22:14 Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty | |
• Behişdi bedew türkmeniň synmaz ruhudyr Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "At türkmen üçin ähli zatdyr" diýen ganatly sözi gamyşgulak atlaryň külli türkmeniň taryhy ykbalynda hem-de gündelik durmuşynda neneňsi uly orun tutandygyndan ähli aýdyňlygy bilen habar berýär. Dünýäniň taryhçy alymlary, arheologlary mundan sekiz müň ýyl ozal Köpetdagyň eteginde adamzadyň ilkinji gezek ýabany atlary eldekileşdirendigini tassyklaýarlar. Gözüňe söweýin bedew atlary bilen bagryny badaşdyran türkmen halky tuguny parladyp, ýelden ýyndam bedewini arladyp, älemleri agaýana gezendir, jahanyň çar künjünde uly-uly döwletleri gurandyr. Gadymy hem müdimi halkymyzyň barlyga bolan erkinden, gözellige eýlenen ruhy tebigatyndan, düýpsüz umman ýaly çuň pähim-parasatyndan, ýaşaýşa söýgüsinden, tamdyr ýaly arassa hem halal ýüreginden syzylýan mähir-muhabbetinden hasyl bolan onlarça "Oguznamalar", "Gorkut ata", "Görogly" eposlarymyz, dessanlarymyz diýermiň, akgynly halk aýdymlarymyz diýermiň, haýsysyny alyp görseň, olar türkmeniň garadangaýtmaz beg yigitleri, uçmahy bedew atlary hakdadyr. Türkmen ogly "Men saňa gardaş diýerem, gardaşymdan ýeg" diýip, ganatly atyny ylahylaşdyryp, mukaddeslige göteripdir. Ýadyňyza salyň, Oguz hanyň aty Buz dagynda, Göroglynyň Gyraty Ýyldyz dagynda ýagşyzadalardan ak pata alýandyr. Türkmen öz atyna pirli at diýýär, sebäbi Babagambar pir bu päkize janawary jadyly saz bilen seýisläpdir. Müňýyllyklar içre beg yigitlere ganat bagladan dal bedewiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Tugrasynda orun almagy tötänden däldir. Asly uçmahy atlaryň orny hut ýüregimiziň töründendir. Ýazyjy Myratdurdy Haşaýewiň "Yedi müň çakrym" atly uly göwrümli romany XVIII asyryň ahyrynda XIX asyryň başynda dünýäni elendiren taryhy wakalardan söz açýar. "Ýedi müň çakrym" - giň gerimli, uly göwrümli, gatlama çöregi ýaly köp gatlakly eser, ol taýýarlykly okyja niýetlenendir. Romanda beyan edilýän wakalaryň ýaýrawy üç yklyma ýaýylýar. Eseriň baş gahrymany Sähet ýaşlygyna garamazdan, akylly, okumyş, şol bir wagtyň özünde sadadan türkana, sahy hem göwnaçyk, hemişe adalatyň tarapyny çalýan, adamkärçiligi artykmaç türkmen ýigidi. Ol Kesearkaçda önüp ösýär, soňra Bagdatda, Şamyň paýtagty Damaskda okap bilim alýar. Ykbal ony ýurtdan- ýurda, otdan-suwa atýar. Emma guýmagursak zehini, tüýs türkmene mahsus garadangaýtmaz, ugurtapyjy, paýhasly, edenli häsiýeti ýigidi ähli kynçylyklardan alyp çykýar, arzyly menzillere ýetirýär. Durmuşyň syrly öwrümlerine dartylyp, uzak Prussiýa topragyna düşen türkmen atynyň keç ykbaly Sähedi özüne bendi edýär. Ol dogduk mekandan jyda düşmekden hor-zar bolan janaweri her edip-hesip edip görmegi, ony halas etmegi ýüregine düwýär. Bu pikir yigidi prus korolynyň teblehanasyndan çykarýar. Ýewropanyň orruk ortasyna gaýyp düşen gamyşgulak türkmen bedewiniň kaddy- kamatyna, ynsanyňka berimsiz düşbüligine hemmäniň syny oturýar. Ýöne dogduk depeden jyda düşen köňül her demde ýowşan ysly sähralary küýseýär. Bu pikir romanyň her babynda inçelik bilen yzarlanýar, nazarkerde daragtyň gujurly şahalarynyň ýaýrawy giň, saýasy goýry pudaga birigişi ýaly, özara jüp sazlaşyp, bitewi bir ideýa birleşýär. Ony ýeke sözde beýan etmeli bolsa diñe hupbulwatanlyk diýip bolar. Bu gadymy hem baky juwan topragyň duzuny iýen türkmeniň gursagyna hupbulwatanlyk öçmez-ýitmez peder ruhy bolup ornaýar. Il ynamy, peder pendi, ata yhlasy, ene sargydy, perzentlik parzy, halal duzuň hasaby bizi hemişe şu mukaddes topraga dartyp durandyr. Oňa örki baglanan ynsan ýüregi diñe "ata Watan" diýip urýandyr. "Yedi müň çakrym", ine, şeýle gadyr-gymmaty asla-asla solmaýan baky gymmatlyklar barada söz açýar. Romanyň baş gahrymany köp hupbatlary başdan geçirip, ahyry şol aty dogduk mekanyna alyp gelýär. Romanda onlarça gahryman hereket edýär. Ýazyjy olaryň her biriniň daş keşbini inçelik bilen suratlandyrýar, içki dünýäsini doly açyp görkezmek üçin olary dürli wakalaryň jümmüşine salýar. Romanyň çeper ýordumy gahrymanlaryň häsiýetini, dünýägaraýşyny, pikir-garaýşyny açmaga giň mümkinçilik döredýär. Eseriň beýan ediş serişdelere baýlygy, her bölüminiň başynda onuň tutuş mazmunyny açýan dana sözleriň, ganatly jümleleriň, nakyllaryň goýulmagy romanyň çeperçilik kämilligini artdyrýar, goruna gor goşýar. "Türkmen aty" ady bilen taryhda öçmejek yz galdyran behişdi türkmen bedewine bagyşlanan bu romanyň okyjylaryň söýgüli eserine öwrüljekdigine ynanýarys. Goý, pirli bedewleriň şöhratyna şan goşjak şeýle eserleriň höwri köp bolsun! Täze romanyň ýoly ak bolsun, okyjylaryň ýüreginiň töründen orun alsyn! Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Bütin dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. • TÜRKMEN ATY - Seretseňizlāň muňa - türkmen aty! Osman hökümdarynyň baş wekiliniň oturan ýerinden zöwwe galyp, sesinde bary bilen turzan şowhunyna töwerek aňka-taňka boldy. Awstriýanyň döwlet kansleri knýaz Kaunitsiň athanasyna çagyrylan myhmanlaryň ählisiniň nazary türk ilçisine gönükdi. Ol bolsa göwnübir ýaly, töweregindäki mähellä-de, beýleki ilçilere-de, mertebeli köşk emeldarlaryna-da üns bermeýärdi. Başy selleli ilçi atlara baka elini salgap, gapdalynda oturan osmanlylara bir zatlary düşündirmäge janygýardy. - Serediň ol dor bedewe! Boýnuny dik tutup, seýkin basyp ýöreýşini diýsene! Gulaklaram edil gamyş ýaly dim-dikdir! Türkmen aty-da, gözüňe söwdügim... Osmanly ilçiniň ýürekden syzdyryp aýdýanyna gapdalynda oturan iki kömekçisinden başga düşünýän ýokdy. Dogduk ilinden juda alyslarda çagalyk dostuna sataşan ýaly begenen ilçi duygularyna bäs gelip bilmeýärdi. Diriň-diriň bökübererli görünýärdi. Yanyndaky kömekçileriniň biri töwerekden ejap edip, oňa biraz basalyk bermekçi boldy: - Ilçi beýim, ol argamaga "arap aty" diýip durlar ahyryn. Onsoňam, bu jelegaýlarda türkmen aty nämişlesin? Ilçi dyňzap gelen gaharyna zordan basalyk berdi. Gözlerini agdaryp, dişleriniň arasyndan syzdyryp gürledi: - Seniň nä garagyň gapykmy? Araplarda şunuň ýaly dal kamatly argamak owal-ahyr tapdyrypmy? Munuň türkmen atydygyny ýüpek halynyňky ýaly reňki aýdyp durmanmy eýsem?! Bu janawaryň ahalteke badypaýydygy² Hudaýyň birligi ýaly anykka, sen kimleri diňläp ýörsüň? Şularyň içinde, heý, çyn argamagy görene meňzeýäni barmy? Yokdur. Bolubam bilmez! Jenneti bedewlerem, olara baha berip bilýänlerem türkmen ýaýlasynda galandyr... Ilçi nagara döwmesini heniz-henizler bes ederli däldi. Yöne gürrüňdeşiniň ýüzüniň boz-ýaz bolanyny görüp, öteräk geçenini aňdy. Köpçülikde, onda-da bular ýaly märekede öz ildeşiniň howuny basanyna gyýyldy. Onsoň uludan demini aldy-da, göwünlik bermek isleýän ýaly, kömekçisiniň egnine kakdy. Ýöne, barybir, göwni aram tapman, elini ýene-de hälki ata uzadyp: - Ýalňyşýan bolsam, meni hakyt ýer ýuwdaýsyn! Ýöne şo barýan bedew-ä türkmen aty bolmaly! diýip, ýene-de güňleç sesi bilen gygyrdy. Öýkesi ýazylyşan dilmaç ilçiniň bolşuna hezil edip güldi. Knýaz Kaunitsiň çakylygy bilen bu ýere ýygnanan dürli döwletleriň ilçileri öz aralarynda fransuzça gürleşýärdiler. Şol sebäpden osmanly wekilleriň arasynda bolan ýaňky gürrüňe düşüneni tapylmady. Ýöne "türkmen aty" jümlesi welin ählisiniň aňynda berçinlenene döndi. Atlar gözden geçirilip bolnansoň, öý eýesi myhmanlary saçak başyna çagyrdy. Giň meýdançanyň bir çetinde ornaşan orkestr saz çalmaga duranyndan, elleri mejimeli hyzmatkärlerem märekäniň arasyna aýlanmaga başladylar. Yüz-keşbi, egin-eşigi boýunça töweregindäkilerden üzül-kesil saýlanýan türk ilçisi duz-tagama elini uzatman, diňe başyny atyp oňaýýardy. Ol tanyşlyk açyp, söhbetdeş bolan kärdeşleriniň berekellasyny ýetirýärdi. Dilmaç aýdylanlary türkçä terjime edip başlan badyna Osman soltanynyň wekili "Maşallah, maşallah” diýip, gürrüňdeşiniň sözüni makullaýardy. Onuň bu hereketini hem, başyndaky sellesini hem Günbatar ýewropaly kärdeşleri geň galyp synlaýardylar. Yöne gysgajyk söhbetdeşligiň, ýüzleýje pikir alyşmanyň özem köpi gören diplomatlara täze kärdeşleriniň sowadyny çykan kişidigini aňşyrmak üçin ýetikdi. Täze ilçiniň Soltan Selim Üçünjiniň ýegre dostudygynam, soltanyň daşary döwletleriň hökümdarlaryna gönderýän namalarynyň Ratyp ependiniň galamyndan çykandygynam olar eýýäm bilýärdi. Şoňa görä-de, bu dabarada onuň töweregi adamsyz galmady. Yanyndan ilçileriň biri gitse, beýlekisi geldi. Diplomatlaryň has çemeçilrägi bolsa bu gün-erte ministr derejesine göteriljek kärdeşine ýakynrak duranyny kem görmedi. Öý eýesine minnetdarlyk bildirip, kärdeşleri bilen hoşlaşan Ratyp ependi öz rezidensiýasyna gelensoňam ynjalmady. Gözüne yssy görnen hälki at, onuň göwnüne bolmasa, çep aýagyny agsabrak alýan ýalydy. "Zer gadryny bilmeýän zergärler" diýip, ol Kaunitsiň seýislerine käýindi. Ahyry dilmajyny çagyryp, şol atyň Wena nädip düşenini anyklamagy buýurdy. "Ýok, Osman döwleti bir ýerde duranok, öz maýdalyna hereket edip otyr. Ýöne bularyň ileri omzaýyşlary biziň çenimiz-çakymyz dāl!... Olaryň yzyna eýerjek bolsaň, juda kän serişde gerek... Bar, salgyt ulgamyny üýtgetdiňem diýeli. Käbir emeldarlar az salym närazylyk bildirer-de, soň ýene täze düzgüne boýun bolarlar. Emma gaznanyň içini üzüp oturan ýanyçarlary nätjek? Nyzama durmaly bolanynda tapylmaýan ýalýagylarynyň hak-heşdegini kemäýdigiň melamata uçradygyň bolaýmaz-da hernä? ... Wah-h, şolaryň garşysyna goýmaga güýç tapyp bolsady, hökümdar dostum diňe bir köşgi agzyna garadyp däl, eýsem yklyma-da sözüni ýöredip bilerdi..." Ratyp ependi ýola düşmeziniň öňüsyrasynda soltanyň kabul edişini ýatlady. Hökümdar köne aşnasynyň goluna Ynanç hatyny gowşuranynda: "Ýanyňa mühendislikden başy çykýan kömekçinem goşandyrys" diýipdi. "Goý, geň-enaýy närsejikleri bejerer. Ýöne seniň wezipäň has çylşyrymlydyr, çünki Günbataryň rüstemliginiň syryny anyklaman, yzyňa dolanmaly dälsiň." Ýarym salkyn ýitirim bolan dilmaç bu aty Kaunitse orslaryň şa aýaly Ýekaterina Ikinjiniň sowgat berendigi, atyň özüniňem Orsýetden getirilen ýa-da Halapdan satyn alnan bolmagynyňam ahmaldygy baradaky habary getirdi. Kömekçi ilçiniň indiki görkezmesine garaşyp eslije durdy. Ahyry irikgä bolan bolmaly, çekinjeňlik bilen ýuwaşja ardynjyrady. Dilmajyň habaryny diňlän ilçiniň bolsa gaşlary çytyldy. Onuň beýnisinde müňbir pikir at çapdy: „Şa aýalyndan sowgat alnany çynmyka? Aý, alan däldir diýibem bolmaz. Bu garry tilkiniň oýny kändir. Aralaryna çöp oklaýsaň şu mahal, köp belany dep edib-ä bolardy... Bu behişdi bedewi diýsene... Gel-gel, rus patyşasynyň sowgady bolup çykaýmalymy? Üstesine-de, garry tilkiniň Osman imperiýasynyň garşysyna gurnan at göçümleri üçin ýapylan serpaý!" Kömekçisine rugsat beren ilçi ýene-de oýa çümdi. Ratyp ependi Gara deňzindāki agalyk ugrunda rus-türk güýç synanyşygynda Orsýediň daýanjy bolan Awstriýany oýundan çykarmak üçin gören güzabyny, soltanyň tabşyrygy boýunça geçiren gepleşiklerini ýatlady. Prussiýa, Britaniýa, Fransiýa, Şwesiýa ýaly kuwwatly döwletleriň ählisiniň diñe öz bähbidini araýan bu uly oýnunda küşt tagtasyndaky pida ediljek pyýada öwrülmek howpy juda ýakyndy. Şu pursatky egnibir egindeşiň göz açyp-ýumasy salymda zabun garşydaşyňa öwrülip bilýärdi. Sadranç oýnundan tapawutlylykda syýasatda döwüň haçan başlanyp, haçan gutarýanlygyny bilmeg-ä beýlede dursun, eýsem çöpüň reňkini saýgarmagam başartmaýar! Göwher ýaly gözüňi gamaşdyrýan çöpleriň oýun meýdançasynda belli kada-kanun ýok. Düzgün-kada oýunçyň ygtyýarynda, oýunçylaryň sanam iki dal - bäş, ýedi... ondanam köp! Nätjek, on sekizinji asyr ahyrlaberende durmuş şeýle bir çylşyrymlaşypdy welin, hat-da Soltan Selim Üçünjiniň in agyr tabşyryklaryny ynanýan wekili üçinem bu kelekbazlyklardan baş alyp çykaýmak barha kynlaşýardy. Esli wagtdan ilçi ýene-de türkmen aty baradaky pikirine dolanyp geldi. Ol tohum at bilen gyzlaryň seresini hat-da goňşy oba-da çykartmaýan türkmenleriň hüý-häsiýetine juda beletdi. Şoňa görä-de, knýazyň athanasynda gören bedewiniň aslyýetinde ogurlanyp ýa-da eýesinden zor bilen alnyp gaýdylan bolmagynam güman etdi. Ratyp ependi türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlaryny birin-birin beýnisinde aýlady: Türkmensähra, Astrahan, Şam, Yrak... Türkmen atyny satyn almakçy bolsaň, bularyň içinden ýene-de Şam ilinden amatlysy ýokdy. Çünki şamly türkmenler sünni mezhebine uýýan araplar bilen alyş-berişde kän bir ýaýdanmaýardylar. Her niçigem bolsa, ilçiniň irdenki gören argamagy haýsydyr bir yol bilen Awstriýa düşüpdir, indi bu hakykat bilen ylalaşaýmakdan başga çäre yok. Belki, Kaunitsiň atbakarlaryna bu ata baha bermegem, ondan taý almagam başartmaz? Ol janawaryň şikes ýeten aýagynam bejerip bilmändirler-ä! Ine, anyklap görseň, bu behişdi bedewiň agsamasyna toýnagyna düşen bolgusyzja doňuzburun sebäp bolandyr. Ol bedew osman tagtynyň ýapan serpaýy bolsady, mahabatyny ýetirse-de bolardy. Indi welin onuň arzysyny gaçyrmaga synanyşmaly. Yewropaly atşynaslaryň şejere yzarlamak nysagyndan habarly ilçi pikirini çugdamlady: "Osman tagtynyň sözi ýöreýän ýurtdan satyn alnany çyn bolsa, ozalky eýesini tapyp, agzyny mumlamaly. Goý, atyň asly barada kelam agyz gürlemesin." Ilçi bedewiň gelip çykan ýerini çaklan ýurtlaryndan Şam ilini ilkinji orunda goýdy. ____________________________ ¹çakrym (könelişen söz) - takmynan, 1,07 kilometre barabar bolan uzynlyk ölçegi. ²parsça "bat" ("ýel") we "paý" ("ayak") sözlerinden düzülen bu goşma söz "ýüwrük at, bedew" diýmekligi aňladýar. ³ mühendislik - inženerçilik ylmy. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |