00:53 Ýewropanyñ ilkinji uniwersiteti Kurtubada guruldy | |
ÝEWROPANYÑ ILKINJI UNIWERSITETI KURTUBADA GURULDY Birmahallar paýtagt şäher bolan Kordowa (Kurtuba) Ýewropada gurulan ilkinji uniwersiteti, katarakta (göz keselleri) operasiýalary edilen hassahanalary we 600 müñ kitaplyk kitaphanasy bilen giñden meşhurdy. Ispanlar bu eserlerden ýüz öwürmedi. Şäher häzir "La Mezquita" diýip atlandyrylýan we 785-nji ýylda gurulan "Uly metjidi" bilenem tanalýar. 24.000 kw.metr meýdanda 856 sütün bar. Uç-gyraksyzlygy bilen adama üýtgeşik duýgulary bagyş edýär. 1236-njy ýylda ispanlar şäheri alansoñ, metjidi buthana öwürýärler. Negözel metjit şeýle bir gözgyny ýagdaýa düşýär welin, korol Karlos V hem metjidi görüp gynanjyndan ýaña başyny ýaýkapdyr. Metjidiñ altyn warakly mähraby, ganatly giriş gapylary, nagyşlanan tagta bezegleri, minarasy häzirem lowurdap dur. Şäheriñ daşynda halyfyñ oturan "Medinetü-z-Zehra" köşgi bolsa haraba halda. ■ Dillere dessan El-Hamra köşgi Grenadada (Girnata) ady dillere dessan bolan El-Hamra köşgi ýerleşýär. Suw çüwdürimli howuzlarynyñ we bag-bakjalarynyñ waspyny etseñ edip oturmaly. Nagyşlanan daş diwarlaryñ ýüzüne sünnälenip ýazylan "La galibe illallah" ("Alladan başga ýeñiji ýokdur") jümlesi häzirem göze ilýär. Şäheriñ edil gyrasynda ýeñilen iñ soñky arap soltanynyñ gaçyp barýarka dogduk şäherine seredip aglan, ejesiniñ bolsa oña "Erkek bolup söweşip bilmeseñ, şeýdip heleý ýaly aglarsyñ" diýen depesi "Suspiro del Moro" ("Arabyñ aglan ýeri") ady bilen tanalýar. ■ Sewilla köşgü-de diýseñ ajaýyp! Sewillanyñ (Işbiliýe) "Uly metjidi" ýykylyp, ýerine katedral gurulsa-da, at bilenem çykyp bolýan uzyn minarasy (Alminar) häzirem başyny asmana diräp buýsançly dur. Häzirki korol maşgalasynyñam mahal-mahal gelýän Alkazar (Saraý) El-Hamra ýaly uludan gurulan bolmasa-da, örän owadan. Imperatrisa Hristofor Kolumby Amerika syýahatyna şu ýerden ugradypdyr. Kolumbyñ mazary hem şu ýerdäki dünýäniñ iñ uly dördünji katedralydadyr. Derýanyñ boýundaky "Altyn diñ" hem musulmanlardan galan miras. ■ "Uly metjit" we El-Hamra häzirem dim-dik durlar Sewilladaky köşk El-Hamra ýaly tutumly bolmasa-da, örän owadan. Imperatrisa Hristofor Kolumby Amerika syýahatyna şu ýerden ugradypdyr. Girnatadaky El-Hamra köşgi bolsa her hususda dillere dessan. Bag-bakjalary, howuzlary bilen ganyp bolmajak owadanlyga eýe... Uly metjit 785-nji ýylda 24 müñ kw.metrlik meýdanda gurulypdyr. 856 sütüni bolan metjit uç-gyrakyzlygy bilen görenleri haýrana goýýar. 12.05.2013 ý. Ekrem Bugra EKINJI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |