09:32 Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau | |
"Taryp etseň mynasypdyr şöhrat bile şana bedew." "Döwletýar" dessany GRAF fon LINDENAU Knyaz Kaunitsiň hödürleýän bedewi barada köp oýlanan graf aty satyn almaly diýen karara geldi. Häzir onuň Wena baryp gaýtmaga wagty ýokdy. Yöne uly döwletiň daşary syýasatyny kesgitläp oturan adamlaryň teklibinden ýüz öwrülmeýändigem hak. Galyberse-de, knýazyň bolar-bolgusyz at hödürlemejekdigine onuň gözi ýetikdi. Mekir Kaunitsiň Prus korollygy bilen ýakynlaşmaga synanyşýandygy öz-özünden düşnüklidi: ýediýyllyk uruşdan soň demirgazyk goňşusyna diñe gyňralyp bakan Awstriýa üçin has howply duşman döräpdi. Fransiýada tutaşan pitne, ýakobinçileriň eden-etdiligi, korol Lýudowik XIV tagtdan agdarylyp, Respublikanyň jar edilmesi goňşy döwletleriňem asyrlarboýy mizemedik monarhiýalarynyň sarsmaz sütünine zarba urupdy. Häzir öýke-kinäni ýatlamagyň wagty däldi. Ýeňiýoluklaryň rewolýusiýasyna garşy diňe bilelikde göreşmekden özge alaç galmandy. Tagtyň bähbidini goramak, monarhistik düzgüni saklap galmak üçin Gabsburglar şanesli özüniň ganym duşmany bolan Prus korollygy bilenem ýaraşmaga taýyndy. Töre-begzadalaryň artykmaçlyklaryny ýatyryp, ählumumy deňhukuklylygy ündeýänleri köki-damary bilen ûok etmeseň, Ýewropanyň hiç bir köşgüne dynçlyk boljak däldi. "Halk häkimiýeti" baradaky erkin pikirler edil çaýyr ýaly kök urup, töwerege ýaýrap barýardy. Graf syýasy ýalňyşlyga ýol bermez ýaly, Wenadan gowşan teklip barada ilki korolyň ýanynda pyşgyryp görmegi makul bildi. Hökümdaryň rugsady alnansoň, ýüzüňi saraldyp, haýyş etmäge derek, Awstriýadaky ilçä görkezme berseňem boljakdy. Goý, goluny gowşuryp oturman, özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça wezipesini berjaý etsin... - Çüw diýip, gamçysy bilen daýaw atynyň sagrysyna saýan graf garşydan gelýän paýtuna-da üns bermän, harby berkitmä tarap gözi ýok ýaly urduryp gaýtdy. Birküç sany paýtun-a beýlede dursun, edil häzir gusarlaryň atly goşuny öňünden çyksa-da, onuň gözüne iljek däldi. Ol hut korolyň ýanyndan, özem wajyp döwlet işleri barada hökümdaryň dilinden tabşyryk alyp gelýän adamdy. Beýle tabşyryk her öňýetene ýetdirip duranok ahyryn! Sakson kurfürstiniň* baş seýsiniň ogly graf Karl fon Lindenau 1755-nji ýylda Leýpsigiň etegindäki Mahernde doglupdy. OΙ başlangyç bilimi Drezdeniň mal lukmançylygy mekdebinde aldy. Mekdebi tamamlansoň, hünäri has gowy öwrenmegi üçin kakasy ony Awstriýa, Majarystana, Rumyniýa ugratdy. Biraz soňra Karlyň özi Angliýa aýlanyp gaýtdy. Bu ýurtlaryň ählisinde-de ony diňe atlaryň saklanyşy gyzyklandyrýardy. Karlyň goşun gullugy döwürlerem atçylyk bilen bagly boldy. Sakson kurfürstiniň janpena gwardiýasynyň leýtenantyka ol hökümdaryň seýishanalaryna baryp görerdi. Esasanam, Awstriýada gulluk eden ýyllary graf üçin tejribe toplamaga iň amatly döwür boldy. Awstriýa ýörite athanalary gurup, ýerli atlaryň tohumyny seljerip-saýlamaga girişen ilkinji ýewropa döwletidi. Sakson kurfürstiniň goragyndaky pyýada harby bölüminiň ozalky leýtenanty, soňra Awstriýanyň atly goşunynda mayor çinini alan graf söhbetdeşine öz pikirini diňletmegem, makullatmagam başarýardy. Onuň prus goşuny üçin atlary döwlet athanasynda köpeltmek baradaky pikiri korolyň göwnünden turdy. Tejribesi ýetik, täze pikiri aýdyp biljek grafy Fridrih Wilgelm II öz ýanyna attutar edip, gulluga aldy. Aradan kän wagt geçmänkä-de, ony döwletiň atçylyk boýunça müdiriýetiniň baş jylawdary wezipesine belledi. Şondan soň grafa diňe bir atly goşuny çydamly atlar, köşgüň gezim atlary saklanýan mekdeplerini bolsa tohum atlar bilen üpjün etmek däl, eýsem şol üpjünçiligi has ymykly ýola goýmak wezipesi ynanyldy. Berkitmede atyny goýup, rahat ýol geçer ýaly paýtun araba münen graf ýüzüni demirgazyga, Dosse derýasyna tarap tutdurdy. Öňlerinden çykýan bentlerden - daş köprülerden ötülende münüp barýan paýtuny loňkuldap-loňkuldap gitse-de, ol sesini çykarmady. Sanlyja ýyl mundan ozal korolyň athanasy üçin ýer saýlamaly bolanda-da graf ümzügini şu ugra tutdurypdy. Potsdamyň, Berliniň töweregindäki obalaryň içinden eýesiz ýatan ýer tapmajagyna onuň gözi ýetikdi. Hökümdaryň "Meýdany kiçi ýurtda ähli ýeri ulanmaly, ýeke daban ýerinem bisarpa tutmaly däl, yöne goşun hajaty üçin ekin ýerlerine degmek bolanok" diýeni grafa kanundy. Ol derýanyň boýundaky batgalygy guratdyryp, athana üçinem, ot-iýmlik ekin üçinem esli ýeri arçadypdy. Onuň irmezekligi bilen ägirt uly gurluşyk eýýäm 1788-nji ýylda tamamlanyp, Ýewropada iň ajaýyp athana peýda bolupdy. Graf fon Lindenau hökümdaryň hyzmatynda öz janyny aýamaýşy ýaly, töweregindäkilere-de zabun daraýardy. Şonuň üçinem graf paýtundan düşen badyna baş athanada başlanan gaýda-gaýmalaşyk diýer-aýdar ýaly bolmady. Bu ýerdäkiler jyn-arwahy gören bolsalaram beýle elewremezdiler. Athananyň arassalygy, gullukçylaryň eginbaşy, atlara ot-iýmiň berlişi, ekin-dikine seredilişi bularyň hiç birisinde çirk bolmaly däldi. Kemçilik tapylaýsa dagy, dadyňa ýetişjek, jerime urgulardan gorajak ýokdy. Bu ýerde tertip-düzgünden öne geçýän ýeke zat bardy, olam tygşytlylykdy. Graf bu ýere hökümdaryň tabşyrygy bilen gelipdi. Ol athana gele-gelmäne baş seýsi ýanyna çagyrdy: - Noýştadt-Dossede goşun üçin çydamly atlary ýetişdirmeli. Özem bu wezipäni gazna agram salmazdan bitirmeli... Hon-ha, Italiýada gatyr köp, goşunyň bar ýükünem şolar çekýär. Bizde welin onça eşegem tapylmaz. Belki atlary sygra, öküzleri bolsa baýtala çekip göreris?! Söhbetdeşiniň oýnuna-çynyna birbada düşünmedik baş seýis Brauhiç grafyň gara çynydygyna göz ýetirensoň, ör-gökden geldi. Baş seýsiň öz gaňryşyna gaýtmasyna sözüni gögertmegi öwrenen grafyň ýeňse damaryndan tutdy. Ol gapdaldan çekinibräk geçip barýan atbakarlaryň birini çagyryp, matlabyny aýtdy: - Obaň sygyr sürüsini athana gabap, synag geçiräýsek näder öýdýäň? - Bolmaz! Haýsydyr bir hyzmatkäriň kesgin jogaby grafyň ýüzüne şarpyk bolup degdi. Ol atbakaryň elindäki gamçyny sogrup aldy-da, bu bendäni öz gamçysy bilen saýgylamaga durdy: - Hä-äýt, ýalýagylary diýsänim! Belki, siz dil düwüşensiňiz?! - Me, saňa! Al, ýene! ... Gaçmaga-da gorkup, ýüzüni-gözüni eli bilen daldalap hababaýlap duran atbakardan içini sowadan graf gamçyny eliniň tersine zyňyp goýberdi. Gahardan ýaňa onuň alkymlary titräp durdy. Ol haşlap durşuna, baş seýse nagarasyny döwdi: - Synaga netijesi heniz belli bolmany üçin synag diýilýär!. Barlap görmedik zadyňa öňünden atanak çekip bolarmy? Mugthor diýerler siz ýalaka, ýaltalar! Häziriň özünde işe başlaň! Birnäçe güne çeken synanyşyk şowsuz tamamlandy. Grafyň paytuny Berline sary ýola düşende, athanadakylar demini uludan aldylar. Ýolboyy dürli mümkinçilikleri ölçerip-saldarlap baryan Karl fon Lindenau atbakara çökderräk düşen şowsuz synag üçin birjigem müýnürgānokdy. "Gol gowşuryp oturandan-a başa barmadyk synagam ybalydyr. Gözlän tapar, hökman tapar! Esasy zat - ruhdan düşmeli dāl. Gözlemeli, agtarmaly. Gerek bolsa dünýäni dündermeli welin, hökümdaryň tabşyrygy ýerine ýetäýmeli". Şol günüň özünde graf Wenadaky ilçä hat ýollady. Onda knýazyň hödürleýän atyny tanaýan türk ilçisi bilen duşuşmagyň we ol at barada ähli zady jikme-jik anyklamagyň zerurlygy aýdylýardy. Grafyň ýazan ikinji haty has uzaga, onuň Italiýada ýaşaýan dostuna niýetlenýärdi. Bu hat-da hem graf özüne ynanylan müşgil iş barada aýdyp, köne dostundan ýardam bermegini soraýardy. ________________________ *kurfürst - orta asyrlar taryhynda german korolynyň saýlawlarynda ses bermäge hukuk gazanan knýaz, hökümdar. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |