13:56 Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala | |
"Geňeşli biçilen don gysga bolmaz." Atalar sözi. • GEŇEŞDEN ÖŇKI SALA Annanur serdaryň howlusynda gazan ataryldy. Gelim-gidimem barha artdy. Muňa garamazdan, bu günki dabaranyň şatlyk-şagalaňy adatdakylardan kemterlik etdi. Myhmanlary toý-tomgudaky ýaly oglan-uşaklaryň şowhuny, gyz-gelinleriň gülküsi, bagşy-sazandalaryň owazy dal-de, sussuňy basyjy agraslyk bilen saglyk-amanlyk soraşýan märeke garşylady. Adamlar giň howlynyň içindäki erik agaçlarynyň saýasynda kölegeläp, şorsuwdan doýansoňlar, çaý başynyň mesawy gürrüňine güýmendiler. Bu gün gädikden bärik ätleýänem, epeý-epeý görşüp garşy alýanam diňe erkek göbeklilerdi. Aňyrdan bäşden-ondan gelýän toparlaryň ýaşulusy oturan mähellä salam berýärdi. Köpüň içinden käbirleri bilen has uzagrak saglyk-amanlyk soraşandan soň, äwmezlik bilen öý eýesiniň öňi eýwanly, depesi gümmezli tamyna ugraýardy. Yzyndakylar aýak çekip, özlerine saýalyrak ýeri göz astyna alyp, önden oturanlara goşulyşýardylar. Aňyrdan gelşine badyny gowşatman aksakallaryň oturan tamyna ýüzlenenleriň içinde orta ýaşlylary baram bolsa, olar köpüň ykrar eden işan-ahuny ýa yzyna atly tirkemegi başaran serkerdesidi. Ile görkezen hyzmatyň bolmasa, aksakallaryň tamyna beýle arkaýyn ýöneläýmek mümkin däldi. Annanur serdar garaşylýan adamlaryň başynyň tükelligine göz ýetiren bolara çemeli, gapynyň bosagasynda duran ýigide howludakylaram eýwana çagyrmagy buýurdy. Daşarda hereketiň kesilendiginden myhmanlaryň ählisiniň ýerleşendigini çenlän öý eýesi ardynjyrap, söze başlady: - Biziň şu günki tarakgamyz, adamlar, geljek annada Durunda geçjek geňeş bilen bagly. Durun galasyndaky maslahata tutuş Arkaçdan ýaşulular gatnaşjak. Gökdepe-Änewe, Bamy-Börmä, dag obalaryna, gumdakylara-da çapar iberildi... Tutumyň uludygyny eşiden märekede hyşy-wyşy artdy. Serdar oturanlary köşeşdirdi: - Adamlar, dowula düşere zat ýok. Dökülip barýan ýagam görnenok, malyňy saýpallap barýan keselçiligem ýetip gelenok. Hudaýa şükür, bu ýyl Burkut ata-da ekin-dikine garaşyk etdi, kemini goýmady. Aýalarynda guş yumurtgalabermeli irimçik süňkli, segseni ýakalaberse-de süňňüne emrini ýöredýän serdar sözüne dyngy berdi. Ol äwmezlik bilen çaýyny agdaryp, gapdalyndaky kethudalara "Hawa, haýsyňyz dowam etmekçi?" diýen terzde nazar aýlady. Edil ýaňy howludakylar içeri çagyrylmazynyň öňüsyrasy gulaklaryna degen habary saldarlap oturan kethudalaryň hiç biri-de oý-pikirini çugdamlap ýetişmändi. Şol sebäplem söze başlamaga ilgezik tapylmady. Ara düşen böwşeňligi ýene-de serdaryň özi bozmaly boldy: - Diýmekdäninim, ýurtda imi-salalyk. Emma Magtymguly şahyryň "Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun" diýşi ýaly, bu asudalygy ýeneki ýyllara saklamak üçin şu günden nejatymyza garamaly. Öý eýesi aýdanynyň oturanlara ýetiren täsirini biljek bolýan ýaly töweregine garanjaklady. Märekeden ses-seda çykmansoň, uçan siňegin sesem eşidiljege meñzedi. Ýygnananlar serdaryň anyk bir zat pyşgyraryna garaşdy. Adamlar edil dilleşen ýaly ses-sedasyz, ýer dyrmaşyp otyrdy. Arasynda ýaşy orta çene baraňkyrlan, özüne juda göwni ýetik bir pyýada oturan ýerinde gobsunjyrady. Ol il içinde Bäşim Ýalmawuz lakamy bilen bellidi. Onuň häzirki geňeşden nägileligi ýüz-gözündenem bildirip durdy. Sebabini gözläbem uzaga gitmeli däldi. Üç aýalyndan yeke ogly bolup, galanlary zybrym gyz bolansoň, suw paýlanyşygynda az hak düşüpdi. Özüni kemsidilen hasaplaýan Bäşim Buhara emiriniň çakylygyna imrinip, tiresi bilen gaýra ýüze göçüp gidermendi. Emma agalaryna öz hyýaly barada dil ýaranda, ony it alan sanaja dönderdiler: "Hudaýyň bereni bilen oňmaýan bihepbe diýerler saňa. Näme kemiň bar? Ogul ýerinde ogluń, gyz ýerinde gyzyň bar. Agalaryň daşyňy gallaşyp dur, malyň-mülküň ýerinde. Düzel, ile goşul" diýdiler. Ol şonda agalaryndan öýkeläp: "Men gözdençykgynç näme edipdirin, täzeden ile goşular ýaly" diýensoň-a, has beterrägini eşitdi. - Sen, han ogul, at oýnadan bolma. Maýa ýaly gelniň barka, atyň arkasyna atyp, on bäş ýaşly naçary getirdiň. Bize-de sala salman, nika gyýdyrdyň. Ýyl aşmanka ýene bir gyrnagy heleý edip aldyň. - Ekläp-saklap bilene şerigat dördüsini almaga rugsat berýär-ä. - Şerigatda başdaş aýalyň rugsadyny almalydygam aýdylandyr, ak süýt beren enesiniň raýyny ýykmaly däldigem. Sen şolaryň haýsysyny etdiň? Onsoňam, din-şerigat diýen bolup, başymyzy aýlajak bolma-da, il-günüň sygdyrjak işini et. Ýogsamam... Emma aýdylan-goýlan gürrüňler Bäşimi aklyna aýlamady. Ol şo-ol öňki kakabaşlygyna galdy. "Pis-pisi tapar, suw pesi" diýleni. Yzyna özi tetellileri tirkäp, agalaryndan ýaşyryn kerwen garawullady, ýol urdy. Muny eşiden agalary juda bekine tutansoň, sadaka berip, takwa boldy, mysapyrsyrady. Ýöne häsiýetini welin üýtgetmedi. Halkam oňa beren lakamyny öňküligine galdyrdy. Bäşim Ýalmawuzyň ilden öňürti gürlemäge çekinse-de, dymyp oturybam bilmejegini gören Setdarguly aga oňa söz gatdy: - Inim, ýüregiňde näme bolsa çykaryber. Muña geňeş diýerler. Her kim göwnündäkini aýdar. - Agalar, dogrusy, men-ä bu geňeşde has döwletliräk meseläň maslahaty edilerine garaşdym diýip, Bäşim Ýalmawuz bir gözüni uly agasyndan aýyrman, çekinjeňlik bilen söze başlady. Agasynyň ýüzünde hiç bir alamat görmänsoň biraz ekezlendi, bogazyny arçaýan terzde ardynjyrady. Ähem-ühüm, otüki neme... Görnüp duran apat yok bolsa, tupan turjagy, boran sowurjagy belli bolmasa, nämä garşy taýynlyk görjegimizem aýan däl. Onsoňam, şu güne çen ýagydan gaçan adam däl-ä bu türkmen. Goý, gelsinler, başyny gutaryp bilse... Suw görmän tamman çykarma nämä gerek? Çözjek bolsak, ine, has wajybrak mesele-de gyt däl... Tüweleme, obada yumruk sany artyp gidip otyr. Yabyň suwy bolsa, kemelmese artaýanok. Üç oba bolup bir ýaba göz dikip oturanyňdan, sünçe-mürçelileriň edişi ýaly ýene bir käriz gazynaýsak, ählimize-de bähbitli bolardy. Etegindäki daşy döküp ýüki ýeňlän Bäşim uludan demini aldy. Köpçüligiň öz pikirini goldaryna garaşdy. Emma hiç kim "Rast aýdýar", "Bäşimiň aýdýanam biçem däl-haw" diýmedi. Gaýtam oturanlaryň içinde ogrynça seňrigini ýygranam tapyldy. - Inim, bu aýdanyňy menem goldaýan. Kärizli meselänem çözmelidir-le welin, ýöne... - diýen Nepes mirap Bäşime goltgy beren ýeke-täk adam boldy. - Ýöne, ine, serdar näme geňeşiň bardygyny aýtdy. Häzirki maslahat Arkajyň geňeşine taýynlyk, diñe Mehin-Ýarhajynyň ýa-da Kelatanyň hajaty däl. Suw meselesi biziň öz aladamyz. Hany aýt, dag etegindäki obalarda Burkut ataň ýoluna janly aýdyp ýören jemendäni gördüňmi? Oturanlar gülüşdiler. Bäşimiň gahardan ýaňa çymgyzyl ýüzüne sereden, oňa duýgudaşlyk eden kişi tapylmady. Gülki kiparlansoň, gürrüň ýene-de öňki hörpe gönükdi. Her kim öz bilenjesini aýdyp galdy. Aýdylanlary bir yere jemleseň, gelmişekleriň içigüjükli pygly düşnüklidi: bäş öýli türkmeniň agzyny alardyp, özüne ýapja etmek. Bu pirimleri henize çenli başa barmansoň, indi olar pyrryldaga ýüz urup ugrapdyrlar. Goý, atly topar bir gün Gökdepede, bir gün Durun galasynda, ýene bir gün beýleki obalarda düşlesin. Duşmana - haýbat, abaý-syýasat bolar. Ters ündew edenleri bolsa ilden çykaryp kowmaly! Aýdylanlar, göräýmäge, dürsem bolsa, Annanur serdaryń göwnünden turmady. Şu zeýilli warsakylar üçin tarakga gurnamak nämä derkar? Bu zatlar öz-özünden düşnükli dälmi näme? Serdar anyk teklibe, ap-aýdyň matlaba garaşýardy. Onsoň ol bu geňeşden göwnüniň suw içmändigini gizläbem durmady: - Jemagat, bul aýdylanlaryň bary dogry. Yöne goşun diýlen zat bir aýyň - iki aýyň gürrüňi däl-ä. Dörediljek goşunyň hurşuny, ýaragyny üpjün etdiňem diýeli. Kesearkajyň ol çetinden bu çetine at saldyryp barylynça suw seňrikden agaýmazmy? Abaý-syýasat diýeniňizem dine "häh" diýlende "mäh" diýlip, depesinden zarba injegine ýagynyň gözi ýetende syýasata öwrüler. Şony başarmadygyň, ähli abaýyň zemzeniň haýbatyna dönäýer. Serdaryň teýenesi oturanlara şarpyk bolup degdi. Indi hiç kimiň nutuk sözläp, orta pikir oklamaga meýli galmady. Onlarça adam eýýäm öz matlabyny sözledi, emma Annanur serdar bar aýdylanlary puja çykardy oturyberdi. Onsoň ýene näme gürlejek? Dymyşlygy bozmaga dünýede ähli zatdan beter namazyny geçirmekden gorkýan Berdi sopy hem milt edip bilmedi. Garaňky gatlyşany bäri zol daşary seredip: "Häli gutarar, şindi gutarar" diýse- de, onuň tamasy çykmady. Günde on-on iki ýola buşukmaga çykýan sopy öý eýesi gürlemezinden öň aýakýoluna gitmänine ökündi. "Ine, indem otur, gabyz bol-da" diýip, ol içinden öz-özüne käýindi. Märeke garaşyp, wagt geçip dursa-da, hiç kimiň belli bir zat teklip etmäge hyýaly ýokdy. Annanur serdar solunda oturan Täçnazar işany göz astyndan synlady. Onuňam başyny galdyrman, ýer dyrmalap oturşyny görensoň, ýene-de Setdarguly aga habar gatdy: - Mergen, nä indi, şeýdişip sülmüreşip oturjakmy ýa bir netijä gelip bilýäsmi? Setdarguly aga-da öz gezeginde oturanlara birlaý nazar aýlap çykdy. Olaryň aýdanlaryny paýhas terezisinde saldarlady. Şol barmana çüňkde gysmyljyrap oturan Gurbanýaza gözi düşüp, ýüzi ýagtylyp gitdi. - Adamlar, ertirden bäri argyşçy sesini çykarman otyr-la. Şonam diňläýeliň, herhal, gezende adamdyr. Lakamyny eşideninden allaniçigsi bolan Gurbanýaz gözlerini elek-çelek edip, ýuwdunjyrap, töweregindakilerden dalda gözledi. Emma obaň garamatyny göterýän ýaşulular adyňy tutup söz berensoň, gürlemän oturyp boljak däldi. Maňlaýyny dere basdyran argyşçy ýaýdanjyrady: "Allajanlarym, köpe gülki bolmasam- da biridir. Şu märekäň öňüne çykyp, näme aýdyp bilerin? Ýa eşitmediklerdensiräýsemmikäm?" Jübüsindäki ýaglygyny çykaryp, maňlaýyna şagga inen derini syryp oturşyna, argyşçy assyrynlykdan töweregine garanjaklady. Hemmäň ünsüniň özünde jemlenendigini görüp, indi yza gaýdara ýol ýokdugyna düşündi. Gurbanýaz özüne göwünlik berdi: "Il oňlasa, atyňy soý" diýipdirler. Menem bilenjämi aýdaýaýyn-la". - Halaýyk, Mergen aga, meniň-ä pişäm, özüňiz bilýäňiz, bezirgenlik edip, nirede delje harydyň bardygyny, oba nämäniň gerekdigini bilmek. Eger şoňa gezendelik diýilýän bolsa, hawa, käýarym elkinrägem bolunýar, delräk illere-de barylýar. Ýöne, näme "Çopana meýlis haram" diýleni. Argyşçynyňam baran ýerinde ähli müşgüli - bazarlamak. Onsoň menden maslahat däl-de, haýsy ýerde haýsy harydyň geçgeldigini sorasaňyz, has laýyk bolaýmasa... Öz ýanyndan sapalak atandyryn öýdüp, sözüne dyngy beren argyşçy Setdarguly aganyň, Annanur serdaryň, olardan çepräkde oturan Kelje pälwanyň synçy nazarlaryna gözi kaklyşandan, "mus-mus" bilen aňsatja sypmajagyna magat düşündi. Ýaşulularyň garaýşynda diñe bir synçylyk, eserdeňlik däl, eýsem goltgy beriji güýjem bardy. Bu güýç Gurbanýazyň ýüregine aram saldy, onda özüniň mamladygyna ynam döretdi. Şondan soň şeýle arkaýyn, sagynçsyz gürläp bilşine argyşçynyň özem haýran galdy. - Annanur aga, ýaňy sen keseki goşunlaryň tekäň üstüne goşun tartyp gelmäge hyýallanýandygyny aýtdyň. Oturanlaram şol goşunyň öňünden mert durup çykmaly, bitewi goşun saklamaly, at-ýaragy üpjün bolmaly diýişdiler. Belki, bu dogrudyram. Ýöne olaryň näme üçin hut tekäň üstüne gaýtmakçydygyny pikirlendiňizmi? Ýok bolsa, men aýdaýyn size sebäbini: Biz olar bilen gatnaşyk edemizok, olaram bizi tananoklar. Üstümize goşun çekilenini islemesek, biz olardan bu gorkyny ayyrmaly, onuň üçinem gatnaşyk, alyş-beriş etmeli. Ýaradanyň jan beren ähli mahlugy tanamayan, ilkinji gezek gören zadyndan çekinegen-eýmenegen bolýar. Eger şanyň üstüne çapar-ilçi gönderip, ýagşy niýet bilen gelene gapymyzyň açykdygyny habar bersek, söwda kerwenleriniň bitiniň burny ganaman üstümizden ötüp biljekdigini aytsak, şaňa-gedaña gerekmi leşger sürüp gaýtmak? Şanyňam, emiriňem, begiñem, töräñem bar aladasy gaznasyny doldurmak, halkyna bol çörek bermek dälmi näme?! Hywadan alan parçaň Eýranda iki esse baha durýan bolsa, şol parçany Çyn-Maçyndan yene üç esse arzan bahasyna alyp bolýar. Araçy bolup bilmesek, goý, olaryň öz kerwenleri gatnasyn. Biz saklawçysy bolup, pajyny alaly. Şundan çykyp, haýsy ülkä baraý, derwezede pajyňy tölemän bazara aýak sekmersiň. Yolda-yzda garakçy degmez ýaly, berk tertip-düzgüni ýola goýlan ýurduň bazaram giňeýär, rysk-berekedem göteriliberýär. Millete geregem artygyny aýryp, kemini dolmakdyr-da. - Indikide argyşa gideniňde bizem ýanyňdan goýmaweri-haw, Gurbanýaz han! Menem şolaryň leşgerbaşysyny görsem, "Senem gürziňi taşla-da düş yzyma, argyşa bileje gatnaly" diýeýin. Belki olam Hakyň ýoluna eýerer diýip, Bäşim Ýalmawuz lakyrdap güldi. Ýoknasyz gülkä goşulan tapylmansoň, özi güldi, özi goýdy. Gurbanýaz, hamala, arada teýeneli gürrüň bolmadyk ýaly, ýylgyrman-yşarman sözüni dowam etdi: - Adamlar, men hemmä söwda etmegi ündämok. Yöne, ine, tä öýlenýänçä aşyk-çilik oýnap ýören ýigitlerimize haýpym gelýär. Olary Araba-Şama medresä ýollasak, hem okap-öwrenip, hem dost-ýar tutunyp geljek. Ylym-bilim, emel köpelip gidip otyr dünýede. Biziňkiler bolsa, sadagasy boldugym, Gurhanyň bäş-üç süresini ýat bekledikleri ýetikdir öýdýärler. Täze bilim öwrenmek her musulmanyň parzy dälmidir?! Oturanlardan Gurbanýazyň sözüni makullanlar köp boldy. Annanur serdar bilen Setdarguly aga-da bir-birine baş atyşdylar. Diýseň-diýmeseň, argyşçynyň aýdany täze pikirdi. Onsoň öý eyesi maslahaty jemledi: - Adamlar, namazymyzam geçip barýar. Indi güýmensek, kazasyny okamaly borus. "Jemagat bolup okalan namazyň sogaby ýekelikde okalan namazyňkydan ýigrimi ýedi esse artyk bolarmyş" diýilýändir. Oglanlar tabak daşaýança, bizem namaza duraýalyň. Nesip edenden, soň üýşüp palaw iýeris... Maslahat bilseňiz, men-ä Duruna Setdarguly mergen, mirap, Kelje pälwan, Täçnazar işan, onsoňam argyşçy gitsin diýjek. Neneň görýäňiz? Ýygnananlaryň makullamasyny eşiden öý eýesi myhmanlary namaz okalýan giň otaga alyp bardy. Öňdäki namazlyga geçip duran Täçnazar işan egniniň üstaşyry yzyna seredip, hemmesiniň taýyn bolanlygyna göz ýetirensoň, sopularyň ýaşyragyna ýüzlendi: - Hany, Habybylla jan, senem azan çek! Kyýamatda boýy iň uzynymyz bolarsyň. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |