23:08 Magtymgulynyň döredijiligi çäji harpykdan saýlaýar | |
MAGTYMGULYNYÑ DÖREDIJILIGI ÇÄJI HARPYKDAN SAÝLAÝAR
Magtymgulyny öwreniş
Şu makalamy okyjylary sabyr-takatly bolmaga çagyrmak bilen başlaýyn. Biz köp pikirlilige hormat goýmalydyrys. Okyjylarymyzyň pikirini has aýdyňlaşdyryp ýazjakdygyna umyt edýärin. Makalalarymda aýdýan pikirlerim barada şu sözleri ynam bilen aýdyp biljek. Ýazýan makalalarymyň her sözlemine, sözüne jogap bermek hakynda gürrüň ýok, her harpyna jogap bererin, çünki meniň ýazýan makalalarym öz köp ýyllyk ylmy derňew zähmetimiň netijeleridir. Indi Atajan Taganyň “Çaklamalar, deliler, sowallar” atly makalasynda aýdan pikirlerine jogap berip başlaýyn. Ussat ýazyjynyň Pyragynyň “Fetdah” şygryndaky: Diri özüm, läkin öli sanmaly, Aňsa öldir, bu dessany ol Fetdah. diýen setirlerine göni manyda düşünmegi şygryň öwrümli çeper tilsimlerini okyjylaryň belli bölegine düşündirilmedigine yşarat edýär. Hawa, ussadyň, onda-da, sözüň doly manysynda, sözde gudrat bar bolsa, şol gudraty goşgularyna siňdiren, “Sözi agzyma Hak salar..”, “Görmesem söýlemen öý bilen çenden” diýýän milli şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýasynyň inçe tilsimlerine kähalat göni düşünmek kim bolanyňda hem oňaýsyz ýagdaýa düşürýär. Pyragynyň ynamly golýazmalarda gelýän, Sahy Jepbarow ýaly ussatlaryňam üýşmeleňlerde ürç edip aýdan “Göze myhmandyr” diýen şygry şeýle jemlenýär: Magtymguly, ýalan ýokdur sözümde¹ Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde, Her niçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde, Adam ogly bäş gün duza myhmandyr. Şu bendiň ikinji setirindäki sözlere göni manyda düşünip, “Pyragy gorkak, özem mydama ölümi ýatlap ýör eken” diýip, netije çykarmak şahyryň şu şygrynda öňe süren pikirlerine töhmet atmakdan başga zat däl. Şonuň üçin şygryň inçe tilsimlerine düşünmek hökmanydyr. Bu setirinde şahyr adam bolup nähili ýaşasagam, haçan ajal ýakamdan tutjagyny bilemok. Özüň ýalka, adam dünýä bäş gün myhman bolup gelen pakyr (Aslynda bu setiri has gňeldip düşündirmeli.) diýýär. Emma Magtymgulynyň tutuş döredijiliginiň süňünde namysly-arly bir watana, bir başa gulluk edip ýaşamak ündelýär: Agyr döwletler aýrylar, Bir başa bakmaýan ärden... “Fetdah” şygryny Gylyç Müllüniň ýazmandygyny diňe şu delilimizem anyk subut etjekdigini bilýän. Gylyç Mülli Magtymgulydan bilýän şygyrlaryny ýazyp tabşyranda 23-24 ýaşly ýigit ekeni. Onuň şol wagtlar bu sözüň asyl manysyny düşündirip bilmejekdigini anyk bilýärin. Muny şeýle delil bilen subut etmekçi. Edil häzirem Fetdah sözüniň asyl manysyny döredijilik bilen meşgullanýan tejribeli adamlarymyzyň belli bir böleginiň bilmeýändigine anyk göz ýetirdim. Käbir okyjy üçin “Fetdah” şygry barada köp gürrüň eden ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Ýöne ýurduň iň ussat ýazyjylarynyň biri poeziýanyň inçe tilsimine düşünmän, şygyrdaky çeper sözleriň göni manysy barada söhbet edýän bolsa, biziň bu şygyr hakynda giňişleýin düşündiriş bermegimizde hiç bir artkmaçlyk ýok hasap edýärin. Magtymgulynyň “Fetdah” şygryny kime bagyşlap ýazandygy baradaky sowala 1779-njy 1797-nji ýyllarda Eýrana şalyk eden Agamuhammet şa bagyşlanyp ýazylandygy has ynandyryjydyr. Sebäbi Agamuhammet şa Magtymgulynyň ildeşi bolan Begenjaly hanyň (şol wagtlar taýpa, dogumlyrak tire baştutanlarynyň yzyna han ýa beg sözüni goşup ýüzlenipdirler. D.Ý.) aýal doganynyň ogly bolup, bu Eýran şasy ýaşlykda onuň öýünde penalanyp-gizlenip, Nedir şanyň ölüminden halas bolupdyr. 1750-nji ýyllarda Owgan patyşasy Ahmet şa Eýran-Turanyň hökümdary bolmak üçin ot gorsap, Magtymgulynyň ildeşlerine hem iki gezek ýüz tutupdyr. Şol iki hatyň içinde-de Begenjaly hanyň ady bar. Magtymgulynyň ildeşleri, şol sanda Begenjaly hanam Ahmet şa uly umyt bilen oňa ýardam edip, onuň Eýrany basyp almak üçin eden çozuşlaryna hem gatnaşypdyrlar. Sebäbi Magtymguly hem onuň ildeşleri Ahmet şany Nedir şanyň mynasyp yzyny ýörediji hasaplapdyrlar. üstesine hem, owgan halkynyň dini ynanjam edil biziňki ýaly yslamyň sünni meshebi bolupdyr. Hatda Pyragam Ahmet şanyň Eýran-Turana hökümdar bolmagy bu halklara parahatlyk getirer diýen umydy edip oňa bagyşlap, “Arşy-aglaýa” odasyny ýazypdyr. Şahyryň şol odasyny şeýle jemläpdir: Pyragy diýr, rowaç berer sen dini, Şalaryň şalary, yslamyň zeýni, Emriňe mutyg et Eýran zemini, Roz-u şeb nalyşym budur Hudaýa. Görnüşi ýaly, bu şygrynda Magtymguly Ahmet şany Eýran-Turanyň hökümdary bolmagy arzuwlapdyr. Emma şahyryň şygry ýazan döwürlerinde Ahmet şa heniz Eýrana hüjümem etmändir Magtymguly bu şanyň Eýrany özüne tabyn etmegini (Emriňe mutyg et Eýran zemini. Mutyg et- tabyn et diýen manyny berýär. D.Ý.) arzuwlapdyr. Emma Ahmet şa Eýrany özüne birikdirip bilmändir. 1772-nji ýylda bu şanyň ölmegi bilen Horasan sebiti, has anygy Magtymgulynyň ýaşaýan mekanam Eýran şasy Agamuhammet şanyň eline geçýär. Düýnki ganym duşmany Ahmet şa hyzmat eden daýylaryny, onuň ildeşleri bolan türkmenleri Agamuhammet şa bagyşlap, bilmän gazaply öç alypdyr. Magtymgulynyň kakasy Azady 1760-njy ýylda, onuň doganlary Mämmetsapa, Abdylla bolsa kakasyndanam ir ilki dereksiz ýitig bolupdyrlar, Soňra olaryň ölendigine anyk göz ýetirilipdir. Şeýle alanyňda, Pyragy gönümel Agamuhammet şadan zulum görmändir. Emma zandynda türkmen üçin dörän bu geçrek şahyrymyz ildeşleriniň agyr gününe aglap, çuňňur duýgudaşlyk bilen “Fetdah” şygryny ýazypdyr. Bu şygryň kämil çeperçiligi bolsa “meni diňe Magtymguly Pyragy ýazdy” diýip tassyklaýar. “Fetdah” goşgusy Magtymgulynyň, onuň ildeşleriniň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly dörän eserdir. Muny diňe kalbynda hakykaty bilmek isleýän adamlar duýýar. Ýazyjy Atajan Tagan bu makalasyny tas otuz ýylyň dowamynda ýazypdyr. Ol şahyryň döredijiliginiň bu wawwaly meselesi barada hakykaty bilmek islese, şol ugurdan çorba sowadan alymlar bilen gürleşip, hatda şol şygyrlaryň Magtymgulynyňkydygyna ynanmaýanam bolsa, awtor has sowatly pikirini beýan edip bilerdi. Aslynda döredijilik etmegiň (makala ýazmagam döredijilikdir. D.Ý.) iki usuly bar. Birinji, döredýän eseriň, makalaň awtora garaşsyz ýüze çykmagy, bolmanda pikirlenmäniň netijesinde wakanyň gidişine görä, eseriň, makalaň soňunda netijä gelmek. Ikinji, awtor döretjek eserimiň makalasynyň netijesini öňünden kesgitleýär. Soňra şoňa laýyklap wakalary düzýär. Gynansagam Atajan Tagan makalasyny ýazyp başlanda, Gylyç Müllüniň tabşyran şygyrlarynyň Magtymgulynyňky däldigi barada anyk netijä gelipdir hem şol “netijelerine delil” gözläpdir. Men bu pikirimi subut edeýin. Magtymgulynyňky hasaplanýan 700 töwerek şygyrlaryň diňe 400 gowurak goşgusy golýazmalarda gelýär. Galan şygyrlar halk dilinden (şol sanda bagşylardan, Gylyç Müllüden) ýazylyp alnan Magtymgulyşynas alymlaryň hemmesem Pyragynyň golýazmada gelýän şygyrlarynyň şahyryňkydygyna hiç hili şübhe bildirmeýärler. Magtymgulynyň “Aýryldym” şygry ynamdar golýazmalarda Magtymgulynyň adyna gelip, bu eseriň Pyragynyňkydygy biragyzdan ykrar edilen hakykat. Atajan Taganyň bu şygyr baradaky pikirlerine gulak asalyň: “Parçasyny şu ýerde mysal getiren seslenmäm gazetde çap bolan gününiň hut ertesi şahyr Ata Atajanowa gabat geldim (Onuň Gylyç Mülliýew bilen ýakyn garyndaşdygyny hem, bile oýnap-ösen deň-duşdugyny hem size ýatladaýyn.) Şahyr meniň seslenmämi okandygyny aýdyp, ýaňsyly ýylgyrdy-da: “Atdaş, geljekki nesillerimiziň içinden dörejek, edebiýaty düýpli öwrenip bilýän akylly-başly alymlar Magtymguly meselesinde hemmämiziň, şol sanda düýnki çap eden makalaň üçin seňem üstüňden gülerler” diýdi. Men onuň näme üçin beýle diýýäni bilen gyzyklandym welin, ol: “Magtymguly küje, Meňli küje! Umuman, Magtymguluda Meňli bolmaly hem däl—diýip, meseläni has-da düşnüksiz etdi. —Meňli hanym häzirem diri. Ol şu mahal Mary şäheriniň Gonçarow köçesinde ýaşaýar…" Şonuň yz ýanyndanam şahyr Pyragynyňky hasap edilýän “Aýryldymyň” ilkinji nusgasyndan” diýip: Obasy bar ýeke diňli, Daş guýusy sary jaňly. Ili Gökje, ady Meňli, Garagöz ýardan aýryldym — setirleri ýatlady. Men zehinli ýazyjymyz, gaty köp okaýan, köp bilýän, biçak sowatly Ata Atajanowyň aýdanlarynyň hakykata nä derejede golaýdygy barada gutarnykly pikir aýdyp biljek däl. Ýöne A. Atajanow hem G. Mülliýew bilen obadaş bolup çykan bir ýaşuly tanşym Marynyň Gökje obasynda Abdylla işanyň metjidiniň ýanynda ýeke diňiň hem mydama sowuk suwly daş guýynyň bolandygyny ýatlady. Men ýaşuly tanşymdan “Daş guýy bilen sary jaňyň näme baglanyşygy bar?”-diýip soradym. Suw çekýän aýallar gybata gyzyp, suwy bisarpa tutmazlary ýaly,guýynyň ýokarsyndan bir sary jaň asypdyrlar. Bedre gelip,şol jaňa degende jaňyň sesi aýallara suwuň gelip ýetendigini habar berenmiş. Edebiýat bilen içgin gyzykýan şol obaly bir mugallym hem Gylyç Mülliýewiň Meňli atly gökjeli gyza aşyk bolandygyny, emma ony Mary şäherinde ýaşaýan başga birine durmuşa çykarandyklaryny aýtdy. Şu zatlardan ugur alsaň, Magtymgulynyň aýrylan “Meňli hanymy” biziňem döwürdeşimiz bolup, ondan Gylyç Mülliýew hem aýrylan ýaly bolup dur. Magtymgulynyň döredijiligindäki bulaşyklyklar hem bizi şol çaklamalara ynanmaga itekleýär”. Hormatly Atajan Tagan, ýene bir gezek nygtap aýdaýyn: Şahyryň “Aýryldym” şygrynyň Magtymgulynyňkydygyna hiç bir alymam, jylawlanmadyk duýgularyna erk edip bilýän hiç adamam müňkürçilik edenok. Siziň bu “subutnamaňyzyň” ygtybarlylygy medeniýetiň nämedigini bilmeýän ýönekeý adamlaryň köçe gepleşiginiň derejesindenem pes. Siz “Kime ynansam ynanjak, ýöne şol şygyrlar Magtymgulynyňky diýýän alymlara ynanjak däl” diýen netijäni öňünden kesgitländigiiňiz üçin, agyz-agyzdan ýel alan, bu heňe gelmeýän toslamalary beýan edipsiňiz. Hormatly ýazyjynyň bu şygryň “täze görnüşini” tassyklajak bolup ýazan setirleri çeper sözler bilen ýazylan gybatyň iň pes, aýylganç mysalydyr. Hormatly ýazyjy, duýguňyzy basyň, bolmanda häzir bir ol pikirleriňizden ýüz öwrüň: Beýik akyldar Magtymgulynyň şübhe edilmeýän şygyrlaryna beýle sözleri aýtmaňyz, siziň derejäňize-de, abraýyňyza-da gelşenok. Men gybat derejesindenem aşakdaky bu pikirler hakynda mundan artyk wagtymy sarp edesim gelenok. Ýöne Atajan Taganyň “Aýryldym” şygrynyň ikinji, täze görnüşini beýan etmegi Magtymgulynyň şygyrlaryna öýkünilip, birnäçe goşgy ýazylandygyny düşündirişsiz subut edýär. Hawa, Matamy, Mattamguly lakamy bilen Müllüler şygyr ýazypdyrlar. Şol şygyrlaryň aýatda barlaryny menem gördüm Ol şygyrlar Magtymgulydan täsirlenip ýazylan, emma ol goşgularyň çeperçilik derejesi Magtymgulynyň islendik şygrynyň derejesiniň (Gylyç Müllüniň tabşyran şygyrlary hem şek-şübhesiz Magtymgulyňkydyr. D. Ý.) ýele ýanyndanam geçenok. Siziň şygryň çeperçiligine düşünýändigiňize ynanýaryn. Duýgyňyzy basyp okaň, Matamynyň şygyrlarynyň çeperçiliginiň Pyragynyň islendik şygry bilen deňeşdirmeli däldigine özüňizem göz ýetirersiňiz. Siziň aýdyşyňyz boýunça Müllüler diňe bir şygyr sungatynda Magtymgulydan täsirlenmän, Gylyç Mülli durmuşynda hem Pyragynyň söýen atdaş gyzyny söýmegi özüne dereje bilipdir. Bar, aýdaly, Gylyç Mülli Meňli atly gyzy söýüpdir diýeli. Bu hakykat bolaýanda hem Magtymgulynyň “Aýryldym” şygrynyň onuň özüniňkidigini aňlatmaýar ahyry. Gaýtam, Müllüleriň Magtymgulyny özlerine ähli babatda nusga edinendiklerine subutnama bolýar ahyry. Sebäbi şahyryň “Aýryldym” şygrynyň Magtymgula degişlidigi hiç bir jedeliň obýekti däl. Indi Atajan TaganyňGylyç Müllüniň tabşyran şygyrlarynyň onuň özüne degişli hasaplap ýazan pikirlerine ýüzleneliň: “Üstesine-de, talantly filosof Gylyç Müllüýewden alnan goşgularyň Magtymgulynyňky däldigine kepil geçýän delillere-de gabat gelinýär. Şu ýerde men edebiýatçy alym Tejen Nepesowyň şahsy arhiwinde saklanýan, Gylyç Müllüýewiň Magtymgulynyň heniz çap bolmadyk goşgulary diýip galdyran gaty galyň dört depderiniň birinden göçürip alnan muhammesi mysal getirmek isleýärin. Siz ony örän ünsli okaň. HYÝALYM Gul men, ömrüm gullukda,ýa reb ne bolgaý halym? Ybadatda şebu-ruz, ýokdur gaýry hyýalym. Lä ilaha illalla, tilim zikri senasy, Yrak kylma dergähden menu ýa züljelalym. Çykmak dähr fenadan mahaldyr maňa, eý ýar, Magşar eýýu hal habyp, he bolajak agmalym. Üzmeý golum tä ebet bolmuşam talyby din, Lerzana düşdi bul jan, ýokdur imdi mejalym. Lagly ylym bolgusy kitabyl “Wagzyl-Azad”, Imdi ki Magtymguly, pursat bergeý ajalym” Kesesinden garasaň, bu muhammese Magtymgulynyňky däldir diýmäge diliňem aýlanar ýaly däl. Nusgaýy stil, nusgaýy dil, göwnejaý ýerine ýetiriliş, dine, ylma hormat goýmak, Hudaýa ynanmak, “Wagzyl-Azady”ýatlamak…Garaz,ol muhammesi şu gün ýaşap ýören adam ýazandyr öýdüp pikir etmäge ýapyşalga-da ýok. Emma poeziýa žanrynyň ak goşgy görnüşinde ýazylan şol muhammesiň her setiriniň başky harpyny dikligine okap görseňiz,“GYLYÇ MÜLLI” diýen sözlere sataşarsyňyz. Diýmek, Magtymgulynyň adyna berýän ol muhammesini filosof Gylyç Mülliýewiň özi ýazypdyr. Şeýle bolansoň, G. Mülliýewden alnyp çap edilen 216 goşgynyň, çapa taýynlanyp goýlan “Maru-Şahu jahan” poemanyň hem Magtymgulynyň özüniňkidigine şübhe döreýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, ady agzalan poema Magtymgulynyň bir tomlugyna goşulyp, kitap çykmazynyň öň ýany çapdan aýryldy. Elbetde, neşirçiler poemanyň Magtymgulynyňky däldigine berk göz ýetirendirler-dä. Tejen Nepesowda saklanýan abyrsyz goşgular G.Mülliýewiň özüniň hem aýalynyň eli bilen ýazylypdyr. Dört depderde Magtymgulynyňky hasaplanýan 169 goşgy bar. Olaryň uzagyndan çap edilmegi mümkin, okuw kitaplarynda-da öwreniler”. Dogrudanam, bu mysal alnan şygra meňzeş on setir samramalaryň (muny başga hili atlandyrmak mümkin däl.) her setiriniň ilkinji harpyny okasaň, Gylyç Mülli bolýar. Bu samramalaryň tutuş süňňi hakynda gürrüň ýok, slendik setiriň sözleri biri-biri bilen baglanyşanok ýa-da sözler ýerli-ýerinde däl. Gynanýan, awtor nusgawy edebiýatyň inçeligine ýa-ha asyl düşünmändir, ýa-da akylyndan rüstem gelen duýgylary ýazyja hakykaty görmäge ýol goýmandyr. Men “Sentýabryň soňky günleriniň güýz howasy-45 gradus yssy. Häzir 2024-nji ýyl ABŞ-yň prezidenti Ronald Reýgan” diýsem, şu sözlemlerimiň hakykat, biri-biri bilen näme baglanyşygy bar. Tejribeli howa gullugynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, türkmen tomsunyň gyzgynlygynyň derejesi on ýylyň dokuz ýylynda hökman 45 gradus gyzgyna barýar. Emma sentýabr aýynda (olam aýyň başynda) yssynyň 40 gradusdan geçen ýeri ýok. Emma awgustda gyzgynlylygyň 45 gradusa ýetýän wagty az däl ahyry. Ýa bolmasa, Reýgan ABŞ-yň prezidenti 1981-1988-nji ýyllarda boldy. Ýalňyşlyk 35-40 ýyl diýip, hakykat hökmünde kabul edip bolarmy?! Awtoryň özem mysal getiren şygra meňzeş samramalarynyň goşgy däldigine akyl ýetiripdir ýaly, ony ak goşgy diýip atlandyrypdyr. Magtymgulynyň zamanynda ak goşgynyň nämedigini bilýänem ýokdy. Sözleri biri-biri bilen baglanyşmaýan goşgy pisint samramalaryň ygtybarlylygy meniň güýz howasy hem ABŞ-ň prezidenti diýip alan mysalymdanam gömelteýdir hem biri-biri bilen baglanyşyksyzdyr.. Muny Gylyç Mülliniň ýazandygyna men-ä ynanamok, Bar, aýdaly, şol ýazypdyr diýeli, jedel etmäýin. Şonda hem Gylyç Müllüniňn tabşyran şygyrlarynyň onuň özüniň ýazandygyna men-ä hiç bir kepil göremok. Gaýtam bu “şygyr” Gylyç Müllüniň sowatlylyk derejesiniň Magtymgulynyň şygyrlarynyň (onuň öz tabşyran şygyrlaram Magtymgulynyňkydyr) bir setirini ýazmaga-da güýjüniň ýetmejekdigini, meniň pikirdeşim bolan birnäçe iň sowatly alymlarymyzyň şol şygyrlaryň diňe Magtymgula degişlidigini tassyklaýan hakykatyna kepil diýip düşünýärin. Atajan Tagan alymlary synamak maksady bilen şygyr ýazyp, ol şygryny bir oturyşykda Magtymgulynyň döredijiliginden çörek iýýän alymyň bilmändigini aýdýar. Ýazyjy pikirini şeýle delilendirýär: Bir gezek men ömrüni Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklige bagyşlap, şondan “nan iýýän” uly alymyň hem gatnaşýan myhmançylygyna çagyryldym. Çaý- nahardan soň köp-köp gepiň başy agyrdyldy. Ahyram gürrüň edebiýata geçdi. Meniň Türkmen şahyrlarynyň goşgularyny ýatdan aýtmagy az-kem başarýandygymdan habarly biri şygyr okamagy haýyş etdi. Men garşy bolmadym. Sebäbi Magtymgula öýkünip ýazan goşgymy derňemäge mümkinçilik döräpdi. Men Ýunus Emräniň “Biz dünýäden gider bolduk” diýip başlanýan şygryny, Mätäjiniň “Aýperi”,“Elden gider”, Seýdiniň “Çagdyr bu çaglar”, Keminäniň “Hamana”, “Garyp”, Mollanepesiň “Istäp ki gözel ýary”, “Yklym perizady ”Köňlüm” şygryndan soňra, “Magtymgulynam diňläň!” diýdim-de,“Ýat edermene” geçdim. Oturanlar şygyrlaryň hemmesini-de üns bilen diňlediler. Birbada hiç kimden ses çykmady. Ahyr goşgy okamagy haýyş eden myhman: “Hemmesem gowy welin, deňeşdirilip okalanda, Magtymgulynyň beýikligi aýyl-saýyl bolyp dur” diýdi. Emma alym welin ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Ýogsam ol Magtymgulynyň goşgularyny ýat bilmese-de, biriniň tötänden okan şygrynyň onuňky däldigini hökman saýgarmalydy. Gördüňizmi? Magtymgulynyň kitaplary, ana, şolar ýaly Alymlaryň meselä jogapgärçiliksiz garamagy netijesinde galňaýar eken. Magtymgulynyň öz sesini başga şahyrlaryň sesinden inçelik bilen tapawutlandyrmagy başarmaly alymlaryň “patasy” bilen şahyryň adyna ikinji, üçünji derejeli, gowşak, bulaşyk goşgular hem berilýär”. Ol alymyň näme üçin beýdenligine jogap berip biljek däl, ýöne şol oturyşykda özüm oturan bolsamam, birinjiden, ol şygryň Magtymgulynyňky däldigini bilerdim. Ýöne bilsemem, ol ýerde “Şu şygyr Magtymgulynyňky däl” diýip aýtmazdym. Sebäbi oturyşykda Magtymguly barada ylmy gürrüň etmegiň ýeri däl. Siziň düzen “şygryňyzyň” Magtymgulynyň eserlerine dahylynyň ýokdugyny ony mysal alyp subut edeýin. Ynha, “goşguňyz”: Okydygym “Wagzy-Azat”, Şol mydary ýat edermen. Ömri nesýe bergen Izzet, Şirin zary ýat edermen. Jandan zyýat namys-arym, Hak ýoluna herne barym. Ýedi yklym medetgärim, Çaryýary ýat edermen. Niçik haýýat aşsyz-nansyz? Niçik haýýat hany-mansyz? Geçdi ömrüm Çowdur hansyz, Dosty-ýary ýat edermen. Gitdi goldan gül destanym, Soldy ýaýla—gülüstanym. Weýran boldy Dehistanym, Herne bary ýat edermen. Kaýda maksat, kaýda many? Ýakdy pyrak şirin jany. Berse Taňrym Meňli hany, Zülpi tary ýat edermen. Ýetdi mizan, soldy bagym, Ötdi meýlis—juwan çagym. Ümür bürän Soňudagym, Alma-nary ýat edermen. Pyragy, segsendir salym, Günbe-günden teňdir halym. Medinäge düşse ýolum, Biribary ýat edermen. Birinji bendiňizi okyjylaryň düşünýän türkmen diline geçireýin. “Wagzy-Azady okadym, şol mydary ýatlaýan”. Hiç hili many ýok. Şu setirleri Magtymguly ýazan bolsa, ilki bilen eseriň kimiňkidigini aýdardy, soňra ol eserden alan täsirini beýan ederdi. Indi öýkünip ýazan “şygryňyzyň soňky bendini göreliň: Bendiň birinji, ikinji setiri düzüw, emma Magtymgulynyň stili däl, häzirki zaman sözlerinden düzülendigi görnüp dur. Üçünji-dördünji setiriňiz Magtymgulynyň, asla garrynyň diýmejek sözi: Segsen ýaşap, günbe-günden haly teň garry, Medinä zyýarata gidip, şol ýerde Biribary ýat etmegi arzuwlamaz. Segsen ýaşan Magtymgulynyň: Berse Taňrym Meňli hany, Zülpi tary ýat edermen. Bu setirler şahyryň asyl diýmejek sözleri. . Belki, siz: “Men ol şygryň Magtymgulynyňky däldigini aýtdym, aýtmadyk bolsam, bilmezdiňiz” diýmegiňiz mümkin. Eger şeýle pikir edýän bolsaňyz, islendik ýol bilen synag edip bilersiňiz, synagyňyza taýyndyryn. Siz makalaňyzyň bir ýerinde: “Bizde tekstologiýa ylmy ýok hasap edýärin. Şonuň üçinem Magtymgulynyň sözlerine-de, pikirlerine-de gabat gelen alym, okyjy öz esassyz çaklamasyny-da ýöňkäýýär”. diýen netijä gelipsiňiz. Hormatly Atajan Tagan, siz makalaňyzy ýazanyňyzda 1999-njy ýylda men ylmy pudakda işlesemem tekstologiýa bilen iş salyşýan bölümde däldim. Şonuň üçin oL döwrüň tekstologiýasyna jogap berip biljek däl. Emma edil häzir men ylmyň tekstologiýa bölüminde işleýärin. Gepiň gerdişine görä aýtsam, Türkmenistanyň milli Lideriniň, Döwlet ýolbaşçymyzyň mynasyp goldawy netijesinde ylmyň tekstologiýa ugry boýunça köp işleriň edilendigini, edilýändigini ýatlap geçmek ýakymlydyr hem şu ugurdan islendik sowalyňyza jogap berip biljekdigimi, siziň islendik synagyňyza taýyndygymy ýene bir gezek ýatladaýyn. Siz Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň özüne degişlidigini şu pikirleriňiz bilen jemläpsiňiz: Ýogsam ol özüniň gizlin syryny paş edýän dokumenti—“Hyýalym” diýen ak goşgusyny galdyrmazdy. Eger ile hödürlän 12 müň setiriniň içinde Magtymgulynyň,iň bolmanda, 5-6 goşgusy bolanam bolsa, onuň ak goşgy ýazmaga eli aýlanmazdy”. Gylyç Mülliniň tabşyran şygrynyň 12 müň setir däldigini hem siziň aýdýan ak goşgyňyzyň şol şygyrlaryň Magtymgula degişli däldigini subut etmeýändigi barada pikirimi aýtdym. Size men şu sowaly berjek. Edil Gylyç Mülli diýlip ýazylyşy ýaly, her setiriň ilkinji harpyny okanyňda, islendik at-familiýa aýdyň, edil siziň edişiňiz deý şol şygyrdan has kämil şygyr ýazyp, şol at-familiýany getirip görkezeýin. Ýöne ol goşgam Pyragynyň şygry bilen deňeşdireniňde hiç zat bolar. Siziň logikaňyz boýunça aşaklygyna okanyňda, haýsydyr bir at-familiýa ýazylan awtora Magtymgulynyň şygyrlaryny bermelimi?! Ýok, Pyragynyň eserlerine çen-çakly baha berjek bolmagymyzy bes edeliň. Magtymgulynyň şygyrlarynyň gaty çeper ýazylandygy görnüp dur. Onsoňam her bir goşgyny Magtymgulynyň ady kabul edenok. Alym Tejen Nepesowyň depderlerinde bar diýýän goşgyňyzyň Magtymgula dahylynyň ýokdugyny kiçijik fakt bilen subut edeýin. Şol şygyrlar Magtymgulynyňky diýip, 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda şol wagtky bagşylaryň birnäçesine aýdym edip aýdyň, ýaýradyň diýip paýlanypdyr. Emma şol goşgulary hiç bagşy aýdym edip aýtmady, paýlaşylmadam. Şonuň üçin Magtymgulynyň adyna berlen, asla beriljek bolunýan “goşgulary” şahyryň döredijiligi gaty aýyl-saýyl edýär. Çäji harpykdan saýlaýar. Siziň makalyňyzyň ýazylan wagtyna eýýäm 25 ýyl geçdi, emma siziň Magtymgulynyň adyna berler diýen 169 “goşguňyz” şahyryň ady bilen ýaýran däldir. Meniň pikirimçe, ol “şygyrlaryň” nirededigini bilýänem ýok. Emma Pyragynyň öz eserlerine şübhe bildirýän islendik hünärdäki adam ir-u-giç oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Ynha, şu hakykaty unutmalyň, adamlar!!! Hormat bilen Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. __________________________________ [1] Ussat Sahy Jepbarow şu setiri şeýle aýdypdyr, bu setiriň başga-da iki-üç görnüşi bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |