18:14 Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk | |
"Kitap okan gullar manydan dokdur." Magtymguly Pyragy SOWGATLYK Dükana gelen ýewropalylaryň sowgat beren kitabyny näme etjegini bilmedik Sähet Resul hajynyň tizrāk gaýdyp gelerini diledi. Nätanyş elipbiýde ýazylan kitaby saýry dine uýýanlaryň berenini eşiden Salyh-a ony eline alyp görmekdenem boýun gaçyrdy: "Gäwürleň kitabyny ellemegem haramdyr." Gurtmyradyň beren maslahatyny bolsa haýsy ugra çekseň çekibermelidi: - Soramadyňmy ol meslekdeşinden, "Gäwürleň zikgelän puluny almak mekru dälmi?" diýip. Aý, bolýar-laý, göwni galmasyn diýseň, zyňyp goýbererler şol kitaby. Barybir, sen ony nämäňe ýaratjak? Okap bilmese-de, zyňmaga dözmedik Sähet owadan jiltli kitaby bir gyra aýryp goýdy. "Wah, şu wagt Çaryýar molla bolsady" diýen pikiri serinde aýlan Sähet okumyş obadaşynyň agras keşbini göz öňüne getirdi. Ýaş-ýeleňler onuň gapysyndan, hamala, ýarak itli howla girýän ýaly çekine-çekine barsalar, oba aýallary oňa ylym uran diýerdiler. Sähediň kakasy bolsa "Çaryýar haja düşünmek üçin, iň bolmanda, onuň okan kitaplarynyň ýarysyny dörüp, derwüş-sopy bolup selpän ýurtlarynyň bäşden birini görmeli" diýerdi. Çaryýar molla "Ayat-tebärek okanyňda bir gysym pamykdan, bir düwür gantdan artyk aklyk almak külli günädir" diýip, käýarym alymsagrak işan-mollalaryň göwnüne degmegi eşekden palan alança-da görmezdi. Mehiniň gönümel mollasy bilen Resul hajynyň arasyndaky meňzeşlik barada oýlanan ýigit dükanyň eýesi gaýdyp gelinçä, sowgat berlen kitaby hiç kime görkezmezligi ýüregine düwdi. Medresede berilýän dersleriň çygry giňdi. Müritleriň okadylýan sapaklary özleşdirişini barlamak üçin ýygy-ýygydan synaglar guralýardy. Müderrisleriň häli-şindi geçirýän sorag-jogaplary göräýmäge ýönekeýdi. Emma haýsy haýwanyň guýynyň suwuny harama çykaryp bilýändigi, doňuz ýaly haram malyň tüýüni nirede ulananyňda günä saýylmaýandygy ýaly ýönekeýje sowallara anyk jogap bermek üçin yslam ylmyhalynda yz goýan ymam-ulamalaryň eserlerini birin-birin waraklap çykmalydy. Ylahyýet derslerinden daşgary hasap, ýyldyzşynaslyk we geografiýa boýunça berilýän sapaklary ýarym salkynda özleşdirip yetişmeýän Sähet gijelerine-de okardy. Okadygyça-da, alan bilimini kemter görerdi. Ol diňe Gündogaryň beýik ulamalarynyň eserleri bilen oňaýman, günbatarly akyldarlaryň işlerini asyl nusgada okamagy, olaryň dürdäne paýhasyna akyl ýetirmegi arzuwlardy. Emma saýry dinlileriň dilini öwrenmek niýetini medresäniň ulamalary unar öýtmedi. Hajy aganyň ganatynyň astyndaka towugyna "tok" diýilmejegine gözi ýetse-de, Sähet tagaşyksyz soraglary bilen müfti-müderrisleriň başyny agyrdyp ýörmegi gelşiksiz saýdy. ...Hepdeler hatar-hatar geçip, pasyllar nobatyny çalşyp durdy. Şam ilinde welin göze ilýän özgerme ýokdy. Asyr aýlansa-da, durkuny üýtgetjege meňzemeýän Damask şäheri Gurtmyrat ýaly seri howalały yigitler üçin däl-de, dürli dine uýýan zyýaratçylar üçin gurlana meňzeýärdi. Şoňa görä-de, Gurtmyradyň göreşe imrikmesine Sähet birbada iki bolup bilmedi. Emma onuň begenji uzaga çekmedi. Ürç edip, toya gatnaýan Gurtmyrat türkmen pälwany" diýip, adygyp ugrady. Soňky döwürler-ä ol bil tutuşmagy gazanç çeşmesine öwürdi. Göreşe çykyp, baýraksyz galmady. Ol ýagyrnysy ýere degmedik pälwanlaryň orta oklan guşagyny göterip, göreş meydançasyna emgenmän çykardy. Her gezegem Reýhan Arap ýaly mähnet garşydaşyny ýere pylçap urardy. Märekäň şowhuny joşardy, Sähediňem üstündan dag aýrylana dönerdi. Ýöne şonda-da, Sähet dostuna şikes ýeterinden howatyrlandy. Gelmişek pälwana dişini gyjaýanlaryň sanynyň günsaýyn artyşyny görüp, ynjalykdan gaędy. Yňdarma dostuny göreşden el çekdirmegiň alajyny gözledi. Resul hajynyň Damaska dolanyp gelenini eşiden Sähet dükanyny yoldaşyna tabşyryp, tatar ýaşulusynyň öýüne ugrady. Sähediň gyssanmaç görüşmekçi bolşuna biraz geňirgenendigi öý eýesiniň ýüz-gözündenem bellidi. Ýöne ol syr bildirmän, hödür-kerem edip, ýigidiň çybanyny ýararyna garaşdy. Habar soralaryna garaşýan Sähet bolsa öý eýesi otursa-oturyp, tursa-turup, namaza çagyrsa bile eglip- galdy. Hajy aganyň dükanyň söwdasy barada soranyny, gezen-gören ýerleriniň hal-ýagdaýy baradaky gürrüňini hasaba almasaň, sabyr synagyna çalym edýän bu dymyşlyk ir ertirden agşam namazyna çenli dowam etdi. Yigidiň ýüregine agram salyp duran habaryny soraman, mundan artyk kösäp oturmaga dözmedik ýaşuly ahyryn onuň habaryny aldy. - Kitaply meseläň-ä, enşalla, ertir dükanda çözlüşeris. Sen bu gün bizde bolarsyň, ertir irdenjigem şu ýerden bile ýöräbereris... Pälwan dostuň barada bolsa oýlanyşyp görmeli. Belki... Ertesi irden dükanyň bosagasyndan girenlerinde, Sähet iň buky ýerde ýygşyrylgy, daşy saram-saram kitaby ogrynça çykarandyryn öýtse-de, onuň hereketleri gyýtak gözleriň ýiti nazaryndan sypmady. Sowgatlyk kitaby eline alan Resul aga onuň gatyny açjagam bolman: - Hä-ä, bu-la "Kodeks kumanikus" eken, "Adamkärçiligiň kanuny" bolýar - diýdi. Kitabyň ýedi asyr mundan ozal türkmençeden latyn diline terjime edilenini eşiden Sähediň gözleri uçganaklap ugrady. Şol gün tatar ýaşulusy yzyny diňlemäge howlugyp, owsunyp oturan ýigide köp zatlary gürrüň berdi. Keramatly kitaplaryň dördünjisini - Hakyň Kelamyny kabul eden Muhammet Resululla alymlara gol ýapypdyr. Musulman dünýäsinde ylmyň ösüşi, yslam dinine uýýanlaryň hatarynyň barha artyp, örüsiniň giňelip gidip oturşy ýewropaly isaýylary basga goýupdyr. Haçly ýörişlerden soň täze diniň ýaýramagynyň öňünde ýarag-güýç bilen durup bolmajagyna göz ýetiren ruhanylar başgarak bir çäräniň kül-külüne çykypdyrlar. Ahyrynam musulmanlaryň ötgür ýaragyny ylmyny elinden almaly diýen aýgyda gelipdirler. Ine, onsoň Rimiň kürsüsine gol ýapýan katolik yurtlaryň ruhanylary mal-mülk toplap, musulman alymlaryň eserlerini satyn almaga başlapdyr. Ol kitaplar, golýazmalar Ispaniýada latyn diline terjime edilipdir. Günbataryň häzirki ýeten derejesem, sarsmaz kuwwatam yslam dünýäsiniň pähim-paýhasynyň miwesi bolupdyr. - Ine, oglum, türkmenleriň "Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli - müňüni" diýen nakylynyň manysam şundadyr - diýip, Resul hajy sözüne dyngy berdi. Gürrüňdeşini öwrenýän terzde synlap, esli oturansoň, ýene-de sözüni dowam etdirdi: - Pygamberimiz hezreti Muhammet Aleýhyssalam iki ýagdaýda ogurlygy haram saýmandyr. Birinjisi, ajyndan öljege kişi malyndan ejazasyz iýdirmek. Ikinjisi, diläniňde-de berilmedik kitaby okamak üçin ogurlamak. Allanyň resuly öz ymmatyna bilim almagy, ylym öwrenmegi buýrupdyr. Şonuň üçinem saýry dinliniň nätanyş dilde ýazan eserini okamak hem günä däldir. Göreşe çykanyňda garşydaşyň haýsy emeli ulanýandygyny bilmeseň, ýeňip bolmaz. "Ýoldaşyň kimdiğini tanap-bilip durkaň, gumalak oklap, pal atmagyň hajaty barmy? Bu okumyş goja üçin seniň etjek ähli göçümiň aýnada gören ýaly aýan dälmi diýsene?" Sähet dilini gijedip duran sowalynam bermän, tatar ýaşulusyny ýene bir yola synap görmegi niyetine düwdi. Edil ýaňyja-da sorag üstüne sorag ýagdyrmaga taýyn ýigidiň birdenkä hyýalyny üýtgedenini dessine duýan ýaşuly gürrüňiň hörpüni başga ugra söwda-satyga, dükanyň ýöredilişine syrykdyrdy. Şol barmana Salyham geldi. Hojaýyn bilen salamlaşyp, iberen däri-dermany üçin atasynyň taňryýalkasynyny gowşuryp, dessine çaýyň ugruna çykdy. Haýdap kitap tekjeleriniň arasyndaky darajyk geçelgeler bilen iki-baka at salyp ýörşüne-de ýetişibildiginden öz öýleri, atasynyň demgysmadan gutulyp, tut ýaly sagalyp gidiberişi, bütin maşgalasynyň hajy agany alkyşlap, her töwirde ýatlaýandygyny gür berýärdi. Arap ýigidi yoldaşynam şeýle bir taryplady welin, çagajykka enesi pahyrdan eşiden öwgülerinden soň häzirki ýaly arşa çykarylyp görmedik Sähediň ýüzi lap-lap gyzdy. Agşam namazyna çenli dükanda galan Resul hajy oglanlar bilen hoşlaşyp, işigiň agzyna baranynda bir zatlar ýadyna düşen ýaly sägindi. Esli wagt böwrüne diň salyp duransoň yzyna öwrülip, Sähede ýüzlendi: - Bardy-geldi latynça öwrenmek niýetiň bar bolsa, ýazyp-pozmany gyzym Aýşe-de öwredip biler. Hojaýyn dükandan çykyp gidensoň, Sähet ýanyndaky arap ýigidiniň: "Hajy aga halatly, boljak zatlary öňünden aňýar" diyenine ynanyp ugrady. Yaňky eşideni onuň hälki bersem diýen sowalynyň nagt jogabydy. ...Nätanyş elipbiýi öwrenmäge hernäçe hyýallansa-da, Sähediň bu höwesi gury hyýallygyna galýardy. Tatar ýaşulusy bilen gürrüňdeşlikden soň bir aý çemesi geçse-de, dükana gelýän ýewropalam, maslahat sorara başga bir adamam ýokdy. Halypaň gyzy bolanda-da, göze görnen gyz maşgalanyň ýanynda keserip, hat-sowat öwrenmek ymmata sygjak zat däldi. Onsoň oňa içiňi byjykladyp gezibermek galýardy. Şeýle günleriň birinde Gurtmyrat bir yerlerden zompa çykyp, dostuny bagyrtlap gujaklady. Sähet onuň haýsydyr bir täzeligi aýtjak bolup, ýöne haýsy uçdan tutjagyny bilmän kösenişini nämä ýorjagyny bilmedi. Ýene göreşe başlandyr diýseň, öýle namazyny bileje okanlary bäri bil tutluşara heniz salymam geçmändir. - Goýber-how, näme, bilimi oňurmak niýetiň barmy? Beýle begener ýaly, näme, ogul jigiň boldumy ýa-da Hydyr atany gördüňmi? - Hä-äk, bilmediň! Gaty bärden gaýtdyň! Sähet erni-ernine ýetmeýän, diriň-diriň bökübererli görünýän dostuna gatyrgandy: - Aý, sen-ä bir sähne, barypýatan Mejnun ekeniň. - Ine! Ine, ahyryn üstünden bardyň. Men, dogrudanam, Mejnun, Leýlisini - gökden inen melegini gören Mejnun! - Eý, pekgäň biri pekge-e! Leýli hüýr-melegem däl, asmandanam inmedik. Ol bir horaşaja, çepiksije gyz bolan. Özem diňe Mejnunyň gözüne peri-peýker bolup görner eken... Aý, ýok-la, sen zor ekeniň. Ýüzi nikap-perdeli gyzlaryň jemalyny görüp, içinden gözelini saýlap bilen bolsaň, seni juda zor gördük. Tüweleme, Mejnundanam, Seýpelmelekdenem ozdurypsyň!... Aýtjagyny aýdyp, işine gümra boluberen Sähediň öz şatlyk-begenjini paýlaşmaýanyna öýkelän Gurtmyrat göwresini dükanyň töründäki düşege goýberdi. Tirseklerini dyzyna diräp, iki elini maňlaýyna tutdy. Sähet birhaýukdan hum çäýnege çaý demläp geldi. Yşk heserine uçran dostunyň öňünde käse bilen kişde-kişmişli mejimäni goýup, gapdalynda dyz epdi. Gurtmyrat bu gün ol gyzyň ýeňňesi bilen şaý-sep dükanyna gelişi, aýnanyň öňüne geçip, ysyrga-bilezikleri özüne deňäp görşi, aňkaryp galan dükança hojaýynyň gyzydygyny tanadyşy barada üzlem-saplam gürrüň berdi. Sähet Resul agalaryň öýüne ýatymlyk baran günündäki gürrüňi ýatlap, dükana bu günki gezelenjiň tötänlikdigine gaty bir ynanasy gelmedi. Ol Resul aganyň gelen netijesini oňlady: kakabaşrak bolsa-da, Gurtmyrat maşgala ynjytjak ýigit däl. Sähet yoldaşynyň ene-atasynyň öz ogullarynyň dolanyp gelerine garaşyp durman, göz astyndan eýýäm gelinlik gözläp ýörenligini bilýärdi. Ogullary ýetişip ugransoň birde oýunlyga salyp, birde çynyrgadyp, gelinlik gözlemäge wagt ýetendigini ýatlatmak eneleriň edähedidi. Şeýle gylyk Sähediň ejesi Sadap daýzada hem bardy. Ol murty tabap ugran uçurlary ýazlaga çykyşyny, aladaçyl käbesiniň yzlaryndan baryp gaýdyşyny ýatlap ýylgyrdy... | |
|
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |