagyna getirer. Bu ýolberilmesiz hadysany düşündirmek bilen ortadan doly aýrmagymyz gerek. Sebäbi akyldar Pyragynyň ähli şygrynyň many-mazmuny onuň türkmeni birleşdirmek ideýasyndan dömüp çykyp, şahyryň döwrüniň taryhy, halkyň durmuşy, mentaliteti (dünýägaraýşy) bilen berk baglanyşyklydyr hem Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň gadymdan gelýän peder paýhasyna ýugrulyp, ýamany ýazgarýan, ýagşylygy wasp edýän eserler toplumydyr. Hormat bilen Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |