05:12 Ýazypdy diý | |
ÝAZYPDY DIÝ
Goşgular
Söýgim üçin däli bolup, Ýaş ýüregin ezipdi diý Yşk ummanda ýaly bolup Titanik deý ýüzüpdi diý. Wadasynda mäkäm durup Hyýalynda durmuş gurup Ýalanlarma gözün ýumup Dogrylarmy süzüpdi diý. Kä beýge, kä teýe çykyp Her dürli oý-küýe çykyp, Ýalňyz a:da eýe çykyp, Robinzon deý gezipdi diý. Dünýe täsin röwüş deýin Gezdi munda derwüş deýin Menzil geçen köwüş deýin Umytlary tozupdy diý. Söýlende söýülse-hut bagt Söýüp söýülmese-betbagt Baky bolmasa-da şol wagt Hakydadan pozupdy diý. Bagtyň barsyn basym ýerne Ykbal dözme kesimlerňe Menden soňky nesillerňe Şu goşgyny ýazypdy diý. Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |