12:43 Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda | |
"Baharda açylan reňbe-reň güller Bir pasyl eglenmez, ýaza myhmandyr." Magtymguly Pyragy. • ÝAZLAGDA Togsan dolup, ýere ýyly gidip ugranda Hydyr gören bu çölleriň özgerşini diýsene! Gyşy aňzakly, tomsy epgekli Garagumuň ömri gysgajyk baharyny görmedik, Taňrynyň ýonup-ýonup üç hepdä salan paslynyň howasyndan kükregini doldurmadyk ynsan bakyýetden bärde jenneti gören däldir. Türkmen bu sährada goş ýazdyrmazyndan öň çölüň epgegini, dazlawuk şemalyny görenem bolsa, diñe şu ýazy üçin Garagumuň gazabyna kaýyl bolan bolmaly. Belki, bu çölde özüniň içki tebigatyna, hüý-häsiýetine meňzeşlik görendir? Belki-de, onuň gyňyr häsiýetini synlap, hötjetlik damaryndan tutandyr? Haýsy hörpden gopup ýurt tutunylan bolsa-da, gyňyr çölüň ýazy ajaýyp. Müň dürli ot-çöpleriniňki ýaly ýiti, seriňi sämediji hoşboý ysa-da başga bir yerde sataşjak gümanyň ýokdur. Ýazlaga çykyp, ýaşyl öwüsýän alaňlaryň gerşinde ýaňyja dünýä inen owlak-guzularyň näzijek seslerini diňlän gojalaram derrew juwanlaşyberýärdi. Uzakly gün ýanlyk ýaýan gyz-gelinleriň agşamara läle kakmasyna ýa-da oglanlara goşulyp, "Aýterek- günterek" oýnamasyna oral aýallaryň gatyşybermesem seyrek däldi. Galadakalar gije ýaryma baryberende boýdaşlary bilen monjugatdy oýnamaga goýmaýan zabunrak aýallaram ýetişen gyzlarynyň ýigitler bilen öňgelmeşekde ýaryşyp ýörüşini synlap, "Haý, darsdabanlar diýs-ä" diýip, sähel gatyrganyp oňaýýardylar. Eýýäm ikinji ýola ýazlaga gelen Sähedem kitap-depderini başbütin unudyp, deň-duşlarynyň şagalaňyna düýrmegi bilen gatyşyp gitdi. Gündizine mal gyrkyp, guýudan suw çekip, aýallara keçe çekmäge kömekleşmekden ýaňa elleriniň aýasy pakgaryp gitse-de, agşamara ýene göreş tutmaga, "Telpeksypyrdy" oýnamaga ýaraýardy. Bu ýazlag on ýedisini dolduran oglana has üýtgeşik täsir edýärdi. Geçen ýyllarda üns bermedik gözelligine birinji gezek gözi düşýän ýalydy. Sähet ýaşytdaşrak gyzlary ogrynça synlamaga çykardy. Olaryň çinden haýsysyna syny oturandygyny welin syr alyp-syr berişýän yakyn dostuna-da bildirmejekdendi. Gizlin syrynyň gaty basym öz-özünden äşgär boljagyndan bihabardy. Öz diýen gyzyny günde bir görmese dünýäsi daralyp, bir yerde karar tapmazdy. Gündiz görmese, iñ bolmanda, gözastyndan nazar aýlamak tamasynda gezdi. Müň bir bahana tapyp, onuň baryp biläýjek ýerlerinde köwlendi. Halys paltasy daşa degen günlerem ilkagşam bolynça gaýrat etse, Güljahan joralary bilen gyz-gelinleriň läle kakýan takyryna hökman geläýmelidi. Bu günem Sähet üçin sypynyksyz gün boldy. Güljahan dagynyň keçe basýan ýerine aýlanyp bilmedi. Ol göreş tutulýan ýere dyzap duran mysaýybyny yoldan saklap, takyryň gyrasyndaky iň beýik alaňyň üstüne geçdi-de, ak çägäniň üstünde süýnüp, arzuw atyny alyslara atardy. Işlerini dynyp, çaý-suw edinen gyzlaram her gün agşamkysy ýaly takyra jemlenişip ugradylar. Ogrynça synlaýanyň bardygyndan bihabar gyzlaryň şadyýan gülküsi, uz läleleri alaňlary ýaňlandyryp, mylaýym ýaz şemaly bilen töwerege ýaýrap gidýärdi: Ýagmyr ýagar inçeden, Gül açylar gunçadan. Men ýarymy gysganýan Ýerdäki garynçgadan. - - A gyz, jora, kimden gabanmalydygyn-a bilipsiň! Şol ýerbiti ýaly ýaryňa özüň bilen garynçgadan başga gabagyny galdyrjak ýok... Garşy hatardaky gelniň bu sözüne töweregindäkiler gyzyl-gyran gülüşdiler. Göwnüne deglen gelnem kem galarly dal: - Keltedir - eginlekdir, Gollary çiginlekdir. At sürüp, gylyç urşy On ýigide degenlikdir. Iki gelniň ýaryşyny, adata görä, beýlekilerem öz nobatyna alyp göterdiler. Ulugyzlaryň gazallary gelinleriňkä garanyňda has sypaýyrakdy. Olar öz lälelerinde, köplenç, ene-atasyna, aga-ýeňňelerine ýüzlenerdiler: - Çuňňur guya daş atsaň, Çümer gider, eje jan. Ýat illere gyz berseň, Ýiter gider, eje jan. Bijesine obada galmak düşen çomrularam elleri sypyndygy müň bahana arap, iki-üç günlüjegem bolsa gaýralygyna eňerdiler. Şeýle bahana Sähediň ejesine-de tapyldy. Eltisiniň ekiz oglunyň bolandygyny gaýradakylara özüniň buşlamalydygyna begenmek-begenen Sadabyň ökjesi ýeňläberipdi. Ol goşa gelip, buşlugyny alyp-almaşa ogluny idedi: - Sähet jan, gel, oglum. Men saña häzir delje şam bişirip bereýin. Ýoguna-baryna bakman saçak başynda oturdan enesi oglunyň ýeňsesine geçip, özi ýaly iki-üç aýal bilen gyzyşan gürrüňi dowam etdirdi. - A gyz diýýän-ä, ol pylankesiň gyz-a, tüweleme, ýetişäýen oguşýan! Soňky gezek görenime, bolubilse, iki ýyl geçendir diýip, Sadap az salymdan gürrüňi özüni gyzyklandyrýan ugra gönükdirdi. Ilkibada mus-musy aňşyrmadyk gürrüňdeşleri Sadabyň öz ogluna ümläp yşarat etmesinden soň bir heňden gopup ugradylar. Aýal halkynyň hile-piriminden bihabar gögele oglan bir çanak aşyny bokurdagyndan ötürinçä, ýazlaga çykan deň-duş gyzlarynyň atlary saýpallanyp çykyldy. Özüni sekiz gözüň synlap oturanyny oslamaýan ýigdekçe-de şolaryň içinde iň syratlysynyň, iň asyllysynyň Güljahanyň ady tutulanda hüşerlenenini duýman galdy. Iň hezili, ana, şonda başlandy. Gürrüňçil aýallar dilleriniň hezilini gördüler. Biri ol naçara arryk diýse, beýlekisine onuň boýy kelteräk göründi. Üçünjisi agzyny açanyndan içip oturan agaranyna düwünen Sähet töwirini gyssanmaç galdyryp, agzyboşlaryň üýşen ýerinden ökje göterenini kem görmedi. Ene ahyryn ene bolýar-da. Oýunam bolsa, jigerbendiniň düşen halyna dözmedik Sadap daşlaşyp barýan ogluna eşitdiribräk gapdalyndakylara gatyrganan kişi boldy: - Goýsaňyzlaň gyz, Güljahan janyň-a boýy-syraty hiç kimiňkidenem kem däl, artyk bolmasa. Tüweleme, özem edil mähek daşyň bar-da, eden işiniň... Ýeňsesini tüňňerdip, eýýäm depeden aňryk aşyp barýan ogluny mähir bilen synlaýan Sadabyň böwrüne hürseklediler: - Aýu, Sadap, ogluň eýýämden tasanjyrap turşuny niçik gördüň? Şol gyrnagy duluňa bir geçir bakaly, onsoň ne tomaşa görerkäň! Böwrekleri bökse-de, Sähet arany açynça özlerine zordan basalyk beren daýzalaryň gülküsi täzeden möwç aldy. Olaryň has gülegi arkan-ýüzin gaýşanda börügini gaçyryp, arasynda gözleriniň ýaşyny sylyp, täzeden gülmäge durýardy. Az pursatlyk ähli ünjini unudan aýallaryň gülküsi kiparlaberdigi, ýene-de bir teýenelije söz oklap goýberýäni tapylýardy: - Gara saçly mollasynyň diýeninden çykmaýan heleýguly bolmasa-da biridir... Emma aýallaryň soňky gürrüňleri hyýalynda eýýäm gudaçylyga baryp, sähet alyp, gelin garşylap, agtyk söýgüläp oturan Sadabyň gulagyna-da ilenokdy. Ogul öýerip, toý tutmak - jigerbendiniň boý-syratyna guwanyp ýören enäniň ertir namazyndan tä ikindinara çenli gydyrdanyp ýörşüne-de oý-pikirinden ýeke pursat çykarmayan arzuwydy. Her namazyň yzyndan öz oglunyň maňlaýyna serwi boýly gelniň ýazylanyny Biribardan dilemegi sypdyrmaýardy. Sadap daýza öz bosagalaryndan gelin bolup ätlejek maşgalany başyna täç edinmäge, onuň ýörejek ýoluny saçyny sübse edip süpürmäge taýyndy. Ýöne adamsynyň: "Ogluňy eljiretme, lellim bolup yetişer" diýip, ýeke gezek gatyrganmasy Sadabyň öz balasyny söýgülemek höwesine böwet salypdy. Indi ol ýyllarboýy kalbynda beslän şo-ol mährini gelnine, agtyklaryna sindirmekçidi... Tomaşa edip, keýp solpusyndan çykan aýallaryň biri Sadabyň diňlemeýänini görüp, ýene-de onuň böwrüne hürsekledi: - A gyz, öz içinden girip biläýjek galyňyň malyny tükelläp oturma-da, töwerekden sorap-ideşdir. Ol tulamyz eýýäm adaglanan ýa birine bersem diýlip, söz ediläýen-ä däldir-dä? Sadabyň allaniçigsi bolup, howpurganyny gören beýleki aýal ony köşeşdirmäge howlukdy: - Ýok-la, beýle zat bolup bilmez. Ene-atasynyň bir etsem-petsemi bar bolsa menem eşiderdim-dā, bir syrgynda oturýas-a. Senem, gyz, kakmaly gapyň-a bildiň. Indi jemleniber. Ýa ogluň özi dilleninçä oturjakmy? - Siltenjiräp gidişini görmediňmi, gyz? Özem dillenmän uzak gezerli däl ýaly-la... Ýazlagçylaryň ýanyna ýeňil-ýeňil gopup, hoş habarlyja gelen Sadabyň dolanyp barýarka-da begenji içine sygmajak boldy. Ýöne bu gezekki hoş habary başga kişä-hä däl, öz adamsyna buşlardanam heniz irdi. Dowamy bar >> *mysaýyp (siwe dili) - syrdaş, iň ýakyn dost. | |
|
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Sil soraşman gelýär - 21.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |