19:48 Ylham atym! | |
YLHAM ATYM!
Goşgular
Ylham atym, girdik bu gün aýlawa, Çaman bolup, çañda goýmawer, atym! Hantama men öñdelige - baýraga, Ýüwür, özgelerden saýlawer, atym! Gözme eziz ahalteke sypatyñ, Aslyñ türkmen at-a däldir-dä, atym?! Sen nesli bolaýma gadym Gyratyñ, Aslyñ ýüzün ýere salmawer, atym! Bilip goýgun, çemeçildir hol atlar, Olaryñ üstünde galplar - gulatylar, Gykuwlaşyp, Şygyrýeti buladylar, Öwüdim, ol sürä barmawer, atym! Öz ýoluñ tap, özge ýoldan sürmerin, Özüñe goýaryn, gamçy urmaryn, Hatyrjem bol, gyssap daljykdyrmaryn, Hernä, büdremeli bolmawer, atym! Bar ekeni gapdalyñda ganatyñ, Sen uçýan bolmaly joşan halatyñ, Diýdirmäwer: "Aýak alşy däl atyñ!" Üz örküñi ýerden, parlawer, atym! Bilmen sende nä menzile ýetemen, Yrylma, münýänçäm agaç ata men, Pegas - saña ynam edýän öte men, Ýüwür, ýüzüm ýere salmawer, atym! ■ DAGA SYGYNMAK Galyp barýar başyñ göge, Bardygymça golaý dagym! Arkam ýokdur sygynmaga, Maña arka bolaý, dagym! Düşdümi başyña işler, Çeşmeleriñ gözýaşyñmy? Etegiñde ýatan daşlar, Gysmakdan döwlen dişiñmi? Gyşyn-ýazyn sowlanog-a Seniñem depäñden duman. Belki, gaýa - gollañ göge Göterip, dileýäñ aman? Çydamyñ çäksizdir, bilýän, Dözýäñ, zeýrenip ýörmeýäñ. Ýöne käte çydap bilmän, Senem elenýäñ - "gürleýäñ". Meni depäñe mündürip, Özüñdenem belent etdiñ. Belentlige dyrmaşmagyñ Kyndygyna belet etdiñ. "Biz dag!" diýýän depelere Esetsem, hol gara görnüm. Rugsat ber, düşeýin ýere, Göge tutaýmankam burnum. Belentligi göterinip Bilmäge-de gaýrat gerek. Ejize eselip, sürnüp, Bolmagym mümkin biderek. Kiçem bolsa, edineýin Menem öz "boýumy", dagym! Gelerin şu gelşim deýin, Küýsän hem ejizlän çagym. Hemra ŞIR. | |
|
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |