ÝEDI DERÝAÑ AÑYRSYNA SYÝAHAT
■ Türkmen taryhçysy we diplomaty … Don Huanyň XVII asyryň başlarynda Günbatar Ýewropa sapary barada
Türkmen halkynyň XVI asyrda döreden Sefewi döwleti musulman dünýäsiniň Osmanly, Beýik Mogollaryň we Şeýbanylaryň döwletleri ýaly öz döwrüniň kuwwatly döwletleriň biridi. Bu ýurtlaryň dördisi hem musulman dünýäsinde agalyk ugrunda dalaş edýärdiler. Aýratyn hem türkmenleriň sefewi we osman döwletleriniň arasyndaky bäsleşikler ýiti häsiýetdedi.
XVI asyryň ahyrlarynda türkmenleriň Sefewi döwleti özara bäsleşikler we içki agzalalyklar netijesinde gowşady. Batyl hem-de keselbent şa Muhammet Hudaýbendäniň (1578-1587) dolandyran ýyllarynda ýurdun ep-esli ýerleri, döwletiň birinji paýtagty Töwriz bilen bilelikde, osman türkmenleri tarapyndan eýelendi. Ýurduň şeýle çyrşyrymly ýagdaýynda Hudaýbendäniň ikinji ogly, başarjaň Abbas Mürze tagta çykdy.
Şa Abbasyň (1587-1629) ýurdy dolandyryp başlan ilkinji ýyllarynda Sefewi döwleti agyr kynçylyklary başdan geçirýärdi. 1590-nji ýylda Osman türkmenleriniň döwleti bilen baglaşylan şertnama-da kemsidiji häsiýetde boldy. Çünki osman soltany Myrat III (1574-1595) şa Abbasyň elinden Ermenistanyň, Gürjüstanyň gündogaryny, bütin Kürdistany we Häzirbegjany alypdy. Ýöne şa Abbas öziniň elden gidiren ýerlerini gaýtaryp almak umydyndan el çekmeýärdi we osmanlar bilen boljak täze söweşlere taýýarlanýardy.
Şa Abbas döwletiň harby-ykdysady kuwwatyny artdyrmaga girişmek bilen, ýurduň halkara ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda-da alada edýärdi. Şu maksat bilen 1599-njy ýylda şa Abbas Pereňistana (Ýewropa) ilçiler toparyny iberdi. Türkmen ilçilerine sefewi döwletini esaslandyran türkmen taýpalarynyň biri bolan baýat taýpasynyñ serdary Hüsöýünaly beg Baýat baştutan edilip bellenilýär. Hüsöýünaly begiň ýanynda ilçihananyň dört sany kätibi we on bäş sany hyzmatkäri bolupdyr. Ilçihananyň ikinji kätibi Hüsöýünaly begiň agasynyň ogly Alyguly beg, birinji kätibi bolsa Oraz beg Baýat bolupdyr.
Biziň gürrüňimiz, soňra Ýewropada Don Huan ady bilen tanalan ilçihananyň birinji kätibi Oraz beg Baýat barada. Oraz beg Baýat Sefewi türkmen döwletiniň taryhy barada ispan dilinde kitap ýazan alym hökmünde tanalýar. Ýöne ol, barybir, okujylar köpçüligine we ylmy jemgyýetçilige nätanyş şahsyýet bolup galypdyr. Belli rus alymlary W.W.Bartold we I.P.Petruşewskiý dagylar Oraz begiň eseri barada agzap geçýärler. Azerbaýjan taryhçysy O.A.Efendiýew Oraz beg - Don Huan barada birnäçe gymmatly maglumatlary getirýär we ol bu taryhy şahsyýetiň terjimehalyny dikeltmäge synanşyk edipdir.
O.A.Efendiýew Don Huanyň terjimehalyna degişli maglumatlaryn juda azlygyny belleýär. Sebäbi Don Huanyň hatda hakyky ady hem anyk däl. Onuň ady ispan dilinde «Uruch» – diýlip, ýoýlan görnüşde saklanyp galypdyr. Onuň adynyň Don Huandygy («Don Juan») hem doly anyk däl. Sebäbi belli gündogarşynas Le-Strenj onuň adynyň Don Juan bolmagynyň mümkindigini hem belleýär. Don Huanyň kitabyny ispan dilinden iňlisçä terjime ýeden Le-Strenj şol ady «Ulug» görnüşinde («Ulugh») okamaklygy teklip edýär. Alym öz pikirini şol döwürde Ulug adynyň giň ýaýrandygy (elbetde türkmenleriň arasynda) bilen düşündirýär. Bartold bilen Petruşewskiý Uruj diýip ýazýarlar. Ýöne Efendiýew bu adyň Oruj görnüşini öňe sürýär. Türkmen diplomatiýasynyň taryhy boýunça iş ýazan O.A.Gündogdyýew hem Oraz begiň adyny Oruj görnüşinde ulanypdyr. Ýöne ýewropa dillerinde Oraz adynyň «Uruz», «Araz» we «Aras» we başga görnüşlerde beýan edilýändigini, şu adyň şol döwürde we häzirki günlerde-de köp duş gelýändigini göz öňüne tutsak, onda Don Huanyň hakyky adynyň Oraz bolmagy-da gaty ähtimal. Üstesine-de, Osman türkmenlerinde Oraz adynyň Oruç ady bilen berilýändigini hem göz öňüne tutmak gerek. Aýdylanlardan ugur alyp, biz bu görnükli şahsyýeti Oraz beg diýip atlandyrmagy muwessa bildik.
Oraz beg baýat taýpasynyň serdary Soltanaly beg Baýatyň ogly bolupdyr. Ol şa Muhammet Hudaýbendäniň we onuň uly ogly şazada Hämze mürzäniň meşhur köşk adamlarynyň biri bolmak bilen hökümdarlaryň ençeme möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge gatnaşypdyr. Haçanda, Günorta Häzirbegjanyň häkimi Emir han Türkmen şa garşy gozgalaň turuzanda, Hudaýbende Emir han bilen gepleşik geçirmek üçin Soltanaly begi Töwrüze iberipdir. Soltanaly bege türkmenleriň gozgalaňçy serdaryny yrmak başardypdyr. Ýöne soňra Emir han Türkmen aldaw ýoly bilen Kaka galasynyň zyndanyna taşlanylypdyr we jezalandyrlypdyr.
Oraz beg öz kakasy bilen Töwrüziň eteginde Osman türkmenleriniň bu ýere ýörüş eden serkerdesi Osman paşanyň goşunlary bilen söweşipdir. Şol söweşleriň birinde Soltanaly beg wepat bolupdyr. Oraz begiň ýazmagyna görä, onuň kakasy «öz hasabyna ýaraglandyrlan we şanyň huzyryna getiren» 300 atlysy bilen Töwrüze girmek barada şazada Hemze mürzäniň buýrugyny alypdyr. Bu söweşe kakasy bilen bilelikde Oraz begiň özi hem gatnaşypdyr. Emma öňki hüjümlerde bolşy ýaly, Töwrüzi osman türkmenleriniň elinden almak üçin edilen bu synanşyk hem şowsuz tamamlanypdyr. Hüjümiň gidip duran mahaly oglunyň gözüniň alnynda Soltanaly beg wepat bolupdyr. Şundan soň baýatlaryň goşunyna serkerdelik Oraz begiň eline geçýär.
Le-Strenjiň hasaplamalaryna görä, kakasynyň wepat bolan mahaly Oraz beg 25 ýaşynda bolupdyr we ol takmynan 1560-njy ýyllar töweregi dünýä inipdir. 1586-njy ýylda Oraz beg baýatlardan düzülen goşunlar bilen şazada Hemze mürzäniň baştutanlygynda ýurdyň Töwrüzden soňky ikinji paýtagty Kazwini eýelän türkmen we tekeli taýpalarynyň gozgalaňçy emirlerine garşy ýörüşe gatnaşypdyr. Hemze mürze kakasy Muhammet Hudaýbendäniň körlügi we keselbentligi sebäpli ýurdy özi dolandyrýardy. Oraz beg ýaş Şazada wepadarlyk bilen gulluk edipdir we tä ol Genjede öldürülýänçä hemişe onuň ýanynda bolupdyr.
Hudaýbendäniň kiçi ogly Abbas Mürze 1587-nji ýylda tagta çykandan soň, ol ýedi ýarym ýylyň dowamynda 50-den gowrak ýörüşleri geçiripdir we Oraz beg olaryň aglabasyna gatnaşypdyr. 1589-njy ýylda ol şa Abbasyň şeýbanylara garşy ýeňişli Hyrat ýörüşine-de gatnaşypdyr. Şonda Oraz beg öz dosty Alyguly beg Baýat bilen birlikde Şa tarapyndan uly harby wezipä bellenilipdir. Şundan soň Oraz beg Kazwiniň üsti bilen döwletiň täze – üçünji paýtagty bolan Yspyhana gelipdir.
Oraz beg Baýatyň Yspyhanda gulluga başlan döwürleri bu ýere iňlis raýatlary bolan doganlar Şerliniň gelen wagtlaryna gabat gelýär. Bu iki dogan, aýratyn hem Antoni Şerli, türkmenleriň osmanly we sefewi döwletleriniň agzynyň alarmagynda «hyzmat görkezen» adamlar hasap edilýär. Doganlar şa Abbasa Ýewropa döwletleri bilen harby-syýasy gatnaşyklary ýola goýmagy teklip edýärler. Şa Abbas Ýewropa ýurtlaryna ugratmak maksady bilen Hüsöyünaly beg Baýatyň ýolbaşçylygynda ilçiler toparyny döredýär. Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyk açmaga özüni yrmagy başaran doganlara Sefewi hökümdary öz ilçileriniň ýanynda bolmagy we ýewropaly patyşalar bilen gepleşik geçirmäge ýardam etmekligi tabşyrýar. Şeýlelikde, A.Şerli ýanynyň bäş sany terjimeçisi we on bäş sany iňlis raýatlary bilen Hüsöýünaly beg Baýatyň ilçiler toparyna goşulýar. Şa Abbas Hüsöýünaly begiň diplomatik toparyna Germaniýa, Rime, Ispaniýa, Fransiýa, Polşa, Wenesiýa, Angliýa we Şotlandiýa, jemi sekiz sany Ýewropa döwletine barmaklyga ygtyýar edýär.
1599-njy ýylyň 9-njy iýýulynda ilçiler Yspyhandan Hazar deňziniň günorta kenarýaka ýeri bolan Gilýana tarap Kaşan-Kum-Sawe-Kazwiň ugry boýunça ýola düşýärler. Hazaryň kenarynda ilçiler ýelkenli gämä münüp, Astrahana tarap ýüzüp ugraýarlar. Awgust we sentýabr aýlarynda ilçileriň gämisi Hazaryň gomlarynyň elindäki oýunjaga öwürlipdir. Gojaman Hazaryň tolkunlary olary edil sallançakda üwrelen ýaly edipdir. Gämi birnäçe gezek gark bolmagyň bäri ýanyndan gaýdypdyr. Hatda agyp-dönüp duran tolkunlar gämini Hazaryň türkmen kenaryna - Maňňyşlaga–da çykarypdyr. Oktýabr aýynyň başlarynda ilçiler uly kynçylyklardan soň Wolganyň Hazara guýýan ýerine gelipdirler. Bu ýerden ilçiler başga bir gämä münüp, Astrahana aşýarlar.
Astrahanda olara Pirguly begiň baştutanlygynda Sefewileriň Moskwa döwletine (Orsýet) ugradylan 300 adamdan durýan uly ilçiler topary garaşýardy. Pirguly bege Hüsöýünaly begiň toparyna garaşyp, olar bilen Moskwa çenli bile gitmeklik tabşyrlypdyr. Pirguly begiň topary Orsýediň tatar patyşasy Boris Godunowyň köşgünde şa Abbasyň ilçisi hökmünde galmalydy. Astrahandan ugran ilçiler Wolga bilen ýokarlygyna Sarisiniň (Wolgagrad) we Samaranyň üsti bilen iki aýdan soň Kazana gelýärler. Kazandan aňryk derýanyň doňanlygy zerarly ilçiler gar arabalaryna münüp Çeboksaryda, Aşaky Nowgorodda, Muromda we Wladimirde düşläp, noýabr aýynyň başlarynda Moskwa gelýärler. Rus paýtagtynda türkmen ilçilerini uly dabara bilen garşylapdyrlar.
1600-nji ýylyň ýazynda Hüsöýünaly begiň topary ýola düşýär. Pirguly beg bolsa Boris Godunowyň köşgünde – Kremlde öz wezipesine girişmek bilen bu ýerde galýar. Ýolagçylar gury ýer bilen Pereýaslawla, ondanam Ýaroslawla barýarlar we gämä münüp Rybinskä çenli gidýärler. Ilçileriň indiki barmaly ýeri Bogemiýanyň Praga şäheridi. Ýöne gury ýer bilen dogry günbatarlygyna gitmegiň ýerine, ruslar Hüsöýünaly bege Arhangelske gitmekligi, şol ýerdenem Ýewropa tarap deňizde ýüzmekligi maslahat berýärler. Holmogorynyň üsti bilen Hüsöýünaly begiň topary Ak deňiziň kenaryna gelýärler. Arhangelskide syýahatçylar gaýtadan gämä münýärler we iki aýlyk ýüzüşüň kynçylyklaryndan soň alty deňziň ( Ak, Barens, Norweg, Demirgazyk we Baltika deňizleri) içinden geçip, Skandinawiýa ýarym adasynyň daşyndan aýlanyp, Elba derýasynyň deňze guýýan ýerindäki Ştade şäherine ýetýärler we kürekli gämilere münüp, soňra Emden şäherinde kenara düşýärler. Ilçileri ýewropaly hökümdarlardan ilkinji bolup Oldenburgyň gersogy Jon XIII (1577-1609) myhmansöýerlik bilen garşylaýar. Ondan soň Kassele baran türkmen ilçileri ýerli landgraf Lýuis II (1596-1626) mähirli kabul edişligine mynasyp bolýarlar. Oraz begiň german atlaryny ýoýup görkezenligi sebäpli Kasselden Praga çenli geçilen ýoly beýan etmeklik belli bir kynçylyklary döredýär. Le-Strenjiň pikirine görä, syýahatçylar Kassel-Weýmar-Galle-Leýpsig we şweýsar Saksoniýasynyň üsti bilen Elbadan ýokarlygyna ugran bolmaly. 1600-nji ýylyň güýzünde ýolagçylar German imperiýasynyň çeklerine girýärler. Pragada ilçileri imperator Rudolf II (1576-1612) uly dabara bilen garşylaýar. Pragada ýolagçylar gyşlamaga galýarlar we 1601-nji ýylda Nýurnbergiň we Ausburgyň üsti bilen Bawariýa gelýärler. Münhende bawar gersogy Wilýam II Asylly diplomatlary mähirli garşylaýar.
Bawariýadan türkmen ilçileri Wenesiýa barmak üçin günorta Italiýa tarap ugraýarlar. Mantuýada olary Gonsagyň gersogy Winçenso I (1587-1612) uly hormat bilen kabul edýär. Ilçiler soňra Oraz begiň ýazmagyna görä, Wenesiýa respublikasynyň Werona şäherine gelýärler. Şu ýerde Hüsöýünaly beg Wenesiýanyň baştutanyna kabul etmegini haýyş edip hat ugradýar. Emma Weneýiýanyň hökümdary özüniňkide osman türkmenleriniň ilçisiniň myhmançylykda bolýandygyny we özara bäsleşýän iki döwletiň ilçilerini bir wagtda kabul edip bilmejekdigini aýdyp, Soýunaly begiň toparyny kabul ýetmekden boýun gaçyrypdyr. Şundan soň ilçiler Mantuýanyn üsti bilen Florensiýa tarap gidýärler. Toskananyň beýik gersogy Ferdinand I de-Mediçi (1587-1609) aýaly bilen Pizada türkmen ilçilerini uly dabara bilen garşylaýarlar. Beýik gersog bu ýere Florensiýadan awa gelipdi.
Pizadan soň ýolagçylar Rim Papasy bilen duşuşmak uçin Siýena gelýärler. Hüsöýünaly begiň topary 1601-nji ýylyň aprel aýynda Papalygyň serhedinden geçenlerinde, Papa Kliment VIII (1592-1604) türkmenlere aýratyn kabul edilişik gurapdyr: Rime çenli olary ýörite atly bölüm ugradypdyr, Rim bolsa olary topdan atylýan solýutlar bilen garşy alypdyr. «Ýewropa entek Aziýadan şeýle köp ilçi gelenini görmändi, olar ýewropalylaryň ýüreginde öçmejek yz galdyrypdyrlar (diňe hökümdarlar üçin 32 düýe sowgat getirilipdi)»- diýip, zehinli taryhçy O. Gündogdyýew ýazýar. Ýöne, şu ýerde türkmen ilçileri bilen syýahatyň bütin dowamynda olaryň ýanynda bolan A.Şerli bilen Hüsöýünaly begiň arasy bozulýar. Hüsöýünaly beg Şerlini Papa üçin niýetlenip getirilýän ilçihana gymmatlyklarynyň ogurlanmagynda we ýok edilmeginde aýyplaýar.
1601-nji ýylyň 12-nji aprelinde Rim Papasy ilki Hüsöýunaly beg Baýaty, onuň yzyndan hem Antoni Şerlini aýratynlykda kabul edipdir. Şundan soň Oraz begiň bu syýahat baradaky ýazgylarynda Şerli we onuň iňlis ýoldaşlary barada agzalmaýar. Ilçiler Rimde iki aýlap galypdyrlar. Şu ýerde Hüsöýünaly begiň ilçiler toparyndan üç adam näbelli sebäplere görä, Watikanda galmaga isleg bildiripdirler we Rimde hemişelik galypdyrlar.
Rimden soň ilçiler Ispaniýa tarap ugraýarlar. Munuň üçin ilki gury ýer bilen Genuýa gelýýärler, soňam öz ýollaryndaky ýedinji deňiz bolan Tirren deňziniň üsti bilen Sawona barýarlar. Bu ýerden atlara münüp, Fransiýanyň günortasy bilen Awinýona ýetýärler. Awinýonda Hüsöýünaly begiň toparyny Rim papasynyň gullukçysy garşy alýar we ol ilçilere Monpele – Narbonnanyň üsti bilen Perpinýana tarap gitmäge ýardam edýär. Fransuz esgerleriniň ugratmagynda syýahatçylar Pireneý daglarynyň darajyk ýodalaryny uly kynçylyklar bilen geçip, Ispaniýanyň Barselona şäherine gelýärler. Barselonadan günbatarlygyna ugran ilçiler Saragossanyň üsti bilen syýahatyň ahyrky nokadyna, şol döwürler ispan korollarynyň kabulhanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Walýadolid şäherine ýetýärler. Türkmen ilçileri iki aýlap Ispan koroly Filipp III (1598-1621) hormatly myhmany bolupdyrlar. Hüsöýunaly beg ispan patyşasyna şa Abbasyn hatyny gowşyranyndan soň ýurduna gaýtmaga taýýarlanyp ugraýar. Öz öňünde goýan maksadyny diňe üç ýurtda – Germaniýada, Rimde we Ispaniýada ýerine ýetirip, Hüsöýunaly beg beýleki bäş döwlete syýahat etmekden el çekýär. Ýewropanyň we Russiýanyň içi bilen öňki geçilen ýoly gaýtalamagyn ýürege düşgünç we kynçylykly ejirinden sypmak maksady bilen Soýunaly beg deňiz ýoly bilen bütin Afrikanyň daşyndan aýlanyp Ormuz ýa-da Pars aýlaglarynda ýerleşýän sefewi portlarynyň birine barmagy karar edýär. Şol sebäpden hem türkmen ilçileri günbatara Atlantik ummanynyň kenaryna - Portugaliýa tarap ugraýarlar. Munuň üçin Ispaniýanyň Segowiýa, Madrid, Aranhues, Toledo, Truhilýo, Merida şäherlerinden Badahosa geçip, Portugaliýanyň içine aralaşýarlar we Lissabona barýarlar.
Bu döwürler Portugaliýa ispanlaryň golastyndady. Şu ýol geçilýän döwürde türkmen ilçileri bilen baglanyşykly bir pajygaly waka bolup geçýär. Ilçiler toparynyň agzalarynyň biri Ispaniýanyň Merida şäherinde näbelli ispan tarapyndan öldürilýär. Ýerli häkimetleriň uly aladalaryna garamazdan, ganhory tutmak başartmaýar. Bolan wakany derňemek we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy ispan korolyndan talap etmek üçin Hüsöýünaly begiň tabşyrygy boýunça Oraz beg yzyna - Walýadolide iberilýýär.
Hüsöýünaly begiň Lissabondan watanyna ugramazynyň öňüsyrasy ilçihana bilen baglanyşykly ýene-de bir ýakymsyz waka bolup geçýär: ilçiler toparynyň ýene-de üç agzasy Ispaniýada hemişelik galmaga isleg bildirýärler. Olaryň biri ilçiniň inisi Alyguly beg bolup, ony Ispan koroly ogullyga alypdyr we oňa öz adyny beripdir. Indi Alyguly begi Don Filipp diýip atlandyrýardylar. Ilçihananyň birinji kätibi Oraz begi bolsa korolyň aýaly Margarita Awstriýskaýa ogullyga alypdyr we oňa Don Huan adyny goýupdyr. Ispaniýada galmaga isleg bildiren Bunýat beg bolsa Don Diýego adyna eýe bolupdyr. Bularyn üçüsine-de korol we onuň aýaly howandarlyk edipdirler.
Bu wakalardan soň Hüsöýünaly beg 1602-nji ýylyň başlarynda ilçihananyň dördünji kätibi Hasanaly beg bilen watanyňa dolanypdyr. Gynançly ýeri, Watanyňa ugran ilçihananyň ýurduna dolanyp gelendigi barada maglumatlar saklanmandyr.
Ispaniýada galan türkmenler barada diňe Oraz begiň pajygaly ykbaly barada bolaýmasa, suwutly maglumat gelip ýetmändir. Don Huanyn ölümi bilen baglanyşykly maglumatlar, şol döwrüň meşhur ispan şahyry we dramaturgy Salas Barbadillonyň eserine giriş sözüni ýazan Emilio Kotarelonyň ýazgylarynda berilýär. Onuň ýazmagyna görä, 1605-nji ýylyň 15-nji maýynda Walýadolidede Don Huan bir ispan kazysynyň hyzmatkerleri bilen bolan uruşda öldirilipdir.
Oraz begiň – Don Huanyň ispan dilinde kitap ýazandygyny biz eýýäm belläp geçipdik. Bu kitap Don Huan heniz dirikä, 1604-nji ýylda neşir edilipdir. Belli ispan tankytçylarynyň pikirine görä, Oraz begiň eseri arassa kastil dilinde ýazylypdyr. Oraz beg bolsa Ispaniýa 1601-nji ýylyň ahyrlarynda gelipdi, şonuň üçin hem Emiliýa Katarelo «az wagtyň içinde onuň ispan dilinde kitap ýazmagy mümkin däl» diýip ýazypdyr. Şol sebäpden hem bu kitabyň ýazylyşy bilen baglanyşykly hakykaty başga bir ispan awtorynyň – Alfonso Remonyň ýazgylaryndan anyklap bilýäris. A. Remon özüniň Don Huan bilen dostlukly gatnaşyklarda bolandygyny belleýär. Ol ýewropalynyň gözi bilen seredeniňde, özüniň täze tanşynyň örän sowatly adam bolandygyny, Orta Gündogaryň geografiýasy we taryhy barada gowy düşünjesiniň bardygy üçin Don Huanyň adyna öwgüli sözleri aýydýar. Alfonso Remon Don Huanyň pars dilinde ýazylan eserini onuň bilen iki bolup ispança terjime edendiklerini we şeýlelikde kitabyň kastil dilinde ýazylmagyna özüniň kömek edendigini belleýär.
Oraz begiň ispan dilinde neşir edilen kitaby üç sany jiltden - tomdan ybarat bolup, onuň birinji jildi 13 bapdan durýar. Birinji jildiň başynda Oraz beg özüniň Ýewropa eden syýahatyna buýsanýandygyny, geçen ýoluny diňe Ýewropadan Mongoliýa syýahat eden Marko Polonyň we Ýer togalagyny ilkinji gezek geçen Magellanyň syýahaty bilen deňeşdirip boljakdygyny belleýär. Şeýle hem Oraz beg italýan alymlary Boteronyň we Minadoiniň XVI asyryň ahyrlarynda türkmenleriň Osman we Sefewi döwletleriniň taryhy we geografiýasy barada ýazan kitaplaryna-da düzediş bermegi wada edýär. Kitabyň ikinji baby Sefewi döwletiniň dürli welaýatlarynyň beýanyna bagyşlanypdyr. Oraz begiň kitabynyň III-VI baplarynda berilýän maglumatlar has hem gyzykly. Onda döwletiň gurluşy we şa Abbasyň ýurdy dolandyryşy barada gürrüň edilýär. Şeýle hem Oraz beg Sefewi türkmen döwletini emele getirýän 32 sany türkmen tire-taýpalary, olaryň serdarlary barada gymmatly maglumatlary getirýär.
Jildiň V-VII baplarynda Orta Gündogaryň gadymy taryhy barada gysgaça gürrüň berilýär, VIII-IX baplarda sasany patyşalary, X-XIII baplarda bolsa musulman döwletleri, şol sanda Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleriniň taryhy beýan edilýär.
Eseriň 12 bapdan durýan ikinji jildi dolulygyna sefewi döwletiniň dörän wagtyndan XVI asyrynyň ahyryna, haçanda Oraz beg ýurdundan çykyp, uzak syýahata ugran döwrüne çenli (1599) taryhy beýan edilýär. Bu döwurler türkmenleriň Osmanly we Sefewi döwletleriniň özara besleşikleriniň iň ýitileşen döwrüdi. Bu wakalary beýan etmek üçin Oraz beg we onuň kömekçisi eýýäm ady agzalan Minadoiniň kitabyny, şeýle hem Le-Strenjiň pikirine görä, fransuz alymy Buassardyn Osman turkmen soltanlary barada latyn dilinde ýazylan kitabyndaky maglumatlary giňişleýin peýdalanypdyr. Şeýle hem şu döwri beýan etmek üçin Oraz beg kakasy Soltanaly begiň beren köpsanly gürrüňlerini we öten asyrlaryň wakalary barada türkmenleriň dilden-dile geçip gelen hekaýatlaryny giňişleýin peýdalanypdyr. Ikinji kitabyň 1585-nji ýyldan soňky wakalarynyň beýany has hem gymmatly, sebäbi Oraz beg şundan soňky wakalaryn aglabasyny gözi bilen görüpdir we olara gatnaşypdyr.
Ikinji jildin başky dört babynda Sefewi döwletini esaslandyryjy şa Ysmaýylyň (1502-1524) we onuň ogly, döwleti elli iki ýyllap dolandyran Tahmaspyň (1524-1576) dolandyryşy barada gürrüň berilýär.
1585-nji ýylyň tomsunda osmanly goşunlary Osman patyşanyň serkerdeliginde Erzurumdan Töwrüze tarap ýörişe başlaýar. Şeýle howsalaly döwürde, Oraz begiň ýazmagyna görä, Sefewi döwletini özara oňşuksyzlyklar horlaýardy. Batyl şa Muhammet Hudaýbendäniň garşysyna toslama dildüwüşiklerde aýyplanyp, töwrüziň häkimi «uly esger» Emir han Türkmen jezalandyrylypdy. Şol sebäpden hem Töwrüzi goramagyň ýerine Türkmen we Tekeli taýpalary Osman paşanyň tarapyna geçdiler. Bu bolsa Osman paşa Nahiçewan-Hoý-Marand-Sufiýan ugurlary boýunça pesgelçiliksiz hereket edip, Töwrüzi eýelemäge mümkinçilik beripdir. Sefewi patyşasy Muhammet Hudaýbendäniň uly ogly, edenli Hemze mürze Osman paşanyň elinden Töwrüzi alyp bilmen yza çekilýär. Töwrüziň Emir han Türkmenden soňky häkimi Alyguly han hem şäheri taşlap gidýär.
Emir han Türkmen jezalandyrylandan soň Hemze mürzäniň hereketinden nägile bolan türkmenler we tekeliler Hudaýbendäniň ýetginjek ogly Tahmasp mürzäni Kazwinde şa diýlip yglan edýärler. 1586-njy ýylyň ýazynda Hemze mürze patyşany Töwrüzde galdyryp, özi Kazwinde häkimiýeti ele alan türkmenlere we tekelilere garşy ugraýar we paýtagty eýeleýär. Paýtagty eýeläp Hemze mürze şa diýlip bikanun yglan edilen inisi Tahmaspy ele salýar we ýene-de Töwrüziň etegine dolanyp gelýär. Bu ýerde ýerleşýän Osman paşa kömege Anadolydan Jygaly paşanyň serkerdeliginde türkmen goşunlarynyň ýetip gelýändigini eşidip, Hemze mürze Töwrüziň gabawuny aýyryp, yza çekilýär. Şundan soň Hudaýbände ogly Hemze mürze bilen Garabaga ugraýar. Ýöne Genjäniň golaýynda Hemze mürze özüniň satlyk sertaraşy tarapyndan öldürilýär. Bu wakalary Oraz beg öz gözleri bilen görüpdir. Şonuň üçin hem bu harasatly wakany has jikme-jik beýan edipdir. Oraz begiň ýazmagyna görä, şazada Hemze Şamly taýpasynyň serdarlarynyň dildüwüşiginiň pidasy bolupdyr. Sebäbi Şamlylar Hemze mürzäniň kiçi ýaşly ogly Ysmaýyly kör şanyň orunbasary goýmagy we onuň arkasyndan döwleti dolandyrmagy maksat edinýärdiler. Emma garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykyp, sefewileriň Kazwindäki şa tagtyna Hudaýbendäniň kiçi ogly Abbas mürze eýe bolýar.
Sefewi döwletiniň ýagdaýy gozgynydy: ýurduň günbataryndaky giden ýerleri osmanly türkmenler eýeläpdi, demirgazyk-günbataryndaky ýerlere bolsa şeýbanylaryň çözmak howpy abanýardy. Ýurduň köp ýerlerini gozgalanlar gurşap alypdy. Şa Abbas osmanly hökümdary soltan Myrat III Häzirbegjany Töwrüz bilen birlikde bermek bilen kemsidiji şertnama gol çekmäge mejbur bolýar. Ýöne emele gelen ýagdaý Abbasa Gilýandaky, Lurstandaky we Mazendarandaky topalanlary basyp ýatyrmaga mümkinçilik berýär. Soňra ol Hyradyň eteginde Horasany eýelän buharaly goşunlary hem derbi-dagyn edýär. Oraz begiň ikinji kitaby şa Abbasyň paýtagty Kazwinden Yspyhana göçürmegi bilen tamalanýar. Awtoryň üçinji kitabynyň mazmunyny bolsa, onuň Ýewropa eden syýahatynda beýan edipdik. Oraz begiň kitabyna Ýewropada uly gyzyklanma bildirilipdir. Şonuň üçin hem Le-Strenj 1929-njy ýylda onuň eserini Londonda iňlis dilinde neşir edipdir. Oraz beg Baýatyň kitabynyň ylmy ähmiýeti göz öňünde tutulyp, Le-Strenjiň iňlisçe neşiri 1959-njy ýylda Tähranda pars dilinde hem çap edilipdir.
Umuman aýdanynda, Oraz beg – Don Huan taryhçy, diplomat we görnükli şahsyýet hökmünde türkmen taryhynda uly yz galdyrypdyr.
JUMADURDY ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar