23:32 Ýedi müñ çakrym: Ädikçi bilen atbakar | |
"Çyn bedew bilen ýagşy adama näçe baha berseňem utulmarsyñ." "Kowusnama" ÄDIKÇI BILEN ATBAKAR - Sen näme, aklyňdan azaşdyñmy? Üçýaşar atyň gyzyl bazardaky bahasy on bäş-ýigrimi talerden* geçmeýärkä dagynym, müň talere-de bir at alnarmy?! - Dokuz-on ýyllykda general Domgardyň öz üçýaşaryny ýüz talere satanynam eşitdik-le... Atbakaryň getirýän gowşajyk delili ädikçini hasam öjükdirdi: - Müň taleriň näçeräk agramynyň bardygyny bir bilýärmiň, batrak? Munça pula gylýallaryň bütin sürüsini satyn alyp bolýar... Tutuş sürini! - Goýber-haw, ýakamy. Satyn alsyn - mugt alsyn, jübime agram salýan ýeri yok. Menem öz eşidenimi aýdýan: ol aty getirmäge Wena ugradylan at lukmany Ammon bedewiň agsaýanyny görüp, söwdalaşman gaýtmakçam eken. Ýöne graf hökman alaýmaly diýenmişin. Ädikçi kakyp oturan nalynam soňuna çenli çüýlemän, eýýäm nal kakylan taýy bilen jüpläp, gürrüňdeşiniň öňüne oklap goýberdi: - Äl, sen-ä bejerdiň-ow. Müň talerlik at, üstesine, agsaýarammy? Bar-bar, bu samahyllyňy heleýiñe gürrüň ber! - Bu näme etdigiň boldy? Bir taýyna nal kakyp, beýleki taýyny gyra taşlaýdyň-la - diýen atbakar ör-gökden geldi. - Men saña eýýäm puluny töledim, onsoňam ädik bejermek seniň borjuň ahyryn. - Meň borjumy ýatladar ýaly ussaçylyga ygtyýarnamany sen beren dälsiň - diýip, ädikçem ters tarapa tutdurdy. - Ynha-ra puluň, hanha-da seniň hojaýynyň! Müň talere at alýança, batragyna bir jübüt ädik alyp bersin! Daş düşelen köçä pytrap giden şaýylyklaryna seredip doňup galan atbakar haraý isläp, töweregine garanjaklady. Köçäniň gatnawy hemişeki ýaly ýetik bolsa-da, dawagärleri aralaşdyrmaga hyýallanýan yokdy. Olaryň sene-menesine aýak çekip, gyzyklananam tapylmady. Obadan gelen sada atbakar zyňylan ädigini geýip, pytrap ýatan puluny çöpledi. Düşünişerin diýen tamany bireýýäm tala dañan atbakar ädikçä ajysyny pürkdi: - Halalja gazanjymy ýere zyňsaň-a Hudaýyňdan taparsyň... - Barsana-aýt, ugra şu ýerden. Seň ýaly warsaky urup ýöreninem Hudaýy bolarmy?! - diýip, ädikçi jabjyndy-da, geçip barýanlaryň ünsüni çekmek isleýän terzde çasly sesi bilen gygyrmaga durdy. Hanymlar we jenaplar, ädikçiniňkide aýak çekiň. Arassalaýan, tikýän, nallaýan! Ä-ädikçä geliň-ň, ädikçä-ä! Atbakar ösgün saçyny kellesindäki üçburç papagynyň içine ýygnaşdyryp, gyzyl reňkli harby eşigini düzedişdirip, biraz eglendi. Soň elindaki şaýylyklaryny ikä böldi-de, ýaryragyny jübüsinde gizledi. Galanyny bolsa, ädikçiniň öz edişi ýaly, oturanyň önüne pytradyp goýberdi. Içini sowatdym edibem, öz ýoly bilen boldy. Garasöýmez paýtagtlylardan mazaly göwni galan atbakar bolan waka barada içini hümledip barşyna, özünde jinnek ýalam günä tapmady: "Bu nähili beýle bolýar-aý? Öz-ä ilki kärimi, soň näme täzeligiň bardygyny soraýar. Aýdanlaryma-da ynanasy gelenok. Aý, jähennemine gitsin-le, kim onuň melamatly gepini çekjek!? Athana bir baraýyn, baş nal kakyjynyň özem çüýläp bersin ikinji taýyny". Ýönekeýje alman maşgalasyndan bolan Bernd juda sada ýigitdi. Ol öz güzerany bilen gydyrdanyp ýörşüne, hojaýynynyň ýa-da onuň hojaýyny bolan grafyñ näme etsem-goýsamynyň barlygy bilen gyzyklanybam görmändi. Bilenjesini aýdardy, tabşyrylanyny ederdi. Gün-güzeranyndan başga zat bilen asla işi bolmazdy. Hak-heşdegi wagtynda tölense, aýaly iñirdemez ýaly baş çagasynyň eşigini bitin saklap, garynjyklaryny doýrup bilse bes, özge zady ünji edinmezdi. Athana getirilýän atlaryň näçe talere satyn alynýanyndanam, grafyň soňky gelen atyň aslyny yzarlap, uzak-uzak ülkelere aňtawçy iberýänindenem, ol aty özi ýaly atbakaryň müňüsinden eý görýänindenem habarsyzdy. Bernd üçin ýagty jahanda parhly zat ýagşyzadalaryň galdyran on parzyny bozman ýaşamakdy: Biribaryň ýekedigini inkär etme; Ýaradanyň adyny tutaryk tutunma; kyýamat-magşar gününi ýatlap gez; ene-ataña sarpa goý; ganhor bolma; haram-orramsylykdan daşda dur; ogurlyk etme; ýakynlaryň garşysyna ýalan güwäni dilinden sypdyrma; kesekiniň jaýyna şärik bolma; özge-ýadyň aýalyna, guluna, mal-mülküne göz gyzdyrma. Ýigidiň çagalykdan gulagyna guýlany şudy. Şol öwütlere uyup ýörşüne-de, özüniň horaşaja güzeranyndan müňdebir razydy. Bol- telki durmuşa ymtylmasam, güni ýeňil aýlanýana göriplik etmesem ýokdy. Beýleki adamlaryň näme iýip-içýäni, nämeden dem alýany düýbünden gyzyklandyranokdy. Ýöne bu günki waka hiç kimden hiç zady kine etmeýän Berndiň gaharyny ýetjek derejesine ýetirdi. Özüni bileni bäri garynjany ynjytmadyk ýigit sesine bat berip, ýediýat bendesiniň üstüne azgyryldy. Onda-da Hudanyň Zemin üstünde ýöreýän möhri hasaplanýan puly ýere seçdi. Polady ýumşak ýigidiň birdenkä gazaba münmesine öz gepine ynamsyzlyk edilmegi sebäp boldy. Onuň aýdan sözüne dogduk obasynda-da, häzirki mekan tutunan athanasynda-da müňkürlik eden kişi bolmandy. Indi, gel-gel, haýsydyr bir ädikçi onuň üstünden güläýmelimi?! Şu çaka çenli din baradaky jedellere goşulmadyk ýigit ädikçiniň haýsy dine uýýanlygyny çaklady. "Egin-eşigine seretseň-ä, ýahudy diýer ýaly däl. Belki katolikdir? ...Aý, kim bolanynda näme diýsene? Halalhon adamyň gepini inkär edýän kişi barypýatan hudaýsyzyň biridir!" Daýanykly göwresine görä däl, çagaka-da dawa-jenjeliň gyrasynda görünmedik Bernd ömründe ilkinji gezek gürrüňdeşiniň uýýan dini-ygtykady barada oýlandy. Ýogsam ol şu ýaşyna çenli kimiň dini berk tutup, kimiň il gözüne takwasyraýşy bilen gyzyklanmandy. Haýsy diniň dürslügi baradaky barlyşyksyz jedellere-hä asla-da gulak gabartmandy. Berndiň çagaka gatnan ybadathanasynda berilýän bilim diñe dini aýdymlary aýtmak bilen çäklenerdi. Muňa garamazdan, töwerekdäki obalardan ýygnanan oglanjyklaryň arasynda wagtal-wagtal jygba-jyg jedellerem dörärdi. Biri-birine per bererli däl taraplaryň her biri jedele goşulmaýan Berndi öz hatarlaryna çekjekdendi. Deň-duşlarynyň özüni sähne saýmasyna-da dişini gysyp çydan Bernd ahyrsoňy ýarylardy. Onsoň-a öte geçiberen jedelem dessine ýatardy, çünki bitgin göwreli, tokarja oglanjygyň garşydaş tarapa ýykgyn edenini isleýän tapylmazdy. Çagaka-da, jahyl çykanda-da Berndiň sözüne galat diýilmändi. Onuň irimçik, daýanykly göwresi, sadalaç ýüzi ömründe ilkinji gezek sataşan adamlarynam özüne imrindirerdi. Onsoň haýsydyr bir ädikçinin müňkürligi näme diýsene?! ...Ýeňsesini tüňňerdip, içinden hälki ädikçä henizem hüňürdäp barýan Bernd çatryga ýetip säginmeli boldy. Onuň ýoluny özüniňki ýaly üçburç papakly harbylar kesip geçdiler. Nyzam bilen ýöreýän esgerler sesleriniň ýetdiginden aýdyma zowladyp barýardylar. Bu aýdym Berndiň beletje aýdymydy. Ony obadaky daýhanlaram, gününi dolamak üçin talabançylyga çykan oglanlaram aýdardy: - ...Ýumşuň-ha bitdi, hojaýyn, Nyrhynam töläýseň şu wagt. Daña çen durmaga taýyn, Nesýä goýman, üzlüş nagt. Garaşýandyr gelinbaýym Öýe eltjek düwünçegme. Ýetirsem sowgat-serpaýyn Ýaranyp bor göwünjigne... Gazanç-güzeran baradaky aýdymy eşiden atbakar birdenkä sakga durup, ädikçiniň aýdanyny serinde aýlady: "Be-eýt, bir ata şunça puly harçlamak nämä gerek boldukan? Ýigrimi talerlik atlar bilen oňňut edip bolmaýarmykan? Ýa ol atyň ganaty barmykan? Athana baran dessime müň talerlik şol aty menem bir göreýin-le". Bernd müň taleri gazanmak üçin ýyllarboýy azap çekmeli boljagyny göz öňüne getirensoň, öz hojaýynynyň şonça puly emgenmän çykaryp bilşine haýran galyp, birsellem agzyny öweldip durdy. Deňinden häli-haçan ötüp giden esgerleriň pyýada goşuna degişlidigini göterýän ýaragyndan, egin-eşiginiň reňkindendir biçüwindenem aňybermelidi. Atbakar gözden ýitip barýan harbylaryň yzyndan garap durşuna: "Bularyň ädigini kim nallap berýärkä?" diýip oýlandy. _____________________________ *Taler - XVI asyrdan başlap, ilki Çehiýada, soñra Germaniýada, Skandinawiýa ýurtlarynda, Gollandlarda we Italiýada zikgelenen kümüş pul birligi 1907-nji ýylda dolanyşykdan aýryldy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |