12:40 Ýetimlik | |
ÝETIMLIK
Goşgular
![]() Ata gitdi, ene gitdi dünýäden, Ogullarna gözýaşlaryn dökdürip. Ýetimler yzynda delminip galdy, Görenleri tomaşagär bakdyryp. Durmuşyň ajysy-ýiti neşderi Geçe-geçe synasyndan-teninden, Ýykylyp-sürüşip adam boldular, Aslyşyp gitdiler Wagtyň synyndan. Ýaşlykda geleňsiz-gyýa sereden Ykbal indi dogry bakdy olara. Ýetimler bir-birin söýäp ulaldy, Öýli-işikli bolup gitdi ileri. Indi gep çekmedi ýedi ýatlardan, Märekede başlaryny dik tutdy. Ýetimlikde agyr günler sowuldy, Göräýmäge geçmişlerin unutdy. Ýöne, Ýetimligiň tagna-täsiri, Olaň ýüreginde ýara goýupdy. Durmuş göwün islegiňe laýyk däl, Olar muny bara-bara duýupdy. Diýipdirler "teni başga dert bilmez", Dertli öz derdine awunýan eken. Säginmeli bolsa uly ýollarda, Hemme däl, öz göwräň säginýän eken. Söýenip ýaşasaň özge birine, Ähmiýetsiz bolup galýar öz göwräň. Seniň pikirleňde pitiwa bolmaz, Diňe boşluk bolar töwerek-degräñ. Doganlar durmuşy erte añdylar, Ýöräp akyn-çukun ýodalarynda. Ýaşaýyş kelebin çöşleýärkäler Ýaş göründi olañ didelerinde. Emma, ejizligiň peýdasyzlygyn Olar ir bildiler, ir düşündiler. Agyr günleň yzasyny unutman, Ýaşap ýörler. Rahatlykda şindiler. Çaýkanyp dur jaý burçunda sallançak, Öýüň içi doly "jykyr-jykyrdan". Ozalky ýetimler indi sözlese, Ondan biri ybaratdy "şükürden". Şyhymyrat Abdyllaýew. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||