23:44 Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk | |
"Saz bilen söhbede ýaman diýmäňler, Adam, Howa dünýä inende bardyr". Mahmyt Gaýyby • ÝOLA TAÝÝARLYK Durundaky geňeşden soň argyşçynyň gelim-gidimi hasam artdy. Oňa geňeşde aýdylanlary ýekelikde pikir eleginden geçirmäge-de pursat bolmady. Aňyrdan gelenem ähli zady biljek, änigine-şänigine ýetjek: Ahaldan kimler gatnaşdy, Mary-Tejenden wekil gelipmi, ýomut garyndaşlardan adam çagyryldymy, Annaöwez sahaba näme diýdi? Geňeşiň geçişini bütin oba bireýýäm eşdişenem bolsa, eşidenleri bilen kanagatlanmadyklar şol bir hörpdäki sowallary bilen argyşçynyň üstüne döküldi durdy. Geňeşe gatnaşan beýleki obadaşlarynyň üstüne her kim baraýybam bilenokdy. Olaryň arasynda iň ýönekeýi, şahandazy, bir söz bilen aýdanyňda, halka ýakyny Gurbanýazdy. "Bilim-sowatsyz mäterlerden derejeli geñeş almak çetin, inim. Şonuň üçinem oglanlara bilim bermek, dürli medresi okuwa ugratmak pikirini menem biçem göremok." Annaöwez halypanyň argyşça aýdan şol jümlesini mehinlileriň barysy eýýäm ýat tutanam bolsa, gelenler bu gepi ýene bir gezek öý eýesiniň dilinden eşidermendi. Bayramaly söweşinden soň, goja Keýmir ahalýaka gum eteklerine dolanyp, Annaöwez sahaba özüniň atlylary bilen bir aý Maryda galypdy. Ol ýerde asudalygy dikeltmegi, paýhasy bilen oturymly türkmen tireleriniň ählisinin başyny birikdirmegi başaran Annaöwez sahaba has-da adygyp, Keýmir körüň sag goly saýylyp ugrapdy. Onuň agzyndan çykan sözem Keýmir hanyň pikiri diýlip düşünilýärdi. Maslahatda tire-taýpalaryň agzyny birikdirip, öýkelisini barlyşdyryp, arlysyny ýaraşdyryp, daşky duşmanyň garşysyna deň deprendirmek, yer-suw, öri meydanlar bilen baglanyşykly jedelli meseleleri akylly-başly çözmek barada karara gelnişini Sähediň kakasy öwran-öwran gürrüň bermeli bolupdy. Oglan okatmak üçin Mekge-Medinäniň, Hywa-Buharanyň we Gazanyň medreseleriniň saýlanylmagynyň sebäbinem düşündirmelidi. Hut şu medreselerde sünni mezhebine uýup, Ymam Agzamy hatyralaýan ulamalaryň ders berýänliginem ýatlatmalydy. On-on bäş oglany tapyp, olary Arabystandaky abraýly medreselere ýerleşdirip gaýtmak şol geňeşde Gurbanýaza tabşyryldy. Bu netijä ör-gökden gelen argyşçynyň delilini diňlejegem bolup durmadylar. Onuň ýaýdanjyrap durşuny gören Annaöwez sahaba bu karary Gurbanýazyň deregine-de makulladym etdi: - Halaýyk, bu işi molla-işana tabşyrjak bolsak, oturanlaryň içinde-de okumyşymyz gyt däl. Atarman-çaparman ýigit gerek bolsa, Arçmanda-da azyndan dört-bäş ýüzüsi garaşyp ýatyr, gylyçlaryny posladyşyp. Bize edil häzir ganygyzma batyr ýa-da namazhon takwa däl-de, argyşçy inimiz ýaly köpi, görüp ýurt söken, sypaýydan ederini bilýän kişi gerek. Gazana gitjek oglanlara yomut derýabeginiň inisi baştutan bolar. Ine, Arabystan iline-de argyşçymyz şaýyny tutsun. Ýola düşjekleriň harjynyňam, yzynyňam aladasyny özümiz ederis. "Alajyny özümiz göreris" diýlen zatlar barada-ha Gurbanýaz asla pikirem etmändi. Okuwa ugratmaly oglanlary saýlamak ony ýoluň howp-hataryndan beterräk ünjä goýýardy. Saýlanylmaly oglanlar aňy bekeşen, ylma hyjuwly, heniz aýagy baglanmadyk, tüýs Sähediň ýaşyndaky jahyllar bolmalydy. Iliň çagasyny ýygnap, öz alkymyňdaky ýigdekçäni görmezlige salybam bolmaz. Toýa şaýlanyp, göwün ýüwürdip oturan Sadabam kejirligine tutaýmaz-da hernä? Her niçigem bolsa enedir, gaty-gaýrym sözem aýdyp bolmaz. Ýola çykyljak bolnanda ýakasyny ýyrtyp: "Wah, agtyk söýäýjekdim" diýip, dady-perýat edip otursa, ýaş oglanyň göwni döwlüp, höwesi synmazmy? Bu täzelik Sadap daýza üçin, hakykatdanam, arassa asmanda ýyldyrym çakana döndi. Ol görgüli, bir tarapdan, adamsyna ynam bildirilenine, öz oglunyňam okuwa ugradylmaga mynasyp görlenine begense, ikinji tarapdan, ýeke dikraryndan uzak wagtlyk aýra düşmeli boljagyna gynandy. Eýsem haýsy ene öwlüýälere ýykylyp, otuz ýaşdan soň ýüzi düşen ýalňyz oglunyň alys ýurda sapara ugraryny islär?! Syrgynyň aýallary, "Mübärek bolsun!" diýmäge gelseler-ä başy gök diräp, ýeke galanynda-da gam-gussa batýan Sadabyň halys başy çaşdy. Ol özüniň garjaşyk duygulary barada adamsynyň ýanynda-da dil ýaryp bilmän, gara-köseme galdy. Ýöne ýüregi ezilere gelse-de, naçarlaýanyny öýüň iki erkegine syzdyrmajak bolup, çyr-çytyrdy. ...Obaň çetinden girensoňlar atlaryny hasam dogumly süren dört atly Gurbanýazlaryň haýadynyň deňinde badyny gowşatdy. Olaryň öňdäkisi atdan inmäge hyýallanan yoldaşlaryna "Garaşyň!” diýen manyda yşarat etdi. Ol bökejeň ädigi bilen atyň bykynyna hürsekläp, howlynyň ortarasyndaky tama gordurdyp ugrady. Gapa bäş-on ädim galanda jylawy çekip, oturan ýerinden sesine bat berip haýkyrdy: - A-how, teke, çyk tizräk-de, tut bedewiň başyny! Çaýkaw saryk garaşdyrmagy halaýan däldir! Gök gümmürdän ýaly sesi eşiden öý eýesiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol öyündäki myhmanlara: "Bu gelen ýigide Gaýgysyz saryk diýerler. Degişmesi mortarak bolsa-da, ýigidiň gülüdir” diýip, egnine donuny atyp, daş işige ýöneldi. Daş çykyp, äwmezlik bilen aýak çeken Gurbanýaz atyň üstünden düşmän oturan hötjet dostuna öz hörpünde habar gatdy: "Maryda myhman alynman ugrasaň, Ahala aşaýgyn” diýenim ýaňy ýalydy welin, halypa, beýle tizlärsiň öýtmändim. Aý, hawa-da, baran yerinde tupan turzup ýörseň, kowlan işigiňem artyberer... Hany, onda düş atdan, hoş gördük! - Sen, garyndaş, gel-geç etmezden öňinçäň oňatja oýlan – diýip, gaşyny çytyp, ýüzüni bürüşdiren myhman öňküsindenem beter süründi. - Ýeňňeme sala salaýsaňam geňläp durjak ýok... Köne aşnasynyň çyna berimsiz abaý-syýasatyna keýp bilen tomaşa edip duran Gurbanýaz ýere inip, atlarynyň jylawyny tapan agajyna ilteşdirişip duran myhmanlaryň arkasyndaky dutar-gyjaga gözi düşenden hasam begendi. Haýdap baryp, dostunyň atynyň başyny tutdy. Şol demde böwedi böwsülip, gülmäge duran irimçik pyýada agyzdyrygyny döwäýjek bolýan mes atynyň boýnuna kakyp, ýeňillik bilen eýerden agdy. Öý eýesi bilen gujaklaşyp görşen myhman saglyk-amanlyk soraşandan soň atynyň arkasyndaky torbany alyp, argyşçynyň egnine atdy-da: - Bü-ýä Sadap ýeňňemize - diýdi. Soňam bilindäki guşagyndan pully düwünçek çykaryp, Gurbanýaza uzatdy. - Bu-da saña ýolharjylyk. Öý eýesiniň düwünçegi almajak bolşuny gören Gaýgysyz igesini sürtdi: - Akga, goý, şol endigiňi! Men bazarlamaga gelemok bu ýere. Aga ornunda gören söwer dostumy ýola ugratmaga geldim. Meň kömegimi almaga ikirjiňlenjek bolsaňam, şu wagt aýt. Atlarymyzyň deri sowamanka yza öwreli... Ýigitler, yzymdan galmaň. Görýän weli, munuň özünden-ä gel-geç bolarly däl öýdýän. Gurbanýaz dost-ýarlarynyň üstüne çapar ýollap, söwüşlik soýdurmaga serenjam berdi. Ol öýe girende, Gaýgysyz eýýäm baş beýemçä öwrülip, dutar-gyjagyny düzýän sazandalary gyssap, alarladyp barýardy. Dostunyň öz ýoldaşlaryna öteräk daraýşyny gören öý eýesi dillenmän saklanyp bilmedi: - Biraz köşeş, halypa. Ýoldan gelen adamlardyr, ýadandyrlar. Heniz duz-çöregem dadanoklar. Dem-dynçlaryny bir alsynlar entek!... Onsoňam eli senetli bagşy-sazandanyň sylag-hormatam bolmalydyr-a... - Häýt-häýt, akga, öte geçýäň! Tejenden çykalymyz bularyň hormat-sylagynyňam, dem-dynjynyňam kössüni goýan däldirin. Aýdaýsynlar! Oturjak ýerlerini süpürip, der gelse üstlerini ýapyryp, çaýlaryny demläp, atlaryny iýmläp gelendirin. Diñe guş etinden, guşuňam döş etinden şamlyk taýynlap berendirin. Aýdýanlarym rastmydyr? "Hak aýdýaň, rastdyr" diýşip, bagşy-sazandalar biragyzdan makullansoň, dyzmaç myhman biraz gowşady. - Durundaky maslahatyň geçişi, seniňem ýola şaýlanýanyň barada eşidenimde Tejende toýdadym. Märeke sowlaryna mähetdel, bagşylarynam alyp gaýdyberdim. Iki gün diňläp, owazyndan doýup bilmämsoň, aýrylyşasym gelmedi-dä. Herhal, olaram "Gel-gel, bir sarygyň yzyna düşüp, Arkaja aşmalymy?" diýşip, gaýkyjaklaşyp- kürtdürişip durmadylar. Tüweleme, daýaw ýigitler eken. Ömürleri bolsun! Üstüne çapar yollananlaryň ählisi ýygnanyşdy. Çaý-nahardan soň sazandalaram öňlerine düşüp gelen aşnalaryny uzak garaşdyrman, diwara söýelgi senedini täzeden gola aldylar. Gaçyrylan bir-iki sazdan soň bagşy pessaýdan mesnewi sanamaga durdy: - ...Bolma arzan alyp, gymmat satgyjy-y, Una kepe-ek, sirkä-äge suw gatgyjy... Bagşy aram-aram aýdyma dyngy berip, sazandalara öňbaşçy bolup, dutarynyň kirşini çekdirýärdi. Aýdymlaryň çekimi ýokary galdygyça, bagşy-sazandalaryň owazy beýgeldigiçe, howlynyň märekesi artdy. Soňabaka goňşy syrgynyň gyz-gelinlerem görnüp ugrady. Myhman bagşynyň belentden ýakymly owazyna, şirin labzyna maýyl bolan jahyllaram hyzmata gaýym çuslugyny bir ýanda goýup bagşyly tamdan ara açaslary gelmedi. Menden salam aýdyň şo-ol näzli ýara, Meni he-er görende gülüp durmasyn. Aldyrdym aklymny, o-oldum diwana, wa-ah, Aklymny başymm-dan alyp durmasyn, ...Heýt-heýt... Içim ýakyp, bagrym dili-ip durmasynn... Damana ýoluna meňzemeýän ugry saýlan bagşynyň ýörgünli heňleri özüçe taraşlaýşy mehinlileriň ýüreginden gopdy. Oturanlar ýerli-ýerden myhmanyň "hähini" berýärdiler. Her gezek aýdym payawlaberende, öňe-öňe omzaýyşlaryny käsiniň özem duýanokdy. - Gelin, maña gara diýr sen, Gaşlaryň gara dä-hä-hälmidir? Aýdymyň ahyrky beýdinde ýeke dyzyna galan bagşy elindäki dutaryny çym-pytrak edäýerli görünýärdi. Ýüz-gözünden akýan burçak-burçak der gara dutaryň kädisini öl-myžžyk edipdi. - Garaja Oglanyň salamy, e-e-eeýýt, Garaja Oglanyň salamy, gel, salamy, ge-el, salamy, Köňülde Hakyňň kela-amy. Ak kagyz üste galamny, Ýöreden gara dälmidir? Ehe-heýt, Ýöret-gen gara-eýý dälmidir? Daň atyberdi. Emma märeke dagajaga meňzänokdy. Ahyry wagtyň birçene barandygyny duýan bagşynyň özi dillendi: - Adamlar, ýene bir iki-üç aýdym aýdyp bereýin. Onsoň bu günlükçe bes edäýsek, neneň görýäňiz? Tamyň içine dym-dyrslyk aralaşdy. Siňek uçaýsa-da eşidiljek ümsümligi ýene-de bagşynyň özi bozdy: - "Siňegiň erni bolmaz, gulagyň garny" diýipdirler. Horazlaryň gygyrmagyna-da az galdy. Şol üç aýdymyň birinem uýalarymyz üçin aýdyp bermekçi. Howludaky hyşy-wyşynyň yzy gowura ýazybermekçi bolup görünýärdi, emma adamlar belli bir karara gelip bilmediler. Gelin-gyzlar iki topara bölünip, birisi "Gyrmyzyny" diňlärmen bolsa, beýlekileri "Leýli-Mejnun" dessanyndan Leýliniň namasyny eşidermendi. Bular ýaly ýagdaýa öwrenişikli bagşam aljyraman, sazandalaryna ümledi de, deri sowamanka ýokary perdeden alyp ugrady. "Gyrmyzyny" aydanynda bokurdagyndaky damarlary kirişe dönen bagsy sazyń arasyny üzmän, jemleýji aýdymynyň sazyna geçip gitdi. - Başyňa döneyin, mähriban enem, ýar e-eý, jan ene-em, Ýary menden, meni yardan gizleme-eý... gizleme... Marlanana dönen märeke gyjak-dutaryň owazy tamamlanandan soňam aýdymyň jadysyndan çykyp bilmän, esli wagt gymyldaman oturdy. Bu dymyşlykdan müýnürgän myhman bagşy sözi ýer tutmazyndan çekinýän töwellaçy ýaly pessaýja gürledi: - Adamlar, razy bolaweriň! Şondan soň myhmanlaryň üstüne alkyş bary ýagyp ugrady. "Dillerine güller bitsin!", "Iki dünýäň abat bolsun!", "Bere-kella!". "Pir patasyny alan bagşy ekeniň!" Öwgüli sözlere boz-ýaz bolýan bagşynyň maňlaýyna täzeden der indi. Ol elindäki dutaryny gök mahmaldan tikilen gabyna salyp bolan dessine elini ýene-de ýaglyga ýetirdi... Ýoldaşlaryndan irräk oýanan Gaýgysyz daş işikde biş-düş bilen hysyrdanyp ýören öý bikesi bilen salamlaşdy: - Salawmaleýkim, gelneje! Iç-daşlar, oba-gara gurgunçylykmy? Jigijiklerimem goçak bolýamy? Tüweleme. Gün-güzeranyňyzam ganymatdyr-a? Tüweleme... Agzy ýaşmakly Sadap diňe bir başyny atyp oňaýýardy. Gaýgysyz bolsa arasyny üzmän sowal berip, özem tüwelemesini ýetirip otyrdy. Myhmanyň güňleç sesini eşiden öý eýesem ýeňňe-ýüwürjiniň bärräginde aýak çekdi. - Agamyň, tüweleme, ýola şaýlanýanyny eşidip, Tejenden bärligine eňäýendirin. Tüweleme, il geňeşinde adyň tutulmasam uly abraý. Men-ä jud-da begendim. Agama-da: "Meň oglumam al ýanyña" diýjek. Gurtmyrat janam Sähet jan bilen ýaşytja-da, tüweleme. Il derdine ýarasa armanymyz näme?! Goý, gitsinler, alym bolsunlar! Bolarlaram, enşalla! Gürründeşligi haýadyň gädiginde peýda bolan myhman bozdy. Ol atynyň jylawyny mal-garanyň öňüni germemek üçin dikilen agaçlaryň birine iltäp, daş işikdäki pyýadalaryň üstüne gaýtdy. Gaýgysyz Yzgandyň ilerisinde sataşan çopan ýigidini derrew tanady. Ol ýolagçylara çaý-suw berip, hezzetläpdi. Öý eýesine özüniň döwler tiresindendigini aýdyp tanyşdyran ýigit bu ýere agasy Begnazar baýyň tabşyrygy bilen gelendigini mälim etdi: - Şahandaz myhmanlaryň goşumyzda düşläp, oba-da sowulman geçendigini eşidip, Begnazar kakam maňa: "Arkasy dutar-gyjakly ötegçileri obanyň depesinden göni geçirip goýbermegiň bolmandyr. Ýöne olara bir-iki heňem gaçyrtmandygyň welin tüýs kemrysgallylyk bolýar" diýip, juda gatyrgandy. Soňam ýetip, yzyňyza dolamagy tabşyrdy. Özüniňem iki-üç gün söwüş etmekçidigini aytmagy sargady. "Bardy-geldi hykgy-çokgy etseler, çagyrylan ýere irinilýän däldiginem ýatladaý" diýdi. Gurbanýaz bilen Gaýgysyz mortaň häsiýetli çaparyň çaganyňky ýaly kirşensiz gürrüňine hezil edip güldüler. Ol ikisi bagşy-sazandalaryň örüşip, özlerine gelinçäler garaşmaly boljakdygyny aýtsalar-da, çapar öýe girmekden kes-kelläm boýun towlady. Duzdan uly bolunmaýandygy aýdylansoň, hötjet çapar biraz ýumşady. Töweregine garanjaklap, eline suw akytmagyň aladasyny etdi. "Hälden şeýt-dä” diýen Gaýgysyz öý eyesinden öňürdip, boşan kündügi suwdan doldurmaga ýöneldi. ________________________ *marlanmak (çarwa şiwesi) ýylana gözi düşen goýun-geçinin butnaman durmagy, marlanana dönmek - dilini yitirip, doňup galmak. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |