13:14 Peýdamyza däl jedeller | |
PEÝDAMYZA DÄL JEDELLER
Ýazyjy Atajan Taganyň makalasynda Gylyç Mülliniň şygyrlarynyň 1948-nji ýylda tapylandygy aýdylýar. Hakykatda, Gylyç Mülli şygyrlary 1946-njy ýylda tabşyrypdyr. Eýýäm 1946-njy ýylyň 21-nji iýulynda “Türkmenistan” gazetinde şol mesele boýunça redaksion makala, şol döwrüň meşhur edebi tankytçysy Hally Şahberdiýewiň Gylyç Mülliniň şygyrlarynyň şek-şübhesiz Pyraga degişlidigini tassyklaýan makalasy ýerleşdirilipdir. Ýazyjynyň Gylyç Mülliniň 214 şygrynyň tabşyrylyşy baradaky maglumatynyň üstüne şulary goşmakçy. Gylyç Mülliniň Magtymgulynyň 214 şygryny ýat bilýändigini ussat halypa Sahy Jepbarow Berdi Kerbabaýewe aýdypdyr. Sahy Jepbarow Gylyç Mülliniň beýik akyldaryň şygyrlarynyň bir bölegini ýat bilýändigini 1945-nji ýylyň aýaklaryna bilipdir hem bu habary Berdi Kerbabaýewe ýetiripdir. Söz sungatynyň ussady bolan Berdi Kerbaýewem muny şol wagtlar Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň syýasy bölümine ýolbaşçylyk edýän (şol wagtlar bu bölüm iň esasy bolup, propoganda hem agitasiýa bölümi diýilýär eken) Şaja Batyrowa ýetirýär. Şaja Batyrow bu wakanyň anygyna doly ýetmegi Berdi Kerbabaýewiň özüne tabşyrypdyr. Gylyç Mülliniň Magtymgulydan bilýän şygyrlary bäş aýyň dowamynda doly anyklanyp, bu şygyrlaryň beýik akyldaryňkydygyna Berdi Kerbabaýew, Sahy Jepbarow ýaly ussatlar deslapky ýagdaýda göz ýetirenden soňra, Gylyç Mülli merkeze çagyrylyp, bilýän şygyrlary Pöwrüzide özüne ýazdyrylyp alnypdyr. Hiç hili gyssanmaçlyga ýol berilmändir. Ýazyjy Atajan Tagan Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň 12 müň setirdenem gowurakdygyny nygtapdyr. Gylyç Müllüniň tabşyran 214 şygry 4500 setire ýetenok. Häzir beýik akyldaryň eseri hökmünde hiç ýerde çap edilmedik “Maru-Şahu-Jahan” poemasy (Marynyň gadymy adyny Atajan Taganyň ýazyşy ýaly ýazdym. D.Ý.) bilen birlikde alanyňda-da, Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň setir sany ýedi müňe ýetenok. Gepiň gerdişine görä aýtsak, şu günki güne çenli beýik akyldaryň çap edilen şygyrlary 700 töweregi goşgy bolup, 15 müň gowurak setirden ybarat. Şahyryň eseleriniň iň doly görnüşi Magtymgulynyň 290 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, 2013-nji ýylda alym Annagurban Aşyrowyň toplamagynda çap edilen iki tomluk ýygyndydyr. Bu iki tomluk kitapda şahyryň 700 töweregi şygry ýerleşdirilipdir. Ýöne gynansagam, bagşylaryň dilinde meşhur bolup, Magtymgulynyň sözlerine aýdýan 30 gowurak şygyrlary (aýdyma öwrülen) agzalan kitaba-da salynmandyr. Şeýlelikde, neşir edilmedigem bolsa, häzire çenli halk, şol sanda ylmy jemgyýetçiligem Magtymgulynyň poeziýasy diýip 730 töweregi şygry ykrar edip, jemi olar 16 müň setir töweregidir. Eger Gylyç Mülliniň Pyragynyňky diýip tabşyran şygyrlarynyň setir sanyny Atajan Taganyň esassyz öňe süren sanlaryndan alsak, onda Magtymgulynyň häzir bize elýeter bolan şygyrlarynyň tas 80%-e golaýy Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlary bolup çykýar. Hatda “Maru-Şahu-Jahan” poemasyny goşanyňda hem şahyryň poeziýasynyň jemi setir sany 18 müň gowurak bolup, Atajan Taganyň aýdyşy ýaly, onuňam 12 müň setir köpürägi Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlary bolsa, onda bu sandan alanyňda hem, şahyryň şygyrlarynyň üçden iki böleginden gowuragy Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlary bolýar. Bar aýdaly, Atajan Tagan ol aşa çişirilen sanlary säwlik bilen goýberipdir diýeliň. Ýazyjynyň bu säwligi Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň aşa artdyrylyp görkezilmegine sebäp bolupdyr. Islendik meselede aýagy ýerden üzüp-artdyryp ýazmagyň düýbi boş ýalana direýändigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Magtymgulynyň döredijiliginde Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň tutýan orny edil häzir dörtden bir bölekden beýle kän däl. Onuň tabşyran “Maru-Şahu-Jahan” poemasyny Magtymgulynyňky diýip kabul edenimizde hem, şahyryň ähli şygyrlarynyň diňe üçden biriniň sähel gowuragy Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlary bolar. Bu anyk maglumata daýanylýan Magtymgulynyň döredijiligi hakyndaky sanlar bilnip goýulsa ýagşy. Atajan Tagan Gylyç Mülliniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran şygyrlarynyň “onuň özüniňkidigine halys ynanýandygym üçin” diýip, alymlara açyk sowal bilen ýüzlenipdir. Ýazyjynyň ynanjyna dawamyz ýok. Her kim öz akyl-paýhasyna görä netije çykarýar. Ýöne anyk sowal bermek üçin, sowal berýän meseläňe belet bolmaly, sowal berýän meseläňi änigine-şänigine çenli bilmeli. Emma ýazyjynyň gürrüňini edýän makalamyzy okanyňda, Atajan Taganyň Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlaryny doly bilmeýändigini subut edipdir. Ol şol makalasynda Magtymgulynyň Meňlini alandygyny, ýöne Meňliniň ölendigini şahyryň “Aýryldym” şygryndan mysal getirip öňe sürýär. Atajan Tagan pikirini berkitmek üçin şahyryň “Gülgüzar oýnaşar” diýen şygrynyň şu iki setirini mysal alýar: Magtymguly Meňli ýara sataşyp, Bäş gün biziň bilen gül ýar oýnaşar. Hormatly Atajan Tagan, siziň mysal alan iki setiriňiz Gylyç Mülliniň tabşyran şygryndan alnan. Dogry, siz şahyryň Meňlini alandygy baradaky pikiriňizi öň ýazan bir makalaňyza salgylanyp aýdýarsyňyz. Emma siz bu makalaňyzy bir günüň içinde däl-de, otuz ýyla golaý wagtyň dowamynda ýazypsyňyz. Siz Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň Magtymgulynyňky däldigini delillendirýär hasap eden, ylymdan-paýhasdan daş pikirlerem mysal alypsyňyz. Siz dörediji adam hökmünde islendik pikiri kebşirläp-çeperleşdirip berip bilýäňiz ahyry. “Öň mysal getiren şygrym Gylyç Müllüden alnan eken” diýip, ugruny tapyp aýdyp bilerdiňiz. Siz ol şygryň Gylyç Mülliden alnandygyny ýa bilmänsiňiz, ýa-da bilseňizem ýalňyşyňyzy boýun almak islemänsiňiz. Haýsy bolanda hem siziň peýdaňyza däl. Siz “Çaklamalar, deliler, sowallar” atly makalaňyzda Magtymgulynyň şygyrlaryny emeli ýagdaýda köpeltmeli däldigini öwran-öwran nygtapsyňyz. Emma özüňiz Gurt oglynyň “Alaçsyz” diýen şygryny Magtymgulynyň adyna beripsiňiz. Dogry, Gurt oglynyň bu şygry Magtymgulynyň 1956-njy ýyldaky “Saýlanan eserleri” kitabyna ýalňyşlyk bilen girizilpdir. Ýňne bu ýalňyşlyk Magtymgulynyň soňky-öňki neşirlerinde goýberilmändi. Adam bolan ýerde, onda-da iş edilýän ýerde ýalňyşlygyň bolýandygyny siz menden gowy bilýänsiňiz diýip pikir edýärin. Magtymgulynyň 1926-njy ýylda akademik Berdi Kerbabaýewiň çap etmeginde arap hatynda neşir edilen kitabynda hem Şabendäniň “Gözelim” şygry beýik Pyragynyň adyna berlipdir. Ýok, men muny şol akademiki neşiriň kemçiligini aýtmak üçin däl-de, säwligiň kämil neşirlerde-de bolýandygyny ýatlatmak isledim. Onsoňam siz her ýazylyp ýörlen zatlar hakynda gürrüň ýok, tejribeli, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ömrüne hemra edinen alymlaryň Pyragynyň şygyrlary diýip gelen hak netijeleriniň ýalandygyny öňe sürüp, şahyryň goşgularynyň arasyna säwlik bilen düşen “Alaçsyz” diýen Gurt oglynyň şygryny saýgaryp bilmeýändigiňiz logika dogrumy?! Gurt oglynyň “Alaçsyz” diýen goşgusyny beýik Pyragynyň şygry hasaplamagyňyz sizi oňaýsyz ýagdaýa salandygyny size ýatlatmak isleýärin. Belki, meniňn şu makalama çenli siz öz düşen oňaýsyz ýagdaýyňyz hakynda pikirem eden dälsiňiz. Ony siziň bilmegiňiz üçin makalaňyzyň içinden şol ýerini mysal alaýyn: “Kähalatlarda biz Magtymgulynyň diýmedigini diýdirip, edeninem tersine öwürýäris. Bir gezek obadaky arhiwimi dörüşdirip otyrkam ýazylan adamdan jogap almadyk bir hatym gabat geldi. Şol haty şu ýerde getirmegi makul bildim. “Hudožnik Aýhan Hajyýewe. Hormatly Aýhan aga! Men özümi hudožnikleriň işlerinden ýa-da Magtymgulynyň poeziýasyndan düýpli baş çykarýan adam hasaplamaýaryn. Şonuň üçinem düşünmedik närsäm bolsa, soramagy kiçilik bilmeýärin. Magtymguly “Alaçsyz” diýen goşgusynda özüniň halamaýan zatlarynyň bir toparyny sanap geçýär. Bir bendii mysal getireýin: Ýigit özün daga-daşa deň eder, Kelhemeç (siňek, çybyn. —A.T.) dek poh üstünde jeň eder. Gysga köýnek, balagyny giň eder, Äri çüri telpek, hatyny başsyz. Size degişli hasaplaýanym—dördünji setire üns beriň. Magtymguly başy açyk (ýaglyksyz, börüksiz) aýallary, çüri telpek geýýän erkekleri halamandyr. Emma Siz “Magtymguly” diýen belli portretiňizde şahyryň kellesine onuň ýigrenen çüri telpegini geýdiripsiňiz. Ol näme sebäbe beýle bolýar? Atajan Tagan. 1977”. Siz makalaňyzda Magtymgulynyň diýmedigini diýdirilýändigini, onuň aýdan zatlarynyň tersine edilýändigini belleýäňiz. Emma Gurt oglynyň “Alaçsyz” şygryny Magtymgulynyň adyna berip, Magtymgulynyň diýmedigini siz diýdiripsiňiz ahyry. Säwlik bilen Pyragynyň diňe bir neşirene girizilen ýekeje şygryň şahyryňky däldigini saýgaryp bilmän, makalaňyzdaky beýleki kemçilikleri aýtmanymyzda hem, Gylyç Müllüniň tabşyran 214 goşgusynyň bu akyldaryňky däldigini nädip bilýäňiz?! Gurt oglynyň “Alaçsyz” şygryny Magtymgulynyňky hasaplap, şahyryň diýmedigini diýdirip, ussat hudožnik Aýhan Hajyýewiň Pyragynyň ussatlyk bilen çeken portret suratyndanam, bolmanda, kemçilik gözläpsiňiz. Ussat hudožnik Aýhan Hajyýew şahyryň portret suratyny çekende, köp gözleg edipdir. Magtymgulynyň dogduk mekanyna gidip, onuň garyndaş nesilleri bilen gürrüňdeş bolupdyr. Iň esasam, ol ussat akademik Berdi Kerbabaýew ýaly Magtymgulynyň döredijiligini çaklamalar netijesinde däl-de, anyk faktlar esasynda suwara bilýän adamlar bilen geňeşipdir. Atajan aga, Aýhan Hajyýewiň siziň hatyňyza näme üçin jogap bermedigine indi düşünendigiňize ynanmak isleýän. Sebäbi bir abraýly adamyň meselä düşünmän, ýalňyş beren sowalyna ony utandyrmajak bolup, danalar jogap bermändirler. Şol sebäpli Aýhan Hajyýew sizden ep-esli uludygyna garamazdan, size aşa hormat goýup, size jogap bermändir diýen netijäni gaty anyk hakykat hasaplaýaryn. Men şu makalany ussat ýazyjynyň kemçiligini ýüze çykarmak üçin ýazmadym. Ýöne Magtymguly Pyragy türkmeniň milli guwanjy. Bu günki gün bu beýik akyldara döwlet bilen halkyň çäksiz goýýan hormaty birleşdi. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň döredijiligine esassyz bildirilen şübheler hakynda açyk gürrüň etmäge döredilen oňyn mümkinçilikden peýdalanyp, Magtymgulynyň häzirki elimizde bar bolan şygyrlarynyň diňe beýik şahyryň galamyndan çykandygyny okyjylara düşündirmegimiz gerek. Hormat bilen Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|