22:42 Şahyr Maksim Rylskiý aradan çykdy... | |
• 1964-nji ýylyñ 24-nji iýulynda
Taryhda şu gün
MAKSIM FADDEÝEWIÇ RYLSKIÝ 1964-nji ýylyň 24-nji iýulynda, uzaga çeken agyr keselden soň, ukrain sowet edebiýatynyň düýbüni tutanlardan biri, SSKP-niň çleni, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty, görnükli ukrain şahyry, alymy hem jemgyýetçilik işgäri, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň çleni, Ukraina Ýazyjylar soýuzynyň prezidiumynyň çleni, Lenin we Döwlet baýraklarynyň laureaty, akademik Maksim Faddeýewiç Rylskiý aradan çykdy. Özüniň ähli röwşen ömrüni, özniň ägirt uly köptaraply zehinini Maksim Faddeýewiç mähriban halkyna, Kommunistik partiýanyň beýik ideallaryna, sowet edebiýatynda hakyky partiýalylygyň hem çuňňur halkylygyň ajaýyp prinsipleriniň berkarar edilmegine bagyşlady. Maksim Faddeýewiç Rylskiý 1895-nji ýylyň 19-njy martynda Žitomir oblastynyň Popelnýan raýonynyň Romanowka obasynda demokratik meýilli belli ukrain medeni-jemgyýetçilik işgäriniň maşgalasynda dünýä indi. Gimnaziýany gutarandan soň, Maksim Faddeýewiç Rylskiý Kiýew uniwersitetine okuwa girdi. 1919-njy ýyla çenli ol Žitomir oblastynyň Popelnýan raýonynyň oba mekdepleriniň birnäçesinde, Kiýew şäheriniň ikinji demir ýol mekdebinde, şeýle hem T.G.Şewçenko adyndaky Kiýew döwlet uniwersitetiniň işçi fakultetinde we Ukrainanyň lingwistik bilimler institutynda ukrain dili bilen edebiýatyny okatdy. Maksim Faddeýewiç goşgular ýygyndylarynyň onlarçasyny ýazdy, olar Sowet Soýuzynyň halklarynyň dilleriniň ählisine diýen ýaly, daşary ýurtlaryň hem köpüsiniň dillerine terjime edildi. Gumanist şahyryň, halklaryň dostlugynyň hem doganlygynyň aýdymçysynyň eserleri ýokary gumanistik ideallary berkarar edýän sosialistik realizm edebiýatynyň gözel nusgalary hökmünde köpmilletli sowet medeniýetiniň altyn hazynasyna ömürlik girdi. Maksim Faddeýewiç dünýä edebiýatynyň köp sanly görnükli eserlerini ukrain diline geçiren zehinli terjimeçidi, olaryň arasynda Puşkiniň, Lermontowyň, Dantäniň, Miskewiçiň, Slowaskiniň, Şekspiriň, Wolteriň ölmez-ýitmez eserleri-de bar. SSSR-iň doganlyk halklarynyň edebiýatyny edil bäş barmagy ýaly bilýän adam hökmünde ol häzirki züaman rus, belorus, ermeni, gruzin şahyrlarynyň eserlerini hem höwes bilen terjime etdi. Uly alym hökmünde M.F.Rylskiý edebiýaty öwreniş, dilçilik bilimi, folkloristika, sungaty öwreniş, etnografiýa ugrundan köp hem öndümli işledi. Ol kän sanly gymmatly ylmy hem publisistik işleriň awtorydyr. Köp ýyllaryň dowamynda M.F.Rylskiý USSR Ylymlar akademiýasynyň Sungaty öwreniş, folklor hem etbografiýa institutyna ýolbaşçylyk etdi. USSR Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň çleni, Slawistleriň ukrain komitetiniň başlygy, Slawistleriň sowet hem halkara komitetleriniň çleni boldy. 1964-nji ýylda Maksim Faddeýewiç Rylskiý Maksim Faddeýewiç Rylskiý Maksim Faddeýewiçe Ýagellon uniwersitetiniň (Polşa) hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi. Maksim Faddeýewiç özüniň köptaraply döredijilik işini jemgyýetçilik-syýasy durmuşa işeňňir gatnaşmak bilen başarnykly utgaşdyrdy. Ol telim gezek SSSR Ýokary Sowetiniň Milletler Sowetine deputat saýlandy we saýlawçylaryň bu uly ynamyny abraý bilen ödedi, 1944-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli M.F.Rylskiý Ukraina Sowet ýazyjylary soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy boldy. Beýik watançylyk urşy ýyllarynda Maksim Faddeýewiç Bütinslawýan komitetiniň wise-prezidenti bolmak bilen, slawýan halklarynyň demokratik güýçlerini nemes faşizmine garşy göreşe jebisleşdirmek boýunça uly iş alyp bardy. 1943-nji ýylda ol Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň hatarlaryna girdi. Sowet-polýak dostlugynyň jemgyýetiniň ukrain bölümine ýolbaşçylyk etmek, daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni aragatnaşyklar boýunça Ukrain jemgyýetiniň prezidiumynyň çleni bolmak bilen, Maksim Faddeýewiç özüniň köp güýjüni we gujuryny sosialistik ýurtlaryň halklarynyň doganlyk hyzmatdaşlygyny berkitmek işine, progressiw adamzadyň parahatlyk hem bagt ugrundaky göreşine sarp etdi. Kommunistik partiýa we sowet hökümeti M.F.Rylskiniň edebi-ymy we jemgyýetçilik-syýasy işine ýokary baha berdi. Ol üç gezek Lenin ordeni, zähmet Gyzyl Baýdak ordeni, Gyzyl Baýdak ordeni, “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda edermenlikli zähmet üçin” diýen medal bilen sylaglandy. 1943-nji we 1950-nji ýyllarda M.F.Rylskä Döwlet baýraklary, 1960-njy ýylda bolsa Lenin baýragy berildi. Köpmilletli sowet edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy. Häzirki zamanyň iň uly şahyry, görnükli alym, ýokary pähimli hem uly ýürekli ynsan biziň aramyzdan gitdi. Onuň joşgunly döredijiligi elmydama sowet adamlarynda öz Watanyna, bizi kommunizmiň röwşen belentliklerine tarap alyp barýan leninçilik partiýa mähirli söýgi duýgularyny terbiýelär. N.S.Hruşýow, L.I.Brežnew, N.W.Podgornyý, A.I.Mikoýan, P.E.Şelest, L.W.Ilýiçýew, O.I.Iwaşenko, I.P.Kazanes, N.T.Kalçenko, W.G.Komýahow, D.S,Korotçenko, L.P.Lýaşko, I.S.Senin, N.A.Sobol, W.W.şerbiskiý, I.S.Gruşeskiý, A.D.Skaba, W,I.Drozdenko, W.K.Klimenko, P.K.Koşewoý, I.I.Anisimow, I.K.Beloded, N.P.Bažan, P.U.Browka, W.L.Wasilýewskaýa, P.N.Woronko, K.W.Woronkow, A.T.Gonçar, N.M.Gribaçýew, W.S.Gutyrýa, L.D.Dmiterko, Ý.O.Zbanaskiý, M.W.Keldyş, A.Ý.Korneýçuk, W.P.Kozaçenko, A.S.Malyşko, G.M.Markow, E.B.Meželaýstis, L.N.Nowiçenko, B.Ý.Paton, D.W.Pawlyçko, Ý.K.Smoliç, W.N.Sosýura, W.N.Sobko, L.S.Sobolew, A.A.Surkow, A.T.Twardowskiý, N.S.Tihonow, P.G.Tyçina, P.N.Fedoseýew, K.A.Fedin, M.A.Şolohow, A.N.Şerban. “Edebiýat we sungat” gazeti, 29.07.1973 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |